7 Eylül 2015 Pazartesi

Prezidentimiz Deňiz Ýakasynda Gurlan Nobatdaky Desgalaryň Açylyş Dabaralaryna Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda täze desgalaryň, şeýle hem Türkmenbaşy etrabynyň merkezinde gurlan “Hazar balyk” açyk paýdarlar jemgyýetiniň bekre balygyny, onuň işbilini ösdürip ýetişdirýän hem-de balygyny gaýtadan işleýän kärhanasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gabatlanan binagärlik-gurluşyk açylyşlary döwlet Baştutanymyzyň eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny we rowaçlygyny berkitmäge, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler Türkmenistanyň çalt depginler bilen ösmeginiň aýdyň nyşany bolup, olaryň çäklerinde türkmen topragynyň ähli künjeklerinde ägirt uly gurluşyklar alnyp barylýar.Hazaryň kenarynda döredilýän halkara derejeli döwrebap dynç-alyş merkezi bolan  "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy  muňa mysal bolup durýar. Bu iri maýa goýum taslamasy ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň okgunly ösmeginiň başyny başlap, ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini, howa aýratynlyklaryny we amatly geografik taýdan ýerleşmegini netijeli we oýlanyşykly peýdalanmak ýaly esaslary özünde birleşdirdi.  Şol esasda milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýalaşdyrylyp, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär.

2013-nji ýylyň tomsunda Türkmenbaşy şäheriniň düzüminde Awaza etraby döredildi. Ony döretmek bilen bagly çözgüt "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň düzüminiň ösmegi hem-de deňiz dynç-alyş merkeziniň meşhurlygynyň artmagy bilen baglylykda onuň çäkleriniň giňelmegi bilen şertlendirilendir.  Ine, bu gün bolsa bu ýerde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň tutuş toplumy işe girizilip, olaryň agramly bölegi Balkan welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça guruldy. 

Şeýlelikde, ýurdumyzyň dynç-alyş merkezinde gurulýan täze desgalaryň—myhmanhanalaryň, şeýle hem medeni-dynç alyş binalaryndan başlap, sport desgalaryna çenli täze toplumlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň tomsunda bu ýerde seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň birbada üçüsiniň-“Älemgoşar”, “Deňiz merjeni” we “Jadyly kenar” toplumlarynyň  açylyş dabarasy boldy. Olar çagalaryň we uly adamlaryň wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertleriň döredilen ýerinde meşhur dynç-alyş ojaklaryna öwrüldi. 

Düýn bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Awazada döwrebap türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen, fitnes merkezli, sport zallary bolan köp ugurly sport toplumy ulanmaga berildi. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri, şol sanda woleýbol, basketbol, gandbol bilen meşgullanyp bolýar. Bu ýerde şeýle hem suwda ýüzmek üçin we sportuň suwdaky beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak, bouling, tennis, bilýard oýnamak üçin zallar bar. 

Sport—bu güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň we täze belentliklere tarap okgunlylygyň beýanydyr. Hut şonuň üçin häzir Türkmenistanda sport jemgyýetde möhüm ähmiýete eýe bolup, köpsanly tarapdarlaryny tapýar, döwrüň baş şygaryna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  bolsa şunda şahsy görelde görkezýär.

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz adaty endigine eýerip, şu gün ir säher bilen Awaza köp ugurly sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar. 

Hormatly Prezidentimiz olar bilen köpugurly türgenleşik zalyna bardy. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmeginiň tarapdary, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň durmuşyň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýän döwlet Baştutanymyz zalda oturdylan sport enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada aýtmak bilen, sport bilen meşgullanmagyň harby gullukçylaryň, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň adaty endigine öwrülmelidigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz egindeşleri bilen gürrüňdeş bolup,  fitnesiň sagdyn durmuş, myşsalary berkitmek, özüňi oňat duýmagyňy ýokarlandyrmak üçin wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz güýç sarp edilip peýdalanylýan häzirki zaman sport enjamlarynyň owadan daş keşbi, köptaraplylygy we howpsuzlygy bilen täsir galdyrýandygyny kanagatlanma bilen belläp, fitnes zalda döredilen ajaýyp şertleriň isleg bildirýänleriň hemmesine netijeli türgenleşikleri geçmäge mümkinçilik berýändigini nygtady. 

Sport enjamlarynda türgenleşip we bouling oýnap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport toplumynyň üçünji gatyna çykýar. Bu ýerdäki açyk meýdançadan Awazanyň ajaýyp keşbi eliň aýasynda ýaly görünýär. Onuň keşbini ýokary derejeli ajaýyp myhmanhanalar hem-de abadanlaşdyrylan dynç alyş zolaklary bezeýär. Güýzüň başlanan şu günlerinde deňiz howasy aýratyn arassa we sergin, hakyky bejeriji häsiýetlidir. 

Soňra döwlet Baştutanymyz sport zalyna baryp, basketbol oýnamaga gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň arasynda sport bilen işjeň meşgullanmagy üpjün etmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz egindeşleri bilen sport toplumyndan çykyp, bilelikde welosiped ýörişine ugradylar. 

Soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde üns berilýär. Mysal üçin, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” diýen biraýlygyň çäklerinde köpçülikleýin welosipedli ýörişler, welosport boýunça ýaryşlar geçirilýär. 

Soňra döwlet Baştutanymyz awtoulagynda Awaza etrabyna ugrady. Ol ýerde ir ertirden bäri ählumumy baýramçylyk ruhy äşgär duýulýar. 

Bu ýerde gurlan täze binalaryň hatarynda Awaza etrabynyň häkimliginiň hem-de jemagat hojalygynyň binalary, söwda-sport merkezi, şeýle hem zerur bolan ýörite tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilen  polisiýa we ýangyn howpsuzlygy bölümleriniň binalary bar. 

Täze desgalaryň hatarynda  320 okuwçy orunlyk mekdebiň binasy hem bar. Bu ýerde okuw sapaklaryny, terbiýeçilik işlerini ýokary derejede geçirmek, bedenterbiýe-sport we medeni çäreleri, okuwçylaryň wagtyny netijeli geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. Okuw we iş otaglary  döwrebap multimediýa we kompýuter enjamlary, dürli sapaklar boýunça  okuw goldanmalary bilen üpjün edildi. Bu ýerde kitaphana, gurnaklar üçin niýetlenen, ýöriteleşdirilen otaglar, naharhana, dürli çäreler geçirmek üçin uly maslahatlar zaly göz öňünde tutuldy.

Çagalaryň ygtyýarynda türgenleşik enjamlary bolan sport zaly hem-de mekdebiň çäginde ýerleşdirilen, açyk howada futbol, woleýbol, basketbol, ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, şeýle hem sport ýaryşlaryny geçirmek üçin niýetlenen sport meýdançalary  bar. 

Mekdep okuwçylarynyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin zähmet sapagynyň otaglary göz öňünde tutulyp, bu ýerde gyzlar tikin tikmegi, nahar bişirmegi, oglanlar bolsa agaç we demir ussaçylyk işlerini öwrenerler

Bulardan başga-da deňizýaka şäheriniň ýaşaýyş-durmuş düzüminiň üstüni 160 orunlyk çagalar bagy ýetirip, bu ýerde körpeleriň wagtyny gyzykly geçirip bilmegi üçin dürli ýaş toparlary nazara alyndy. Iki gatly binada giň we ýagty otaglar, şol sanda ýatylýan jaýlar, multimediýa we interaktiw tehnologiýalary bilen üpjün edilen okuw otaglary, hususan-da, daşary ýurt dillerini öwrenmek we kompýuter sowatlylygyna  eýe bolmak üçin niýetlenen otaglar, aýdym-saz we sport zallary, ýüzülýän howuz ýerleşdirildi. Çagalar bagynyň çäginde degişli enjamlary bolan oýun meýdançalary gurlup, olarda çagalar öz wagtyny şadyýan geçirip bilerler.

Desgalaryň ýene-de biri Saglygy goraýyş merkezidir, bu lukmançylyk edarasy döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek meselelerine berýän ünsüniň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, “Saglyk” döwlet maksatnamasyny  amala aşyrmagyň çäklerinde  nasaglara hyzmat ediş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge we şunuň bilen baglylykda maşgala lukmançylygyny, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Täze Saglygy goraýyş merkezinde ilata ýokary halkara ülňüleriniň derejesinde lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde lukmanlaryň iş otaglary we ýöriteleşdirilen otaglar—feldşerçilik, çaga dogrulýan, hirurgiýa, maslahat beriş-anyklaýyş, fizioterapiýa, tiz kömek bölümleri, gündelik stasionar, dermanhana we beýlekiler ýerleşdirildi. Olaryň hemmesi dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary, şol sanda rentgen, EKG, ultrases barlaglary üçin enjamlar bilen üpjün edildi. 

Milli Liderimiz  Gurbanguly Berdimuhamedowy ýol ugrunda medeniýet we sungat işgärleri joşgunly aýdymlary we sazlary, bilen garşylaýarlar, etrabyň ýaşaýjylary  mähirli mübärekleýärler. Bu gün bu ýerde uly toý tutulýar. 

Şu günki çäreleriň özboluşly, nesilden-nesle aýawly geçirilip gelinýän däp-dessurlar bilen  utgaşandygyny aýtmak gerek. Bu bolsa dabaralara aýratyn öwüşgin çaýyp, milletiň baý medeni mirasyna, gadymdan gelýän köp asyrlyk däplerine üýtgewsiz ygrarlygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Olar täze taryhy döwürde--Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp beýanyna eýe boldy. 

Döwlet baştutanymyzyň awtoulagy Awaza etrabynda gurlan söwda merkezli täze ýaşaýyş jaý toplumynyň ýanynda saklanýar.  

Ýaşaýyş jaý toplumy iki we üç otagly öýleriň 200-sini öz içine alýan 4 gatly ýaşaýyş jaýlaryň 8-sini özünde jemleýär. Olaryň otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylyp, amatly ýaşamak üçin ähli şertler döredildi. Täze jaýlaryň hemmesi baýramçylyk lybasyna beslenipdir. Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bu ýerde çagalar üçin oýun meýdançalary we  sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar guruldy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekleýärler. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Jaýlaryň öňündäki meýdançada  dürli öwüşginli teatrlaşdyrylan çykyş ýaýbaňlanýar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde jaý toýuny tutmagyň milli däpleri beýan edilýär.  Artistler aýdym-sazly çykyşynda täze taryhy döwri, parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen halkynyň bagtly durmuşyny  joşgunly wasp edýärler.

Däp bolşy ýaly, myhmanlara duz-çörek, pişme hödür edilýär.

Döwlet Baştutanymyz jaýlaryň birine girip görýär. Birinji gatda ýerleşen öýde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy täze öý eýeleri mähirli garşylaýarlar. Olar üçin bu gün şatlykly waka beslenip, ýatdan çykmajak günleriň birine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz bagtly maşgalany jaý toýy bilen mähirli gutlap, olaryň iş aladasy, täze jaýda ýerleşişi bilen gyzyklandy. Bagtly öý eýeleri milli Liderimize halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada edýän aladasy üçin  tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

Hormatly Prezidentimiz öý eýeleriniň gyzy bilen söhbetdeş bolup, onuň näçinji synpda okaýandygyny, haýsy sapaklary öwrenýändigini sorady.   Okuwçy gyz  milli Liderimiziň sowallaryna jogap berip, uly hyjuw bilen goşgy setirlerini okaýar. 

Döwletimiziň geljekde hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça maksada gönükdirilen çäreleri görjekdigini  aýdyp, hormatly Prezidentimiz täze öý eýeleri bilen hoşlaşdy we olara bagt, maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Şanly waka mynasybetli milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  täze jaý eýelerine ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz nobatdaky desganyň ýanyna—täze ýaşaýyş jaý toplumynyň golaýynda gurlan söwda merkezine tarap ugraýar. 

Her dürli owadan bezegler bilen bezelen binada hakyky baýramçylyk ruhy al-asmana göterilip, aýdym-sazlar ýaňlanýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli görşüp, söwda toplumyna barýar, bu ýerde alyjylar we merkeziň işgärleri üçin döredilen şertler bilen gyzyklanýar. 

Giň söwda zallarynda ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň çykarýan dürli önümlerini satyn almak bolýar. Olaryň içinde et, balyk, süýt, bakaleýa we gastronom harytlary, çörek we süýji-köke önümleri,   ter we gaplanan görnüşdäki gök we bakja önümleri, miwe şireleri, gazlaşdyrylan içgiler, mineral suwlary bar. Önümleriň dürli görnüşde bolmagy ýurdumyzyň oba hojalyk  we azyk senagatynyň kuwwatynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Täze söwda toplumynyň tekjeleriniň bollugy ýurdumyzda azyk bolçulygyny görkezip, onuň üpjün edilmegi Türkmenistanyň oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň esasyny düzýär. 

Bulardan başga-da, bu ýerde ýurdumyzyň dokma senagatynyň kärhanalarynda çykarylýan  dokma önümlerini, şol sanda çagalar we ulular üçin sport we dynç alyş üçin niýetlenen egin-eşikleri, Häzirki zaman modasynyň meýillerine laýyklykda işlenip taýýarlanylan ajaýyp trikotaž we jinsi önümlerini satýan ýöriteleşdirilen dükan ýerleşýär.  2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany şekillendirilen sport lybaslary ünsüňi özüne çekýär. Hili halkara derejesinde ykrar edilen arassa pagtadan taýýarlanan, öý hojalygyna degişli dokma önümleriniň – ýorgan-düşekleriň, tüýjümek desmallaryň, aşhana esbaplarynyň dürli görnüşleri bar.  Bu ýerde dürli matalary – panbarhat, keteni, ştapl ýaly matalary satyn almak boýlar. 

Toplumda şeýle hem haly önümlerini, amaly-haşam sungatynyň önümlerini satyn almak bolýar. Olar owadanlygy, ölçegleri we bezelişi boýunça aklyňy haýran edýän halylar we elde dokalan, ýüňden taýýarlanan haly önümleri, şeýle hem halat-donlar, dürli nagyşly tahýalar we owadan keşdeler, halydan taýýarlanan horjunlar we ajaýyp zenan torbalary, dürli reňkli sapaklardan işilen alajalar, ýüň we ýüpek ýaglyklar, milli aýdym-saz gurallary, dürli öwüşginli sowgatlyklar we beýlekilerdir. 

Döwlet Baştutanymyz satyjylar bilen söhbetdeş bolup, satylýan önümleriň hili we aýratynlyklary, olaryň bahalary, şeýle hem täze söwda merkezinde döredilen iş şertleri bilen gyzyklanýar. Toplumyň işgärleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa durmuş maksatly syýasaty ýöredýänligi, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada atalyk aladasyny edýändigi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edýärler. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagynda Türkmenbaşy etrabynyň dolandyryş merkezine tarap ugrady, bu ýerde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze iri  kärhanasynyň-- “Hazar balyk” açyk paýdarlar jemgyýetiniň bekre balygyny we onuň işbilini ösdürip ýetişdirýän hem-de  balygy gaýtadan işleýän kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz ýolugrunda awtoduralganyň gurulýan ýerinde sägindi. Balkan welaýatyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow hormatly Prezidentimize täze desganyň çyzgylaryny we taslamalaryny görkezdi. Onda  işgärleriň işlemegi hem-de awtoulaglaryň sürüjileriniň dynç almagy üçin hemme zerur şertler dörediler. 

Döwlet Baştutanymyz taslama bilen ünsli tanşyp, birnäçe belliklerini aýtdy hem-de oňa käbir düzedişlerini girizdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş dynç alyş zolagy boýunça işleriň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere awtoduralganyň gurluşygynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine hem-de möhletiniň berjaý edilmegine degişli anyk tabşyryklary berdi.   

Mälim bolşy ýaly, ýurtda azyk bolçulygyny, şol sanda sebitleriň senagat kuwwatyny hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň ösdürilmeginiň hasabyna bolçulygy döretmek “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň” möhüm ugry bolup durýar.  

Döwlet  düzümleri bilen bir hatarda, hususy ulgam hem bu ulgamda öňde durýan wezipeleri çözmäge tarap ugur aldy. Döwlet goldawynyň netijeli çäreleri hem-de kanunçylyk-hukuk binýadynyň, ýeňillikli salgyt salynmagynyň hem-de karz berilmeginiň üpjün edilmegini goşmak bilen, telekeçileriň goldanylmagy ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmegi çaltlandyrdy, jemi içerki önümiň öndürilişiniň umumy möçberinde ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň paýynyň yzygiderli artmagyny şertlendirdi. 

Häzir kiçi we orta telekeçiligiň öňünde işlemek, şol sanda dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri çykarýan hem-de milli ykdysadyýeti has-da ösdürmäge, ilatyň iş bilen üpjün edilmegine we degişlilikde raýatlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam bermäge gönükdirilen döwrebap önümçilikleri döretmek babatda işlemek üçin giň mümkinçilikler açyldy. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan amala aşyrylan häzirki iri maýa goýum taslamasy—döwrebap balyk kärhanasy hem muňa mysal bolup hyzmat edýär. 

TSTB-niň buýurmasy esasynda bu kärhanany “Myradym”, “Guş toplumy”, “Rowana” hususy kärhanalary we “Halyf” hojalyk jemgyýeti bilelikde bina etdiler hem-de “Hazar balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyrdylar. Şu günki wakalar mynasybetli bu ýerde aýratyn şatlyk duýgusyny çaýýan aýdymlar we sazlar ýaňlanýar. Hemme ýerde baýdaklar, dürli reňkli howa şarlary parlaýar, täze desga hakynda aýdyň düşünje berýän dürli diwarlyklar we taslamalar oturdyldy. Bu ýere Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, welaýatlaryň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçiligiň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Meýdançada  medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda  aýdym-sazly çykyş ýaýbaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, toplumyň baş girelgesine barýar. Dabaraly pursat gelip ýetýär—milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmagynda toý bagyny kesýär we täze desgany açýar. 

Häzir azyk ulgamyny pugtalandyrmaga hem-de milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilen balyk senagatynyň önümçilik düzümlerini tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga uly maýa goýumlar gönükdirilýär. Şunda suw medeniýetini ösdürmäge, ýagny köllerde, derýalarda, suw howdanlarynda, kanallarda we beýleki suw giňişliklerinde balyklary ösdürip ýetişdirmäge we köpeltmäge esasy üns berýär. Dünýäde giňden ulanylýan senagat balykçylygynyň ýokary ykdysady netijeliligi onuň bähbitlidigine şaýatlyk edýär. 

Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň täsin ekoulgamyny, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini, onuň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak meselelerine  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns berýändigini  nygtamak gerek. Muňa türkmen döwletiniň Baştutanynyň Hazarda howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýet we ulag, bu täsin tebigy suw giňişliginiň daşky gurşawyny we biologik köpdürlüligini goramak ýaly wajyp ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk boýunça öňe süren netijeli teklipleri aýdyň şaýatlyk edýär. 

Ine, geçen ýyl geçirilen Hazarýaka döwletleriniň—Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Baştutanlarynyň IV  Maslahatynda türkmen Lideriniň başlangyçlary esasynda işlenip taýýarlanan beýleki wajyp hökümetara resminamalarynyň hatarynda Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly peýdalanmak hakynda Ylalaşyga gol çekildi. 

Bu resminamanyň kabul edilmeginiň ähmiýeti gürrüňsizdir: Hazaryň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemiki bolup, ýer ýüzüniň biologik köpdürlüliginiň gymmatly genofondyny emele getirýär. Deňziň tebigy serişdeleri ösümlikleriň we balyklaryň, şol sanda senagat ähmiýetine eýe bolan balyklaryň ýüzlerçe görnüşini özünde jemleýär. Ozallar bu ýerde bekre, akbalyk, tirana ýaly bekre balyklarynyň dünýä gorunyň 90 göterim töweregi jemlenipdir. Emma Hazara guýýan derýalaryň akymynyň sazlanylmagy, deňziň hemişe üýtgäp durýan derejesi, tebigy, tehnogen we antropogen häsiýetli beýleki sebäpler XX asyryň aýaklarynda balyklaryň bu aýratyn gymmatly görnüşleriniň tebigy taýdan köpelişiniň birden peselmegine getirdi hem-de bekre balyklarynyň ätiýaçlyklarynyň döredilmegi köp babatda emeli önümçiligiň hasabyna amala aşyrylyp başlandy. 

...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow balyk senagatynyň täze desgasyny gözden geçirmegi bekre balyklaryny köpeltmek boýunça bölümden başlaýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy toplumyň ýolbaşçysy tüýs ýürekden garşylap, milli Liderimizi kärhananyň tehniki we tehnologiýa mümkinçilikleri bilen suratlar arkaly görkezip, içgin tanyşdyrýar. 

Dünýäniň meşhur öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan umumy meýdany  6 gektar bolan toplum sebitde iň irileriň biridir. Onuň ýyllyk kuwwaty bekre görnüşleriniň harytlyk balyklarynyň 100 tonnasyna hem-de bekre işbiliniň 2 tonnasyna, kakadylan we beýleki balyk önümleriniň 170 tonnasyna, şeýle hem  gaplanan önümleriň 10 million birligine barabardyr.  Kärhanada 150-den gowrak täze iş orunlary döredildi. Bu bolsa sebiti durmuş taýdan ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. 

Toplumyň esasy aýratynlygy bu ýerde “işbilden-işbile çenli” diýen ýörelge boýunça bekre balyklaryny emeli ösdürip ýetişdirmegiň hem-de balygyň senagat taýdan gaýtadan işlenilmeginiň utgaşdyrylandygynda jemlenýär. Şeýlelik bilen, bu senagat kärhanasy şol bir wagtda “balyk fermasy” hem bolup durýar. 

Soňra hormatly Prezidentimiz ýörite inkubatorlarda işbilden bekre balygynyň   liçinkalary ösdürilip ýetişdirilýän ýere geçýär. Hünärmen döwlet Baştutanymyzy bu çylşyrymly işde peýdalanylýan enjamlar we tehnologiýalar bilen tanyşdyrýar. Bu çylşyrymly işiň netijesi ençeme ölçegleriň takyk ýerine ýetirilmegine bagly bolup durýar. 

Liçinkalar we kiçijik balyjaklary saklamak üçin hemişe akymly suwy bolan hem-de ýylyň sowuk döwründe ýyladylýan howuz zerurdyr. Şol döwürde howuzlaryň düýbüniň öz wagtynda arassalanylmagy iň jogapkärli pursatlaryň biri bolup durýar. Bu hem örän uly yhlasy talap edýän işdir. 

Şu ýerde “artemiýa salina” leňňeçjikleri ösdürilip ýetişdirilýär. Olar ýaş balyklar üçin gymmatly belok iýmiti bolup hyzmat edýär. “artemiýa salina” leňňeçjiklerini köpçülikleýin köpeltmek üçin duzlaryň has köp jemlenmegi zerur. Hususan-da, tebigy şertlerde olary Garabogaz aýlagynyň ýakynlarynda ýerleşen Hazar deňziniň  tebigy peselen ýerlerinde tapmak bolýar. Bekre balyklary 3,5-4 santimetre ýetenlerinde, olar daşky täsirlere garşy berk we durnukly bolýarlar. Olary taýýar iýmitler bilen iýmitlendirmäge geçirýärler. Ýeri gelende aýtsak, bu bölümde aý ýarym mundan ozal Ýewropa ýurtlaryndan getirilen tohumlardan kiçijik balyklar döredi. Häzir olaryň sany 10 müňden geçýär. 

Hormatly Prezidentimiz innowasion balyk toplumy bilen tanyşmagyny dowam edip, balyk ösdürilip ýetişdirilýän bölüme bardy. Hususan-da, emeli köpeltmek üçin bekre (Acipenser Guldenstaedti) saýlanyp alyndy. Ol tebigatda esasan Azow, Gara we Hazar deňizlerinde mesgen tutýar. 

Milli Liderimiz bu ýerde işleýän hünärmen bilen söhbetdeşlikde balyklary saklamak üçin döredilen şertler hem-de aýratynlyklar bilen gyzyklanýar. 

Howuzlaýyn usul liçinkalaryň we kiçijik balyjaklaryň ýaşap biliş ukybyny 10-15 göterim artdyrmaga we eýýäm 5 ýyldan ýetişdirilýän balyklardan harytlaýyn bekre balygynyň işbilini almaga mümkinçilik berýär. Tebigy şertlerde bu möhlet 7-8 ýyla barabardyr. Häzirki zaman biotehnologiýalarynyň özleşdirilmegi netijesinde balyklaryň içinden  işbilleri almak boýunça işler geçirilenden soň, bekre balyklarynyň örän oňat özlerine gelýändikleri, dikelýändikleri hem-de indiki ýylda ýene-de işbil berýändikleri aýratyn möhümdir. 

Soňra döwlet Baştutanymyz howza berilýän suwuň arassalanyş ulgamy bilen tanyşdyryldy. Onuň hili kesgitlenen kadalara hem-de tehniki talaplara, şol sanda kislorodyň saklanylyşy boýunça bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Bu ýerde suwy arassalamak işleri dört tapgyrda alnyp barylýar. Olaryň birinjisi mehaniki arassalama bolup, onda suw ilkinji süzgüçden geçirilýär. Onuň ikinji tapgyry biologik arassalamak bolup durýar. Onda suwdaky bar bolan peýdaly bakteriýalar saklanýar. Soňra howuzlardaky suw damjamalama usulynda arassalanýar. Iň soňunda bolsa, suwy ähli zyýanly jisimlerden saplamak üçin ol ultramelewşe şöhlesi bilen işlenilýär. Arassalaýşyň ähli tapgyrlary geçirilen suw kislorod bilen baýlaşdyrylýar we balyk saklamaga ýaramly derejä getirilýär.  Balyklary saklamak üçin ýerleriň zerur bolan hemme enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemek gerek. Şonuň netijesinde howuzlardaky suw hemişe arassalygyna we täzeligine galýar. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zerur bolan abzallar we enjamlar bilen enjamlaşdyrylan barlaghana barýar. Hünärmenler döwlet Baştutanymyza bu ýerde ýola goýlan suwuň, iýmiň, işbiliň we şuňa meňzeşleriň hiline gözegçilik edýän ulgam barada habar berýärler. 

Geçirilen söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, balyk we deňiz önümleri  adamyň iýmitiniň möhüm düzüm bölekleri bolup durýar. Beloklaryň, ýaglaryň, witaminler toplumynyň, kaliý, kalsiý, magniý, demir, fosfor ýaly mikro we makro elementleriň baýlygy boýunça olar ençeme beýleki azyk önümlerinden öňe geçýärler. 

Döwlet  Baştutanymyz Hazaryň tebigy peşgeşini gorap saklamagyň we  köpeltmegiň wajypdygy barada aýdyp, deňizde iş alyp barmaga diňe jogapkärli, pugta ylmy çemeleşmäniň sebitiň ihtiofaunasyna zeper ýetirmezden, uzak möhletli geljek üçin balykçylygy hem-de balyk senagatyny üstünlikli ösdürmegi üpjün eder. 

Soňra hormatly  Prezidentimiz balygyň gaýtadan işlenilýän we taýýar önümleri çykarýan bölümine bardy. Bu ýerde milli Liderimiz bölümiň önümçiligi we tehniki enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. 

Gaýtadan işlemegiň birinji tapgyry bölekleýji bölüm bolup, onda işine ussat gyzlar täze balyklary işlemegi aňsatlyk bilen başarýarlar. Uly yhlasy talap edýän bu iş döwrebap enjamlaryň netijesinde doly awtomatlaşdyrylypdyr, bu ýerden ýarym fabrikatlar indiki gaýtadan işlenilmäge ugradylýar. 

Kärhananyň gaýtadan işleýän kuwwatlyklarynyň harytlyk balygy öndürmegiň bu ýerde göz öňünde tutulan möçberlerinden ep-esli uludygyny bellemek gerek. Munuň özi toplumyň geljekde ösdürilmegi nazarda tutulyp, şeýle hem bu ýere ýurdumyzyň içerki suwlaryndan tutulan balyklaryň hem gaýtadan işlenilmäge ugradylmagy göz öňünde tutulyp  edilipdir. 

Häzirki zaman enjamlarynyň netijesinde sowuk we gyzgyn kakadylan balyk delikatesleriniň her ýylda onlarça tonnasyny taýýarlamak bolar. Önümçilik ýokary tagam hem-de önümiň azyklyk hilini üpjün etmäge ukyply döwrebap tehnologiýalar boýunça kakadylýan ýörite gaplarda amala aşyrylýar. Mundan başga-da, kärhana isleg bildirýänleri kakadylan, duzly, ýakymly ysly we marinada ýatyrylan balyk önümleri hem-de ozal bellenilip geçilişi ýaly, bekre balygynyň işbili bilen begendirer. 

Önümi diňe çykarmak möhüm bolman, eýsem, onuň sarp ediji üçin has özüne çekiji harytlyk görnüşini üpjün etmek hem wajypdyr. Toplumda öndürilýän kakadylan, doňdurylan, marinada ýatyrylan ýa-da ýakymly ysly balyklar degişli derejede bitin görnüşinde bolşy ýaly, kesilen bölekleýin görnüşinde hem gaplanar. Kärhananyň nyşany bolan oňaýly gaplanylyş önümiň ýokary hilini saklamak bilen,  ulanyş möhletiniň   dowamlylygyny üpjün etmäge ukyply bolup, daşary ýurtlaryň şunuň ýaly önümleri bilen üstünlikli bäsleşip bilmeginiň ýagdaýlarynyň biri bolar. Ýurdumyzda öndürilýän delikatesler ýurdumyzyň içerki bazarynda şonuň ýaly daşary ýurtly önümleri azaltman, eýsem, halkara ülňülerine doly laýyk gelmegi netijesinde geljekde olar daşary bazarlarda hem mynasyp orunlary tutup bilerler. 

Soňra hormatly Prezidentimiz   balyklary gaplaýjy bölümiň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde hem gaplanan balyk önümçiliginiň giň görnüşlerini we ýokary hilini üpjün edýän iň döwrebap enjamlar oturdylypdyr. Bu ýerde gaýtadan işlenilen balyklar ýörite önümler, zerur witaminler bilen baýlaşdyrylyp, ýörite bugda bişirilýär. Bu usul taýýar önümleriň ýokumlylygyna, onuň degişli derejede saklanmagyna oňyn täsir edýär. Taýýar bolan önümler bug bilen bişirilende, onuň düzümindäki ynsan bedeni üçin peýdaly witaminlere hiç hili zeper ýetmeýär. 

ABŞ-niň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň we beýleki ýurtlaryň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu kärhanada balyklaryň gaýtadan işlenilişi ösen halkara ülňülerine laýyk derejede alnyp barylýar. Bu ýerde enjamlaryň sazlaşykly oturdylmagy netijesinde balyklaryň teňňeleri aýrylýar, onuň ölçeglerine görä saýlanýar we balygyň süňkleri, gylçygy aýrylýar. Hamy aýrylyp, taýýar bolan balyk eti hoşboý ys beriji witaminler we beýleki önümler bilen baýlaşdyrylýar we gaplanylýar. Bellenilişi ýaly, bugda bişirilen gaplanan görnüşdäki bölümlerden başga-da, bu ýerde balyklar kakatmak esasynda taýýarlanylýar. Bu bolsa “Hazar balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde  alnyp barylýan işleriň köpugurly esasda ýola goýlandygyny aňladýar. 

Bu ýerde bolan söhbetdeşlikde kärhananyň işgäri döwlet Baştutanymyza telekeçiligi höweslendirmek, balyk pudagyny we umuman, milli ykdysadyýeti ösdürmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi, hemme babatda türkmen halkynyň mynasyp durmuşyny üpjün etmek ugrundaky hemmetaraplaýyn aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Milli Liderimize şeýle hem täze toplumyň öndürýän dürli görnüşli önümleri çykarylan sergi görkezildi. Ol ykdysadyýetiň hususy böleginiň ägirt uly mümkinçiligine şaýatlyk edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sergi bilen tanşyp, hususy ulgamyň kärhanalarynyň täze pikirler üçin özboluşly hereketlendiriji bolmaga, innowasiýalary, öňdebaryjy enjamlary we hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň peýdalanmak üçin meýdança bolmaga gönükdirilendigini belledi. Munuň özi häzirki zaman şertlerinde önümçilikleriň bäsleşige ukyplylygynyň we düşewüntliliginiň esasy alamatlarynyň biri bolup çykyş edýär. Içerki bazary doly üpjün etmek maksady bilen ýokary hilli balyk önümleriniň möçberlerini we görnüşlerini has-da köpeltmegiň zerurdygyny, şeýle hem ony eksport etmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem ýöriteleşdirilen balyk tutýan gämini satyn almak hakynda meseläni öwrenmegiň maksada laýykdygyny nygtap, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bu ugurda işleri dowam etmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen telekeçileri senagat we oba hojalyk pudaklarynda , dürli ähmiýetli desgalary gurmakda, hyzmatlar ulgamynda öz tejribelerini we mümkinçiliklerini üstünlikli peýdalanyp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ýyl-ýyldan barha işjeň goşulýarlar. Şunda hormatly Prezidentimiz  döwletiň mundan beýläk-de ykdysadyýetiň hususy ulgamyna maksada gönükdirilen goldaw berjekdigini nygtady. Hususy ulgamyň ösdürilmegi  täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň telekeçiliginiň eýe bolan örän uly mümkinçiligini has doly durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ösdürmäge, onuň senagat binýadyny pugtalandyrmaga, diýmek, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlanmagyna täsir eder. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri ýurdumyzda ykdysadyýetiň hususy ulgamyny ösdürmäge, telekeçilik işini üstünlikli alyp barmaga örän amatly şertleri döredip berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine özleriniň tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar. 
  
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dolandyryş binasyna baryp, “Hazar balyk” açyk paýdarlar jemgyýetiniň Hormatly myhmanlar üçin kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp we balyk toplumynyň zähmetkeşlerine, şeýle hem türkmen telekeçilerine işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
  
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär. 

 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder