29 Eylül 2015 Salı

Prezidentimiz BMG-niň Durnukly Ösüş Boýunça Ýokary Derejedäki Duşuşygynda Çykyş Etdi

2015-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki duşuşygynda çykyş etdi

 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş baradaky gün tertibini – degişli ugurda öňde durýan wezipeleri çözmek boýunça hereketleriň köpugurly, toplumlaýyn meýilnamasyny kabul etmek bu iri forumyň esasy netijesi bolar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu täze global strategiýany işläp taýýarlamaga gös-göni gatnaşandygyny bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan degişli milli geňeşmeleri geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde seçilip alnan döwletleriň toparyna girdi. Munuň özi dünýä bileleşiginiň Türkmen döwletiniň oňyn tejribesine gyzyklanmasynyň artýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Çünki Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeler syýasatyny amala aşyrýar hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde uly üstünlikleri gazandy.

 Bitarap Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen, baý ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar. Munuň şeýledigi türkmen Lideriniň iri halkara maslahatlaryna yzygiderli gatnaşmagynda hem öz beýanyny tapýar. Şol maslahatlar köptaraplaýyn pikir alyşmak hem-de derwaýys global meseleleri boýunça çözgütleri işläp düzmek üçin köpugurly binýat bolup durýar.

Ýokary derejedäki duşuşygyň açylyş dabarasyndan soň, oňa gatnaşyjylaryň çykyşlary başlandy, olaryň arasynda ilkinji bolup dünýä bileleşiginde uly abraý gazanan görnükli syýasy Lider hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.

 Döwlet Baştutanymyz BMG-niň global forumynyň belent münberinden çykyş edip, Türkmenistanyň ählumumy abadançylygy we ösüşi üpjün etmegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny amatlaşdyrmaga gönükdirilen anyk tekliplerini beýan etdi.

Milli Liderimiz dünýä bileleşigine häzirki döwrüň hakyky ýagdaýlaryna esaslanýan we uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ählumumy strategiýasy zerurdyr diýip belledi. Ýokary derejedäki şu duşuşykda tassyklamak üçin hödürlenen, 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş baradaky Gün tertibi şeýle strategiýa bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu resminamany doly goldaýandygyny we onuň kabul edilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýändigini aýtdy.

 Ählumumy maksatlaryň 17-sinde we wezipeleriň 169-synda beýan edilen täze Gün tertibiň ösüş babatdaky meseleleri çözmäge esasy çemeleşmeleri öz içine alýandygyna doly ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu meseleler häzirki döwürde adamzadyň öňünde duran möhüm wezipelerdir. Şol wezipeleriň esasy häsiýeti halkara bileleşiginiň durnukly ösüşi sazlaşykly we toplumlaýyn esasda üç ugur boýunça, ýagny ykdysady, durmuş we ekologiýa babatda gazanmagyna gönükdirilendir.

Milli  Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisleriniň birinde Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmegi utgaşdyrmagyň täze ählumumy usulyny döretmek baradaky meselä seredilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin diýip nygtady hem-de Türkmenistanyň bu ugra degişli anyk teklipleri bermäge taýýardygyny belledi.

 Bu baradaky gürrüňini dowam edip, türkmen döwletiniň Baştutany şeýle hem Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak babatda Birleşen Milletler Guramasynyň sebit toparlarynyň bu ugurda işleri güýçlendirilse, dogry bolar diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmetaraplaýyn, adalatly we ýokary hilli bilimi üpjün etmek meseleleri hem täze halkara Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar diýip bellemek bilen, Birleşen Milletler Guramasy giňden höweslendirse, bu işleriň netijeli boljakdygyna doly ynan bildirdi. Geçiriljek işler giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak, bilim babatda ýurtlar, sebitler boýunça we ählumumy derejede täze maksatnamalary ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylmalydyr.

 Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň belli bir ugurlar boýunça guramalary we agentlikleri bilen örän işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistan taýýardyr. Bu ugurda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasyna, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna we Çagalar Gaznasyna esasy hyzmatdaşlarymyz hökmünde garaýar.

 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gender deňligi ählumumy ösüş strategiýasynyň esasy bölegi bolup durýar diýip, sözüni dowam etdi. “Biz bu ugurda öz öňümizde belent maksady goýduk. Bu maksat ähli aýal-gyzlaryň doly gender deňligini gazanmakdan we olaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr. Bu wezipäni ýerine ýetirmek biziň umumy borjumyz we bilelikdäki jogapkärçiligimiz bolup durýar” diýip Türkmenistanyň Baştutany aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň şu ýylyň 27-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda dünýä döwletleriniň baştutanlarynyň gender deňligi boýunça duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjyny goldaýandygyny belledi.

 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen belleýşi ýaly, şu gün biz ýakyn 15 ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň maksatnamasy hökmünde Durnukly ösüş maksatlaryny kabul edýäris. Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýanyň taraplarynyň şu ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde Parižde geçiriljek maslahatynda biziň ählimiz bilelikde bütin dünýä üçin örän uly ähmiýetli möhüm çözgütleri kabul etmeli bolarys diýip, türkmen Döwletiniň Baştutany sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň howa bilen bagly meseleler boýunça halkara Ylalaşygyna gol çekilmegini goldap çykyş edýändigini we Maslahata çenli galan döwürde bu ugurdaky garaýyşlaryň işjeň öňe sürülmegine ýardam berjekdigini nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, 2015-nji ýyl Garaşsyz Türkmenistanyň we onuň halkynyň durmuşynda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny halkara derejesinde ykrar etmek baradaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegine 20 ýyl dolýar.

Geçen döwür biziň Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan bitarap daşary syýasatynyň netijelidigini, onuň halkara bileleşiginiň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi. Bu aýdylanlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanyp, Baş Assambleýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda täze Rezolýusiýany kabul etmegi bilen hem tassyklandy.

 Şu mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisine biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berk we üýtgewsiz goldandyklary üçin, Türkmenistanyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bitaraplyk, parahatçylyk we ösüş meselelerine bagyşlanan halkara maslahatynyň geçiriljekdigini belläp, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlaryny ýurdumyza gelip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmaga belent münberden ýene-de bir gezek çagyrdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany sözüniň ahyrynda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we adalatyň belent maksatlaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatnamalaryny we wezipelerini durmuşa geçirmegiň hatyrasyna ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli zerur işleri geçirjekdigini aýratyn belledi.

Türkmen Lideriniň çykyşy uly gyzyklanma bilen üns berlip diňlenildi we umumy el çarpyşmalar bilen garşylandy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder