28 Kasım 2014 Cuma

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine çykarylan aýry-aýry meseleleriň wajypdygy we uly taryhy ähmiýetlidigi göz öňünde tutulyp, mejlise ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we käbir etraplaryň häkimleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy. 

Milli Liderimiz mejlisiň başynda her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Hasyl toýunyň giňden we dabaraly bellenilýändigini aýtdy. Hasyl toýy halkymyzyň tutanýerli zähmet çekip, ene ýerden öndüren bol hasylyna buýsanjynyň aýdyň beýanydyr, türkmen daýhanlarynyň halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara we ähli türkmen halkyna, şeýle hem zähmetsöýer daýhanlarymyza berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmek, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösmegi, belent sepgitlere ýetmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Milli Liderimiz hökümet mejlisini dowam edip, geçen ýekşenbe güni bolup geçen möhüm syýasy çäre – welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri hakynda hasabat bermek üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. 

Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy welaýat, etrap we şäher halk malshatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň jemleri barada çykyş etmek bilen, saýlawlaryň Türkmenistanyň demokratik ösüş ýoluna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda öňdebaryjy özgertmeler ugruna ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň tassyklamasy bolmak bilen, bäsleşik, aýanlyk we açyklyk ýörelgelerinde geçirilendigini belledi. 

Saýlawçylaryň ýokary işjeňligi bu çäräniň häsiýetli aýratynlygy boldy. Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, ses berenleriň sany Türkmenistanyň ses bermek hukugyna eýe bolan ähli raýatlarynyň 92,76 göterimine barabar boldy. Ses bermek saýlaw uçastoklarynyň 2485-sinde geçirildi, şolarda raýatlaryň öz islegini erkin beýan etmegi, şeýle hem göz öňünde tutulan halatlarynda möhletinden öň ses bermegi üçin ähli şertler döredildi. Tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzda resmi taýdan bellige alnan dalaşgärleriň 3524-sinden welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň 240-sy we etrap hem-de şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň 1480-si saýlanyldy. Welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň saýlanan agzalarynyň 1720-siniň hatarynda syýasy partiýalaryň wekilleriniň 668-si, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň 878-si, raýatlar toparlarynyň wekilleriniň 174-si bar. Ähli saýlaw okruglarynda bir ýere iki we ondan köp dalaşgär sese goýuldy. 

Saýlawlaryň ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugynyň umumylykda kabul edilen kadalaryna laýyklykda geçirilendigi nygtalyp geçildi. Bu möwsümiň ähli tapgyrlarynyň barşyny milli synçylaryň 2826-sy üns berip synladylar, olar saýlaw toparlarynyň mejlislerine, saýlaw gutulary möhürlenende gatnaşdylar. Ses bermegiň başlanmagynyň öňünde saýlawyň barşynda sesleriň sanalan mahaly, şeýle hem okrug boýunça saýlawlaryň netijeleri kesgitlenilen hem-de jemler jemlenilen mahaly saýlaw uçastoklarynyň ählisinde boldular. Wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň bilim we hünär derejesi ýokary boldy. Halkyň saýlanlarynyň hatarynda ýurdumyzda ýaşaýan dürli milletleriň wekilleri bar. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň wekilçilikli häkimiýet edarasy bolan welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary türkmen halkynyň watançylygyny we ruhubelentligini, agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, onuň türkmen jemgyeýtiniň durmuşynyň demokratiki ýörelgelerini hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga taýýardygyny görkezip, jemgyýetimizde halk häkimiýetiniň ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky çäre bolup, guramaçylykly, bäsleşik esasynda geçirilendigini belledi.

Biziň Watanymyzyň häzirki gününi ruhubelentlik bilen we ynamly gurýan, bu ýolda ýokary üstünlikleri gazanýan zähmetsöýer hem-de parasatly halkymyz bar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirdi. Türkmen halky bäş müň ýyllyk taryhyna eýe bolup, baý medeni mirasyň eýesi bolmak bilen, öz milli gymmatlyklaryny, öz baý medeniýetini aýawly gorap saklaýar hem-de baýlaşdyrýar. Häzirki eýýam biziň halkymyz tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyryldy we biz öz gazanýan üstünliklerimize buýsanýarys diýip, milli Liderimiz mähriban halkymyzyň parahatçylyksöýüjilik we ynanperwerlik ýörelgelerini gollanmak bilen hoşniýetliligi döredýändigini we asylly iş bilen meşgullanýandygyny, geljeginiň has-da nurana boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz köpsanly durmuş-ykdysady meseleleriň öňyn çözülmegi halk maslahatlarynyň agzalarynyň netijeli işine baglydygyny nygtap, olara bu ýolda uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de olar Garaşsyz Watanymyzy has belent sepgitlere ýeirmek, öz halkynyň bagtly hem-de abadan durmuşyny üpjün etmek üçin öz ähli güýçlerini hem-de bilimlerini sarp etjekdiklerine ynam bildirdi. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň geçirýän işi hakynda çykyş edip, “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda meýilleşdiriden dabaraly açylyşyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. 

Bellenip geçilişi ýaly, ulag ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasat ugrunyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir, munuň özi giň möçberli durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýar. Şunda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň ýükleri Ýewropadan Merkezi we Günorta Aziýanyň, Ýakyn hem-de Orta Gündogaryň döwletlerine daşamak üçin amatly we ykdysady taýdan peýdaly ugry üpjün etjekdigi nygtalyp geçildi, şol demir ýoly gurmak başlangyjy milli Liderimize degişlidir. Mälim bolşy ýaly, onuň iň uzak bölegi biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýär. Geçen ýylyň maý aýynda bu demir ýol geçelgesiniň türkmen-gazak bölegi ulanylmaga berildi. 

Bu babatda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň açylmagy mynasybetli dabaralara görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berildi, şol dabaralaryň çäklerinde türkmen-eýran serhedinde demir ýolunyň türkmen we eýran böleklerini birleşdirmek dabarasy bolar. Bu möhüm halkara demir ýoluny işe girizmek dabarasy Türkmenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, degişli maksatnama döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň türkmen-eýran bölegini birleşdirmek mynasybetli guraljak dabarada medeni çäreleriň maksatnamasy barada habar bilen çykyş etdi. Şol dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň hem-de welaýatlaryň birleşen folklor toparlarynyň çykyşlary, amaly-haşam sungatynyň sergisi guralar. Şeýle hem wise-preýmer 13-15-nji dekabr aralygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli yglan edilen ýylyň ýapylyş dabarasyny geçirmäge we “Magtymguly – köňülleriň küýsegi” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Maslahatyň açylyşy 13-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bolar. Dabaranyň çäklerinde şeýle hem daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konsertleri bolar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň türkmen-eýran bölegini birleşdirmäge bagyşlanan medeni çäreleriň taýýarlanylyşyna degip geçip, wise-premýere olary hakyky türkmen toýuna mahsus ruhda ýokary guramaçylyk derejesinde guramagy, bu dabara mynasybetli ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda uly konsert maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. 

Milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň dabaraly bellenýän ýylynyň jemini jemlemek meselesine ünsi çekip, beýik türkmen şahyrynyň hormatyna guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady. 

Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň nyşany astynda ýurdumyzda, şeýle hem dürli ýurtlarda geçen ýubileý ýyly bize dünýäniň ylmy toparlarynyň we giň jemgyýetçiliginiň ünsüni akyldar şahyryň şahsyýetine we döredijiligine çekmäge, onuň filosofiki we şygryýet mirasyny wagyz etmäge mümkinçilik berdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýubileý ýylynda şahyryň durmuş we döredijilik ýoluna, onuň eýýamyna bagyşlanyp geçirilen köpsanly çäreler, şeýle hem täze ylmy barlaglar, türkmen nusgawy şahyrynyň eserleriniň dünýäniň halklarynyň köpüsiniň dillerine terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň buýsanjy bolan beýik söz ussadynyň şahsyýetine we mirasyna gyzyklanmany has-da artdyrdy. Biz bu işi mundan beýläk hem dowam ederis, çünki beýik Pyragynyň öçmez-ýitmez eserlerinde wasp edilen ynsanperwerlik ýörelgeleri örän gymmatlydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň ýubileý ýylyna bagyşlanan halkara jemleýji çäreleriniň ählisiniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk toplumynyň pudaklarynda işleriň barşy hakynda hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer, hususan-da, “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” transmilli demir ýolunyň türkmen-eýran bölegini birleşdirmek mynasybetli öňde boljak dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. 

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak üçin niýetlenen “Berkarar” atly täze gäminiň Türkmenbaşy şäherine getirilmegi bilen bagly dabaraly çärä taýýarlyk işleriniň barşy barada hem habar berildi. 

Soňra Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri B.Annameredow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň türkmen-eýran bölegini birleşdirmek bilen bagly geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat bermek bilen, ministrligiň ýolbaşçysy iki ýurduň taryhy senenamasyna girjek wakanyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. 

Soňra Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy R.Kutlyýew “Türkmenbaşy halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi. 

Häzir Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda “Ro-Rax” kysymly paromlaryň ilkinjisini—“Berkarar” awtoulag-ýolagçy gämisini kabul etmäge taýýarlyk görülýär. Bu gämi döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir hem-de 200 ýolagçyny gatnatmaga we awtoulaglaryň 50-sini, şol sanda ýük awtoulaglaryny daşamaga niýetlenendir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygyna ýurdumyzyň baş deňiz menzilini döwrebaplaşdyrmagyň depginlerini artdyrmak, täze gämini dolandyrjak ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Häkimiň habar berşi ýaly, häzirki wagtda günbatar sebitde abadanlaşdyryş işlerine hem-de bu dabaranyň çäklerinde guraljak medeni çäreleri geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýär. Olar türkmen halkynyň ruhuna kybap gelýän ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, dürli ulgamlarda, şol sanda ulag ulgamy ýaly ileri tutulýan ugurda möhüm düzümleýin taslamalaryň başyny başlamak bilen, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine oňyn çemeleşýändigini nygtady. Biziň ýurdumyz amatly geografiki ýagdaýy eýelemek bilen, ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwatyna eýedir. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, yklymüsti ulag düzümleriniň aýrylmaz bölegi, sebitde we tutuşlygyna alnanda, Ýewraziýa giňişliginde dostlugyň hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hakyky köprüsi boljak “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň möhüm halkara ähmiýetini nygtady. 

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çäkleri iri dünýä bazarlaryna çykmagy üpjün edýän Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag gatnawynyň tebigy geçelgesi bolup durýar. Bu babatda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ykdysady nukdaýnazardan hem, wagt nukdaýnazaryndan hem ýükleri daşamak üçin has peýdaly ugry üpjün eder. Onuň ulanylmaga berilmegi ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, täze iş orunlaryny döreder. Bularyň hemmesi adamlaryň maddy hal-ýagdaýyny hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we hilini gowulandyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, bu demir ýoly diňe bir ykdysady taýdan esaslandyrylan taslama bolman, eýsem, sebitde we onuň çäklerinden uzakda umumy ýagdaýa uly derejede oňyn täsir etmäge, Aziýada durnuklylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam etmäge ukyply çynlakaý geosyýasy ýagdaý hem bolup durýar. Ulag ulgamynyň dünýä hojalyk aragatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän giň möçberli ykdysadyýetiň möhüm düzümleriniň biri bolup durýandygy jedelsizdir. 

Bu babatda döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň türkmen-eýran bölegini birleşdirmek bilen bagly dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi, şol dabaralar täze taryhy eýýamyň ýokary döredijilik ruhuny, hakyky türkmen toýunyň öwüşginini we asyrlaryň dowamynda halkymyza mahsus bolan iň oňat myhmansöýerlik däplerini özünde jemlemelidir. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berildi. Ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu ýylyň 1-nji martynda kabul edilen “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda Ministrler Kabineti tarapyndan Býujet kodeksiniň düzgünlerini amala aşyrmak boýunça çäreleriň kesgitlenmegi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde degişli kararyň taslamasy işlenilip taýýarlanylýar. 

Taslamada 2015-2017-nji ýyllarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan anyk çäreler, wezipeler, olaryň ýerine ýetirilmeli möhletleri hem-de jogapkär ministrlikler we pudak edaralary kesgitleniler. Bu çäre ýurdumyzyň durnukly ösüşine, döwletiň we edara-kärhanalaryň çykdajylaryny hem-de maliýe girdejilerini üç ýyla öňünden meýilleşdirmäge, yzygiderli we özara baglanyşygy üpjün etmäge ýardam eder. 

Hasabatyň çäklerinde şeýle hem oba hojalygyny ösdürmek we obalary özgertmek, bilim we adam serişdelerini dolandyrmak ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistana tehniki taýdan ýardam bermek boýunça Maliýe ylalaşygyna gol çekmek babatda Ýewropa Komissiýasynyň teklibi barada habar berildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hereket edýän halkara ölçeglerine laýyklykda maliýe ulgamyny kämilleşdirmegiň häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Bu babatda täze býujet dolandyryş ulgamynyň girizilmegi uly ähmiýete eýedidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň wajypdygyna wise-premýeriň ünsüni çekip, aýdylan bellikleri we teklipleri nazara almak bilen, bu babatda düýpli seljeriş işlerini geçirmek bilen baglanyşykly degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi. 

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz dürli ulgamlarda özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň iri abraýly halkara guramalary, şol sanda Ýewropa Komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini belledi. Biziň ýurdumyzy bu gurama bilen bilelikde işlemegiň köpýyllyk tejribesi we anyk taslamalaryň ençemesi baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygynda, bilim we adam serişdelerini dolandyrmak ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylan teklibi, umuman, makullap, wise-premýere degişli Ylalaşyga gol çekmek we onuň düzgünleriniň durmuşa geçirilişiniň barşyna degişli gözegçiligi üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk—hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri hakynda habar berdi. Bu işler döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda başy başlanan we geçirilýän giň gerimli özgertmeleri çalt durmuşa geçirmäge ýardam edýär. 

Häzirki wagtda Mejlisiň toparlarynyň 20-den gowragy täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlaýar, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny has-da kämileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, gelip gowuşýan teklipler seljerilýär, şeýle hem milli parlamentiň 2015-nji ýyl üçin iş meýilnamasy taýýarlanylýar. 

Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň wajypdygyny bellemek bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm ugurlarynda özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýet, ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak boýunça parlamentiň yzygiderli işleri geçirmeginiň möhümdigini nygtady. 

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik eýdän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem Täze ýyly garşylamaga taýýarlyk görmek we baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça paýtagtymyzda amala aşyrylýan işler hakynda hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer paýtagtymyzda Täze ýyl arçalarynyň oturdyljak ýerlerini, bezelişini görkezýän şekilleri görkezdi. Ýola goýlan däbe görä, ýurdumyzyň baş arçasy “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylar. Mundan başga-da, medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçiriljek ýerlerinde, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňünde, paýtagtymyzyň beýleki künjeklerinde owadan bezelen arçalar oturdylar, Täze ýyl nyşanlary şäherimize bezeg berer. 

Täze ýyl dabarasynyň türkmen halkynyň söýýän baýramçylyklarynyň biridigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze ýyl dabaralaryna taýýarlyk görmek meselelerini berk gözegçilikde saklamak barada anyk görkezmeleri berdi hem-de bu işe oýlanyşykly, döredijilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi. 

Türkmenistanlylaryň Täze ýyl baýramyny ruhubelent ýagdaýda garşylamagy üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik awtoulaglarynyň bökdençsiz hereket etmegini, şeýle hem jemagat we beýleki gulluklaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegi tabşyryp, şol işleriň paýtagtymyza degişli bolşy ýaly, Türkmenistanyň ähli welaýatlaryna hem degişlidigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzir welaýatlarda meýdanlarda galan pagtany ýygnamak işleri alnyp barylýar, pagtaçylaryň döwlete tabşyran “ak altyny” üçin özara hasaplaşyklar geçirilýär. Şonuň bilen bir hatarda, güýzlük dänelik ekinlere zerur bolan ideg işleri geçirilýär—ösüş suwy tutulýar, haşal otlara garşy işler we dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. 

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat bermek bilen, sürümli ýerleriň suw üpjünçiligini we melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen görülýän çäreler hakynda habar berdi. 

Şeýle hem 29-30-njy noýabrda Türkmenistanyň pagta önümleriniň IV halkara sergi-ýarmarkasyny hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmek, şeýle hem däbe görä noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna taýýarlyk işleri barada aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ýerlerini suw bilen üpjün etmek babatda öňde durýan wezipelere ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalygyny çalt depginler bilen ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Garagum derýasynyň hanasyny, suw göteriji desgalaryny we beýleki düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we durkuny düýpli täzelemek boýunça işleriň depginini artdyrmagyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýerler A.Ýazmyradowa, M.Artykowa we A.Goçyýewe bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Garagum derýasynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meselelere bagyşlanan maslahaty geçirmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyny, şol sanda güýzlik dänä ideg etmek boýunça işleri berk gözegçilikde saklamak barada görkezmeleri berdi. Şol işler agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi bilen geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

Gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, bu ugurda ýurdumyzyň gazananlaryny dünýä ýaýmak babatda Türkmenistanyň pagta önümleriniň IV halkara sergi - ýarmarkasynyň hem-de oňa gabatlanan maslahatyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz Hasyl toýy baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, täze taryhy döwürde bu ajaýyp baýramçylygyň türkmen daýhanlarynyň—hasyl ussatlarynyň egsilmez gujur-gaýratyny we zähmetsöýerligini, ene topragymyzyň sahylygyny alamatlandyryp, döwletimiziň oba hojalyk zähmetkeşleri hem-de tutuş oba hojalyk toplumyny ösdürmek hakynda edýän hemmetaraplaýyn aladasyna şaýatlyk edýändigini nygtady. Bu baýramçylygyň däp bolşy ýaly, paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýändigi bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine Hasyl toýuna degişli derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Türkmenistanyň milli nebitgaz kompaniýasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ýapyk paýdarlar jemgyýeti hökmünde döredilmegi göz öňünde tutulýan kompaniýanyň Tertipnamasy we beýleki resminamalar taýýarlanyldy. Onuň düzümine paýnamalar esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy girer. 

Türkmenistanyň Milli nebitgaz kompaniýasynyň işiniň esasy ugurlary gözleg-barlag we buraw işlerini geçirmek, nebit we gaz çykarmak, ýangyç-energetika toplumynda halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek we beýlekiler bilen baglanyşykly bolar. Wise-premýer döwlet eýeçiliginde boljak kompaniýany “NAPECO” ýapyk paýdarlar jemgyýeti diýip atlandyrmak baradaky teklibi aýdyp, onuň hukuklaryny we borçlaryny häsiýetlendirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak meselelerine ünsi çekip, häzirki wagtda Türkmenistanda ägirt uly serişdeler we maýa goýum mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi. Umumykrar edilen dünýä tejribesine laýyklykda, täze kärhanalaryň, milli nebitgaz kompaniýalarynyň, şol sanda paýdarlar jemgyýetleri görnüşindäki kompaniýalaryň döredilmegi türkmen ykdysadyýetiniň strategiki ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar. 

Döwlet Baştutanymyz bu teklibi, umuman, makullap, bu babatda guramaçylyk işlerini has içgin seljermegiň wajypdygyny aýtdy hem-de wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň 22–24-nji dekabr aralygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň Ýerewan şäherinde geçiriljek altynjy mejlisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň iş maksatnamasy barada habar berildi. Onuň gün tertibine söwda, ylym we bilim, syýahatçylyk we sport, medeniýet, saglygy goraýyş, oba hojalygy, ýangyç-energetika toplumy, şeýle hem howa gatnawlary ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri giriziler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň Ýerewanda geçiriljek mejlisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy barada aýtdy we bu çäräni geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz beýleki meselelere geçip, wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlary boýunça 2015-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işler kesgitlenende, geçirilmeli işleriň maksatnamalary düzülende, olarda göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli şertleriň döredilmeginiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu işleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy talap edip, maksatnamalarda göz öňünde tutulan täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygyny doly tamamlap, wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine olary 1-nji sentýabra çenli ulanmaga bermek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Mekdepleri we çagalar baglaryny ulanmaga bermegiň möhleti 1-nji sentýabrdan gijä goýulmaly däldir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow “Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we balyk hojalygy pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler, şol sanda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly obasynda bekre balyklaryny emeli usulda köpeldýän we balyk önümlerini öndürýän toplumy gurmaga degişli işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň Döwlet balyk hojalygy komiteti tarapyndan Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi bilen bilelikde şu ýerde bu desgany gurmagyň maksada laýykdygy öwrenildi. Geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek nukdaýnazaryndan önümçilik toplumyny Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde bina edilmelidigi kesgitlendi. 

Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimize deňiz balykçylyk flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanda gaýtadan işleýän pudagy hem-de ýokary hilli azyk önümleriniň önümçiligini ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Häzir balyk hojalygy depginli ösýän pudaklaryň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, döwrebaplaşdyrylan balykçylyk senagatynyň döredilmegi üçin toplumlaýyn çäreleriň görülýändigini nygtady. Ýurdumyzda balyk önümleriniň önümçiligini artdyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň balyk hojalygyny ösdürmek baradaky maksatnamada kesgitlenen wezipeleri öz wagtynda çözmegiň wajypdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylan teklibi oňlady we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere kanagatlanma bildirip,balyklyçylyk flotunyň üstüniň ýöriteleşdirilen täze tehnikalar bilen ýetirilmeginiň Hazar deňzinde balyk tutulmagyny köpeltmäge, şeýle hem “Balkanbalyk” döwlet kärhanasynyň önümleriniň görnüşlerini giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz balykçylyk senagatyny kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bilen çykyş etdi. Şol sanda wise-premýer Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan gyş möwsümine taýýarlyk görlüşli boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ilaty gaz, suw we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça hemme zerur çäreleriň görülýändigi habar berildi. Ýetip gelen sowuk howa nazarda tutulyp, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylmagyna aýratyn üns berilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, gyş möwsümi bilen baglanyşykly ähli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýerlerde ilaty elektrik energiýasy, gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işleriň guralyşy bilen gyzyklanyp, bu babatdaky işleriň birjik-de ünsden düşürilmeli däldigini nygtap, welaýatlaryň häkimlerine anyk görkezmeleri berdi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri K.Gurbanowa öz garamagyndaky düzümlerde işe gözegçiligi gowşadandygy üçin nägilelik bildirip, oňa işleri döwrebap, talaba laýyk guramak babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow 2015-nji ýylyň 25-27-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň X ýöriteleşdirilen sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlendi. Şol resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda--senagat edarasy tarapyndan degişli işleriň geçirilýändigi bellenildi. 

Wise-premýer milli Liderimiziň Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek babatda beren görkezmeleri boýunça görülýän çäreler hem-de 2014-nji ýylyň 1-nji martynda kabul edilen “Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda” kanuna laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, degili ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan TDHÇMB hakynda Düzgünnamanyň we beýleki resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlandy. Olarda degişli düzümiň esasy wezipeleri we borçlary kesgitlenýär we olar biržanyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda haryt bazarynyň has-da ösdürilmegine, eksport harytlarynyň möçberini artdyrmaga, olaryň iberilýän ýurtlarynyň sanyny artdyrmaga gönükdirilendir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň sergisini geçirmek hakynda Karara gol çekip, dostlukly goňşy ýurduň önüm öndürijileriniň önümleriniň sergisini ýokary derejede guramak hakynda görkezme berdi. Däbe öwrülen bu çäre Türkmenistanyň we EYR-nyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde, dürli ugurlar boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny gözläp tapmakda nobatdaky ädime öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Ýurdumyzyň söwda-ykdysady toplumynyň edaralary öz işinde döwrebap guramaçylyk usullaryny giňden ulanmalydyr diýip, milli Liderimiz TDHÇMB-nyň işini kämilleşdirmek meselelerini bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak arkaly düýpli işlemegi tabşyrdy. Möhüm düzüm özgertmeleri bilen bir hatarda işiň özüni , onuň mazmunyny düýpli täzelemek, ýolbaşçylaryň ygtyýarlyklaryny we jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda ösen özara gatnaşyklaryny döretmek, harytlar bazarynda bäsdeşlige ukyply gurşawy döretmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu zatlaryň hemmesi halkara işewür gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurt bazarlaryna çykarmaga ýardam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygy üpjün etmek maksadynda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Belent Sekrkerdebaşymyz ýurdumyzyň ösüşiniň esaslaryny berkitmekde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işine möhüm orun berilýändigini bellemek bilen, döwletimiziň durnuklylygyny, halkymyzyň abadançylygyny we agzybirligini gorap saklamagyň ata Watanymyzyň rowaçlygynyň özeni bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz möhüm ähmiýetli iri çäreleri guramaga gatnaşýan degişli düzümleriň taýýarlyk derejesiniň berjaý edilmegine berk gözegçiligiň ýola goýulmagy barada tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli beýleki käbir möhüm meselelere hem garaldy. Olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, abadançylyk hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. 
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2531

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder