28 Ocak 2016 Perşembe

Mekdep Mugallymlaryny Hytaý we Ýapon Dillerini Okatmaga Taýýarlaýarlar

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda paýtagtyň we sebitleriň mugallymlary, welaýatlaryň bilim müdirlikleriniň hünärmenleri üçin “Orta bilim berýän orta okuw mekdeplerinde okatmagyň ylmy-metodiki esasy” atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyny daşary ýurtly hünärmenler – Uehara Tatsuhiko (Ýaponiýa) we Şufang Liu (Hytaý), şeýle hem türkmen mugallymlary – Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri geçirdiler. Olar okuw maslahatyna gatnaşyjylary 5-nji 12-nji synplarda ýapon we hytaý dillerini okatmagyň maksatnamasy bilen tanyşdyryldy. 

D.Azady adyndaky TMDDI gündogar dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Käbegül Meredowanyň belleýşi ýaly, ýanwar aýyna mahsus bolan okuw-metodiki maslahatlar tapgyry dowam eder. Ýaz paslynda hytaý we ýapon dili mugallymlary hünär kämilleşdiriş hepdelik okuwlaryny geçerler, tomus paslynda bolsa, olar üçin has dowamly sapaklary geçirmek meýilleşdirildi. 

Şeýle hem mugallymlary okatmak üçin ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleri hem çekiler. Bu ýerde ýokary hünärli hünärmenleri – ýapon we hytaý dilleri boýunça terjimeçileri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu ýerde gürrüň 2008-2009-njy okuw ýyllarynda hünär taýýarlygynyň üstüni ýetiren Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, şeýle hem 1993-nji we 2007-nji ýyllarda hytaý we ýapon dilleri okadylyp başlanan D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty barada barýar. 

D.Azady adyndaky TMDDI mugallymlarynyň awtorlar topary, Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri we dilleri gönüden-göni öwredýänler umumy orta bilim berýän mekdeplerde hytaý we ýapon dillerini okatmagyň maksatnamasyny işläp taýýarlady. Okuw kitaplary, gollanmalar, şol sanda elektron görnüşinde hem, taýýarlanylýar. 

Mälim bolşy ýaly, bu iki dil hünärleri geljekki 2016-2017-nji okuw ýylyndan biziň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýerleşýän ýöriteleşdirilen orta okuw mekdepleriniň birnäçesiniň bäşinji synpyndan başlap okadylyp başlanar. Hem mekdep okuwçylary, hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň öwrenýän dilleriniň görnüşlerini giňeltmek baradaky çözgüt Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Geçen ýylyň sentýabr aýynyň 18-ne bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň bilim ulgamyny mundan beýläk hem toplumlaýyn özgertmek baradaky tema degip geçmek bilen, döwlet baştutany halkara hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilmeginde daşary ýurt dillerini öwrenmegiň barha uly ähmiýete eýe bolýandygyny belläp geçdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder