6 Eylül 2015 Pazar

Prezidentimiz Welosipedli Ýörişe we Sport Toplumynyň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary başlandy, bu ýerde möhüm binagärlik açylyşlary, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinde uçaryň ýanynda ajaýyp milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. Hormatly ýaşulular, din wekilleri hormatly Prezidentimizi düz-çörek bilen garşylaýarlar. Milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri tüýs ýürekden müdärekleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aksakallar bilen bolan söhbetdeşliginiň barşynda günbatar sebitde işleriň ýagdaýy, ilatyň durmuş derejesi bilen gyzyklandy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Milli özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga, ony çig-mal ýagdaýyndakydan döwrebaplaşdyrylan, ýokary tehnologiýaly, innowasion senagata öwürmäge, ahyrky netijede bolsa, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bu ugurdaky geçirilýän işleriň çäklerinde häzir eýýäm täze türkmen obasynyň hem, oba-senagat etrabynyň hem köpugurly nusgalary öz anyk keşbine eýe boldy. Milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga alnan ugur, oňa innowasion häsiýet berilmegi ýurdumyzyň has-da rowaçlanmagynyň we gülläp ösmeginiň girewi bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň öz hakyky görnükli netijelerini berendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen uly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde täze belent sepgitleriň gazanylyp, türkmen halkynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm pursatlaryna öwrüljekdigine ynam bildirdi.  

Türkmen döwletiniň taryhynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän deňsiz-taýsyz taslama düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň bölegi bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet bu ýerde döwrebap dörebap düzümleri kemala getirmek maksady bilen örän uly maýa goýumlary gönükdirýär. Soňky ýyllarda Hazaryň kenarýakasynda diňe bir köpsanly myhmanhanalar peýda bolman, eýsem-de, doly bahaly dynç almak we  wagtyňy hoş geçirmek üçin merkezler döredi. Bu ýerde desgalaryň gurluşyklarynyň her biri öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirlerine we şähergurluşygynyň soňky gazananlaryna esaslanandyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu ýerde bina edilen desgalaryň her biri binagärlik gurluşy we adaty bolmadyk dizaýnerlik çözgüdi bilen tapawutlanýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de bu täsin künjegi halkara derejesindäki dynç alyş zolagyna öwürmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek nobatdaky Ýaşulular maslahaty baradaky meselä  degip geçip, umumymilli maslahatynda döwlet durmuşynyň wajyp meseleleriniň, ileri tutulýan wezipeleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, ýurdumyzy mundan beýläk ösdürmegiň ýollarynyň kesgitleniljekdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz milletiň agzybirligini berkitmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça hormatly ýaşlulularyň alyp barýan işleriniň ähmiýetini belläp, şunuň bilen baglylykda, olara özüniň tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi hem-de berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuşda uzak ömür arzuw etdi.

Ýaşulular milli ykdysadyýetiň kuwwatyny pugtalandyrmak,  türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak  boýunça ägirt uly tagallalary üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň ykbal çözüji başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtadylar. Şol başlangyçlar tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap senagat önümçilikleriniň hem-de durmuş ähmiýetli desgalarynyň, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň uly möçberli gurluşyklarynda hem öz beýanyny tapdy. Ýaşulular hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri,  iş saparynyň şowly bolmagyny arzuw etdiler. 

Balkan welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlary Türkmenistanyň Baştutanyny joşgunly aýdym-tanslar bilen garşyladylar. 

Soňra milli Liderimiz howa menzilinden "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugraýar. 

Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweniniň barýan ýolunyň tutuş ugrunda milli Liderimizi köp sanly ýaşlar, Türkmenbaşy şäheriniň  ýaşaýjylary we myhmanlary tüýs ýürekden mübäreklediler.

Milli Liderimiziň awtoulagy "Aeroport-Gyýanly-Awaza" awtomobil ýolunyň çatrygynda dikeldilen "Daýanç" we "Ýelken" atly monumentleriň  ikisiniň deňinden geçip gidýär. Bu stellalaryň açylmagy geçiriljek Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gabatlanyldy. 

Bu stellalar Balkan welaýatyny ösdürmek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda "Gündogdy" türkmen hususy gurluşyk kompaniýasy tarapyndan guruldy. 

"Daýanç" stellasy labyr görnüşinde ýerine ýetirilip, beýikligi 30 metre, ini 60 metre barabardyr. Onuň düzüminde howanyň basyşyny ölçeýän termometr, kompas, sagat bilen üpjün edilen, momumentiň tutuş boýy Türkmenistanyň gölleri bilen şekillendirilen.

Bu ýerden uzak bolmadyk ýerde "Ýelken" görnüşli monument gurlup, onuň beýikligi 36 metre, ini 60 metre barabardyr. Daýanç stellasy ýaly bu bina hem bütin beýikligi boýunça ajaýyp türkmen halylarynyň göli we  12 sany çarlak guşlarynyň şekili bilen bezelipdir.

Toplumlaryň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, tebigy gözelligiň döwrebap meýilleri nazara alyndy. Özboluşly suw çüwdürimleri toplumlara öwüşgin çaýýar.

Labyr  we ýelken görnüşindäki monumentler türkmen halkynyň umyt-arzuwyny we Türkmenistanyň röwşen geljegini alamatlandyrýar. Türkmen döwleti bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik syýasaty netijesinde ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe ynamly gadam urýar.

Mundan başga-da, stellalaryň ikisi hem deňiz bilen üznüksiz baglydyr. Sebäbi, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen Türkmenbaşy şäheri köp ugurly deňiz ulag düzümine eýedir hem-de diňe Türkmenistanda däl-de, eýsem, Orta Aziýada Hazaryň porty we derwezesi bilen ähmiýeti boýunça birinji bolup durýar. Döwrebap dynç alyş düzümli "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy bolsa  şäheriň demirgazygynda ýerleşip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen ilkinji deňiz dynç alyş merkezi bolup durýar. 30 kilometre golaý aralyga uzalyp gidýän çägeli kenar, nurly güneş, jana şypaly howa we ýyly suwly deňiz bu ýere köp sanly türkmenistanlylary we daşary ýurtly myhmanlary çekýär. 

Ýoluň ugrunda hakyky baýramçylyga mahsus owadan bezelen ak öýler dikilipdir. 

...Milli Liderimiz deňizýaka şäheriniň Awaza etrabynyň Berkarar we Oguzhan şaýollarynyň çatrygynda ýerleşen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy parlaýan boýy 100 metrlik Baýdak sütünli meýdança gelýär. 

Mälim bolşy ýaly, ägirt uly möçberli milli Tugumyz ini 20 metr we uzynlygyna 30 metr bolup, 600 inedördül metrden ybaratdyr. Dynç alyş zolagyna girilýän ýerde halkalaýyn çatrykda 2013-nji ýylda dikeldilen Baýdak sütüni "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň özboluşly derwezesi bolup, 2010-njy ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen paýtagtymyzdaky Baýdak sütüninden 33 metr kiçidir. Häzir bu baýdak sütüni deňiz dynç alyş künjeginiň gözellikleriniň birine öwrüldi. 

Watanymyzyň ýaşyl tugy asuda asmanda buýsanç bilen parlap, milli buýsanjymyz bolmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Garaşsyzlygynyň, Türkmenistanyň agzybir halkynyň durnuklylygynyň we abadançylygynyň nyşany hökmünde çykyş edýär. Türkmenler öz Baýdagyna hemişe örän aýawly garapdyrlar. Ol türkmenistanlylary beýik işlere ruhlandyrýar, olaryň ruhuny göterýär, her bir ynsanda söýgi we öz topragyňa, Watanyňa wepalylyk duýgularyny terbiýeleýär we ösdürýär. 

Şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy bilen, Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny zeýtun pudagynyň iki şahajygynyň bezeýändigini bellemek gerek. Ol halkymyzyň däp bolan köpasyrlyk parahatçylyk söýüjiligini alamatlandyrýar. Döwlet nyşanynda agzybirligiň, ylalaşygyň we parahatçylygyň aýdyň şöhlenenen nyşanlarynyň şunuň ýaly berkidilmegi dünýä taryhynda ilkinji gezek bolup geçdi. 

Häzir "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dikeldilen Baýdak sütüninde parlaýan mähriban Watanymyzyň uly möçberli Milli Tugy parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýolunda ýurdumyzyň ägirt uly üstünlikleriniň ýene-de bir aýdyň ýüze çykmasy bolup durýar.   

Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül çemenlerini gowşurýarlar. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň  we konsullyklarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri mähirli we göwnaçyk garşylaýarlar.

Welosiped ýörişiniň başlanmagyna hemme zat taýýar. Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosiped ýörişine badalga berip, agzybirlik bilen herekete başlan welosipedçileriň öňüne düşýär. Milli Liderimiziň yzy bilen ýurdumyzyň ýolbaşçylary welosipedli ugraýarlar. Çärä şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we konsullyklarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň   häzirki köpçülikleýin çäresine hut özüniň gatnaşmagy çäräniň aýratyn ähmiýetini artdyryp, ýurdumyzda sagaldyş-sport hereketine, welosiped sportunyň ösdürilmegine goldaw bermekde nobatdaky goşant bolup durýar.  

Häzirki döwürde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ýurdumyzyň her bir raýatynyň gündelik durmuşynyň kadasyna öwrülýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyzçysy bolup,  türkmenistanlylara, ilkinji nobatda, ýaşlara bu ugurda şahsy görelde görkezmek bilen,  hormatly Prezidentimiz adam hakdaky, onuň saglygy we abadançylygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirdi. 

Yzygiderli türgenleşikler özüňe erk etmäge ýardam edýär, adamda zähmetsöýerlik, erkin güýji we maksada okgunlylyk ýaly möhüm häsiýetleri terbiýeleýär. Şoňa görä-de, hatda daşary döwletlere saparlarynyň, ýurdumyzyň welaýatlary boýunça iş saparlarynyň barşynda-da, dynç alanda-da milli Liderimiz işjeň dynç alşy wajyp döwlet işleri bilen utgaşdyrýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Hormat ordeni bilen sylaglanmagy, şeýle hem milli Liderimize  adaty Fudokan-Şotokan karate-donyň (WTFSKF) Bütindünýä Federasiýasynyň 10-njy danynyň (karatede we dzýudoda kämillik derejesi)  eýesiniň Hormatly Diplomynyň gowşurylmagy türkmen  Lideriniň dünýäniň sport hereketiniň öňünde hyzmatlarynyň uly ykrarnamasynyň, bedenterbiýäniň we sportuň wagyz edilmeginde hakykatdan-da bahasyna ýetip bolmajak goşandynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 

Ýurdumyzda soňky ýyllarda welosiped sportuny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň 2013-nji ýylyň iýunynda degişli karara gol çekmegi ony ösdürmäge aýratyn depgin berdi. Häzir sportuň bu görnüşi ilat arasynda barha meşhurlyga eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, şeýle hem milli Liderimiziň şol ýylyň sentýabrynda köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirmek baradaky başlangyjynyň ähli türkmenistanlylar tarapyndan uly höwes bilen goldanandygyny bellemek gerek. Soňky ýyllarda dürli ýaşdaky welosipedçileri ähli ýerde görmek bolýar. Ulagyň bu görnüşiniň höwesjeňleri gün-günden barha artýar.  Bir söz bilen aýdylanda, bu pikir giň seslenme döredip, şol pikire köpsanly eýerijileri tapdy. Bu bolsa onuň wajypdygyna we islenilýändigine şaýatlyk edýär. 

... Oguzhan şaýoly boýunça 3030  metri geçip, welosiped ýörişine gatnaşyjylaryň topary Arkadag şaýoly boýunça ýörişlerini dowam etdi. Ýene-de 250 metr ýol aşyp, köpçülikleýin ýörişe gatnaşyjylar täze sport toplumyna tarap ýönelýärler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  welosipedinde döwrebap desganyň öňündäki meýdança girýär. Şol desga "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda binagärlik açylyşlarynyň başyny başlaýar. Döwlet Baştutanymyzy hem-de welosiped ýörişine gatnaşyp, milli Liderimiziň yzyna eýerijileriň ählisini Balkan welaýatynyň köpsanly ýaşaýjylary, ýaşlar we ak sakally ýaşulular garşylaýarlar. Şatlyk-şowhun, baýramçylyk ruhy, wakanyň taryhy ähmiýetiniň tolgundyryjy duýgulary ähli adamlary gurşap aldy. 

Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar.  

Şanly waka mynasybetli  özleriniň joşgunly döredijilik sowgady bolan mähriban Watanymyzyň üstünliklerini wasp edýän aýdymlary we tanslary ýurdumyzyň iň oňat aýdym-saz toparlary taýýarlapdyrlar. Ýerine ýetirilen çykyşa akrobatikanyň, çeper we ritmiki maşklaryň, sportuň beýleki görnüşleriniň öwüşginlerini goşup, oňa gatnaşanlar we türgenler özleriniň başarnyklaryny görkezdiler.  

Döwlet Baştutanymyz ruhubelent garşylandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, haly düşelen ýoda boýunça sport toplumynyň esasy girelgesine tarap ugraýar. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň agzybirlikli el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, binanyň içine girýär. Bu binany  döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda "Türkmennebitgazgurluşyk" Döwlet konserniniň buýurmasy esasynda türk kompaniýasy gurdy. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň wagtlaryny gyzykly we oňaýly geçirmekleri üçin has amatly şertleri döretmek, ýurdumyzda sporty has-da ösdürmek maksady bilen bina edilen sport desgasynyň umumy meýdany  11 660 inedördül metrden ybarat. 

Mälim bolşy ýaly, döwlet köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportda ýokary gazanylanlary has-da ösdürmäge uly maýa goýumlaryny gönükdirýär. "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda", "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda" hem-de "2011-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda sporty we bedenterbiýäni goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnamada"  kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň hemme sebitlerinde halkara ülňülerine laýyk gelýän stadionlar, aýlawlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary eýýäm gurlup, ulanmaga tabşyryldy we gurulmagy dowam edýär.  

Şeýle hem bina edilýän bilim we mekdebe çenli edaralaryň ählisinde sport zallarynyň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin meýdançalaryň, suwda ýüzüş howuzlaryň göz öňünde tutulýandygyny bellemek gerek. Gökderede hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşen çagalar sagaldyş merkezlerinde işjeň dynç almak üçin zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bütin ýylyň dowamynda dürli sport çäreleri bolan ýaryşlar geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  "Türkmenistan -- ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy" diýen şygar astynda ýurdumyzda her ýylda ýaryşlary geçirmek baradaky başlangyjy köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmäge kuwwatly itergi berdi.  Oňa mekdep okuwçylary we talyplar, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeşleri, Aşgabat şäheriniň hem-de ähli welaýatlaryň ýaşaýjylary işjeň gatnaşýarlar. 

Halkara olimpiýa komiteti we sport federasiýalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda sportuň köp görnüşleri ösdürilýär. Türkmenistan üçin sportuň awtomobil, hokkeý, figuralaýyn typmak, sportuň suwdaky görnüşleri ýaly, adaty bolmadyk görnüşlerini ösdürmek üçin Olimpiýa suw sport toplumy, sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin iki sany toplum, şeýle hem "Aşgabat" köpugurly stadionynda awtodrom guruldy. Galyberse-de, biziň ýurdumyz eýýäm halkara derejesindäki iri ýaryşlary guramakda we geçirmekde tejribe toplady. Şunuň bilen baglylykda, "Dakar" tapgyryndan "Ýüpek ýoly-2009" awtorallini, şeýle hem sambo boýunça Merkezi Aziýanyň bäşinji çempionatyny,  Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçirilýän futbol we hokkeý ýaryşlaryny hem-de beýlekileri agzamak ýerlikli bolar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  giň halkara hyzmatdaşlygyny ugur edinýän döredijilikli syýasaty tutuş dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy. 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi munuň aýdyň subutnamasy  bolup durýar. Bu waka türkmen halkynyň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Çünki biziň ýurdumyz ilkinji bolup Merkezi Aziýa sebitinde bu abraýly Oýunlary kabul etmek hukugyna eýe boldy. 

Otuzdan gowrak desgany öz içine alýan Olimpiýa şäherçesi Aziada-2017-niň geçiriljek ýerine öwrüler. Häzir onuň gurluşygy güýçli depginlerde dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan, sebitde deňi-taýy bolmadyk, bu taslama eýýäm ýakyn wagtda Türkmenistany iri halkara sport merkezine öwrer.

Ýurdumyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary oňa gatnaşyjy ýurtlaryň sany boýunça örän uly wekilçilikli bolar. 2014-nji ýylyň noýabrynda Ýapyk binalarda we söýeş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de Okeaniýanyň milli olimpiýa komitetleriniň arasynda gol çekilen ähtnama laýyklykda Aşgabatdaky Aziýada-2017-ä Aziýanyň 45 ýurdy bilen bir hatarda, Okeaniýanyň 17 ýurdy gatnaşar. 

....Milli Liderimiz birinji gatda ýerleşen köp ugurly sport zalyna barýar hem-de woleýbolyň, basketbolyň, gandbolyň we futbolyň muşdaklary üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşýar. 

Soňra döwlet Baştutanymyz fitnes merkezine bardy we zalda oturdylan sport abzallary bilen gyzyklandy hem-de bu ýerde fitnes boýunça nemes hünärmeni Bert Rauşenbah bilen söhbetdeş boldy. Ol täze toplumy enjamlaşdyrmaga işjeň gatnaşdy. Bert Rauşenbah şeýle hem fitnes zallar üçin enjamlaryň dizaýneri hökmünde meşhurdyr. Nemes hünärmeniniň ýokary hünär derejesi we köpýyllyk tejribesi ýerleri netijeli we peýdaly guramaga hem-de "türgenleşik enjamlarynyň toplumyna" ajaýyp sazlaşýan aýratynlygy, ölçegleri we derejesini saýlamaga mümkinçilik berdi.  

Bu ýerde oturdylan sport enjamlary, şol sanda dürli görnüşli agyrlyklary götermek bilen bedeniň gurluşyny ajaýyp görnüşe getirýän dürli sport enjamlary, şeýle hem aýnalar türgenlere bolşy ýaly, sport türgenleşiklerine ymtylýan adamlaryň ädýän ilkinji ädimleriniň talaplaryna laýyk gelýär. 

Söhbetdeşligiň barşynda Bert Rauşenbah hormatly Prezidentimize her bir adama aýratynlykda gerek bolan maşklary neneňsi  dogry saýlamak barada gürrüň berdi. Türgenleşik enjamlary dogry goýlan oňat sport zaly garaşylýan netijäni gazanmaga mümkinçilik berýär. Fitnes zalynda meşgullanmagyň meýilnamasy örän netijeli bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, nemes hünärmeni türgenleşige başlamazdan öňürti, myşsanyň dürli toparlaryna degişli maşklary kesgitlemelidigini belledi. 

Bert Rauşenbah türkmen Liderini maşklaryň toplumy bilen tanyşdyryp, sport enjamlarynda aýaklaryň we arka tarapyň, garyn boşlugynyň myşsalaryny berkitmegiň tilsimlerini özünde jemleýän esasy maşklary görkezdi. Ähli sport enjamlary ýönekeý maşklardan tutuş bedeniňe düşürilýän agramy oňat oýlanyşykly artdyrmak bilen, çylşyrymly maşklara geçer ýaly gurnalypdyr. Fitnes zalda sport enjamlary bilen birleşdirilen ýörite monitorlar oturdylypdyr. Şolaryň kömegi bilen her bir adamyň türgenleşikleri synlamaga, ähli kemçilikleri göz öňünde tutmaga, maşklary dogry ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolýar. 

Fitnes bilen meşgullanmak islendik adam üçin uly ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de fitnesiň sagdyn durmuş, myşsalary berkitmek, özüňe erk etmegiňi artdyrmak üçin wajypdygyny nygtady. Güýçleriňi sazlamaga niýetlenen häzirki zaman sport enjamlarynyň daşky keşbiniň täsir galdyrýandygyny, howpsuzlygynyň köpugurlydygyny kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz fitnes zalda döredilen ajaýyp şertleriň isleg bildirýänleriň hemmesine netijeli türgenleşikleri geçmäge mümkinçilik berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde bolan Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy K.Seýdowa hem-de Milli sport we syýahatçylyk institutynyň rektory A.Saryýewe ýüzlenip,  täze sport toplumynda ornaşdyrylan oňyn tejribeleri sport ulgamynyň edaralarynyň işlerinde peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow fitnes zalyndan  çykyp, sport toplumy bilen tanyşmagyny dowam etdi. 

Sport toplumyň birinji gatynda sauna, türk hammamy we SPA-salon ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde suwda ýüzmek  üçin we sportuň suwdaky beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zal bar. Suwda ýüzmegi halaýanlar dynç alýan wagtlarynda sport meýilnamalaryny we milli we halkara derejesindäki ýaryşlary synlap bilerler, sport ulgamyndaky soňky täzelikler bilen tanşarlar.  Döwlet Baştutanymyz howzy synlap, sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmagyň adamyň bedenine gowy täsir edýändigini belledi. Suwda  ýüzmek bedeniň berkemegine we beden gurluşynyň kemala gelmegine ýardam edýär hem-de dem alyş ýoluna oňaýly täsirini getirýär.  

Beýleki bir reňk öwüşgini bilen bezelen toplumyň ikinji gatynda bilýard we bouling, tennis oýnamak, sportuň stol üstündäki dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin otaglar ýerleşdirildi. Biziň ýurdumyzda sportuň bu görnüşleriniň meşhurlygy artýar, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda ýokarlanýar. 

Ýeri gelende aýtsak, 2014-nji ýylda Türkmenistanda Bouling federasiýasy, şu ýylyň iýunynda bolsa Türkmenistanyň Bilýard sportunyň federasiýasy döredildi. Ýurdumyzda şeýle hem Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hereket edýär. Olaryň esasy wezipesi  sportuň bu görnüşlerini ösdürmek we ýaýmak, türgenleriň sport ussatlygyny, tälimçileriň we eminleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. 

Bouling, tennis, bilýard oýnunyň basketbol, futzal, welosiped sporty, suwda ýüzmek bilen bir hatarda, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýändigini nygtamak gerek. Bu möhüm ýaryşlara ýokary derejeli türgenler taýýarlanmaly. 

Toplumyň açylyşyna gatnaşan harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýerde ilkinji türgenleşiklerine girişdiler. 

Mahlasy, bu ýerde her kim öz islegine we ýaşyna laýyk geljek güýmenjäni tapar. Toplumyň düzümine amatly naharhana, fito-bar hem girip, bu ýerde tagamly naharlardan dadyp we dermanlyk çaýlardan  içip we türgenleşikden soň dynç alyp bolýar. 

Soňra hormatly Prezidentimiz sport toplumynyň üçünji gatyna çykýar. Bu ýerdäki açyk meýdançadan Awazanyň ajaýyp keşbi eliň aýasynda ýaly görünýär. Onuň keşbini ýokary derejeli ajaýyp myhmanhanalar hem-de abadanlaşdyrylan dynç alyş zolaklary bezeýär. 

Bu ýerde milli Liderimiz  Bert Rauşenbah bilen söhbetdeşligini dowam etdi.   

Nemes hünärmeniniň belleýşi ýaly, türgenleşik zalynda dogry meşgullanmaklyk üç ýörelgä: maşklaryň dowamlylygyna, ýygylygyna we yzygiderliligine esaslanýar. Türgenleşikleriň maksatnamasy, düzgün bolşy ýaly, iri myşsalaryň we şondan soňra ownuk myşsalaryň işlenilmegini özünde jemleýär.  Maşklaryň köplügi we dowamlylygy agramyňa, tälimçiniň saýlan meýilnamasyna, maşklary ýerine ýetirmegiň tizligine hem-de her bir maşka girişmegiň arasyndaky dynç alşa baglydyr. 

Güýç ulanylýan maşklaryň dogry ýerine ýetirilmegine diňe bir türgenleşigiň netijeleri däl, eýsem, onuň howpsuzlygy hem baglydyr. Her bir adamyň özbaşdak aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, meşgullanmagyň aýratyn meýilnamasyny düzmek maslahat berilýär. Türgenleşikleriň esasy maksady ony tiz tamamlamak ýa-da umuman, bedeniň ýagdaýy däl-de, aýry-aýry myşsa has köp agram bermekden ybarat. Şu ýagdaýda myşsa dokumalarynyň tiz ösmegi üpjün edilýär. Türgenleşigiň maksatnamasy myşsalaryň uýgunlaşmazlygy üçin üýtgedilmelidir, olar hemişe ajaýyp ýagdaýda bolmalydyr. Şunuň bilen birlikde, iýmitlenmegiň dogry ýola goýulmagy uly ähmiýete eýedir.  Myşsa agramynyň guralmagy üçin bedeniň zerur bolan güýji almagyna doly bahaly we sazlaşykly iýmitlenmek gerek. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gyzykly söhbetdeşlik üçin Bert Rauşenbaha minnetdarlyk bildirip, häzir fitnes bilen meşgullanmagyň türkmenistanlylaryň arasynda meşhurlyga eýe bolýandygyny belledi. Fitnesiň esasy maksady ajaýyp sport üstünlikleri gazanmak däl-de, özüňi  oňat  we şähdaçyk duýmagy üpjün etmekden ybarat. Sport durmuşymyzyň bezegine öwrülmelidir. Ol diňe bir bedeniňi däl, eýsem-de, adamyň ruhuny hem taplaýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we biziň esasy maksadymyzyň halkyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan sport ulgamyny has-da ösdürmek meselelerine örän uly üns berýär. Muňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport – sagaldyş desgalarynyň bina edilmegi hem şaýatlyk edýär. Häzirki açylýan sport toplumy muňa ýene bir aýdyň mysaldyr diýip, milli Liderimiz nygtady.    

Soňra döwlet Baştutanymyz "Areti" halkara kompaniýalar toparynyň prezidenti  Igor Makarowy kabul etdi. 

Igor Makarowyň Russiýa Federasiýasynyň "Katýuşa" welosipedçiler toparyna ýolbaşçylyk edýändigini, bu toparyň dürli ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýändigini bellemeli.   

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de özara söhbetdeşlikde köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligi üçin hoşallyk bildirip, işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän holdinginiň daşary ýurt  işewürliginiň üstünlikli işlemegi üçin hemme şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmakdaky gyzyklanmalaryny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz meşhur rus kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen gürrüňdeşlikde açyk gapylar syýasatyny hem-de özara bähbitlerde netijeli gatnaşyklary yzygiderli durmuşa geçirip, Türkmenistanyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak, aýratyn hem özlerini ýurdumyzyň durmş-ykdysady ösüşiniň wajyp taslamalaryny durmuşa geçirmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigini nygtady. 

Söhbetdeşligiň barşynda Igor Makarow döwlet Baştutanymyza ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we ynanylan taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada habar berdi, şeýle hem birnäçe ugurlarda mundan beýläk-de bilelikde işlemek boýunça täze tekliplerini aýtdy. 

Myhman türkmen Lideriniň belliklerini üns bilen diňläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparynyň berlen ähli tabşyryklary mynasyp ýerine ýetirjekdigine hem-de olaryň öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilmegi üçin hemme tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. 

Soňky ýyllarda Türkmenistanda öz ähmiýeti we möçberi boýunça bolup geçýän deňsiz-taýsyz özgertmelere, şol sanda Hazar deňziniň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy bolan halkara dynç alyş merkezini döretmek babatda ägirt uly taslamany durmuşa geçirmek boýunça özgertmelere özüniň tüýs ýürekden begenýändigini beýan edip, I.Makarow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban   halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri, özbaşdak Türkmenistanyň has-da gülläp ösmegini arzuw etdi. 

Duşuşygyň ahyrynda myhman welosiped sportyny ösdürmegiň ýolunda biziň ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyza täze nusgadaky sport welosipedini sowgat etdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Hazaryň kenarynda gämiler üçin niýetlenen ýörite duralga tarap ugrady. Milli Liderimiz gämi duralgasynyň ýanaşyýk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyna bu ýerdäki ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Türkmenistanyň baştutany şeýle hem deňizde gezelenç etmäge niýetlenen gämilerde oňaýly dynç almak üçin hemme şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwlet bu ulgamy has-da ösdürmegiň strategiýasyny mundan beýläk-de amala aşyryp, zerur düzümleri döretmek, deňizde gezelenç etmek üçin täze gämiler, ýahtalar we beýlekiler bilen milli flotumyzyň üstüni ýetirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görýär. Şunuň bilen baglylykda, anyk görkezmeleri berip, döwlet Baştutanymyz   dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. 

Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär. 

***

Günüň ikinji ýarymynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky Awaza derýasynyň ugrunda bag ekilen ýoda açyldy, ol alty zolakdan ybarat bolup, umumy meýdany 492831, 01 inedördül metre deňdir. Yssy howa şertlerinde ýaşaýan türkmen halky asyrlar boýy öz topragyny gülläp ösýän baglyga öwürmegi arzuw edip geldi. Soňky ýyllarda Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça  maksatnamasyna laýyklykda her ýylda agaç nahalarynyň millionlarça düýbi oturdylýar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy hem gadymy we juwan türkmen topragynyň ösüşiniň we täzelenişiniň buşlukçysy bolup çykyş edýän ajaýyp seýilgähleriň mekanyna öwrülýär.

Pyýada ýollaryň ugrunda dürli heýkeller, çüwdürim toplumlary guruldy. Seýilbaglarda özboluşly nusgadaky oturgyçlar oturdyldy. Gezelenç zolagyny bezeýän yşyklandyryjy enjamlar hem özboluşly dizaýny bilen  tapawutlanýar. Mahlasy, Awaza derýasynyň kenarlary deňizýaka şäheriniň myhmanlary we syýahatçylary üçin  göwnejaý dynç alynjak ýere öwrüler. 

***

Şu gün şeýle hem sport toplumynda fitnes boýunça nemes hünärmeni Bert Rauşenbahyň gatnaşmagynda türkmen türgenleri üçin  tälim beriji türgenleşikler guraldy. Onuň baş mowzugy türgenleşikleri dogry guramak, bedene düşýän agramy bölmek, netijeli maşklary saýlap almak boldy. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder