7 Eylül 2015 Pazartesi

Halkara Kitap Sergisinde Türkmen Neşirleri Bäş Sany Baýraga Eýe Boldular

Russiýanyň paýtagtynda Moskwanyň XXVIII halkara sergi-ýarmarkasynyň meýdançasynda GDA ýurtlarynyň “Kitap sungaty” atly 12-nji Halkara bäsleşiginiň netijelerini yglan etmek dabarasy boldy. Onda “Meniň ýurdum” diýen ugurda iň gowy eser diýlip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan” atly kitaby yglan edildi.

“Arkalaşyk” atly ugurda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany hökmünde  durmuşa geçirilen işlerine bagyşlanan “Dünýäde ykrar edilen Lider” atly kitap birinji orna mynasyp boldy. 

Abraýly halkara eminleri dabaraly ýagdaýda ýeňijilere we on bir ugur boýunça  baýrakly orunlary eýelänlere hormat hatlaryny gowşurdylar. Sergide Türkmenistanyň kitap önümleri ilkinji gezek bäş ugur boýunça bäsleşige gatnaşdy hem-de olaryň her biri baýraga mynasyp boldy.  

“Baş baýrak”  ugry boýunça türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýäniň ýigrimi bir dilinde çap edilen goşgular ýygyndysy iň oňat eserleriň hatarynda görkezildi.  

“Arkalaşykda çap edilen” atly ugurda “Bagtyýarlyk döwrüniň waspnamasy” atly kitap, şeýle hem Wiktor Sarianidiniň we Nadežda Dubowanyň “Gadymy Margiananyň genji-hazynasy” atly ylmy eseri baýrakly orunlara mynasyp boldy. 

Abraýly halkara sergisinde birbada bäş sany ýokary baýragy gowşurmak bilen emin agzalary, adat boýunça birnäçe dilde çap edilýän türkmen kitap önümleriniň dünýä ýüzünde, giň okyjylar köpçüligine ýurduň taryhyny we baý medeni miraslaryny bilmäge hem-de düşünmäge, şeýle hem Türkmenistanyň batly depginlerde ösüşine mynasyp baha bermäge ýardam edýändigini biragyzdan bellediler.  

Türkmen neşirýatçylarynyň bu üstünligini GDA ýurtlaryndan sergä gatnaşan kärdeşleri gyzgyn gutladylar. Olaryň köpüsi “Kitap-ösüşiň we hyzmatdaşlygyň ýoly” atly, sentýabryň ahyrynda Aşgabatda geçiriljek onunjy halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga taýýarlanýarlar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder