2015-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa ş. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýeniň Daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň esasy maksady şu ýylyň güýz paslynda Türkmenistanda geçiriljek üç ýurduň Ýolbaşçylarynyň birinji sammitine taýýarlyk işleriniň meseleleri boldy.
Şunlukda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geljekde üç ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň sanawyna seretdiler we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň, enegetika, ulag we medeni-gumanitar çygyrlarynyň wajyp orun eýeleýän, uzakmöhletleýin esasdaky üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň öňdebaryjy ugurlaryny bellediler.
Şeýle hem taraplar şu ýylyň ýanwarynda Aşgabat ş. kabul edilen 2015-2017-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlygyň üçtaraplaýyn çarçuwaly Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýeniň Daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki beýannamasyna gol çekildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder