31 Ocak 2016 Pazar

Türkmenistanyň Howa Maglumaty 01.02.2016

Türkmenistanyň Howa Maglumaty
01.02.2016
Aşgabat
+11… +13°
Türkmenbaşy
+9… +11°
Balkanabat
+11… +13°
Mary
+10… +12°
Türkmenabat
+9… +11°
Daşoguz
+6… +8°
http://www.turkmenhabargullugy.com/

Milli Mirasyň Sarpasy Belent Tutulýar

Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjekleinde hereket edýän muzeýlere gelýän adamlaryň sany barha artýar. Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, wekilleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde boldular. Munuň özi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda umumadamzat gymmatlygynyň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleriň, olar barada giňden düşünje berýän muzeý gymmatlyklarynyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Bu ýerde türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmek, ony halka ýetirmek, şeýle hem muzeý gymmatlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin zerur mümkinçilikler üpjün edilipdir. Türkmenistanyň özboluşly baý taryhy-medeni ýadygärlikleri, maddy medeniýeti, tebigy aýratynlyklary, ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan gadymy şäherleriň, galalaryň galyndylary dünýäniň taryhçy alymlarynyň ünsüni özüne çekýär.

Türkmen topragynda döredilen kaşaň şäherler, sarsmaz galalar, halkymyzyň dünýä beren medeni gymmatlyklary barada, olaryň ylmy aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça iş alyp barýan taryhçy alymlar ýurdumyzyň  muzeýlerinde örän gymmatly maglumatlaryň saklanýandygyny belleýärler. Gadymy döwürlerde döredilen medeniýetleriň döwründen şu günki güne çenli janly şaýat hökmünde saklanyp galan gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerinde jemlenýär.

Ýeri gelende aýtsak, soňky ýyllarda gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki döwrüň ruhuna we halkara ülňülerine laýyk gelýän taryhy-ülkäni öwreniş muzeýleri gurlup ulanmaga berildi. Olarda Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý şäherleri, dünýäde ilkinji ekerançylyk ýerleri bolan Jeýtun, Änew, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe ýaly şäherler, Bezeglidepäniň gaýalaryna çekilen suratlar, Abiwerdde, Sarahsda, Amyderýanyň kenarlarynda, Köpetdagyň jülgesinde, Uzboýuň hanasynyň ugrunda hem-de Sarygamyş kölüniň ýakasynda uzak geçmişiň aýry-aýry binagärlik toplumlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär. 

Häzirki döwürde ýurdumyzyň taryhçy alymlaryndan, arheologlaryndan düzülen toparlar halkara hünärmenleri bilen bilelikde Mary welaýatyndaky Goňurdepe, Ajyguýy, Gyzgala, Ahal welaýatynda Ýylgynlydepe, Ulugdepe, Köne we Täze Nusaý galalary, Parzdepe, Guýruklydepe, Topazdepe hem-de Daşlydepe, Balkan welaýatyndaky Maşat-Misserian ýaly dünýä belli ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar. 

Taryhçy alymlaryň, arheologlaryň alyp barýan gazuw-agtaryş we ylmy işleriniň netijesinde halkymyzyň gadymy medeniýetine, şöhratly pederlerimiziň döreden şäherlerine, galalaryna şaýatlyk edýän dürli derejedäki hem-de görnüşdäki gymmatlyklar ýurdumyzyň döwlet  muzeýleriniň serişdeleriniň üstüni ýetirýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Türkmenistanyň döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň, Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýleriniň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. 

Bu ýerde ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan taryhy we medeni ýadygärliklere degişli köpsanly maglumatlar bolup, olaryň üsti bilen taryhy döwür barada giňişleýin maglumat almak mümkinçiligi bar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde taryhy we medeni ýadygärlikler örän köp bolup, olaryň köpüsi gadymy döwürlerden bäri saklanyp galypdyr. Bu ýadygärliklere dünýä jemgyýetçiliginiň, dürli döwletleriň ylmy ojaklarynyň alymlarynyň uly gyzyklanma bildirýändigi bellärliklidir.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öz taryhymyzy öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärlikleri göwnejaý saklamak hem-de olara ýeterlik derejede üns bermek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şunlukda türkmen halkynyň taryhyny düýpli öwrenmek ugrunda ýörite işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen taryhy ýadygärliklerimizi abadanlaşdyrmak we olary abat saklamak boýunça ýörite işler ýola goýuldy.

Munuň özi soňky ýyllarda Türkmenistana daşary ýurtlardan dürli derejedäki wekiliýetleriň, myhmanlaryň, alymlaryň we jahankeşdeleriň köp gelýändigini nazara alanyňda has-da ähmiýetlidir. Şu nukdaý nazardan ýurdumyzyň muzeýlerine ýörite syýahatlary guramak, 
aýratyn-da olara ýaşlaryň köp gelmegini ýola goýmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler özüniň oňyn netijesini berýär. 

Ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanmaga berlen taryhy—ülkäni öwreniş muzeýleriniň paýtagtymyzdaky Hakyda ýadygärlikler toplumyndaky  Hatyra muzeýiniň, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýiniň işjeň hereket etmegi, olaryň
il içinde iň bir gelim-gidimli künjeklere öwrülmegi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, milli taryhymyza ýokary derejede üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. 

Wise-premýerler muzeý gymmmatlyklary bilen tanyşlygyň barşynda bu ýerde görkezilýän gymmatlylar, olar baradaky maglumatlar, olaryň aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandylar. Bu ýerde halkymyzyň taryhyna, şu gününe we Türkmenistanyň ýeten derejeisine, gazanýan üstünliklerine bagyşlanan bölümlerde giňişleýin maglumat almak üçin zerur mümkinçilikler üpjün edilipdir. 

Bellenilişi ýaly, dünýäniň dürli döwletlerinden gelýän myhmanlar, alymlar, taryhçylar muzeýlerde bolup, ýurdumyzyň çäginde bar bolan 
taryhy-medeni ýadygärlikler barada giňişleýin maglumatlar alýarlar. Şu nukdaý nazardan muzeý işini kämilleşdirmek, bu ýerdäki gymmatlyklary giňden wagyz etmek boýunça giň möçberli çäreler alnyp barylýar. Munuň özi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edien şu ýylda has-da işjeň häsiýete eýe boldy. 

Häzirki döwürde gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we tagallasy esasynda ýurdumyzdaky ýadygärlikler bilen tanyşmak üçin zerur şertler döredilýär. Şu nukdaý nazardan taryhy we medeni ýadygärliklerde abadanlaşdyrylyş işlerine giň gerim berildi. Şeýle işler ozalky Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan Köne we Täze Nusaý galalarynda, Parzdepede, Änewde ýerleşýän ýadygärliklerde has-da netijeli alnyp barylýar.  

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýiniň gaznasynda örän köpsanly gymmatlyklar bolyp, olar dürli döwürler boýunça toparlara bölünýär. Muzeý gymmatlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek, olary resmileşdirmek, ylmy usulyýet we beýleki işleri alyp barmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Muzeý işi häzirki döwrüde muzeýlere gelýän adamlaryň sanynyň köpelendigi nukdaý nazaryndan has-da netijeli häsiýete eýe boldy. Muzeýde işleýän hünärmenler bu ýere gelýänler üçin türkmen, rus, iňlis, nemes, fransuz, türk we arap dillerinde tanyşdyrylyş işlerini alyp barýarlar. 

Ylmy ykrarnama laýyklykda, muzeýler halkyň dünýägaraýşynyň we medeni derejesiniň kämilleşmegine oňyn täsir etmek bilen bir hatarda  halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna degişli gymmatlyklary gorap saklamak, olary geljek nesillere ýetirmek ugrunda hem netijeli işleri alyp barýarlar. Ýeri gelende aýtsak, döwlet muzeýine gelýänleriň hatarynda diňe bir ýurdumyzyň raýatlary däl, eýsem daşary ýurtly işewürleriň, syýahatçylaryň sanynyň artandygyny bellemeli. 

Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gyzykly syýahat we muzeý gymmatlyklary bilen netijeli tanyşdyrylyş üçin muzeýiň işgärlerine hoşallyk bildirdiler. 

Şeýle hem günüň ikinji ýarymynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary 
hem-de wekilleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde boldular. Bu ýerde taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, ylmy esasda öwrenmek hem-de olary giňden wagyz etmek boýunça ýörite işler alnyp barylýar. 

Häzirki döwürde milli taryhy-medeni mirasa degişli bolan ýadygärlikler, olary öwrenmek, şeýle hem saklanyp galan taryhy ýadygärlikleriň binagärlik aýratynlyklary barada gürrüň berýän maglumatlar, gymmatlyklar muzeýiň esasyny düzýär. Bu ýerde arheologik-gazuw agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklaryň örän köp mukdary bolup, olaryň üsti yzygiderli ýetirilýär. 

Ýurdumyzyň çäginde bar bolan taryhy-medeni ýadygärlikler döwlet tarapyndan hasaba alyp, olaryň üsti ylmy gözlegleriň netijesinde ýetirilip durulýar. Arheologik-gözlegler, ylmy açyşlar türkmen halkynyň baý medeni-taryhy mirasa eýedigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Häzirki döwürde Diýarymyzyň çäginde bar bolan ýadygärlikler, gadymy şäher galyndylary we taryhy ähmiýeti bolan depeler ylmy esasda öwrenilýäir.

Muzeý gymmatlyklary bilen tanyşlygyň barşynda dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bu ýerde görkezilýän gymmatlyklaryň üsti bilen halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyna göz ýetirmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. 

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilýän işler üç ugur boýunça alnyp barylýar. Olar arheologik, gazuw-agtaryş, dikeldiş hem-de gorag-barlag ugurlaryndan ybaratdyr. Arheologiýa ugry ylmy maslahatlaryň we bu ugurda iş alyp barýan alymlaryň maglumatlarynyň netijesinde ýüze çykýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeleri döwürleýin metbugatda yzygiderli çap edilýär we teleradioýaýlymlarda bu barada gepleşikler taýýarlanylýar. 

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň çäklerinde diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş sebitiň gadymy medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan hem-de taryhda ägirt  uly yz goýan taryhy wakalar, gymmatlyklar  ylmy esasda içgin öwrenilýär. Bu babatda birnäçe arheologik açyşlar ýüze çykaryldy. 

Mälim bolşy ýaly, arheologik gazuw-agtaryş işleri ýadygärlikleriň öwrenilmeginde möhüm orun eýeleýär. Şol işleriň barşynda tapylan zatlar ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalarynyň üstüni ýetirip, milletiň we tutuş dünýäniň gymmatly medeni baýlygyna öwrülýär. Mundan başga-da, degişli  dikeldiş çäreleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýadygärliklere täze ömür berilýär. 

Şunlukda, bu ugurda iş alyp barýan taryhçy alymlar, arheologlar 
gazuw-agtaryş işleriniň barşynda gadymy binalaryň asyl durkuna zeper ýetirmezden olar baradaky  maglumatlary giňişleýin ýüze çykarmak ugrunda zerur çäreleri alyp barýarlar. Uzak geçmişden galan gymmatlyklar, ençeme asyrlaryň saklan ýerleri ylmy esasda öwrenilip, olaryň ähmiýeti baradaky maglumatlar dikeldilýär.

Häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy bilen gadymy 
taryhy-medeni we binagärlik ýadygärliklerini netijeli gorap saklamak, olary ylmy esasda öwrenmek hem-de geljek nesillere ýetrmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şeýle hem milli taryhy-medeni mirasyň desgalarynyň bir bitewi sanawyny döretmek, bu ugurda täze kanunlary işläp taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Hut şeýle işleriň alnyp barylmagy netijesinde ýurdumuzyň ähli künjeklerinde hereket edýän muzeýleriň gymmatlyklarynyň sany yzygiderli artýar. Bu bolsa asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklarynyň täzeden dikeldilmeginde, olaryň geljek nesillere ýetirilmeginde has-da ähmiýetldidir. 

Muzeý işgärleri ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, wekilleriniň gyzyklanýan sowallaryna jogap berip, muzeý gymmatlyklary, olaryň aýratynlyklary hem-de ähmiýeti dogrusynda giňişleýin maglumatlar berdiler.

Bu ýerde bolanlar, halkymyzyň uzak geçmişine, şu gününe, ýurdumyzyň ýeten derejeisne degişli maglumatlar bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda bu ugurdaky alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek  boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.


Aziada-2017-niň Guramaçylyk Komitetiniň Nobatdaky Mejlisi

Türkmen paýtagtynda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisi boldy. Bu toplumlaýyn ýaryşlar şeýle oýunlaryň taryhynda iň köp toparlary özünde jemlär. Bu ýaryşa Aziýanyň we Okeaniýa ýurtlarynyň 60-den gowrak döwletleriniň wekilleri gatnaşar.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli olimpiýa komitetiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen türgenleriniň taýýarlygy üçin ýokary halkara derejeli tälimçileriniň çekilmegine, Olimpiýa şäherjiginiň sport meýdançalarynda dürli synag ýaryşlaryny geçirmäge aýratyn üns berildi. Hususan-da, geljek güýzde ýapyk welotrekde türkmen spotunyň taryhynda ilkinji gezek welosport boýunça halkara ýaryşyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa diňe bir Aziýa döwletlerinden däl-de, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň we Ýewropa döwletleriniň toparlary çagyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2015-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanyň welosport boýunça Milli tehniki merkeziniň açylandygyny belläp geçmelidiris. Bu täze sport guramasy ilkinji günlerden ymykly işe girişdi. Türkmenistanyň welosport federasiýasy bilen bilelikde ussat tügenleriň gatnaşmagynda Milli tehniki merkeziň birinjiligi bolup geçdi. Bu ýaryş paýtagtymyzyň we Içeri işler miinstrliginiň awtosport merkeziniň gara ýollarynda, birnäçe günüň dowamynda geçirildi.

Şu döwürde Milli tehniki merkez Çehiýanyň belli "Durateс" kompaniýasy bilen häzirki zaman sport welosipedlerini we enjamlaryny satyn almak boýunça şertnama baglaşdy. Şeýle hem welosipedçileriň Halkara birleşigi bilen Aziada-2017-ä çenli galan döwürde türkmen welosipedçilerini zerur sport derejesinde taýýarlamak üçin dünýä belli tälimçi bilen şertnama baglaşmak hakynda gepleşikler alnyp barylýar.

Ýeri gelende aýtsak, bu halkara guramasy Türkmenistan bilen sport hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýär. Geçen ýyl Aşgabatda geçen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň barşynda  welosipedçiler birleşiginiň prezidenti Braýan Kukson we Russiýanyň welosiped sporty federasiýasynyň prezidenti Igor Makarow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk welotrek desgasynda, 2017-nji ýylda welosport boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky haýyş bilen ýüz tutdular. Halkara sport guramasynyň hünärmenleri Aşgabadyň täze welotregine aýlanyp gördüler hem-de bu desganyň örän ýokary derejelidigini bellediler. 

Pälwanlaryň ýaryşlary geçirilmeli desgalara hem synag ýaryşlary garaşýar. Olaryň arasynda geçen ýylyň noýabrynda halkara sport äleminde hemişelik ornuny eýelän milli göreş boýunça ýaryşlar hem bar. Şu ýerde türkmen milli göreşi boýunça Bütindünýä federasiýasynyň esaslandyrylyp, onuň ştab-kwartirasynyň Aşgabatda ýerleşýändigini belläp geçmelidiris.

Göreş boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlar eýýäm iki gezek geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen birinji dünýä çempionaty 2014-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçirildi. 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Russiýanyň Orenburg şäherinde sportuň bu görnüşi boýunça ikinji dünýä çempionaty boldy. Ýaryşlaryň ikisinde hem ýurdumyzyň türgenleri umumytoparlayn hasapda birinji orny eýelediler.  Munuň özi, şeýle hem sport bilermenleriniň çaklamalary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň barşynda ýurdumyzyň pälwanlarynyň üstünlik gazanjakdyklaryna ynam döredýär.

Bu mejlisiň barşynda Aziada-2017-niň maksatnamasyna girýän konkur boýunça ýaryşlara taýýarlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, "Türkmenatlary" döwlet birleşigine tejribe alyşmak üçin daşary ýurtly hünärmenler bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmak tabşyryldy.

Ýaryşlaryň taýýarlygy, guramaçylygy we ony wagyz etmek hem-de alyp görkezmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen "John Tibbs and Assoсiates (JTA)" (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäklerinde, Aşgabatda ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin birnäçe sport media-forumlary geçirildi.

JTA –sport boýunça täzeçillikleri we dabaralary amala aşyrmak üçin ýöriteleşdirilen iri maslahatçy agentlik bolup durýar. Aşgabat Aziadasy bilen baglanyşyklylykda, bu agentlik tarapyndan ençeme dünýä düzümleri we bilermenleri, şol sanda Halkara Sport metbugaty assosiýasiýasy bilen özara işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şeýle hem media-forumyň internet-saýty döredildi. Onda forumyň işi, oňa gatnaşanlar we beýleki maglumatlar baradaky habarlar bilen tanyşmak bolýar.

Ýanwar aýynyň ilkinji günlerinde dünýä habar beriş giňişliginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň portalynyň açylandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Internet-saýt Aşgabatdaky toplumlaýyn ýaryşlara taýýarlygyň gidişi, türkmenistanlylaryň halkara sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri, ýurdumyzyň taryhy we häzirki zaman ýadygärlikleri hem-de beýleki köp zatlar barada giňişleýin maglumatlary berýär. Aziadanyň dowamynda internet ulanyjylar ähli ýaryşlaryň gidişine göni ýaýlymda tomaşa etmäge mümkinçilik alar. 2017-nji ýylda geçiriljek, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň saýtyny işläp düzmek we bezemek boýunça yglan edilen halkara  bäsleşiginde türkmen hünärmenleriniň ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek. 

Mejlise gatnaşanlar Olimpiýa we Aziýa oýunlary ýaly halkara ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribesi bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny-da belläp geçdiler. 2012-nji ýylda Londanda geçen Olimpiýa oýunlaryny guramaga gatnaşan Beýik Britaniýanyň kompaniýalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmek zerur bolup durýar. Olaryň arasynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan tassyklanan we goldanan, V Aziýa oýunlaryny geçirmegiň baş meýilnamasyny işläp düzmek boýunça şertnama baglaşylan "СSM Sport & Entertainment LLP trading as СSM Strategik" (Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy) kompaniýasy bar.

Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy barada aýdanymyzda bolsa, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary güýçli depginde iş alyp barýar. Olaryň biri bolan "Arup" kompaniýasy Londan olimpiadasynda 16 müň tomaşaça niýetlenen ýapyk basketbol binasyny gurmak bilen,deňsiz-taýsyz taslamany amala aşyrdy. Bu döredijilikli ýerine ýetirilen işiň netijesinde aňsatlyk bilen  binanyň esasy böleklerini söküp, ony göçürmek bolýar. 

Britaniýanyň Lafboro kollejiniň wekilleri ýurdumyzyň türgenleri üçin ýörite türgenleşik maksatnamasyny işläp düzdüler. Oňa diňe bir sapaklardaky fiziki-tehniki ýagdaýlar girmän, psihologiýa synaglary we başga-da köp zatlar girýär. Lafboro kollejiniň hünärmenleri bu taslamany paýtagtymyza bolan iş saparynyň hem-de ýerli sport düzümini öwrenmegiň netijeleri esasynda işläp taýýarladylar.

Mundan birnäçe gün ozal türkmen sport wekiliýeti halkara derejesindäki iri sport çärelerini guramak boýunça tejribe alyşmak we bu ugurda has hem ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherine (Russiýa Federasiýasy) bardylar. Sport wekiliýetiniň maksatnamasynda Kazanyň iri sport desgalarynyň, Halkara habar beriş merkeziniň hem-de Bütindünýä uniwersiada obasynyň gurluşygy we ulanylyşy bilen tanyşmagy göz öňünde tutuldy. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylda geçen bu uniwersiadanyň göreş boýunça ýaryşlarynda türkmen pälwanlary örän ýokary netije görkezdiler. Russiýaly hünärmenler türkmen tarapyny gyzyklandyrýan ähli meseleler boýunça doly maglumat berdiler. Hususan-da, logistika, lukmançylyk kömegini guramak, howpsuzlyk we beýlekiler boýunça türkmen wekiliýeti zerur maglumatlary aldy. 

Geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda ýurdumyzyň wekiliýeti kazanly kärdeşlerini Türkmenistanda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň meýilnamasy bilen tanyşdyrdylar. Rus hünärmenleri Aşgabatdaky toplumlaýyn ýaryşlaryň dünýä sportunda ajaýyp wakalaryň biri boljakdygyny bellediler. 

Umumy üstünlige ýurdumyzyň meýletinçileri hem sazlaşykly işi bilen mynasyp goşant goşar. Şu günki mejlisde bellenilişi ýaly, bu babatda türkmen meýletinçileri taýýarlygyň oňat halkara mekdebini geçdiler. Olar Kazandaky Bütindünýä uniwersiada, Koreýanyň Inçhon şäherinde degişlilikde 2013-2014-nji ýyllardaky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlary we ХVII tomusky Aziýa oýunlary, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde 2015-nji ýyldaky I Ýewropa oýunlary ýaly iri ýaryşlara gatnaşyp, iş tejribesini topladylar. 

Türkmen meýletinçileri 2014-nji ýylda Russiýanyň Soçi şäherindäki gyşky olimpiýa oýunlaryna hem çagyryldy. Bu ýyl olar Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiadanyň gidişinde öz tejribesini baýlaşdyrarlar. Bu oýunlara dünýäniň 200 töweregi ýurdundan 10 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu ýaryş türkmenistanlylar üçin ýurdumyzda geçiriljek Aziada-2017-niň öňüsyrasynda özboluşly synag bolar. 

Guramaçylyk komitetiniň mejlisinde V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaly türgenleriň we myhmanlaryň azyk üpjünçiligi bilen baglanyşykly meselelere seredildi, bu ugurda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi. 2014-nji ýylyň ýazynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda 23 ýurtdan gelen aşpezlik sungatynyň hünärmenlerini özünde jemlän üç günlük Aziada-2017-niň tagamlarynyň sergisi boldy.

Bu çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň özi hem iş wagtynyň çäklidigine garamazdan, şol wagt Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan bilen bilelikde dünýä halklarynyň milli tagamlarynyň sergisine barmaga wagt tapdy. Oňa gatnaşanlar iki dostlukly ýurduň Baştutanlaryna aşpezlik sungatynda öz ussatlyklaryny görkezdiler we tagam taýýarlamagyň aýratynlyklary hem-de usullary bilen tanyşdyrdylar. 

Özboluşly bäsleşik milli tagamlaryň hakyky halkara baýramçylygyna öwrüldi. Dürli ýurtlaryň ussatlary aşpezlik sungatynyň ýokary derejesini görkezdiler, et we balyk önümleriniň dürli görnüşlerini, bakja önümlerini we miweleri, üýtgeşik tagamlary, işdäaçarlary we süýji önümlerini taýýarlamakda şowly başlangyçlary görkezdiler. 

Gazanylan tejribeler türkmen paýtagtynda ýene-de 1,5 ýyldan badalga aljak Aziada-2017-ä gatnaşyjylaryň hemmesini kanagatlandyrmaga kömek berer. Toplumlaýyn oýunlaryň tagamlarynyň sanawyna diňe bir Aziýa ýurtlarynyň iň gowy tagamalary girmän, Ýewropa tagamlarynyň  hem iň gowulary girer. 

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek geçirilýän halkara oýunlaryna ýurdumyzyň ýokary derejede taýýarlygy bellenildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň paýtagty hökmünde Aşgabadyň saýlanyp alynmagy Türkmenistanyň dünýä derejesindäki sport ýurdy hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezýär. 


Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Gonkongdan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, yşyklandyryş kerosinini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we Latwiýadan gelen işewürler tehniki ýody, “B” belgili karbamidi (“Türkmenhimiýa DK”) we polipropilen haltalaryny satyn aldylar. Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Owganystandan, Gruziýadan we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna bugdaý ununy, nah ýüplügi, pagta-süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 64 million 854 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine ABŞ-dan, Türkiýeden, Slowakiýadan, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 3 million 954 müň manatlykdan gowrak arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 894 müň manatdan gowrak azyklyk bugdaýy we polimer granulýanty (TNGIZT) satyn aldylar.


Türkmenistanyň Sport Wekilieti Katarda Boldy

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň wekiliýeti Kataryň paýtagty Doha şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Bu ýerde geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň esasy wezipesi iri sport çärelerini guramakda, sport desgalaryny we degişli hünärmenleri taýýarlamak işinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boldy. Bu ulgamda Kataryň baý tejribesi bar. 2006-njy ýylda Dohada XV Aziýa oýunlary geçirildi, ýurtda her ýyl awto-moto ýaryşlar, sportuň suw görnüşi boýunça ýaryşlar, tennis, ýeňil atletika, ýelkenli gämi ýaryşlary we beýleki uly sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär.

Häzir Katar, 2022-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin iň döwrebap stadionlary we beýleki infrastrukturalary döretmek boýunça ägirt uly gurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirýär. 

Ýurdumyzyň wekiliýeti bilen bolan duşuşyklarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Katary jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin sporty ösdürmeklige netijeli serişde hökmünde birmeňzeş garaýyşlar özara baglanyşdyrýar. Bu babatda ýurtlarda birek-birekden öwrenere zat kän. 

Kataryň Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşykda hünärmenleri alyşmak, sport desgalarynyň menejerleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okuwlary we işleri guramak mümkinçiliklerine seredildi. 

Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň wekilleri bilen bolan gepleşiklerde Aşgabatda Aziýada-2017-ä taýýarlygyň gidişine garaldy. Hususan-da, oýunlaryň maksatnamasyna girýän sportuň 21 görnüşi ylalaşyldy, myhmanlary ýerleşdirmek, ulag, türgenleri we sport wekiliýetlerini lukmanylyk hyzmaty bilen üpjün etmek, ýaryşlara hyzmaty we marketingi ýola goýmak meselelerine garalyp geçildi. Şeýle hem meýletinçiler bilen işlemek, teleradio alyp görkezişini we eşitdirilişini guramak hem-de beýleki meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň bilermenleri Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça Aşgabatda alnyp barylýan işlere oňyn baha berdiler. Şeýle iri halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi örän uly tagallalary talap edýär. Ýöne, taýýarlyga iň ýokary döwlet derejesinde üns berilmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu köptaraplaýyn işi        hut özüniň berk gözegçilikde saklamagy 2017-nji ýylyň oýunlarynyň diňe bir iň giň göwrümli bolmak bilen çäklenmän, şeýle ýaryşlaryň tutuş taryhynda iň ajaýyp dabara boljakdygyna hiç hili şek-şübhe goýmaýar. Bu bolsa Aziýa sebitinde we tutuş dünýä ýüzünde halkara sport hereketini ösdürmäge Türkmenistanyň möhüm goşandy bolar. 
 


30 Ocak 2016 Cumartesi

Eýran Yslam Respublikasynyň Wekiliýeti Bilen Gepleşikler

2016-njy ýylyň 29-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministriniň orunbasary j-p Ali Nurzadyň ýolbaşçylygyndaky wekilýeti bilen gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplaryň esasy ünsi ýol gurluşyk ulgamynda bilelikdäki ikitaraplaýyn işiň işjeňleşdirilmegine we geljekde ösdürilmegine berildi. Gepleşikleriň gün tertibinde Tejen derýasynyň üstünden geçiriljek «Sarahs (Türkmenistan) –Sarahs (EYR)» täze awtomobil köprüsiniň, «Sarahs–Tejen» awtomobil ýolunyň we «Aşgabat-Türkemnabat» tizlikli ýolunyň gurluşygynyň meseleleri bellenildi. Şeýle taraplar Sarahs – Maşat elektrikgeçiriji torlaryny gurmagyň meselelerine seretdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň tranzit-ulag geçelgelerini ösdürmeklige aýratyn ünsüni belläp, taraplar ýokarda görkezilen gurluşyklaryň bu ugurdaky ähmiýetini bellediler.



Dürli derejelerde geçirilýän türkmen-eýran duşuşyklaryň we gepleşikleriň iki ýurduň arasynda adat bolan dostlukly gatnaşyklary yzygiderli esasda dürli ugurlar boýunça ösdürmäge ymtylýandygynyň alamaty bolup durýandygy aýratyn bellenildi.


S.Seýdi Adyndaky Mugallymçylyk Institutynda Meýletinçiler Merkezi Işläp Başlady

S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Meýletinçiler merkezi işläp başlady 

Bu merkeziň wekili – mugallym Irina Miroşniçenkonyň aýdyşy ýaly, häzirki wagtda bu merkez özüne 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynda sport wekillerine we myhmanlara hyzmat etjek talyplardan düzülen 500-den gowrak meýletinçi kömekçileri jemleýär. 

Merkeziň işgärleri öz işlerinde Halkara täjirçilik däl guramasy tarapyndan Türkmenistana berlen «Generations for peace» («Nesil parahatçylyk üçin») materiallara, meýletinçileri iri sport bäsleşiklerine taýýarlamak baradaky halkara tejribelerine, şeýle hem, elbetde, ýakynda kabul edilen meýletinçileriň hukuk esaslaryny, esasy ýörelgelerini we görnüşlerini, maksatlaryny we wezipelerini, meýletinçilik işini amala aşyrmagyň düzgünini, şeýle hem ony amala aşyrmakda döwlet tarapyndan berilýän goldawy kesgitleýän Türkmenistanyň "Meýletinçilik hakynda" kanunyna daýanýar. 

Geljekki meýletinçileri taýýarlamak okuwdan boş wagtlary, bir wagtyň özünde birnäçe: daşary ýurt dili, etika, estetika, bedenterbiýe we beýleki ugurlar boýunça alnyp barylýar. Şeýle hem talyplar V Aziýa oýunlarynyň sanawyna girýän sport görnüşleriniň, sport adalgalarynyň aýratynlyklary bilen tanyş bolýarlar, umumy bedenterbiýesi bilen meşgullanýarlar. 

Her günki geçilýän sapaklaryň barşynda aýratyn üns geljekki meýletinçileriň öňde duran işleriniň netijeliligini kesgitleýän şahsy häsiýetlerini – jogapkqrçilik, alçaklyk, kanagatlylyk, myhmanlara güler ýüzlülik ýaly häsiýetlerini ýüze çykarmaga berilýär. Ata watanyň taryhy we geografiýasy boýunça goşmaça geçirilýän sapaklar bolsa olara V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylara we myhmanlara Türkmenistan barada we türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary hakynda täsirli hem-de gyzykly gürrüň bermäge kömek eder. 

Bu mugallymçylyk ýokary okuw mekdebinde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilendir. Bu ýerde ýapyk sport zallarynyň dördisi, woleýbol we basketbol meýdanlary, uly tennis korty talyplaryň we mugallymlaryň hyzmatynda, mundan hem başga sport seksiýalarynyň ondan gowragy işleýär.


“Meýletinçilik hakyndaky” Kanun

Ýanwar aýynyň başynda milli parlamentariýeler "Meýletinçilik hakyndaky" Kanuny kabul etdiler. Meýletinçilik barada ýörite kanunyň işlenip taýýarlanmagynyň wajyplygy, bir tarapdan, demokratik prossesleriň we raýat jemgyýetçiliginiň institutlarynyň çalt depginler bilen ösmegi bilen şertlendirilendir, şonuň üçin hem raýatlygyň, aýratyn hem ýaş nesliň, ýokary derejesini emele getirmek zerur bolup durýar. Beýleki bir tarapdan, meýletinçilik dörediji güýç bolup, ol has adamkärçilikli we adalatly jemgyýetiň gurulmagyna şertleri döredýär. Bu bolsa Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň maksatnamalaryna gabat gelýär. Şeýle hem bu kanunyň öz wagtynda kabul edilmegi Aşgabatda 2017-nji ýylda üsti ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna işjeň taýýarlyk görmek bilen baglanyşyklydyr. 

Bar bolan halkara iş çemeleşmelerine laýyklykda, Türkmenistanyň kanunynda meýletinçilik durmuş taýdan hyzmat etmegiň görnüşi bolup, ol raýatlaryň (meýletinçileriň) öz başlangyçlary boýunça we işler muzdsuz amala aşyrylýar. Meýletinçi öz kömegini pul serişdeleri bilen däl-de işden (okuwdan) boş wagtlary berip bilýär, jemgyýetçilik peýdasy üçin öz bilimini we başarnygyny berýär. Türkmenistanda meýletinçilik işini Türkmenistanyň raýaty, şeýle hem daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam alyp baryp biler. Kanun meýletinçilik işini özbaşdak we meýletinçilik guramasynyň üsti bilen alyp barmagy göz öňünde tutýar. 

Häzirki wagtda meýletinçilik ilatyň jemgyýetçilik işjeňliginiň has köp ýaran görnüşleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň ösüş ýolunda ol türkmen halkynyň däp-dessuryna we mentalitetine daýanýar. Meselem, ýowar türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň iň bir giňden ýaýran görnüşidir. Biziň pederlerimiz gadymy döwürlerden bäri uly suw akabalaryny gazmakda, olary arassalamakda, ýollary gurmakda, metjitleri tertibe salmakda, bag nahallaryny ekmekde şeýle işleri ýowar geçirmek ýaly usul bilen bilelikde geçiripdirler. Ýowaryň esasynda – bütin jemgyýetiň hatyrasyna muzdsuz kömek bermek ýörelgesi ýatyr. Soňky döwürde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň taslamalarynyň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, durmuş taýdan gowşak adamlary goldamakda meýletinçileriň işleri barha uly ähmiýete eýe bolýar. Meýletinçilik işi adamlara durmuş meselelerini çözmekde we jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleri geçirmekde döwlete we raýatlara kömek bermek meselelerini çözýär. 

Kanunda meýletinçiligiň tutýan ornuny nazara almak bilen, döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary meýletinçilik işini esasy ugur hökmünde ähli taraplaýyn öňe sürýär we goldaýar diýlip aýdylýar. Meýletinçilik işiniň maksatlary we wezipeleri jemgyýetde raýatyň ornuny, durmuş taýdan jogapkärçilik duýgusyny, raýdaşlygy, özara kömegi we rehimdarlygy döretmek bolup durýar. Raýatlara ýaşaýyş durmuş howpsuzlygynyň esaslaryna, ilkinji kömek bermegiň, ekologik goragyň, durmuş işini alyp barmagyň endiklerine eýelik etmekde kömek bermek meýletinçiligiň wezipeleriniň hatarynda görkezilýär. Şeýle hem meýletinçilik işi sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, medeni mirasy aýap saklamaga gönükdirilen köp görnüşli jemgyýetçilik işine raýatlary çekilmegiň usulyny döretmäge gönükdirilendir. Meýletinçilik işini goldamak syýasaty erkin isleg bildirişi beýan etmek, meýletinlik, dogruçyllyk, deňhukuklylyk, kanunylyk, adam we raýat hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek ýörelgeleri esasynda işlenilip taýýarlanylýar we amala aşyrylýar. 

Kanun ýaşlaryň hereketini, çagalar we ýaşlar guramalarynyň başlangyçlaryny goldamak, ilatyň ýaşaýşy kyn bolan gatlagyna, şol sanda agyr durmuş ýagdaýlarynda bolan çagalaryň durmuş taýdan dikeldilmegine kömek bermek, raýat goranyşy we daşky gurşawy goramak, taryhy we medeni ýadygärlikleri saklamak we rejelemek boýunça çärelere gatnaşmak meýletinçiligiň esasy görnüşleri hatarynda görkezýär. Şeýle hem bilimi, ylymy ösdürmäge, sport, medeni we beýleki jemgyýetçilik çärelerini, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek çärelerine gatnaşmagy wezipe edip goýýar. Kanunda meýletinçileriň ilaty adatdan daşary ýagdaýlarda goranmagy öwretmäge, öýsüz-öwzarsyz haýwanlara seretmäge, durmuş mahabatlaryny we beýleki işlere ýardam etmekleri görkezilýär. Umuman, kanun işjeň we höwesjeň raýatlara giň durmuş meseleleri çözmäge öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär. 

Meýletinçilik işi zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilmeýär we iş üçin rugsadyň alynmagyny talap etmeýär. Meýletinçilik işi meýletinçiler hökmünde hem bellige alnan hem bellige alynmadyk fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan amala aşyrylyp bilner. Meýletinçilik işi meýletinçilik guramasy bilen baglaşylan meýletinçilik şertnamasynyň hem-de şeýle şertnamany baglaşmazdan amala aşyrylyp bilner. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar meýletinçilik işi bilen öz ata-eneleriniň biriniň ýa-da hossarynyň razylygy bilen meşgullanyp biler. Meýletinçilik guramasy barada aýdylanda ol bu guramanyň guramaçysy hökmünde çykyş edýär, meýletinçilik işini amala aşyrmagyň tekliplerini bazara ilerledýär, belli bir çygyrlarda işletmek üçin meýletinçileri seçip alýar we okadýar. Meýletinçilik babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy meýletinçileriň maglumatlar binýadyny we olaryň boş orunlarynyň binýatlaryny döredýär Şunlukda, kanunda meýletinçileri hasaba almak meýletinçilik esasynda amala aşyrylýar diýip bellenilýär. 



Meýletinçilik işini goldamak üçin birnäçe çäreler göz öňünde tutulandyr. Olaryň hatarynda meýletinçilik guramalaryny maddy-tehniki taýdan üpjün etmegi, meýletinçilik işiniň ýörelgelerini öňe ilerletmek we üstünlikli amala aşyrmakda gazanalaryny ykrar etmegi görkezmek bolar. 

Bu kanun meýletinçilik işini netijeli ýöretmegi we ösdürmegi üpjün edýär, meýletinçileriň we guramaçylaryň iş ýörelgeleriniň bütewi toplumyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.





Hazar Deňziniň Meseleleri Toýunça Türkmenistanyň Hökümetara Toparynyň Mejlisi

Paýtagtymyzda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň gün tertibine 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň  jemlerini ara alyp maslahatlaşmak, toparyň ýakyn geljekde öňünde durýan möhüm wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk we milli hem-de umumy bähbitler esasynda ýola goýulýan gatnaşyklara daýanýan daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, garaşsyz bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we ylalaşygyň berkidilmeginiň, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň bähbidine Hazarýaka döwletleriniň neitijeli gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny ugur edinýär. Şeýle hem ýurdumyz geljek nesiller üçin tebigy serişdeleri goramak we olary ösdürmek baradaky möhüm bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýär.

Hazar meselesi boýunça guralýan gepleşiklere işjeň gatnaşmak bilen,Türkmenistan milli derejede Hazar sebitinde daşky gurşawy goramak boýunça ägirt uly işleri alyp barýar. Hazar deňziniň meseleleri boýunça Hökümetara toparynyň netijeli  işi muňa şaýatlyk edýär. Bu topap degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň Hazaryň türkmen kenarynda alyp barýan işlerini utgaşdyrmak, şeýle hem Hazar deňzi boýunça Milli hereketiň meýilnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen döredildi. Meýilnamada daşky gurşawyň senagat desgalary tarapyndan hapalanmagynyň öňüni almaga we ony aradan aýyrmaga, Hazaryň biologik köpdürlüligini saklamaga we biologik serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna hem-de önümçiligine gönükdirilen anyk çäreler kesgitlendi.

Biziň ýurdumyz daşky gurşawy goramak babatda öňdäki orunlary eýeleýär we bar bolan ekologiýa meselelerini goňşy ýurtlar, Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlar, şeýle hem abraýly halkara guramalary, ýöriteleşdirilen düzümler bilen ýygjam aragatnaşykda çözmäge hem-de olaryň öňünii almaga täze çemeleşmeleri öňe sürýär. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça kabul edilen möhüm halkara resminamalary, şol sanda Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy, Hazar deňziniň gidrometerologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy we Hazar deňziniň suw serişdelerini saklamak hem-de ony netijeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşygy görkezmek bolar.

Halkara bilermenleriniň kesgitlemegine görä, Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa taýdan has amatly hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňde görüjilikli döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzda ykdysadyýetiň senagat pudaklaryny ekologiýa taýdan pugtalandyrmak, umumy ykrar edilen kadalary we hukuk ülňülerini nazara almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň halkymyzyň ähli .babatda bagtyýar we abadan durmuş derejesiniň möhüm bölegi hökmünde döwlet derejesinde ykrar edilen ekologiýa ugry bilen berk baglanyşyklydyr.

Mälim bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan beýleki Hazarýaka döwletleri bilen bilelikde Hazaryň ekologiýa maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşdy. Bu maksatnamanyň çäklerinde 2003-nji ýylyň noýabrynda Hazar deňziniň gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) işlenip taýýarlanyldy we oňa gol çekildi. Ol Hazar deňzinde tebigaty goramak işiniň hukuk esaslarynyň binýadyny emele getirdi. Bu konwensiýa 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda ähli Hazarýaka döwletleriniň parlamentleriniň tassyklamagy bilen güýje girdi we şol döwürden bäri şol gün resmi ýagdaýda Hazaryň Halkara güni diýlip yglan edildi. BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky Maksatnamasynyň başlangyjy boýunça bu sene ähli Hazarýaka ýurtlary tarapyndan giňden bellenilýär.

Şol gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän çäreler döwletimiziň köpugurly ekolgiýa syýasatynyň giňden wagyz edilmegine,  halkara hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we giňeldilmegine, ekologiýa ulgamynyň, iri suw howdanynyň biologik köpdürlüliginiň we baýlyklarynyň saklanmagynyň hem-de ygtybarly goralmagynyň bähbidine tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilýär.


Ýeri gelende aýtsak, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar üçin ajaýyp şypahana merkezine öwrülýär. Onda ynsan bilen tebigatyň sazlaşykly gatnaşyklary, kenar ýakasynda döredilýän döwrerbap dynç alyş düzüminiň tebigy aýratynlyklar bilen utgaşmagy emele gelýär. Bu ýerde kaşaň myhmanhanalar, şypahana düzümleri, dynç alyş merkezleri ekologiýa howpsuzlygy boýunça halkara ülňülerine laýyk derejede bina edilýär. 

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň deňiz ulag düzüminiň ösdürilmegi we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň çäginiň giňeldilmegi bilen Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Şeýle hem gojaman Hazaryň bioköpdürlüligini goramak hem-de saklamak boýunça geljekki çäreler toplumyny kesgitlediler.  


TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmeli:

1. 2008-nji ýylyň 25-nji iýunynda kabul edilen «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 2, 34-nji madda; 2009 ý., № 2, 33-nji madda; 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2011 ý., № 3, 62-nji madda; 2012 ý., № 1, 11-nji madda, № 3, 85-nji madda; 2013 ý., № 2, 28-nji madda; 2014 ý., № 1, 49-njy madda, № 4, 148-nji madda; 2015 ý., № 3, 107-nji madda, № 4, 145-nji madda) 6-njy maddasynyň   3-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«3) şu Kanunyň 20-nji maddasy bilen bellenilen sanaw boýunça işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünleri (mundan beýläk ‒ ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünler) tassyklaýar. Ygtyýarlylandyrmak hakyndaky düzgünlerde işiň aýry-aýry görnüşlerine çäklendirmeler bellenilip bilner.».
2. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3,  52-nji madda, № 4, 76-njy madda; 2014 ý., № 1, 45-nji madda, № 2,  79-njy madda, № 4, 162-nji madda; 2015 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 104-nji madda, № 4, 124-nji we 143-nji maddalar; 2016 ý., № 1, 6-njy madda):
173-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«1731-nji madda. Düzüminde nikotin ýa-da adamyň saglygy üçin zyýanly beýleki maddalar bar bolan ösümlikleri ekmek ýa-da ösdürip ýetişdirmek kadalarynyň bozulmagy
1. Düzüminde nikotin ýa-da adamyň saglygy üçin zyýanly beýleki maddalar bar bolan bir we köpýyllyk ösümlikleriň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalaryň bozulyp ekilmegi ýa-da ösdürilip ýetişdirilmegi, eger bu temmäki önümleriniň öndürilmegi üçin çig mal (temmäki çig malyny) almak maksady bilen edilen bolsa, – 
görkezilen ösümlikleri muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär. 
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi, – görkezilen ösümlikleri muzdsuz alyp ýa-da alman, binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.»;
451-nji maddanyň birinji böleginde «172–173-nji» diýen sanlary «172–1731-nji» diýen sanlara çalşyrmaly.
3. 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4,  90-njy madda; 2015 ý., № 1, 34-nji madda):
9-njy maddada:
2-nji, 3-nji, 5-nji we 8-nji bentleri şu görnüşde beýan etmeli:
«2) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagyny amala aşyrýar; 
3) temmäki önümlerini ulanmagyň öňüniň alynmagy çygryndaky işleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýar;»;
«5) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzýär, tassyklaýar (kabul edýär), ýatyrýar, olara üýtgetmeleri girizýär;»;
«8) raýatlaryň saglygyna temmäki tüssesiniň täsiriniň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligine monitoringi we baha bermegi, şeýle hem monitoringiň netijeleri hakynda maglumatlaryň ýaýradylmagyny amala aşyrýar;»;
8-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«81) sertifikatlaşdyrmak babatda ygtyýarly edara bilen bilelikde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibe laýyklykda temmäki önümlerini sertifikatlaşdyrmagy amala aşyrýar;»;

11-nji maddanyň 3-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«3) Temmäki önümleriniň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklygynyň sertifikatlaşdyrylmagy boýunça geçirilýän işleriň böleginde – «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy  ygtyýarly edara bilen bilelikde;»;
14-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Temmäki önümleriniň getirilmegini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen degişli ygtyýarnamasy bolan şahslar amala aşyrýarlar, şu maddanyň dördünji bölegi muňa degişli däldir.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti   
Gurbanguly Berdimuhamedow


Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 29-njy ýanwary.
№ 344-V.


Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň işini talaba laýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň işini talaba laýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň Nebitgaz ministrliginiň işini talaba laýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.


Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy. 

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümleriniň işleri barada hasabat berip, ilatyň iş bilen üpjünçilik meselesini çözmäge gönükdirilen işler hakynda habar berdi. 

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, “Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu maksatnama anyk çäreleriň toplumyny, şol sanda degişli ugurda kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak işini öz içine alýar. Häzir ýurdumyzyň sebitlerinde zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary hereket edýär. Iş gözleýänleri hasaba almak, iş berijileriň işçi güýjüne bolan isleglerini öwrenmek, iş gözleýänleriň işe ýerleşmegine ýardam bermek we zähmet bazaryndaky meseleleri kadalaşdyrmak bu edaralaryň esasy wezipeleri bolup durýar. 

Hereket edýän milli kanunçylygyň esasynda “Türkmenistanda iş gözleýän adamlary hasaba almagyň we olary işe ýerleşdirmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň tertibiniň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Degişli ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň isleglerine laýyklykda, ýurdumyzda zähmet gorlaryny netijeli dolandyrmak, zähmete ukyply ilaty iş bilen üpjün etmek boýunça işler geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze taryhy döwürde Türkmenistanda ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini gazanmaga hem-de halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň, şol sanda halkara ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nygtady. Senagat düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak, innowasion önümçilikleri döretmek döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Bu babatda zähmet bazarynyň iş netijeliligini ýokarlandyrmak, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ykdysady toplumy hem-de durmuş ulgamyny zerur işgärler bilen üpjün etmek aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda iş üpjünçilik ulgamyny, raýatlary işe ýerleşdirmek boýunça ilata degişli hyzmatlary etmegiň tertibini has-da kämilleşdirmek hem-de bu babatda wezipeleri üstünlikli çözmäge ünsi çekdi. Şunda hormatly Prezidentimiz adamlaryň abadançylygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolmagynda galýandygyny aýratyn nygtady. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň derektory Ý.Kakaýew döwlet Baştutanymyzyň nebitgaz toplumynyň işini we dolandyryş düzümini kämilleşdirmek bilen bagly beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen “Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi hakynda” Düzgünnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. 

Şeýle hem wise-premýer iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesini ilerletmek boýunça işler hakynda hasabat berdi. Olaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga ýardam eder. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň düzümine girýän edara-kärhanalaryň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän önümleri artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmakda bu senagata ähmiýetli orun berilýär. 

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada” Karara gol çekip, wise-premýere ýangyç- energetika toplumynyň dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy dünýä tejribesini, häzirkizaman halkara ölçeglerini yzygiderli ornaşdyrmak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Wise-premýer häzirki wagtda ýerleriň, tohumlaryň we tehnikanyň gök we bakja ekinleriniň ýaz ekişine taýýarlanylýandygyny habar berdi. 

Şunuň bilen birlikde, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça zerur agrotehniki çäreler geçirilýär, şol sanda ösüş suwy tutulýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. 

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumyny dolandyrmagyň düzümini kämilleşdirmek babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» hem-de «Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» kararlaryň taslamalaryny hödürledi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaýyň we gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga ünsi güýçlendirmek barada degişli görkezmeleri berdi. 

Munuň özi “ak altynyň” bol hasylyny almagyň möhüm şerti bolup durýar. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ekerançylyk pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak babatda hem anyk tabşyryklar berildi. 

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz bazarlarymyzy gök-bakja önümleri bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmek, gaýtadan işlemek hem-de eksporta ibermek meselesini içgin seljermegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» hem-de «Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» Kararlara gol çekip, wise-premýere obasenagat toplumyny dolandyrmagyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak hem-de döwlet tebigaty goraýyş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen “Çaly” hususy kärhanasynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, täze senagat toplumynyň ulanylmaga berilmegi netijesinde, ýurdumyzda içerki bazary hususy önümçiligiň çykarýan gidroizolýasiýa serişdeleri bilen doly üpjün etmek wezipesi çözülýär. 

Ýerli çig maly peýdalanmaga esaslanan iň döwrebap enjamlar bilen döwrebaplaşdyrylan önümçilik ýylda 10 million inedördül metr ýokary hilli önümçilik kuwwaty bolan izogam we folgaizol çykarmaga niýetlenendir. Pudagyň kärhanalarynda häzirki wagtda jemi ýylda 13 million inedördül metr gidroizolýasiýa serişdeleri öndürilýär hem-de onuň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmak üçin hemme mümkinçilikler bar, çünki esasy çig mal hökmünde ýurdumyzyň nebit bitumy ulanylýar. Ol bolsa nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýeterlik möçberde öndürilýär. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyny ösdürmek, şol sanda Türkmenistanyň çig mal serişdeleriniň mümkinçiligini durmuşa geçirmäge gönükdirilen täze kärhanalary döretmek boýunça geçirilýän işleriň depginini çaltlandyrmagyň hem-de bellenilen möhletinde tamamlamagyň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän we daşary ýurtlara iberilýän bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, içerki bazary ýurdumyzda çykarylýan ýokary hilli harytlar, şol sanda gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde hususy telekeçilige möhüm orun berilýändigini nygtap, pudaklaryň arasyndaky sazlaşykly işiň, kärhanalary dolandyrmaga hem-de olaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, bazary öwrenmegiň häzirki zaman usullaryny peýdalanmaga degişli guramaçylyk ugurlaryny üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän sementiň möçberini artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýerler B.Ereşowa hem-de P.Taganowa ýylda 100 müň tonna sement öndürýän kiçi zawodlary gurmagy telekeçilere tabşyrmak barada görkezme berdi. Bu kärhanalary gysga wagtyň içinde gurmak üçin, eger zerur bolsa, telekeçilere karz serişdelerini almaga ýardam etmelidigini aýtdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Satlykow gözegçilik eýdän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň edara-kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, ýapyk paýdarlar jemgyýetleriniň birnäçesi, şol sanda “Demirýolçy”, “Türkmen hemrasy”, “Deňiz söwda floty” jemgyýetleri döredildi. 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zerur resminamalary degişli gulluklar bilen bilelikde doly taýýar edildi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk dolandyryş ulgamyna döwrebap usullary we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi. Munuň özi döwrüň talabydyr we döwlet düzümleriniň öňünde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, olaryň işini has-da kämilleşdirmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz döwrebap ulag düzüminiň hem-de ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz şertidigini belläp, bu pudaklary has-da döwrebaplaşdyrmagyň hem-de täze tehnikalary we enjamlary giňden ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow şu ýylyň 9–11-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini hem-de onuň çäklerinde türkmen-türk işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, her ýyl geçirilýän sergä gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyndan uly wekiliýet türkmen paýtagtyna geler. 

Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň düzümine dürli ugurlarda – maşyn gurluşyk, himiýa senagaty, senagat, oba we suw hojalyk pudaklary üçin enjamlary öndürýän hem-de söwda, bilim, gurluşyk ugurlarynda we beýleki ulgamlarda işleýän 100-den gowrak türk kompaniýasynyň wekilleri girýär. 

Türkiýeli işewürlere diňe bir önümçilik kuwwatyny, iň täze tehnologiýalaryny hem-de öz kompaniýalarynyň mümkinçiliklerini görkezmäge däl, eýsem, türkmen hyzmatdaşlary – dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik dörediler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, gyzyklanma bildirýän türk kompaniýalarynyň ählisi we maýadarlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen şeýle sergileriň we işewür duşuşyklaryň geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň halklaryny taryhyň dowamynda kemala gelen ruhy däpleriň umumylygynyň, hakyky doganlyk we dostluk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, iki ýurduň ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, uzakmöhletleýin hem-de özara bähbitlilik esasynda guralýan köpugurly hyzmatdaşlygy berkitmäge çalyşýandygyny belläp, bu çäreleri ýokary derejede geçirmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine nägilelik bildirip, onuň işinde bar bolan kemçilikleri çalt aradan aýyrmagy tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Şanly sene mynasybetli Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda döwlet nyşany bolan milli Tugumyza bagyşlanan dürli baýramçylyk dabaralarynyň, konsertleriň, sergileriň, maslahatlaryň, medeni çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. 

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde döwlet Baştutanymyzyň ählihalk tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan senesi mynasybetli “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly konsert geçiriler. 

Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütüniniň açylyş dabarasynda welaýatyň sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna taýýarlyk görülýär. 

Paýtagtymyzdaky “Abadançylyk” binasynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy guralar. 

Baýramçylyk gününde däp boýunça Türkmenistanyň Baş baýdagyna gül goýmak dabarasyndan başlanýar, Maslahat köşgünde meşhur aýdymçylaryň, bagşylaryň, görnükli sazandalaryň, ýurdumyzyň folklor we tans toparlarynyň gatnaşmagynda döwlet konserti bolar. Uly konsert Türkmenistanyň Baş baýdagynyň öňündäki meýdançada hem geçiriler, dabaralar baýramçylyk feýerwerki bilen tamamlanar. Şol gün baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda hem guralar. 

Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň, ilkinji nobatda, ýaşlary ahlak hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemekde örän wajyp orun tutýandygyny nygtap, ählihalk baýramçylygyna—Garaşsyzlygy, özbaşdaklygy, milli jebisligi alamatlandyrýan Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan çäreleri ýokary guramaçylyk we döredijilik derejesinde geçirmegiň aýratyn ähmiýetini belledi hem-de bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň çäklerinde taryhy we medeni ýadygärlikleriň örän köpdügini, olaryň köpüsiniň gadymy döwürlerden bäri saklanyp galandygyny, bu ýadygärliklere dünýä jemgyýetçiliginiň, dürli döwletleriň uniwersitetleriniň alymlarynyň uly gyzyklanma bildirýändigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu barada özüniň öň hem aýdandygyny belläp, gynansak-da, öz taryhymyzy öwrenmegi talaba laýyk ýola goýup bilmeýändigimizi, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi göwnejaý ýagdaýda saklamaga hem ýeterlik üns berilmeýändigini nygtady. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärliklere syýahatçylaryň gezelençlerini guramaga hem az üns berilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler M.Ýazmuhammedowa hem-de S.Toýlyýewe ýüzlenip, türkmen halkynyň taryhyny düýpli öwrenmek üçin Ylymlar akademiýasynda ýörite topar döretmegiň zerurdygyny tabşyrdy. Şeýle hem, döwlet Baştutanymyz taryhy ýadygärliklerimizi abadanlaşdyrmak we abat saklamak üçin ýörite gazna döredilse, peýdaly bolar diýip belledi. 

Paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlary mynasybetli 2017-nji ýylda ýurdumyza köp sanly myhmanlar geler diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Dünýäniň dürli döwletlerinden gelen myhmanlaryň ýurdumyzdaky ýadygärlikler bilen tanyşmaklary üçin hem zerur şertleri döretmeli. Şoňa görä-de, taryhy we medeni ýadygärliklerde abadanlaşdyryş işlerini geçirmeli. Bu işleri ozalky Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýdan başlasak, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň Änewde ýerleşýän ýadygärliklere hem baryp görmekleri üçin şertler döredilse gowy bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler, “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügini” hem-de “Türkmen diliniň orfografik sözlügini” taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. 

Dilçileriň iş topary tarapyndan 50 müň töweregi sözi, täze adalgalary hem-de söz düzümlerini özünde jemleýän “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi” hem-de dürli sözleriň 110 müň töweregini özünde jemleýän “Türkmen diliniň orfografik sözlügi” işlenip taýýarlanyldy. 

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde islendik diliň sözlük goruny öwrenmegiň, sözlükleri düzmegiň ähmiýeti örän uludyr diýip belledi. Şunda ähli sözlükleri düzmekde esasy wezipe bu ugurda dünýä tejribesini netijeli ulanmak we milli diliň söz baýlyklaryny öwrenmek bolup durýar. Şoňa görä-de, sözlükler düzülende milli dilimiziň aýratynlyklaryny öwrenmäge, sözlük goruny baýlaşdyrmaga, toplamaga we aýawly saklamaga aýratyn üns bermeli diýip, milli Liderimiz belledi. Dilimiziň baýlyklaryny hemişe aýawly saklap, nesilden-nesle geçirmek hem esasy wezipeleriň biridir. Häzirki döwürde jemgyýetiň ruhy durmuşynda sözlükleriň möhüm orny barha aýdyň duýulýar. Halkyň medeni mirasyna baha bermekde hem sözlükleriň örän uly ähmiýeti bar. Sebäbi, sözlükler adamlaryň durmuşy, başdan geçiren kynçylyklary hem-de şatlykly wakalary barada taryhy çeşmeler esasynda anyk gürrüň berýän maglumatlar toplumydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Islendik sözlükde ýerleşdirilen her bir söz milli dili döreden halkyň ýaşaýyş-durmuşy we asyrlaryň dowamynda alyp baran işleri bilen berk baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Sözlükler halkyň milli medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Her bir adamyň durmuşynda hem sözlükleriň örän uly ähmiýeti bar. Sözlükleri özleşdirmek, olary yzygiderli ulanmak sözleýiş medeniýetini ýokarlandyrýar diýip, milli Liderimiz belledi. Sözlükler her bir adamyň öň bilýän, ulanýan we düşünýän sözleriniň we durnukly söz düzümleriniň sanyny artdyrmaga ýardam edýär. Diliň kadalary bilen tanyşmaga şert döredýär. Sözlükleriň ulanylmagy sözleri, grammatik kadalary talaba laýyk peýdalanmagy we sözleri dogry aýtmagy öwredýär. Sözlükler dil baradaky bilimleri hem artdyrýar. Sözleriň manysyna has düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Dogry pikirlenmek endiklerini ösdürmäge ýardam edýär. 

Häzirki taýýarlanan «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň» we «Türkmen diliniň orfografik sözlüginiň» örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sözlükler Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda taýýarlanan ilkinji sözlükler bolup durýar diýip nygtady. Bu sözlükleri taýýarlamaga gatnaşan alymlaryň we ylmy işgärleriň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek bilen, milli Liderimiz Ylymlar akademiýasynda bu sözlükleriň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmegi, sözlükleri her bir edarada işleýän adamlar, ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplar we okuwçylar ulanyp biler ýaly ýeterlik möçberde neşir etmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer paýtagtymyzda öňden bar bolan ýollary düýpli abatlamak hem-de täze ýollary gurmak, ýaşaýyş jaýlaryny we olara ýanaşyk ýerleri abadanlaşdymak, elektrik geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Hökümetiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Mary– Maşat elektrik geçirijisini gurmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde taýýarlanan täze elektrik geçirijisini we transformator bekedini gurmak boýunça teklipler hödürlenildi. 

Wise-premýer slaýdlary görkezmek arkaly türkmen elektrik energiýasynyň goňşy Eýrana iberilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen amala aşyrylýan bu taslamanyň çäklerinde elektrik geçirijileriň 2-siniň - Mary DES-inden Sarahs şäherine çenli 500 kW kuwwatlykdaky 150 kilometrlik elektrik geçirijisini, soňra bolsa Sarahsdan Eýranyň serhedine çenli 400 kW kuwwatlykdaky 15 kilometrlik elektrik geçirijisini gurmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek maksady bilen, bu ýerde geçirilýän abadanlaşdyryş işleriniň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň ähli babatda nusgalyk şäher bolmalydygyny aýdyp, abadanlaşdyryş we gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigini nygtady. 

Şeýle hem milli Liderimiz öňden bar bolan elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak, ýokary woltly elektrik geçirijileri çekmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan taslamalaryň wajypdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň okgunly ösmegine hem-de önümçilik we eksport kuwwatynyň artmagyna ýardam edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýollaryň gurluşygyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem möhümdigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda nebitgaz pudagy ýol gurluşygyny zerur bolan ýokary hilli bitum bilen üpjün edip bilmeýär. Şoňa görä-de, biz ýokary hilli bitumy walýuta töläp, daşary ýurtlardan getirmeli bolýarys. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýerler Ş.Durdylyýewe we S.Toýlyýewe bu meseläniň üstünde işlemek, bu işe Ylymlar akademiýasyny hem çekmek, öňdebaryjy daşary ýurt tejribelerini öwrenmek tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz ýol gurluşygyny zerur bolan çig mal bilen üpjün etmek meselesiniň gysga wagtyň içinde çözülmelidigini nygtap, geçirilen işler barada Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň amala aşyrýan işleri, hususan-da, Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara guramalarynyň 44-siniň agzasy bolup durýandygy, olaryň 15-siniň Aşgabatda wekilhanalarynyň bardygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň BMGÖM, UNISEF, UNESKO, BSGG, BMG ÝYK, EKOSOS ýaly iri ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri we beýleki guramalar bilen gatnaşyklary strategiki häsiýete eýedir. 

Netijeli häsiýete eýe bolan bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy. 2007-nji ýyldan başlap, Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise-başlyklygyna ençeme gezek saýlanylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz BMG-niň geňeşleriniň we iş toparlarynyň 13-siniň başlygy, başlygynyň orunbasary ýa-da agzasy bolup durýar. 

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen halkara maslahatyna halkara guramalarynyň 27-siniň wekiliýetiniň gatnaşmagy hem ýurdumyzyň halkara giňişliginde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. 

Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl hem halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda köpsanly çäreleriň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Şol çäreler möhüm ugurlaryň ençemesi boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlanar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň geljekde hem halkara düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegi göz öňünde tutýandygyny tassyklady. Şol guramalar bilen özara gatnaşyklaryň köp ýyllyk baý tejribesi toplanyldy, dürli ulgamlarda bilelikdäki maksatnamalar hem-de taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi we amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlerine, sebit we dünýä möçberinde abadançylygyň hem-de rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýändigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde bu däp bolan gatnaşyklaryň has netijeli we okgunly häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň gatnaşmaga meýillidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen we tutuş dünýäde abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmäge hem-de ösdürmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary ilerletmek we durmuşa geçirmek boýunça möhüm çäreleriň görülmeginiň ähmiýetini belledi. 

Milli Liderimiz halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin uly kuwwatyň bardygyna ünsi çekip, wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary, şol sanda öňümizdäki çärelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek we geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar barada durup geçdi. Şol gatnaşyklar öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, deňhukuklylyk, uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen 28-nji ýanwarda geçiren duşuşygynyň barşynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Milli Liderimiz Russiýanyň ýurdumyzyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny, onuň bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer–medeni ulgamlarda ägirt uly kuwwata we mümkinçiliklere eýedir. Soňky ýyllarda türkmen-rus gatnaşyklary sebit derejesinde hem has işjeň ösdürilýär. Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň iri senagat we medeni merkezleri, aýry-aýry sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýdy. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge degişli anyk tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başylygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada çykyş edip, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanýandygy barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, kanunçylyk işiniň döwrüň talabyna hem-de halkara ölçeglerine kybap gelýän täze kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyny nygtady. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerlere ýüzlenip, 2016-njy ýylda ýurdumyz boýunça ençeme iri hem-de möhüm desgalaryň ulanylmaga berilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny nygtady. Milli Liderimiz desgalaryň ýokary hilli gurulmagyna hem-de olary ulanmaga bermegiň möhletlerine aýratyn üns bermegi talap edip, bir hepdäniň dowamynda gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan gurluşyklaryň barşyny hem-de ýagdaýyny seljermek boýunça iş maslahatyny geçirmegi tabşyrdy hem-de bu ulgamda ähli işleri berk gözegçilikde saklamalydygyny nygtady. 

Soňra döwlet Baştutanymyz ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň ruhy medeniýetiniň dürli çeşmelerinden maglumatlary toplandygyny we häzir bu bahasyna ýetip bolmajak maglumatlaryň “Paýhas çeşmesi” ady bilen neşir edilendigini habar berdi. Milli Liderimiz neşirde jemlenen pähimleriň öz ähmiýetini häzirki güne çenli saklap galandygyny hem-de türkmen halkynyň däp-dessurlaryna we medeniýetine sarpa goýýanlaryň ählisi üçin gymmatly gollanma boljakdygyny nygtap, mejlise gatnaşyjylara bu ýygyndynyň nusgalaryny gowşurdy. Häzirki wagtda halkymyzyň gadymdan gelýän däplerini we medeniýetini dikeltmek döwlet ähmiýetli wezipe bolup durýar. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.