28 Ocak 2016 Perşembe

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň  aýdan mähirli sözlerini ýetirdi hem-de Russiýanyň Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine bolan çuňňur gyzyklanmalaryny mälim etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçy düzümine hoşniýetli sözlerini aýtdy we türkmen paýtagtynyň günortasyndaky gözel künjekleriniň birinde gurlan we  ak mermerli binalaryň ýerleşen ýerinde Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň ýakynda geçirilen açylyş dabarasy bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Türkmenistany we Russiýany diňe bir köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri däl-de, eýsem deňhukuklylyk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan uzakmöhletleýin strategik häsiýete eýe bolan gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny  kanagatlanma bilen nygtady.

Taraplaryň ikisi-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, halkara giňişliginde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler we häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň oňyn çözgüdine işjeň gatnaşýarlar. Halkara durmuşynyň möhüm ugurlary boýunça birek-birege düşünişmek we garaýyşlaryň ýakynlygy taraplara diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa halkara guramalarynyň, sebitleýin düzümleriň, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär.

Russiýa Fedarasiýasynyň daşary işler ministri milli Liderimiziň işjeň daşary syýasat strategiýasyna we döwrüň talabyna laýyk gelýän hem-de parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň,   şol sanda üstaşyr energiýa göterijileriň ygtybarlylygynyň üpjün edilmegine, ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlaryna  ýokary baha berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow   öz gezeginde Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlaryny  goldaýandygy üçin Russiýa tarapyna minnetdarlyk bildirdi we şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy netijesinde öňde durýan möhüm wezipeleriň oňyn çözgüdini tapmak mümkindigini nygtady. 

Hazar sebiti boýunça goňşy bolmak bilen, iki ýurt hem Hazar deňziniň meselesiniň has oňyn çözgüdini tapmakda strategik hyzmatdaşlar bolup durýar. Şu günler Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparyň nobatdaky, 43-nji mejlisiniň geçirilýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitindäki ýagdaýy, hususan-da, goňşy Owganystandaky ýagdaýy syýasy-diplomatik  ýol bilen kadalaşdyrmagyň  zerurlygy boýunça garaýyşlaryň birligi, Türkmenistanyň we Russiýanyň Owganystanyň ykdysady taýdan galkynmagyna hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi barada aýdyldy. 

Gönüden-göni ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňe geçmek bilen, milli Liderimiz we Russiýanyň daşary işler ministri iki dostlukly ýurduň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler we  ozal gazanylan ylalaşyklary, şol sanda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň geçen ýylyň  noýabr aýynda Tähranda geçirilen gazy eksport edýän ýurtlaryň  forumyna gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň sammitiniň barşynda bolan duşuşygynyň çäklerinde  gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, dürli derejedäki däp bolan gatnaşyklary, şol sanda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taraplaryň aýratyn ähmiýet berýändigi aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, durmuş-ykdysady ösüşiň umumy wezipelerine we ileri tutulýan ugurlaryna daýanmak bilen, Türkmenistan we Russiýa döwletara gatnaşyklarynyň wajyp şertnamalaýyn-hukuk binýalyny emele getirdiler. Ol häzirki döwürde ähli pudaklarda netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Iki ýurduň ýokary ýolbaşçy düzümleriniň arasyndaky birek-birege ynanyşmak gatnaşyklary, wekiliýetleriň saparlarynyň yzygiderli alşylmagy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň netijeli işi däp bolan söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi bilen  üsti ýetirilýän netijeli syýasy hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny şertlendirýär. Russiýanyň türkmen bazarynda işleýän iri kompaniýalarynyň giň möçberli maksatnamalaryň, şol sanda telekeçiler ulgamy boýunça amala aşyrylýan çäreleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygy hem-de bu ugurdaky gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi. 

Söwda-ykdysady toplumy, maşyn gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklary we başga-da köp sanly ugurlar boýunça  türkmen-rus gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösýän ugurlary hökmünde kesgitlendi. Ikitaraplaýyn pikire görä, bu meýilleriň goldanylmagy zerurdyr. Özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanmalaryň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman goňşy ýurtlaryň bar bolan ägirt uly ykdysady hem-de serişde mümkinçilikleri hyzmatdaşlygyň görnüşlerini  giňeltmäge hem-de onuň täze geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýändigini aýtdylar.  Bu ynam soňky ýyllarda toplanan oňyn tejribe arkaly berkidildi. Häzirki döwürde Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň iri senagat we medeni merkezleri, şeýle hem Tatarystan, Sankt-Peterburg, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary ýaly sebitleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirýär.

Medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýär. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Russiýa bilen medeniýet we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary tassyklandy.   Türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy, akademiki alyş-çalyşlaryň ýola goýulmagy, Türkmenistanda we Russiýada geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryna iki ýurduň alymlarynyň gatnaşmagy, bilelikdäki ylmy-barlag işleriniň    ösdürilmegi iki dostlukly halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyny we dürli ugurlaryň özara baýlaşmagyny şertlendirýär.  Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän döredijilik festiwallary, Russiýanyň kitap sergisi, Russiýa kinosynyň güni, konsertler we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler özboluşly dostluk köprüsini emele getirýär.

Türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň işjeň strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz we myhman iki dostlukly ýurduň bähbidine laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçy düzümine Türkmenistana sapar bilen gelip görmäge bolan çakylygyny tassyk etdi. 


Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy. 

*** 

Şeýle hem şu gün Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşygy boldy. Onuň jemleri boýunça şu ýylda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy. 



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder