Durmuşdaky informasiýalaryň
mukdaryny kesgitlemek we ölçemek zerur bolup durýar. Informasiýalaryň
çeşmesinden informasiýalary sarp edijilere geçirmek üçin onuň mukdaryny
kesgitlemek bilen aragatnaşyk kanalynyň kuwwaty kesgitlenilýär. Mysal üçin,
siziň şu okaýan kitabyňyzy ýa-da beýleki kitaplaryňyzy ýönekeý poçta
aragatnaşygy ýa-da Internet arkaly ibermek üçin lardaky maglumatlaryň mukdary
kesgitlenmeli. Informasiýalaryň mukdary kesgitlenilende, informasiýalaryň hil
aýratynlyklary göz öňünde tutulmasa hem bolar. Haýsy kitapdygyna, onuň mazmunyna
garamazdan kitaplardaky informasiýalaryň mukdary şol bir ölçeglerde
ölçenmelidir.
Informasiýalar
üznüksiz signallar we sanlar bilen aňladylyp bilner. Adatça informatikada
informasiýalar sanlar bilen aňladylýar, oňa diskter ýagny üzülýän signallar diýilýär.
Şeýle çemeleşilende informasiýanyň mukdaryny ölçemek ücin üç çemeleşme bardyr:
Informasiýalaryň
mukdary düzümli çemeleşmede informasiýa obýektleriň sanyny sanamak bilen
ölçenýär. Mysal üçin, informasiýany ýatda saklamak üçin näce disk gerek boljak.
Informasiýanyň mukdaryna statistiki çemeleşilende informasiýanyň ýüze çykyşynyň
ähtimallygy hasaba alynýar. Bu usulda informasiýanyň gymmatlylygyna baha
berilýär. Informasiýanyň mukdary semantiki ölçenende informasiýanyň gerekliligi
we peýdalylygy hasaba alynýar. Bu ýagdaýda alynan informasiýanyň hakykata
laýyklygy anyklanýar. Informasiýanyň ölçemegiň düzümli çemeleşmesinde hem öz
gezeginde üç çemeleşme bar:
Geometrik,
onda berlen möçberlerde iň uly maglumat mukdary kesgitlenilýär. Informasiýanyň
şeýle ölçegi kompýuteriň ýadyny kesgitlemekde peýdalanylyp bilner. Utgaşdyrma,
onda berlen möçberde informasiýa elementlerini her hili utgaşdyrmalaryň kömegi
bilen informasiýalary aňlatmagyň mümkinçiligine baha berilýär. Informasiýanyň
mukdarynyň şeýle ölçegi kodlamagyň käbir ulgamlarynyň mümkinçiliklerine baha
bermekde peýdalanylýar. Additiw, ýa-da Hartli ölçegi, onda informasiýanyň
mukdary logarifmik formula bilen hasaplanylýar. Informasiýalaryň geometrik
ölçeginde iň kiçi ýatda saklan informasiýa elementi bit hasaplanylýar.
Informasiýanyň birligi hökmünde kabul edilen bir bit, iňlis binary digit –
ikilik sifr diýmek bolup, ol 0 ýa-da 1 aňladýar. Kompýuteriň ýadynda 0 ýa-da 1
sifri ýatda saklap bolýan informasiýa sygym bit bolup durýar. Informasiýa
tehnologiýasynda 8 bitden ybarat birlik baýt ulanylýar. Kompýuteriň
klawiaturasynda elipbiýiň 256 simwollaryny kodlamak üçin 8 bit (256 = 28) talap
edilýär. Informasiýa tehnologiýada baýtdan hem has uly informasiýa birlikleri
ulanylýar:
1
Kilobaýt (Kbaýt) = 1024 baýt = 210 baýt,
1
Megabaýt (Mbaýt) = 1024 Kbaýt = 220 baýt,
1
Gigabaýt (Gbaýt) = 1024 Mbaýt = 230 baýt.
1
Terabaýt (Tbaýt) = 1024 Gbaýt = 240 baýt,
1
Petabaýt (Pbaýt) = 1024 Tbaýt = 250 baýt.
Has uly
informasiýa birlikleriniň özara gatnaşyklarynyň sanawy aşakda getirilendir:
8 bit =
1 baýt (gysgaça b ýa-da B),
1024 B
= 1 kilobaýt (gysgaça Kb ýa-da K),
1024 К
= 1 megabaýt (gysgaça Mb ýa-da M),
1024 М
= 1 Gigabaýt (gysgaça Gb ýa-da G).
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2514
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder