27 Kasım 2016 Pazar

Rumyniýanyň Konstansa Şäherinde Duşuşyk

Rumyniýanyň Konstansa Şäherinde Duşuşykda Üstaşyr Ulag Geçelgeler Boýunça Türkmenistanyň Başlangyçlary Ara Alnyp Maslahatlaşyldy
Rumyniýanyň Garadeşiz portunyň iriligi babatda ikinji orny eýeleýän Konstansa şäherinde bolan tegelek stoluň başyndaky duşuşykda Aşgabatda geçiriljek durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça birinji Ählumumy maslahaty barada durlup geçildi. Bu duşuşygy Türkmenistanyň Rumyniýa döwletindäki ilçihanasy we Konstansa portunyň administrasiýasy gurnady. Duşuşyga Rumyniýa döwletiniň Daşary işler ministrliginiň, ulag ministrliginiň, diplomatik korpusynyň , Konstansa şäheriniň Söwda – senagat palatasynyň, “Ýüpek ýoly” assosiasiýasynyň wekilleri, ulag düzümleriň ýolbaşçylary, hususan-da Rumyniýanyň «CFRMarfa» milli demir ýol kompaniýasy gatnaşdylar.
Belli bolşy ýaly Konstansa Ýewropanyň iri portlarynyň dörtlügine girýär. Türkmenistandan gatnaşmak üçin Türkmenbaşy halkara portunyň wekilleri geldiler. Däp bolşy ýaly Rumyniýada hökümetara ylalaşyk boýunça bilim alýan talyplar bu çäräniň gatnaşyjylary boldular.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň logistika syýasatynyň wajyp ugurlary, Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçilikleri, şeýle-de döredilýän multimodal ulag infrastrukturasy barada aýdylyp geçildi.
Duşuşykda Türkmenbaşy halkara portunyň we Konstansa portunyň taryhyna bagyşlanan wideofilm görkezildi , şeýle-de hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň üstünde durlup geçildi.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder