Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow we onuň gazak
kärdeşi Nursultan Nazarbaýew 25-nji noýabrda Astanada geçirilen
duşuşygyň çäginde regionyň howpsuzlygy üçin ikitaraplaýyn gatnaşygyň
ähmiýeti barada nygtadylar.
Gazak-özbek liderleriniň arasynda seýrek duş gelýän ikitaraplaýyn
duşuşyk Russiýanyň Ukrainadaky hereketleriniň yzýany, Moskwanyň
meýilleri babatynda öňki sowet respublikalarynyň arasynda aladalanmalar
dörän mahaly geçirildi.
Karimow “döwrebap dünýäde ýagdaýlaryň okgunly üýtgeýän mahaly”
ähli ýurtlar “öz goňşy ýurtlaryndan goldaw gözlemäge” çalyşýar diýdi.
Şeýle-de, ol “biz geljek üçin perspektiwalarymyzy bilelikde kesgitlemek
maksady bilen has köp duşuşyklary geçirmelidiris” diýdi.
Nazarbaýew “tutuş regionyň durnuklylygynyň we ösüşniň Gazagystanyň
we Özbegistanyň etjek özara işlerine we pozisiýalaryna baglydygyny”
belledi.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2517
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder