7 Eylül 2015 Pazartesi

Daşary Ýurtly Diplomatlar Biziň Ýurdumyzyň Bitaraplyk Tejribesini Öwrenýärler

Türkmen paýtagtynda “Bitarap Türkmenistanyň 20 ýylda ýeten sepgitleri” atly daşary ýurtly ýaş diplomatlar üçin ýörite okuw öz işine başlady.

Bu çäre biziň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär. Ol şu ýyl bellenilýän şanly senä-Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär. Çäre Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat konsepsiýasyna laýyklykda geçirilýär. Konsepsiýanyň esasy ugry hemme daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly we birek-biregi hormatlamak esasynda netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar. 

Şunuň bilen birlikde daşary ýurtly ýaş diplomatlar üçin okuwlaryň guralmagynyň özi—örän nusga alarlykly bolup durýar hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we ählumumy ösüş syýasaty netijesinde, soňky ýyllarda ýokary halkara abraýyny gazanan Garaşsyz, Bitarap Türkmen döwletiniň ösüşine dünýä ýüzünde örän uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär. 

Häzirki döwürde ýurdumyzyň dünýäniň köp döwletleri bilen işjeň syýasy gepleşikleri, özara bähbitli söwda-ykdysady aragatnaşyklary we netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary üstünlikli ösdürýändiginiň şaýady bolýarys. Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasy dünýäde giň goldawdan peýdalanýar hem-de soňky 20 ýylyň dowamynda emele gelen we iş ýüzünde özüniň netijeliligini görkezen  Bitaraplygyň esasy ýörelgelerine  daýanýar. 

Türkmenistana gelýän dürli derejeli daşary ýurt wekiliýetleriň sanynyň artmagy, ýurtda dünýäniň ähli künjeklerinden bolan wekilleriň gelmegi, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky maslahatlaryň, hökümetara toparlaryň mejlisleriniň, şeýle hem halkara konferensiýalarynyň, forumlarynyň okuw-maslahatlarynyň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryň ösýändiginiň aýdyň görkezijisi bolup durýar. 

Muňa mysal hökmünde şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde açylan, Hindistanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Mongoliýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we  Täjigistanyň daşary syýasat edaralaryndan wekilleriň gatnaşmagynda geçirilýän  ýaş diplomatlaryň okuwyny görkezmek bolar. 

Çäräniň açylyşynda hemişelik Bitaraplyk doktrinasyny durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we Parahatçylyk Ýyly diýlip yglan edilmegi ýöne ýerden däldir. Türkmen döwleti üçin bu iki düşünje biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty ilki bilen parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, dünýäniň ähli döwletleri we halklary bilen dostluga we özara düşünişmeklige esaslanýar. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  Bitaraplygyň  türkmen halkynyň diňe baýlygy we taryhy üstünligi, biziň daşary syýasatymyzyň esasyny düzmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitdäki ýagdaýlaryň ösüşiniň möhüm we netijeli şerti, häzirki döwrüň global durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň ähmiýetli we aýrylmaz bölegi bolup durýandygy barada aýdan sözleri mysal getirildi. 

Daşary işler ministrliginde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada  öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen  milli institutynda, Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynda  geçiriljek daşary ýurtly ýaş diplomatlar üçin okuw sapaklarynyň we çykyşlarynyň özenini, esasan  Bitaraplyk düşünjesi düzýär.

Okuw sapaklarynyň diňleýjileri ýurdumyzyň iň täze taryhy, Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň daşary syýasatynyň dürli ugurlary, türkmen bitaraplygynyň taryhy, syýasy, hukuk esaslary, türkmen diplomatiýa gullugynyň   aýratynlyklary we Türkmenistanda diplomatiýa işgärleriniň taýýarlanyşynyň özboluşlylygy bilen tanşarlar. Ýaş  diplomatlar Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi hakynda hem düşünje alarlar. Okuw sapaklary ýaş hünärmenlere halkara we sebit durmuşynyň wajyp meseleleri barada peýdaly çekişmeleri geçirmäge mümkinçilik berer. 

Okuwlaryň, “tegelek stollaryň” gidişinde Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine we dünýä ýurtlarynyň ýakynlaşmaklaryna hemmetaraplaýyn oňyn täsiri seljeriler, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä ýüzünde parahatçylygy üpjün etmek we ýer ýüzünde ýaşaýan her bir adamyň mynasyp ömür sürmeginiň hatyrasyna ählumumy ösüşe gönükdirilen ynsanperwer başlangyçlary babatda düýpli ösüşiň meselelerini çözmeklige täzeçe çemeleşmeler hödürleniler.

Sapak bermek we okuw geçmek üçin tejribeli türkmen diplomatlary, ilçileri we alymlary çagyryldy. Okuwyň çäklerinde diňleýjiler türkmen kärdeşleri bilen duşuşyklary we tanyşdyrylyş çärelerini geçirerler, Özleriniň hünär bilimlerini we tejribelerini paýlaşarlar. Şeýle hem okuwa gatnaşyjylaryň  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen bilelikde sport çärelerine gatnaşmaklygy göz öňünde tutulýar. 

Medeni meýilnama okuwlaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu meýilnama laýyklykda myhmanlar Aşgabadyň gözel ýerlerine, ýadygärliklerine , muzeýlerine aýlanarlar. Ak mermere beslenen türkmen paýtagtynyň häzirki güni, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy we däp-dessurlary bilen tanşarlar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder