Daşoguzda Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada ýaş ýerine ýetirijileriň «Ýañlan, Diýarym!» welaýat bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Jemleýji bäsleşige ýurduň demirgazyk sebitiniň aýdymçylarynyň onusy gatnaşdy. Olaryň wokal we artistçilik çykyşlaryna meşhur kompozitorlardan, artistlerinden we beýleki sungat işgärlerinden ybarat bolan abraýly emin agzalary baha berdiler. Olaryň açyk asmanyň astyndaky sahnada ýerine ýetiren ruhuňy galkyndyryjy häzirki zaman we halk aýdymlary hakyky aýdym-saz baýramçylygyna öwrüldi.
Ruhubelent etrabyndan Sülgünjemal Täçmyradowa we Köneürgenç etrabyndan Baýramtäç Gandymowa «Ýañlan, Diýarym!» welaýat bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijisi bolmagy başardylar. Meşhur döredijilik bäsleşigi zehinli aýdymçylaryň mundan beýläk hem ýüze çykmagy üçin başlangyç meýdançasy bolmak bilen, täze zehinleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder