30 Ocak 2016 Cumartesi

“Meýletinçilik hakyndaky” Kanun

Ýanwar aýynyň başynda milli parlamentariýeler "Meýletinçilik hakyndaky" Kanuny kabul etdiler. Meýletinçilik barada ýörite kanunyň işlenip taýýarlanmagynyň wajyplygy, bir tarapdan, demokratik prossesleriň we raýat jemgyýetçiliginiň institutlarynyň çalt depginler bilen ösmegi bilen şertlendirilendir, şonuň üçin hem raýatlygyň, aýratyn hem ýaş nesliň, ýokary derejesini emele getirmek zerur bolup durýar. Beýleki bir tarapdan, meýletinçilik dörediji güýç bolup, ol has adamkärçilikli we adalatly jemgyýetiň gurulmagyna şertleri döredýär. Bu bolsa Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň maksatnamalaryna gabat gelýär. Şeýle hem bu kanunyň öz wagtynda kabul edilmegi Aşgabatda 2017-nji ýylda üsti ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna işjeň taýýarlyk görmek bilen baglanyşyklydyr. 

Bar bolan halkara iş çemeleşmelerine laýyklykda, Türkmenistanyň kanunynda meýletinçilik durmuş taýdan hyzmat etmegiň görnüşi bolup, ol raýatlaryň (meýletinçileriň) öz başlangyçlary boýunça we işler muzdsuz amala aşyrylýar. Meýletinçi öz kömegini pul serişdeleri bilen däl-de işden (okuwdan) boş wagtlary berip bilýär, jemgyýetçilik peýdasy üçin öz bilimini we başarnygyny berýär. Türkmenistanda meýletinçilik işini Türkmenistanyň raýaty, şeýle hem daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam alyp baryp biler. Kanun meýletinçilik işini özbaşdak we meýletinçilik guramasynyň üsti bilen alyp barmagy göz öňünde tutýar. 

Häzirki wagtda meýletinçilik ilatyň jemgyýetçilik işjeňliginiň has köp ýaran görnüşleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň ösüş ýolunda ol türkmen halkynyň däp-dessuryna we mentalitetine daýanýar. Meselem, ýowar türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň iň bir giňden ýaýran görnüşidir. Biziň pederlerimiz gadymy döwürlerden bäri uly suw akabalaryny gazmakda, olary arassalamakda, ýollary gurmakda, metjitleri tertibe salmakda, bag nahallaryny ekmekde şeýle işleri ýowar geçirmek ýaly usul bilen bilelikde geçiripdirler. Ýowaryň esasynda – bütin jemgyýetiň hatyrasyna muzdsuz kömek bermek ýörelgesi ýatyr. Soňky döwürde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň taslamalarynyň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, durmuş taýdan gowşak adamlary goldamakda meýletinçileriň işleri barha uly ähmiýete eýe bolýar. Meýletinçilik işi adamlara durmuş meselelerini çözmekde we jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleri geçirmekde döwlete we raýatlara kömek bermek meselelerini çözýär. 

Kanunda meýletinçiligiň tutýan ornuny nazara almak bilen, döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary meýletinçilik işini esasy ugur hökmünde ähli taraplaýyn öňe sürýär we goldaýar diýlip aýdylýar. Meýletinçilik işiniň maksatlary we wezipeleri jemgyýetde raýatyň ornuny, durmuş taýdan jogapkärçilik duýgusyny, raýdaşlygy, özara kömegi we rehimdarlygy döretmek bolup durýar. Raýatlara ýaşaýyş durmuş howpsuzlygynyň esaslaryna, ilkinji kömek bermegiň, ekologik goragyň, durmuş işini alyp barmagyň endiklerine eýelik etmekde kömek bermek meýletinçiligiň wezipeleriniň hatarynda görkezilýär. Şeýle hem meýletinçilik işi sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, medeni mirasy aýap saklamaga gönükdirilen köp görnüşli jemgyýetçilik işine raýatlary çekilmegiň usulyny döretmäge gönükdirilendir. Meýletinçilik işini goldamak syýasaty erkin isleg bildirişi beýan etmek, meýletinlik, dogruçyllyk, deňhukuklylyk, kanunylyk, adam we raýat hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek ýörelgeleri esasynda işlenilip taýýarlanylýar we amala aşyrylýar. 

Kanun ýaşlaryň hereketini, çagalar we ýaşlar guramalarynyň başlangyçlaryny goldamak, ilatyň ýaşaýşy kyn bolan gatlagyna, şol sanda agyr durmuş ýagdaýlarynda bolan çagalaryň durmuş taýdan dikeldilmegine kömek bermek, raýat goranyşy we daşky gurşawy goramak, taryhy we medeni ýadygärlikleri saklamak we rejelemek boýunça çärelere gatnaşmak meýletinçiligiň esasy görnüşleri hatarynda görkezýär. Şeýle hem bilimi, ylymy ösdürmäge, sport, medeni we beýleki jemgyýetçilik çärelerini, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek çärelerine gatnaşmagy wezipe edip goýýar. Kanunda meýletinçileriň ilaty adatdan daşary ýagdaýlarda goranmagy öwretmäge, öýsüz-öwzarsyz haýwanlara seretmäge, durmuş mahabatlaryny we beýleki işlere ýardam etmekleri görkezilýär. Umuman, kanun işjeň we höwesjeň raýatlara giň durmuş meseleleri çözmäge öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär. 

Meýletinçilik işi zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilmeýär we iş üçin rugsadyň alynmagyny talap etmeýär. Meýletinçilik işi meýletinçiler hökmünde hem bellige alnan hem bellige alynmadyk fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan amala aşyrylyp bilner. Meýletinçilik işi meýletinçilik guramasy bilen baglaşylan meýletinçilik şertnamasynyň hem-de şeýle şertnamany baglaşmazdan amala aşyrylyp bilner. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar meýletinçilik işi bilen öz ata-eneleriniň biriniň ýa-da hossarynyň razylygy bilen meşgullanyp biler. Meýletinçilik guramasy barada aýdylanda ol bu guramanyň guramaçysy hökmünde çykyş edýär, meýletinçilik işini amala aşyrmagyň tekliplerini bazara ilerledýär, belli bir çygyrlarda işletmek üçin meýletinçileri seçip alýar we okadýar. Meýletinçilik babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy meýletinçileriň maglumatlar binýadyny we olaryň boş orunlarynyň binýatlaryny döredýär Şunlukda, kanunda meýletinçileri hasaba almak meýletinçilik esasynda amala aşyrylýar diýip bellenilýär. 



Meýletinçilik işini goldamak üçin birnäçe çäreler göz öňünde tutulandyr. Olaryň hatarynda meýletinçilik guramalaryny maddy-tehniki taýdan üpjün etmegi, meýletinçilik işiniň ýörelgelerini öňe ilerletmek we üstünlikli amala aşyrmakda gazanalaryny ykrar etmegi görkezmek bolar. 

Bu kanun meýletinçilik işini netijeli ýöretmegi we ösdürmegi üpjün edýär, meýletinçileriň we guramaçylaryň iş ýörelgeleriniň bütewi toplumyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.





Hiç yorum yok:

Yorum Gönder