Şu ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, Türkmenistanda ilata mugt
berilýän limitden artyk sarp edilen elektrik togunyň bahasy 100%-den
gowrak ýokary galar.
Bu barada paýtagtdaky "Döwletenergogözegçilik" kärhanasynyň edara
jaýynda bilidiriş asylypdyr. Ol bildirişde mugt goýberilýän möçberiň
çäginden artyk sarp edilen elektrik togunyň bahasynyň 100 kwt-sagadynyň 2
manat 50 teňňe boljakdygy habar berilýär. Mundan öň toguň 100 kwt
sagady üçin 1 manat 20 teňňe tölemelidi.
Bu Türkmenistanda elektrik energiýasynyň bahasynyň soňky ýyllarda
eýýäm ikinji gezek ýokary galdygy bolýar. 2011-nji ýylyň 1-nji
sentýabrynda hem elektrik energiýasynyň 100 kwt-sagady üçin nyrhlar 30%
ýokary galdyrylypdy. Şonda toguň 100 kwt sagadynyň bahasy 92 teňňeden 1
manat 20 teňňä çykarylypdy.
Resmiler elektrik energiýasynyň nyrhlarynyň ýokary galmagynyň
sebäpleri barada ilata hiç hili düşündiriş bermeýärler. Habar
serişdelerinde bu barada asla hiç hili habar ýa-da maglumat berilmeýär.
Resmi metbugatda köplenç elektrik togy mugt diýlip ýazylýar.
Mälim bolşy ýaly, ýurtda adam başyna 35 kilowat-sagat mugt
elektrik energiýasy berilýär. Şondan artygy – tölegli. Şeýle-de, ilatyň
käbir gatlagy üçin elektrik togy doly ýa-da bölekleýin mugt berilýär.
Mysal üçin, Beýik Watançylyk urşyna gatnaşanlar we inwalidler üçin
elektrik energiýasy doly mugt.
Şeýle-de sowet döwründe, ýagny geçen asyryň 20-nji-50-nji
ýyllaryndaky repressiýalardan ejir çekenler we çopanlar üçin hem
elektrik energiýasy mugt. Harby we hukukgoraýjy organlaryň işgärleri we
bu organlardan ýaşy boýunça zapasa çykan harbylar elektrik energiýasy
üçin tölegiň ýarpysyny, ýagny 50%-ni tölemeli. Çernobyl heläkçiliginde
ejir çekenler hem elektrik eneriýasy üçin tölegiň 50%-ni tölemeli.
Ýurduň habar serişdelerinde bu barada maglumat berilmänsoň,
adamlar elektrik energiýasynyň bahasynyň gymmatlandygyny diňe
"Döwletenergogözegçilik" kärhanasynyň edarasyna elektrik togy üçin töleg
tölemäge baranlarynda bilip galýarlar.
Türkmenistanyň raýatlaryna elektrik energiýasynyň belli bir
möçberi 1992-nji ýylda mugt berlip başlandy. Şonda her aýda adam başyna
25 kilowat-sagat elektrik energiýasy mugt berilýärdi. 1993-nji ýylda
mugt berilýän elektrik energiýasynyň limitiniň üstüne 10 kilowat-sagat
goşuldy we adam başyna 35 kilowatt-sagat elektrik energiýasy berlip
başlandy. Şondan bäri bu limit saklanyp gelýär.
Ilkibaşda elekrtik toguny we tebigy gazy ilata 2015-nji ýyla
çenli mugt bermek göz öňünde tutulypdy. Emma 2004-nji ýylda türkmen
hökümeti ýurduň ilatyna elekrtik toguny we tebigy gazy 2030-njy ýyla
çenli mugt bermegi dowam etmek kararyna geldi.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2518
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder