26 Kasım 2016 Cumartesi

Aşgabatda Durnukly Ulag Ulgamy Boýunça Birinji Ählumumy Maslahat Öz Işine Başlady

Aşgabatda, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän forumyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň strategiki ugry bolan ulag meseleleri boýunça wezipeleriň giň toplumy girýär.
Aşgabatda geçirilýän ýokary derejeli maslahatyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisiniň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun gatnaşýarlar. Maslahata gatnaşýan wekiliýetleriň baştutanlarynyň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Gruziýanyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri, Awstriýa Pespublikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti, Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy bar.
Türkmenistanda şeýle uly ähmiýetli forumyň geçirilmegi ýurdumyzyň belent halkara abraýynyň hem-de türkmen Lideriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden öňe süren hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen oňyn başlangçlarynyň ählumumy ykrarnamasynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Aşgabatda geçirilýän maslahata köp ýurtlaryň hökümet agzalary, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary, iri halkara guramalarynyň we düzümleriň – BMG-niň, onuň komissiýalarynyň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň, şeýle hem ÝHHG-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň, GDA-nyň, Ýewropa komissiýasynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. Wekilleriň hatarynda ulag ulgamynyň ähli ugurlaryna degişli iri halkara guramalarynyň – awtomobil, howa, demir ýol, deňiz ulaglarynyň, şeýle hem iri halkara maýa goýum, bank we söwda düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar.




Hiç yorum yok:

Yorum Gönder