Türkmen
paýtagtynda güşakly göreş boýunça 12-nji dünýä çempionaty we türkmen
milli göreşi boýunça birinji dünýä çempionaty tamamlandy. Üç günläp
bowam eden sport baýramçylygynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ynamly
ýeňiş gazandy! Dünýä çempionatynyň jemi 32 medalyndan on altysyny, has
takygy, olaryň laýyk ýarysyny biziň türgenlerimiz – milli göreş
sungatyny, biziň şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan gadymy döwürde
döredilen türkmen milli göreş däplerini mynasyp dowam etdirijiler
eýelediler. Şunda altyn medallaryň 8-si, kümüş medallaryň 7-si we bir
bürünç medal agram derejeleriniň sekizisi boýunça çekeleşikli
bäsleşiklerde gazanyldy. Diňe bir kümüş medal we bürünç medallaryň
galanlaryny beýleki ýurtlaryň türgenleri gazandylar. Olar şeýle bir köp
däldir we diňe "göreş" boýunça gazanylandyr.
Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä birinjiliginde ýer ýüzünde iň güýçli pälwanlar diýen ady almak ugrunda 23 ýurtdan 200-e golaý türgen gatnaşyp, olar maksatnamanyň dört görnüşi boýunça medallaryň 27 toplumy – jemi 108 altyn, kümüş we bürünç medallar ugrunda bäsleşdiler.
Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä birinjiliginde ýer ýüzünde iň güýçli pälwanlar diýen ady almak ugrunda 23 ýurtdan 200-e golaý türgen gatnaşyp, olar maksatnamanyň dört görnüşi boýunça medallaryň 27 toplumy – jemi 108 altyn, kümüş we bürünç medallar ugrunda bäsleşdiler.
Çempionatyň
jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi 45 medaly eýeledi.
Olaryň 16-sy altyn, 14-si kümüş we 15-si bürünç medallardyr. Biziň
türgenlerimiz şu çempionatyň öň ýanynda geçirilen baha bermelerde
Russiýanyň toparyndan soň umumytoparlaýyn ikinji derejäni eýelän hem
bolsa, bu ýurduň ýygyndy toparyndan has öňe saýlandy.
Şeýlelikde, umumytoparlaýyn hasapda ikinji orna jemi 16 medal – 5 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medaly eýeläp, Russiýa Federasiýasynyň ýygyndy topary mynasyp boldy.
Üçünji orny bolsa jemi 9 medal – 2 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal alan Ukraninanyň ýygyndy topary eýeledi.
Dünýä çempionatynda daşary ýurtlaryň 20 emini we biziň ýurdumyzdan 15 wekil eminlik etdiler. Olaryň ählisi halkara maslahatlaryna we türgenleşiklerine gatnaşmak bilen ýörite taýýarlyk geçdiler.
Guşakly göreşden tapawutlylykda türkmen göreşinde ýeňijiler aýlaw usuly boýunça kesgitlenilýär.
Ýaryşlaryň birinji güni türkmen türgenleri 16 medaly eýelediler. Olaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş we 5-si hem bürünç medallardyr. Ikinji güni biziň türgenlerimiz 13 medala eýe boldular. Olaryň 3-si altyn, 1-i kümüş we 9-sy bürünç medallardyr. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşlaryň iki gününiň jemleri boýunça 29 medala – 8 altyn, 7 kümüş we 14 bürünç medala mynasyp boldular.
Şol wagta çenli biziň toparymyzyň yz ýanyndan gelýän Russiýa Federasiýasynyň ýygyndy topary has az – 16 medal – 5 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medal gazanyp, ikinji orunda barýardylar.
Çempionatyň ilkinji iki gününiň jemleri boýunça jemi 9 medala – 2 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp bolan Ukrainanyň ýygyndy topary üçünji orny eýeledi. Soňky orunlary Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Latwiýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Bolgariýanyň, Daniýanyň, Estoniýanyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň toparlary eýelediler.
Şu gün, çempionatyň üçünji güni türkmen milli göreşi boýunça medallar ugruna bäsleşikler geçirildi. Sekiz agram derejeinde türgenler altyn, kümüş we bürünç medallaryň 32-si üçin güýç synanyşdylar. Netijede, çekeleşikli bäsleşiklerden soň, dünýäniň iň güýçli pälwanlarynyň arasynda Türkmenistanyň ýygyndy topary sylaglaryň aglaba köpüsine eýe boldy. Bu uly ýeňiş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan köpçülikleýin bedenterbie – sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek, şeýle hem täze taryhy şertlerde biziň halkymyzyň milli mirasyny gaýtadan dikeltmek boýunça alyp barýan hem-de ileri tutulýan syýasatynyň uly ýeňşidir. Halkymyzyň milli mirasynda biziň ata-babalarymyz tarapyndan döredilen sportuň milli görnüşleri, şol sanda göreş ähmiýetli orny eýeleýär.
... Sportuň milli türkmen göreşi türkmenleriň gadymy taryhyndan öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Gadymy taryhy çeşmelerde türkmenleriň ata-babalarynyň göreşiň tälimleri bilen diňe bir erkekleriň däl-de zenanlaryň hem meşgullalnandygy baradaky maglumatlar gabat gelýär. Gadymy grek we rim taryhçylary Turanyň zenanlarynyň başa-baş tutluşykda hatda şöhrat gazanan erkek pälwanlary hem ýeňýändiklerini haýran galmak bilen beýan edýärler. Orta asyr "Gorkut atanyň kitaby", "Görogly" we beýlekiler ýaly eposlarda, şeýle hem rowaýatlarda we hekaýatlarda türkmen zenanlarynyň erkek adamlar bilen bir hatarda basybalyjylaryň çozuşlaryndan ene topragy gaýduwsyzlyk bilen gorandyklary barada aýdylýar. Şonda olara heniz çagalyk ýyllarynda sportuň köp hereketi talap edýän dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary netijesinde alan tälimleri kömek edipdir. Şeýlelikde, türkmenleriň gadymy ata-babalary öz çagalaryny we agtyklaryny heniz körpe ýaşlaryndan başlap göreşiň, at çapmagyň, peýkam atmagyň, gylyç bilen söweşmegiň we beýlekileriň köpsanly tälimlerini öwredipdirler.
Şöhrat gazanan esgerler has zehinli şägirtlerine halypalyk edip, ussat söweşijileri ýetişdiripdirler, olar bolsa öz gezeginde toplan tejribelerini indiki nesillere geçiripdirler. Şeýlelik bilen, türkmen milli göreşi nesilden-nesle geçip, asyrlaryň we müňýyllyyklaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Häzirki döwrüň söweş sungatynyň köpsanly görnüşleriniň arasynda sambo ("ýaragsyz özüňi goramak" diýen söz düzüminden emele gelýär) aýratyn orun eýeleýär. Başa-baş söweşiň bu görnüşiniň düzgünleri geçen asyryň 20-30-njy ýyllarynda kemala geldi we öz-özüňi goramak boýunça dürli milli oýunlaryň, şol sanda türkmen milli göreşiniň usullaryny we tälimlerini özünde jemledi.
Sambo göreşiniň resmi taýdan dörän güni 1938-nji ýylyň 16-njy noýabrydyr. 1939-njy ýylyň maý aýynda geçirilen ilkinji sambo boýunça dünýä çempionatynda türkmen pälwanlary ähli agram derejelerinde baýrakly orunlary eýelediler, biziň ildeşimiz Muhammet Gud Şarim bolsa ýeňil agramda altyn medala eýe bolup, sambo boýunça ilkinji dünýä çempionatynyň ilkinji çempiony boldy. Bu derejä ýermek üçin onuň göreşiň milli görnüşi bilen yzygiderli meşgullanmagy ýardam berdi.
Ata-babalarymyz tarapyndan nesilden-nesle geçirilen göreş biziň häzirki günlerimize özüniň ilkinji görnüşinde gelip ýetdi. Häzirki wagtda hem ol Türkmenistanda diňe bir ähli toý - dabaralaryň hem-de umumymilli baýramçylyklaryň bezegi bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň köp ýurtlarynda sport söýüjileriň kalbynda mynasyp orun eýeleýär. Aşgabatda dünýäniň iň güýçli pälwanlaryny ýygnan dünýä çempionaty hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Onda türkmen türgenleri özlerini iň güýçli pälwanlar hökmünde görkezdiler.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2508
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder