Türkmenistan Suratlary 78
http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=1852
Türkmen Habar Türkmenistanyň gündelik habar saýty https://www.turkmenhabar.com/ #Turkmenistan #TurkmenHabar #Turkmen #Habar #Habarlar
29 Eylül 2015 Salı
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahmet Gurbangeldiýewiç Gurbanow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşyna, Watanymyzyň senenamasyndaky şanly wakalara hem-de ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk meselelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem şenbe güni geçiriljek ählihalk ýowarynda bag ekiljek ýerleri taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan güýzlük bugdaý ekişiniň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu möhüm agrotehniki çäräni geçirmekde gowuşgynsyzlyga ýol berilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz aýratyn-da Ak bugdaý etrabynda (häkimi R.Gurtow), Derweze etrabynda (häkimi B.Mämmedow) we Baharly etrabynda (häkimi M.Porhanow) bugdaý ekişiniň talaba laýyk guralmandygyny belledi we onuň sebäplerini seljerip, ekişiň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Welaýatyň aýry-aýry etraplarynda, ýagny Kaka etrabynda (häkimi D.Hezretgulyýew), Ak bugdaý etrabynda (häkimi R.Gurtow) we Derweze etrabynda (häkimi B.Mämmedow) pagta ýygymynyň depginiň günüň talabyny ödemeýändigi sebäpli tankydy bellikler aýdyldy. Milli Liderimiz pagta ýygymynda yzagalaklyga ýol berilmeginiň sebäplerini seljermegi, ýygymyň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz güýzki bag ekmek möwsüminiň başlangyjyny alamatlandyrýan ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, şeýle hem şäherlerde, etraplarda we obalarda abadanlaşdyryş işleri ýerine ýetirmek boýunça häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda Garaşsyzlyk baýramyna oňat taýýarlyk görülmelidigi baradaky meselä ünsi çekip, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.
Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz A.Gurbanowy Ahal welaýatynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde sebitiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň oba hojalyk toplumynda, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim şenbe güni geçiriljek ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça işlenilip taýýarlanylan maksatnama barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň önjeýli zähmet çekmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi bu maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Magtymguly etrabynda (häkimi A.Muhammedow), Bereket etrabynda (häkimi N.Gylyjow) bugdaý ekişiniň guralyşyna ünsi çekip, onuň pes derejede alnyp barylmagynyň sebäplerini seljerip, ekişiň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bag ekmek möwsümine hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmegiň barşy hakynda habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginleriniň örän pesdigini aýdyp, oba hojalyk önüm öndürijileriniň öz üstlerine alan borçnamalaryny ýerine ýetirip bilmegi üçin bar bolan ähli tehniki ätiýaçlyklary bir ýere jemlemegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda (häkimi B.Handurdyýew), Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda (häkimi R.Orazdurdyýew) we Ruhubelent etrabynda (häkimi B.Töräýew) bugdaý ekişiniň ýaramaz guralandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime bugdaý ekişiniň pes derejede guralmagynyň sebäplerini seljermegi hem-de ekişiň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Ruhubelent etrabynda (häkimi B.Töräýew) we Boldumsaz etrabynda (häkimi B.Arazow) pagta ýygymyň pes derejede guralmagynyň sebäplerini seljermegi hem-de bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak üçin işleriň anyk meýilnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty dowam edip, şanly seneleri, ozaly bilen ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyny baýram etmäge örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz nobatdaky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Häkim şanly senelere, şeýle hem ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.
Milli Liderimiz pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini, umuman, welaýatda oba hojalyk işlerini guramakda haýal-ýagallyga ýol berilýändigini aýtdy. Ýerlerde, ozaly bilen, yza galynýan ýerlerde ýolbaşçylar bilen özara gatnaşyklary güýçlendirmek üçin zerur çäreleriň görülýändigine garamazdan, depginler maksada laýyk däl diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hususan-da, welaýatyň Köýtendag etrabynda (häkimi A.Bäşimow), Birata etrabynda (häkimi Ç.Astanow) we Döwletli etrabynda (häkimi S.Akyýew) bugdaý ekişiniň ýaramaz guralandygygy sebäpli ekişiň depgini örän pes. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ýagdaýlaryň sebäplerini seljermegi hem-de emele gelen ýagdaýy düzetmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz welaýatyň aýry-aýry etraplarynda, ýagny Birata etrabynda (häkimi Ç.Astanow), Atamyrat etrabynda (häkimi A.Garlyýew) we Köýtendag etrabynda (häkimi A.Bäşimow) pagta ýygymynyň talabalaýyk guralmandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pagta ýygymynyň bellenilen tertipden yza galmagynyň sebäplerini aradan aýyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk gününi we beýleki şanly seneleri dabaralandyrmak bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz güýzki köpçülikleýin bag ekmek işlerine guramaçylykly girişmek hem-de bar bolan baglary timarlamak, welaýatyň ilatly ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça meseleleri öz wagtynda çözmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim gönüden-göni milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, güýzki bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada aýtdy. Hasabatyň çäklerinde Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna ünsi çekip, Altyn sähra etrabynda (häkimi M.Gurbanmuhammedow), Murgap etrabynda (häkimi E.Esenow) we Garagum etrabynda (häkimi A.Salyhow) bugdaý ekişiniň depgininiň örän pesdigini aýtdy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň birnäçe etraplarynda, aýratyn-da, Altyn sähra etrabynda (häkimi M.Gurbanmuhammedow), Garagum etrabynda (häkimi A.Salyhow) we Murgap etrabynda (häkimi E.Esenow) pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň pesdigini aýdyp, emele gelen ýagdaýyň sebäplerini seljermegi we möwsümleýin işleri bellenilen tertibe laýyklykda tamamlamak üçin ýygymyň depginini güýçlendirmek babatda ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak işlerine, bag ekiljek ýerleriň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanan çäreleri hem-de bu beýik baýramçylygy ýokary derejede geçirmek üçin ähli guramaçylyk işlerini ýerine ýetirmegi tabşyrdy. Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilmegi bellenen çäreleri hem ýokary derejede guramak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz wideo aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda şu ýylyň 3-nji oktýabrynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda geçirilmegi bellenen ählihalk ýowaryna taýýarlyk görlüşi barada habar aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň “Ýurdumyzda 2015-nji ýylda bag ekmek hakyndaky” degişli kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 3 million düýp bag nahallaryny, şol sanda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan 1,5 million düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar. Göz öňünde tutulan işlere laýyklykda, şu ýylyň ýazynda jemi 1 million 670 müň 839 düýp bag nahallary ekildi. Häzirki wagtda galan 1 million 329 müňden gowrak nahal ekmek meýilleşdirilýär. Şolardan 803,6 müň düýbe golaýy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan, 525,6 müňe golaý düýbi welaýat häkimlikleri tarapyndan ekiler. Wise-premýer şeýle hem bag nahallaryny ekmek üçin bölünip berlen ýer bölekleriniň çyzgysyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabadyň hem-de welaýatlaryň ilatly ýerlerinde, ekarançylyk meýdanlarynyň töwereklerinde tokaý zolaklaryny döretmäge, dag arçalaryny, çöl sazaklaryny we kenarýaka tokaýlyklaryny dikeltmäge, şolaryň tohumlaryny taýýarlanmaga gönükdürilen Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň wajypdygyny belledi. Täze saýaly we miweli nahallaryň hem-de baglaryň beýleki görnüşlerini ekmek zerur diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz ekmek üçin taýýarlanan bag nahallarynyň görnüşleri bilen gyzyklanyp tut, serwi, akasiýa, arça, sosna ýaly agaçlaryň görnüşlerine ünsi çekdi hem-de olary ýer ýagdaýyna görä ekmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bagy-bossanlyga büremäge degişli çäreleriň ählisini welaýatlaryň toprak-howa şertlerini nazarda tutmak arkaly ylmy esasda geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tokaýçylyk işlerini alyp barmak hem-de peýdalanylýan ösümlikleriň doly beýanyny we olary köpeltmegiň usullaryny nazara almak bilen ýaş bag nahallaryna ideg etmek boýunça her bir sebit üçin teklipleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.
Ykdysady we durmuş ulgamynda iri möçberli özgertmeler maksatnamalary adamlaryň durmuşynyň abadançylygynyň aýrylmaz şerti hökmünde ekologiýa düzüm bölegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr diýip, döwlet Başutanymyz belledi. Bereketli türkmen topragynyň her bir künjegi oňa aýawly garalmagyna mynasypdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de türkmenistanlylaryň sagdyn durmuşda ýaşamagy, türkmen tebigatynyň baýlyklaryny oýlanyşykly peýdalanmagy üpjün etmegiň ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksadydygyny nygtady. Ählihalk ýowaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentmiz wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Daýhanlary häzirki zaman tehnikalary, suw, ýokary hilli tohum bilen üpjün edip, ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin döwletiň zerur bolan hemme şertleri döredýändigini belläp, Türkmenistanyň Baştutany möhüm oba hojalyk çärelerini öz wagtynda tamamlamagy üpjün etmegi talap etdi.
Milli Liderimiz wideoşekilli iş maslahaty jemlemek bilen, ýolbaşçylaryň öňünde möhüm meseleleri kesgitläp, öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri alyp barmagy, bu ugurda ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi hem-de ýerlerde işleri degişli derejede ýola goýmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Birža Täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, nebit koksuny satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň, Estoniýanyň we Täjigistanyň işewür wekilleri suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna pagta ýagy, azyklyk bugdaýy, nah ýüplügi, garaköli we saryja dowarlaryň ýüňi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Hytaý, Şweýsariýa, Şotlandiýa, Owganystan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 40 million 137 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine Rossiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Slowakiýadan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 8 million manada golaý pagta ýagyny satyn aldylar.
Türkmenistanyň Parahatçylyk Döredijilik Syýasaty Daşary Ýurt Metbugatynyň Üns Merkezinde
Diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş Milletler Bileleşigi üçin ägirt uly syýasy ähmiýete eýe bolan wakanyň - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 70-nji mejlisiniň belent münberinden nobatdaky ählumumy häsiýetli parahatçylyk dörediji başlangyçlary öňe sürmeginiň öňüsyrasynda dünýä jemgyýetçiligi we metbugaty türkmen döwletiniň durmuşynyň dürli meselelerine uly gyzyklanma bildirýär. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar.
Germaniýanyň “Wostok” žurnaly we Hytaýyň “Vitwo” žurnaly ýurdumyza bagyşlanan ýörite sanlaryny taýýarlady. Bu taslama Türkmenistanda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurt döwürleýin neşirleriniň we ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň bilelikdäki işiniň netijesidir.
“Wostok” žurnaly indi 25 ýyldan bäri neşir edilýär. Ol ýylda dört gezek çykýar, ony nemes dilli ýurtlaryň ählisinde okaýarlar. Neşiriň esasy maksady GDA ýurtlarynda möhüm syýasy, medeni, sungat, syýahatçylyk, sport wakalary barada makalalary çap etmekden ybaratdyr. Žurnalyň “Hemişelik Bitaraplygyň 20 ýyllygy: Syýasat. Jemgyýet. Medeniýet” atly ýörite sanynda Türkmenistanyň ösüşiniň daşary we içeri strategiýasy, “Gündogaryň merjeni” – ak mermerli Aşgabat, 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň paýtagty Mary baradaky we umuman, ýurdumyzyň ähli welaýatlary, olaryň ajaýyp ýerleri, türkmen halkynyň däp-dessurlary hakyndaky makalalar toplumy ýerleşdirildi.
Dürli ugurly makalalarda Türkmenistanyň şu günki ösüşi, BMG-niň belent münberinden öňe sürülýän we bütin dünýäde giň goldaw tapýan halkara başlangyçlary, umuman, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlary barada gürrüň berilýär. Olaryň hatarynda milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak boýunça geçirilýän giň möçberli işler, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly ýaly wajyp transmilli taslamalar, ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasynyň uçurylmagy bilen iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanan kosmos maksatnamasy barada gürrüň berýän makalalar bar. Şol makalalarda diňe bir gazanylan üstünlikler sanalyp geçilmän, eýsem, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ägirt uly geljegi hem açylyp görkezilýär.
Mowzuklaýyn “şypahana” synynda daşary ýurtly okyjylar ýurdumyzyň meşhur şypahanalary hem-de sagaldyş we dynç alyş merkezleri bilen tanşyp bilerler. Bu toplumda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna aýratyn orun berlipdir. Neşirde türkmen tebigatynyň gözelliklerine we täsin ýadygärliklerine, şol sanda Köýtendagyň syrly gowaklaryna hem uly üns berlipdir. Taryha bagyşlanan uly toplum meşhur gadymy şäherlerde geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleri we gymmatly tapyndylar, dünýäniň milli medeni genji-hazynasynyň bir bölegi hökmünde orta asyr binagärlik gymmatlyklary barada gürrüň berýän makalalary özüne birleşdirdi. Bu ýerde milli tagamlar, türkmen halyçylyk sungaty we çeper tikinçilik, atçylyk we beýleki köp zatlar, şeýle hem Aşgabadyň 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryny kabul etmäge taýýarlyk görşi baradaky gyzykly maglumatlar bilen tanyşmak bolýar.
Mundan başga-da, žurnalda köpsanly düşündiriş bermek häsiýetli goşmaça maglumatlar, statistiki maglumatlar getirilipdir. Munuň özi daşary ýurtly okyjylara Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan barada köp zatlary bilmäge mümkinçilik berýär.
Ýewraziýa yklymynyň beýleki bir künjeginde, Hytaýda bolsa hytaý we iňlis dillerinde neşir edilýän “Vitwo” atly köpçülikleýin maglumat-syýasy žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Žurnalyň “Türkmenistan -2015-nji ýyl – Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” atly bu sany ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde taýýarlanyldy.
Žurnalyň sahypalarynda ýaş döwletiň daşary syýasat derejesini saýlap alan taryhy pursadyndan bäri geçen 20 ýylyň döwamynda türkmen Bitaraplygynyň tejribesine giňişleýin seljerme berilýär. Makalalarda ýurdumyzyň halkara giňişligindäki parahatçylyk döredijilik ugrunyň we diplomatiýasynyň esasy ýörelgelerine hem-de olaryň iş ýüzünde getirýän anyk netijelerine, içerki ösüşde edýän täsirine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň egsilmez güýç-gaýraty, erk-islegi we öňdengörüjiligi netijesinde olaryň giň möçberli taslamalarda amala aşyrylyşyna jikme-jik garalýar.
Hemişelik Bitaraplygyň strategiýasy babatda Türkmenistanyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine dünýäniň ähli döwletleri bilen hyzmatdaşlyşy ösdürmekde, ýurduň içinde syýasy durnuklylygy üpjün etmekde hem-de sebitde parahatçylygy berkarar etmäge we durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam bermekde gazanan üstünliklerne syn berilýär. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyna hem-de bu guramanyň çäklerinde möhüm ählumumy meseleleri çözmek boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryna aýratyn üns berilýär. Makalalaryň ählisinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň döredijiligiň ygtybarly we giň binýadyna, milli bähbitleri goramagyň kepiline hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine, oňyn halkara gatnaşyklarynyň girewine öwrülendigi baradaky netijä gelinýär.
Hytaý okyjylaryna türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri, milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryň, umumadamzat ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ulgamynyň esasynda onuň filosofiýasy baradaky makalalar hem gyzykly bolar.
Žurnalyň şol sanynyň ykdysady bölümine “Eýýamyň kosmos nyşany”, “Türkmenistanda oba hojalygynyň ösüşi - täze çemeleşmeler we talaplar” atly makalalar girizildi. Bu bölümde ýurdumyzyň serişdeler we eksport kuwwaty, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna, şol sanda Hytaý Halk Respublikasyna ibermegiň ählumumy energetika howpsuzlygy üçin möhüm ähmiýeti baradaky makalalar hem ýerleşdirildi. “Türkmen sporty – täze belent sepgitlere ýetilýär”, “Türkmenistan Aziýada sport hereketiniň täze merkezine öwrülýär” atly makalalar hem ýurdumyzyň keşbine özboluşly öwüşgin çaýýar.
Žurnalda ýurdumyzyň diplomatiki wekilhanalarynyň gatnaşmagynda 2015-nji ýylda geçirilen işewür we döredijilik çäreleri barada hem gürrüň berilýär. Şol çärleriň hatarynda Pekinde guralan Nowruz baýramy, Lançžou şäherinde geçirilen, üstaşyr döwlet hökmünde ýurdumyzyň halkara giňişliginde eýeleýän ornunyň berkeýändigini nobatdaky subutnamasyna öwrülen “Türkmen-hytaý gatnaşyklary: durnukly ösüşiň bähbidine ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly wekilçilikli forum hem-de Sian şäherinde geçirilen türkmen-hytaý işewürler maslahaty bar. Hytaýyň paýtagtynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan köpsanly çäreler –sergiler, “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklar guraldy. Şanly sene mynasybetli Pekinde sport festiwaly hem geçirildi.
Germaniýanyň “Wostok” we Hytaýyň “Vitwo” žurnallarynyň ikisiniň hem ýörite goýberişleriniň üsti infogrammalar bilen ýetirildi. Olar sanlar we maglumatlar arkaly ýurdumyzyň ösüşiniň depginine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Neşirlerde Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň şöhratly ýylýazgysynyň ajaýyp wakalary şöhlelendirilen köpsanly suratlar hem ýerleşdirildi.
Türkmenistan Halkara Syýahatçylyk Ulgamyna Goşulyşýar
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisi we maslahaty açyldy.
“Seýrana” myhmanhanasynda ýaýbaňlandyrylan serginiň açylyş dabarasynda bu ýere ýygnananlar-ýurdumyzyň döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary, işewür toparlaryň, köpsanly daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, hormatly myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, bu maslahat “Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyndaky mümkinçiliklerini bütin dünýä açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir”.
“Halkara sergisi we maslahaty täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, ýurdumyzyň we dünýäniň iş tejribesine innowasion çemeleşmeleriň we işläp taýýarlamalaryň üstünlikli ornaşdyrylmagyna, halkara syýahatçylyk ulgamynda Türkmenistanyň tutýan ornunyň ykrar edilmegine ýardam eder” diýlip Gutlagda aýdylýar.
Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýöriteleşen daşary ýurtly maýadarlaryň, bazaryň bilermenleriniň we iri kompaniýalaryň Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligine, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky ägirt uly taslama uly gyzyklanma bildirýändiklerine foruma gatnaşyjylaryň uly wekilçilikli düzümi-de şaýatlyk edýär. Ol Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda milli syýahatçylyk agentlikleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, dünýäniň 25 ýurdundan hyzmatdaşlyk edýän düzümleriň hem-de ýörite ugurly hünär berýän ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bar. Şol 25 ýurt Beýik Britaniýa, Fransiýa, Awstriýa, Ispaniýa, Germaniýa, Gollandiýa, Türkiýe, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Ýaponiýa, Tailand, Malaýziýa, Indoneziýa, Bolgariýa, Çehiýa, Slowakiýa, Polşa we beýlekilerdir.
Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumynyň mümkinçilikleri esasynda bu ýerde goýlan görnüşler halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň uly geljegini görkezýär. Jemi 123 kompaniýanyň wekilleri, şol sanda 70-den gowrak daşary ýurt şereketleri hem-de 50-den gowrak türkmen syýahatçylyk edaralary diwarlyklaryny görkezdiler. Şol görnüşleriň hatarynda biziň ýurdumyzdan Awazanyň myhmanhanalary diwarlyklaryň 26-syny açyp görkezdi. Mundan başga-da, bu ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti öz işlerini hödürledi.
Bar bolan mümkinçilikleriň, gazanylan üstünlikleriň hem-de täze teklipleriň aýdyň beýanyna öwrülen gözden geçirilişde döwlet guramalary we edaralary, ýurdumyzyň hususy kärhanalary, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan ýa-da gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly kompanýalary işlerini görkezýärler. Owadan ekspozisiýalar buýrujylaryň we hyzmatdaşlaryň täze başlangyçlaryny, syýahatçylygyň häzirki zaman düzümini ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, hyzmatlaryň geriminiň giňeldilmegine, pudagy we işewürligi dolandyrmagyň ykdysady gurallarynyň kämilleşdirilmegine hyzmat edip biljek ajaýyp tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary hödürleýär.
Günüň ikinji ýarymynda “Seýrana” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly maslahatyň mejlisi geçirildi. Myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumynyň strategiýasy, onuň medeni we tebigy mirasyň baý köpdürliliginde görkezilen esasy bilen tanyşdyryldy.
Daşary ýurtly myhmanlar öz çykyşlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde bolşy ýaly, has giň halkara möçberinde hem özara hereket etmegiň mümkinçiligi barada meselä degip geçdiler. Geçirilen pikir alyşmalar bu ulgamy ösdürmäge dürli çemeleşmeleri, şeýle hem pudakda üstünlikli işleýän kompaniýalaryň tejribelerini görkezmäge hem-de bu ugurda Türkmenistanyň daşary ýurtly kompanýalary bilen has nusga alarlyk mysallaryna garamaga ýardam berdi.
Çekişmeleriň we ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda maslahata gatnaşyjylar eýýäm birnäçe özara bähbitli ylalaşyklary baglaşmagy meýilleşdirdiler. Hususan-da, türkmen syýahatçylyk edaralaryny Çehiýanyň, Bolgariýanyň, Slowakiýanyň we beýleki ýurtlaryň syýahatçylyk kompaniýalarynyň hünärmenleriniň teklipleri gyzyklandyrdy.
Agşamara myhmanlar üçin Awaza derýasy boýunça gezelenç, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy bilen has ýakyndan tanyşlyk hem-de “Deňiz merjeni” seýilgähine baryp görmek guraldy. Bu seýilgähiň esasy gözelligi Türkmenistanyň meşhur ýadygärlikleriniň nusgalary bolan onuň taryhy binagärlik mazmunydyr. Şu ýerde maslahata gatnaşyjylar ajaýyp halk döredijilik çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Ertir maslahat öz işini dowam eder. Maslahatyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy- syýahatçylygyň merjeni” , “Syýahatçylygy ösdürmekde Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleriniň ähmiýeti”, “Syýahatçylyk we ykdysady innowasiýalar” diýen 3 bölümçe boýunça mejlisler geçiriler. Şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Türkmen Küştçüleri Ýene Iki Medala Mynasyp Boldular
Türkmen küştçüleri dünýäniň 5 gezek çempiony Nona Gaprindaşwiliniň adyna Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde ýakynda geçirilen halkara ýaryşynda iki medala – kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.
Bäsleşiklere dürli ýurtlardan 100-den gowrak küştçi gatnaşdy. Ýaryşlar erkekleriň we zenanlaryň arasynda garyşyk usulda geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndy toparynda diňe zenanlar çykyş edip, FIDE-niň ussady Ogulgerek Atabaýewa kümüş medala, sport ussatlygyna dalaşgär Jemal Öwezdurdyýewa bolsa bürünç medala mynasyp boldular.
Ogulgerek mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk toplady. Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewden tälim alýan küştçi gyz ýaryşyň ýeňijisi, ýer eýeleriniň toparyndan bolan Lila Koridzeden 0,5 utuk yza galdy.
Şonuň ýaly möçberde utuk (7) gazanan J.Öwezdurdyýewa ikinji orun ugrundaky bäsleşikde öz ildeşinden diňe sport netijeliliginiň barabarlygy boýunça yza galdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhratguly Myratgulyýewiň tälim berýän 17 ýaşly küştçüsiniň gazanan üstünlikleriniň hatarynda zenanlaryň arasynda ýurdumyzyň çempionatynda gazanan ýeňişini görkezmek bolar, ol paýtagtymyzda şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirildi.
Häzirki wagtda türkmen kütçüleriniň milli ýygyndysy 24-nji oktýabr – 6-njy noýabr aralygynda Gresiýada geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär.
22-nji sentýabrda Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde Türkmenistanyň iki çempionaty – 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň we 60 ýaşdan ýokary weteran küştçüleriň arasynda ýurdumyzyň birinjiligi badalga aldy.
Ýetginjekleriň arasynda geçiriljek ýaryş küşt muşdaklarynyň arasynda uly gyzyklanma eýe bolar, onda ýaryşyň ýeňijisi bolar diýlip garaşylýan 16 ýaşly halkara ussady Saparmyrat Atabaýewe uly umyt baglanylýar. Eger-de oňa birinji ýeri eýelemek başardan ýagdaýynda, bu onuň dürli ýaşly küştçüleriň arasynda geçirilen milli çempionatlardaky ýigriminji ýeňşi bolar. Bu türkmen küşt mekdebiniň Garaşsyzlyk döwrüniň taryhynda ýeten iň ýokary rekord netijesidir.
Wetaranlar barada aýdylanda bolsa, olar noýabr aýynda Italiýada geçiriljek dünýä çempionatyna ýeke-täk ýollanma ugrunda bäsleşerler. Altyn medala eýe bolan küştçi dünýä çempionatynda Türkmenistana wekilçilik etmäge hukuk gazanar.
Türkmen Türgenleriniň Halkara Ýaryşlarynyň Ýeňijileri Boldular
Türkmenistanly türgenler köpugurly söweş sungaty boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä birinjiliginde 5 kümüş we 5 bürünç medal eýeläp, uly üstünlik gazandylar. “Persiýanyň Kubogy” ady bilen geçirilýän uşu boýunça halkara turniriniň barşynda watandaşlarymyz ýene bir bürünç medaly eýelediler.
Russiýanyň Medyn şäherinde geçirilen köpugurly söweş sungaty boýunça dünýä birinjiligine Germaniýadan, Türkiýeden, Finlýandiýadan, Ysraýyldan, Hindistandan, Mongoliýadan, Nepaldan, Siriýadan, Çernogorinýadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan we beýleki ýurtlardan türgenleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Bäsleşikler “laýt” we nusgawy görnüş boýunça geçirildi. Ýurdumyzyň ýygyndy topary 5 türgenden ybarat bolup, olaryň her biri iki ugur boýunça 2 medal gazandylar we ýokary tehniki ussatlygy görkezdiler.
Türgenler meýdançada guralýan tutluşyga gatnaşmazdan öňürti ylgamak, beýik päsgelçilikleri, ýerasty geçelgeleri geçmek, nyşana ok atmak, pyçak zyňmak ýaly ugurlary özünde jemleýän ýörite kesgitlenen päsgelçilik zolagyny geçýärler. Deslapky bäsleşikde dürs çykyş etmedik türgen ýaryş mahalynda jerime aýlawlaryny geçýär. “laýt” bäsleşiklerinde diňe göreş emelleri ulanylýar. Nusgawy ýaryşlarda bolsa urgy tehnikasy goşulýar.
Biziň toparymyzda Ylýas Berdigylyjow (55 kilograma çenli agram derejesinde) doganlar Meýlis (60 kilogrrama çenli) we Enwer (65 kilograma çenli) Kiçikakaýewler, Amirşa Kabulow (50 kilograma çenli), we Begençmyrat Myradow (70 kilograma çenli) kümüş we bürünç medallary eýelediler. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakowyň we Şöhrat Allaýewiň tälim beren türgenleri final duşuşyklarynda ýer eýeleriniň wekilleri bilen bäsleşdiler.
Onda ýaş türkmen türgenleri halkara sport giňişliginde ilkinji gezek çykyş etdiler we şeýle üstünlik gazandylar. Umumy komandalaýyn hasap barada aýdylanda bolsa, türkmenistanly türgenler üçünji orna düşdüler. Olar birinji ýeri eýelän russiýaly türgenlerden we Özbegistanyň ýygyndysyndan yza galdylar.
Oktýabr aýynyň aýaklarynda Aşgabatda erkekleriň köpugurly söweş sungaty boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlar geçiriler. Onuň jemleri boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndymyzyň gutarnykly düzümi kesgitlener. Dünýäniň ussat türgenleriniň gatnaşmagynda geçiriljek ol ýaryşlar Russiýanyň Medyn şäherinde noýabr aýynyň ortalaryna geçiriler.
... “Persiýanyň Kubogy” ugrunda uşu boýunça guralan halkara turniri Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranda geçirildi. Oňa Rusiýadan, ABŞ-dan, Şwesiýadan, Bolgariýadan, Owganystandan, Pakistandan, Indoneziýadan, Wýetnamdan we beýlekilerden-- jemi 18 ýurtdan türgenleriň 300-e golaýy gatnaşdy. Bu ýaryşa her topar ilkinji gezek çykyş edýän düzüm bilen gatnaşdy. Çünki bu ýaryşlar dünýä çempionatyna taýýarlygyň soňky tapgyrlarynyň birine öwrüldi. Ol şu ýylyň noýabrynda Indoneziýanyň pýatagty Jakarta şäherinde geçiriler.
Türkmen türgenleriniň arasynda 75 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Nurmyrat Babaýew bürünç medala mynasyp boldy. Türkmenistanyň Uşu federasiýasynyň başlygy Ýazmyrat Annamyradowdan tälim alan türgen üç bäsleşgi geçirip, yrakly we azerbaýjanly türgenlerden üstün çykdy we ýarym final oýunlarynda utuk hasaby boýunça Hindistanyň toparynyň wekilinden yza galdy.
Munuň özi halkara bäsleşigindäki ilkinji üstünlik däldir. N.Babaýew geçen ýyl we şu ýyl Ermensitanda we Gruziýada geçirilen turnirlerde kümüş baýraga mynasyp boldy. Ine indi bolsa has iri bäsleşiklerde bürünç medaly eýeledi. Munuň özi dünýä çempionatynda türkmen türgeniniň has-da şowly çykyş etmegine kuwwatly itergi berer.
Soňky günleriň möhüm wakalarynyň hatarynda ýakynda paýtagtymyzyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş sport mekdebinde Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda 80-ne golaý ýurduň wekillerini ýygnan Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň hormatly Prezidentimiziň gataşmagynda geçirilen 34-nji Baş Assambleýasynyň meýletin ýardamçylar sertifikatlaryň gowşurylandygyny belläp geçmek gerek. Baş Assambleýanyň mejlisinde 2017-nji ylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Assambleýanyň işine hyzmat etmäge meýletinçileriň 200-e golaýy gatnaşdy. Olar ýurdumyzyň Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň talyplaryndan söhbetdeşlik arkaly seçilip alyndy.
Meýletin ýardamçylar dürli ugurlar boýunça bölündiler. Olaryň hatarynda terjimeçi assistentler, utgaşdyrjylar, dolandyryjylar, myhmanlary garşylamaga we olara hyzmat etmäge jogapkärler we beýlekiler bar. Meýletinçileriň köpüsiniň iri halkara sport çärelerini guramakda baý tejribe toplandyklaryny bellemeli. Olaryň hatarynda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde ХХVII Aziýa oýunlary—2014, geçen ýylyň tomsunda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen windsörfing boýunça Dünýä kubogynyň tapgyryna, şu ýyl Bakuwda geçirilen I Ýewropa oýunlaryna we yklym derejesindäki toplumlaýyn ýaryşlara gatnaşanlary bar.
Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi, daşary ýurtly myhmanlaryň aýtmagyna görä, ýokary guramaçylyk derejesinde geçip, dünýäniň sport hereketiniň taryhynda täze sahypany açjak Aziada-2017-ä türkmen meýletinçileriniň taýýardygyny äşgär etdi. Çünki ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary diňe bir Aziýa ýurtlarynyň däl, eýsem Okeaniýa döwletleriniň toparlaryny ilkinji gezek özünde jemlär.
Meýletin ýardamçylara sertifikatlar Aziada-2017-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň adyndan gowşuryldy. Onuň barşynda Aziýa Olimpiýa Geeňşiniň Baş Assambleýasynyň barşynda has tapawutlanan meýletinçi ýardamçylar höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Howa Maglumaty 30.09.2015
Türkmenistanyň Howa Maglumaty
30.09.2015
Aşgabat
Aşgabat
+26… +28°
Türkmenbaşy
+25… +27°
Balkanabat
+26… +28°
Mary
+24… +26°
Türkmenabat
+24… +26°
Daşoguz
+22… +24°
http://www.turkmenhabargullugy.com/
http://www.turkmenhabargullugy.com/
Prezidentimiz BMG-niň Durnukly Ösüş Boýunça Ýokary Derejedäki Duşuşygynda Çykyş Etdi
2015-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki duşuşygynda çykyş etdi
2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş baradaky gün tertibini – degişli ugurda öňde durýan wezipeleri çözmek boýunça hereketleriň köpugurly, toplumlaýyn meýilnamasyny kabul etmek bu iri forumyň esasy netijesi bolar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu täze global strategiýany işläp taýýarlamaga gös-göni gatnaşandygyny bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan degişli milli geňeşmeleri geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde seçilip alnan döwletleriň toparyna girdi. Munuň özi dünýä bileleşiginiň Türkmen döwletiniň oňyn tejribesine gyzyklanmasynyň artýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Çünki Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeler syýasatyny amala aşyrýar hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde uly üstünlikleri gazandy.
Bitarap Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen, baý ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar. Munuň şeýledigi türkmen Lideriniň iri halkara maslahatlaryna yzygiderli gatnaşmagynda hem öz beýanyny tapýar. Şol maslahatlar köptaraplaýyn pikir alyşmak hem-de derwaýys global meseleleri boýunça çözgütleri işläp düzmek üçin köpugurly binýat bolup durýar.
Ýokary derejedäki duşuşygyň açylyş dabarasyndan soň, oňa gatnaşyjylaryň çykyşlary başlandy, olaryň arasynda ilkinji bolup dünýä bileleşiginde uly abraý gazanan görnükli syýasy Lider hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz BMG-niň global forumynyň belent münberinden çykyş edip, Türkmenistanyň ählumumy abadançylygy we ösüşi üpjün etmegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny amatlaşdyrmaga gönükdirilen anyk tekliplerini beýan etdi.
Milli Liderimiz dünýä bileleşigine häzirki döwrüň hakyky ýagdaýlaryna esaslanýan we uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ählumumy strategiýasy zerurdyr diýip belledi. Ýokary derejedäki şu duşuşykda tassyklamak üçin hödürlenen, 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş baradaky Gün tertibi şeýle strategiýa bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu resminamany doly goldaýandygyny we onuň kabul edilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýändigini aýtdy.
Ählumumy maksatlaryň 17-sinde we wezipeleriň 169-synda beýan edilen täze Gün tertibiň ösüş babatdaky meseleleri çözmäge esasy çemeleşmeleri öz içine alýandygyna doly ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu meseleler häzirki döwürde adamzadyň öňünde duran möhüm wezipelerdir. Şol wezipeleriň esasy häsiýeti halkara bileleşiginiň durnukly ösüşi sazlaşykly we toplumlaýyn esasda üç ugur boýunça, ýagny ykdysady, durmuş we ekologiýa babatda gazanmagyna gönükdirilendir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisleriniň birinde Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmegi utgaşdyrmagyň täze ählumumy usulyny döretmek baradaky meselä seredilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin diýip nygtady hem-de Türkmenistanyň bu ugra degişli anyk teklipleri bermäge taýýardygyny belledi.
Bu baradaky gürrüňini dowam edip, türkmen döwletiniň Baştutany şeýle hem Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak babatda Birleşen Milletler Guramasynyň sebit toparlarynyň bu ugurda işleri güýçlendirilse, dogry bolar diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmetaraplaýyn, adalatly we ýokary hilli bilimi üpjün etmek meseleleri hem täze halkara Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar diýip bellemek bilen, Birleşen Milletler Guramasy giňden höweslendirse, bu işleriň netijeli boljakdygyna doly ynan bildirdi. Geçiriljek işler giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak, bilim babatda ýurtlar, sebitler boýunça we ählumumy derejede täze maksatnamalary ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylmalydyr.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň belli bir ugurlar boýunça guramalary we agentlikleri bilen örän işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistan taýýardyr. Bu ugurda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasyna, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna we Çagalar Gaznasyna esasy hyzmatdaşlarymyz hökmünde garaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gender deňligi ählumumy ösüş strategiýasynyň esasy bölegi bolup durýar diýip, sözüni dowam etdi. “Biz bu ugurda öz öňümizde belent maksady goýduk. Bu maksat ähli aýal-gyzlaryň doly gender deňligini gazanmakdan we olaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr. Bu wezipäni ýerine ýetirmek biziň umumy borjumyz we bilelikdäki jogapkärçiligimiz bolup durýar” diýip Türkmenistanyň Baştutany aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň şu ýylyň 27-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda dünýä döwletleriniň baştutanlarynyň gender deňligi boýunça duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjyny goldaýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen belleýşi ýaly, şu gün biz ýakyn 15 ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň maksatnamasy hökmünde Durnukly ösüş maksatlaryny kabul edýäris. Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýanyň taraplarynyň şu ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde Parižde geçiriljek maslahatynda biziň ählimiz bilelikde bütin dünýä üçin örän uly ähmiýetli möhüm çözgütleri kabul etmeli bolarys diýip, türkmen Döwletiniň Baştutany sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň howa bilen bagly meseleler boýunça halkara Ylalaşygyna gol çekilmegini goldap çykyş edýändigini we Maslahata çenli galan döwürde bu ugurdaky garaýyşlaryň işjeň öňe sürülmegine ýardam berjekdigini nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, 2015-nji ýyl Garaşsyz Türkmenistanyň we onuň halkynyň durmuşynda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny halkara derejesinde ykrar etmek baradaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegine 20 ýyl dolýar.
Geçen döwür biziň Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan bitarap daşary syýasatynyň netijelidigini, onuň halkara bileleşiginiň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi. Bu aýdylanlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanyp, Baş Assambleýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda täze Rezolýusiýany kabul etmegi bilen hem tassyklandy.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisine biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berk we üýtgewsiz goldandyklary üçin, Türkmenistanyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bitaraplyk, parahatçylyk we ösüş meselelerine bagyşlanan halkara maslahatynyň geçiriljekdigini belläp, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlaryny ýurdumyza gelip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmaga belent münberden ýene-de bir gezek çagyrdy.
Türkmen döwletiniň Baştutany sözüniň ahyrynda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we adalatyň belent maksatlaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatnamalaryny we wezipelerini durmuşa geçirmegiň hatyrasyna ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli zerur işleri geçirjekdigini aýratyn belledi.
Türkmen Lideriniň çykyşy uly gyzyklanma bilen üns berlip diňlenildi we umumy el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Obama we Putin Duşuşyk Geçirdi
Iki ýyl soň ýaňadandan duşuşan liderler Siriýada syýasy çözgüt meselesinde ylalaşan hem bolsalar, Asadyň ykbaly meselesinde bolsa ylalaşyp bilmediler.
Duşuşykda Siriýa krizisi bilen birlikde Ukrainanyň gündogaryndaky düşünişmezçilikler, Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ara alynyp maslahatlaşyldy.
1 sagat 30 minut dowam eden duşuşygyň örän netijeli geçendigini bellän Russiýanyň lideri Wladimir Putin iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň örän pesdigini we resmi Waşington bilen gatnaşyklary gowylandyrmaga taýardygyny nygtady.
Putin Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Siriýada DAEŞ-e garşy howa operasiýasyna taýarlanyp-taýarlanmaýandygy bilen baglanşykly berilen soraga: “Her zat bolup biler. Emma bir zat etmek islesek halkara hukuk kadalaryna görä ederis” diýdi.
Terrorçylara garşy söweşýän Siriýa bilen DAEŞ-e garşy söweşýän Hyzmatdaş güýçleriniň hyzmatdaşlyk etmeýändigini uly bir ýalňyşlykdygyny nygtan Putin BMG-nyň Howpszylyk geňeşiniň güýçlerine Asady we Eýrany goşmaldygyna ünsi çekdi.
Russiýanyň lideri Siriýadaky guryýer operasiýasyna rus esgerleriň gatnaşmajakdygyny mälim etdi.
BILDIRIŞ
Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygy tarapyndan sport çäreleri guraljak. Çäre 2015-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda sagat 11:00 da başlanar.
Sport çäreleri küşt, şaşka we futbol boýunça geçiriler. Çäre gatnaşmak we tomaşa etmek üçin ähli talyp we myhmanlary çagyrýarys.
Habarlaşmak Üçin:
Seyit Haknazarow 05364484478 E-mail seyithaknazarov14@gmail.com
Azat Jepbarow 05546918775 E-mail azat.jepbarow@mail.ru
Çäreniň geçiriljek menzili: Stambul Yenibosna Çobançeşme E-5 Yanyol Caddasi Futbol Meýdançasy (Stambul Kültür Üniwersitetiniň gapdalynda)
15 Eylül 2015 Salı
HYNDAI H1
HYNDAI H1
Model: 1999 Motor: 2,4 4WD Ýagdaýy: Gowy Bahasy: 9,000 $ (bahasynda ylalaşýan) Obmen: Bolanok Salgysy: Lebap Magdanly Habarlaşmak Üçin: +993 66 276600 LINE ID: zulfiya.16
http://masynym.com/?pages,1500/hyndai-h1
Model: 1999 Motor: 2,4 4WD Ýagdaýy: Gowy Bahasy: 9,000 $ (bahasynda ylalaşýan) Obmen: Bolanok Salgysy: Lebap Magdanly Habarlaşmak Üçin: +993 66 276600 LINE ID: zulfiya.16
http://masynym.com/?pages,1500/hyndai-h1
Kaydol:
Kayıtlar (Atom)