21 Şubat 2016 Pazar

Daşoguz Welaýatynda Orta we Kiçi Tekeçiligi Ösdürmek Üçin Amatly Şertler Döredildi

Daşoguz welaýatynyň Nyýazow etrabynyň Nowaýy daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän hususy kärhana jaýyň üçeklerini çykarmak bilen meşgullanýar. Ýedi ýylyň dowamynda bu hususy kärhana ýurdumyzyň gurluşyk harytlaryň bazarynda durnukly orun eýeledi. 

Üçeklik şiferi , metall çerepisasyny, reňklenen metallik listden taýýarlanan düşelýän profillerine sargytlary hususy telekeçilerden, bütin ýurdumyzyň edaralaryndan we kärhanalaryndan gelýär. Hususy kärhananyň çykarýan önümi häzirki zaman talaplaryna we ülňülerine doly laýyk gelýär we özüniň berkligi , ähli howa şertlerine durnuklylygy bilen tapawutlanýar. 



Şehde Ýaponiýada öndürilen ýokary hilli tehnologiýalar ornaşdyrylan. Işiň alnyp barlyşu tutuş awtomatlaşdyrylan. Şu ýylyň ýanwar aýynda uzynlyk metr ölçeginde alanyň bäş müň metall üçek önümleri öndürildi. Hususy telekeçileriň işiniň ilerlemegi döwlet tarapyndan ýerli işewürlere edilýän goldawyň netijesindedir. Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, kiçi we orta tekeçiligiň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin döredilýän şertler esasynda ýurdumyzda hususyýetçilik ösýär we özgerýär.


Gadymy Kitaplar Näme Barada Gürrüň Bererler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň gaznasynda türkmen, arap we pars dillerinde ýazylan gol ýazma we haşamçylyk kitaplarynyň 10 müňden gowragy saklanylýar. Biziň günlerimize çenli gelip ýeten bu gymmatly we seýrek kitaplar diňe bir biziň ýurdumyzyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolman, eýsem olar dünýäniň ruhy we maddy medeniýetiniň hem gymmatlyklarydyr. 



Türkmen halkynyň kitap medeniýetiniň taryhynyň kökleri asyrlaryň jümmüşine, ýazuwyň döreýiş gözbaşlaryna aralaşýar. Şol gadymy döwürlerde ata-babalarymyz daşlaryň, mallaryň eýlenen derileriniň, tagta bölejikleriniň, gaýyş bölekleriniň ýüzlerinde ýazgy döredipdirler. Ussatlar köp asyrlaryň dowamynda kitaplary döretmekde we bezemekde ýerli däp-dessurlaryň giden bir toplumyny döredipdirler. Ýazuw ýadygärlikleriniň arasynda “Awesta” ýygyndysy aýratyn orun eýeleýär. Ol biziň eramyzdan öňki VI asyrda gaýtadan işlenen göle hamlaryny 12 müň bölegine suwuk altyn syýa bilen ýazylypdyr. 

Gündogaryň halklarynyň medeniýetiniň özara baglanyşygy netijesinde ikitaraplaýyn baýlaşma bolup geçipdir. Onuň netijesinde bolsa kitap-kodeks emele gelipdir. Ol eplenen hamkagyz sahypalaryndan ybarat bolup, daşy gaýyş bilen sahaplanypdyr, tetrada ýygnalyp, kitap görnüşinde gündogar usulynda tikilipdir. Orta asyrlarda kitaplary bezemek üçin bütewi gaýyş sahaplamagy taýýarlamagyň tehnikasy bilen bir hatarda geometriki we ösümlik bezegleri, şeýle hem sowuk gyzyl çaýylan basma usuly hem ulanylypdyr. 



Sasanidler dolandyran döwründe hamkagyz golýazma kitaplaryny çeperçilik taýdan bezemekde şol döwüre mahsus bolan däp-dessurlaryň uly ähmiýeti bolupdyr. Olara ýerli elipbiýde ýazylan hat; ösümlik we mineral reňkleri bilen çekilen surat; lukmançylyk, astronomiýa, taryh we filosofiýa baradaky kitaplary ýazanlarynda ulanylýan syýany we suwuk gyzyl degişlidir. 

VII asyryň ortalarynda (b.e.öňki 651) häzirki Türkmenistanyň çäklerinde golýazma kitaplarynyň içki we daşky bezelişine arap täsirleriniň güýçlenmesi bolupdyr. Х–ХII asyrlarda öz kagyz önümçiligi döredilipdir. Gaýşyň ýerine kagyz ulanylypdyr. Bu kitap sungatyny has hem ösdürilmegi üçin itergi beripdir. Bu döwürde kitap toplumyny tikmegiň we sahaplamagyň çeperçilik taýdan bezemegiň täze usullary döräpdir. Bu jiltlemegi bezemegiň görnüşinden we häsiýetinden başlap, tä içki bezeginiň owunjak böleklerine çenli golýazma kitabynyň bitewiligini we dolulygyny kesgitläpdir hem-de golýazma döredilen döwrüniň ruhuny şöhlelendiripdir. 



ХIV-ХV asyrlarda sahaplama işine birnäçe kämilleşdiriş usullary girizilýär we köp sanly täze materiallar gündelik durmuşa goşulýar. Bu döwürde bitewi gaýyş sahaplamak bilen bir hatarda papýe-maşa ýa-da kartondan ýasalan gapaklar ýukajyk gaýyş bilen ýelimlenipdir hem-de gaýyş koreşogy bilen berkidilipdir. Tekiz koreşoklar kitap toplumynyň gyrasynyň daşyna çykmandyr, olar adatça gyzyl, goýy gyzyl we gara reňkli goýnuň ýumşak derisinden taýýarlanypdyr. Kitabyň şirazasy kitabyň ýokarky we aşaky kesimi bilen deň derejede gülli ýüpek sapaklary bilen tikilipdir. Bu döwürde gaýyş sahaplaryna nagyş basma medalon-çarçuwa kompozisiýa görnüşinde döreýär. Ol golýazma kitabynyň dik okunyň merkezinde ýerleşen çarçuwaly jähekden we üç sany feston medalondan ybaratdyr. 

Sahaplaryň daşky ýüzleri owadan bezelişi boýunça olaryň içki bezelişinden pes bolmandyr. Olar arap sungatynyň çylşyrymly nagyşlary boýunça taglymata esaslanan geometriki we ösümlik nagyşlary bilen bezelipdir. Ussalaryň döredijilik fantaziýasyna öwrülen arap sungatynyň çylşyrymly nagyşlary baradaky taglymatyň esasy özeni geometriki we ösümlik nagyşlaryny düzmek, dogry şekilleri we kombinasiýalary düzmek bolup durýar. Olar arhitektura bezeginde we amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşlerinde, şol sanda hem sahaplary, golýazmalaryň sahypalaryny, olaryň meýdançasyny, frontispisleri, zastawkalary, soňlamalary bezemekde döräpdir. 



Döreýşi boýunça çuňňur halky bolan kitap ussalarynyň sungaty netijesinde bahasyna ýetip bolmajak golýazma kitaplary biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Biz olary geljekki nesiller üçin aýawly saklamalydyrys.


Türkmenistanlylaryň Halkara Ýaryşlarynda Üstünligi

2015-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy türgeni Gülbadam Babamyradowa dzýudo boýunça dünýä derejesindäki iri ýaryşda uly üstünlige eýe boldy. Bu gezek Germaniýanyň Dýusseldorf şäherinde geçirilen “Gran-pri” tapgyrynda tapawutlandy, şol ýerde Lebap welaýatyndan bolan halkara derejeli sport ussady 52 kilograma çenli agaramlyk derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.

Dünýäniň 86 ýurdundan türgenleriň 550-ä golaýyny ýygnan abraýly ýaryşa gatnaşyjylar diňe medallar ugrunda däl-de, eýsem reýting ballary ugrunda bäsleşdiler. Şol ballar şu ýylyň tomsunda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk berýär. Ozal habar berlişi ýaly, dünýä, Aziýa çempionatlarynda hem-de geçen ýylyň “Gran-pri” tapgyrynyň ýaryşlarynda eden çykyşlarynyň netijeleri boýunça G.Babamyradowa dünýä sanawynda güýçli dzýudoçylaryň onlugyna girip, 1171 utuk toplady, olimpiýa hasabatynda bolsa 954 utuk toplap, 11-nji orny eýeledi. 

Çemengül Geldibaýewanyň we Gapur Babakulyýewiň şägirdiniň şu gezekki bürünç medaly Gülbadamyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak esasy dalaşgärleriniň sanawyndaky ornuny has-da berkitdi. Türkmen türgeni düşekçede dört tutluşyk geçirdi, olaryň üçüsinde – Koreýa Respublikasynyň toparyndan türgenleriň ikisini (Da Sol Park we Mi-Ri Kim) hem-de Kanadanyň ýygyndy toparynyň wekilini (Ýekaterina Guasa) ynamly ýeňmegi başardy. 

“Gran-pri” tapgyrynyň nobatdaky ýaryşy şu ýylyň martynda Gruziýanyň paýtagty Tbiliside geçiriler, maý aýynda Mehiko (Meksika) şäherinde geçiriljek halkara ýaryşy bolsa Olimpiadanyň öň ýanyndaky jemleýji saýlama tapgyry bolar.  

*** 

Minsk şäherinden hem hoş habar gelip gowuşdy, şol ýerde Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda sport we söweş sambosy boýunça “A” derejesindäki Halkara ýaryşy geçirilýär. Dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan türgenleriň 300-den gowragyny jemlän ýaryşda türkmenistanlylar 7 medala – bir altyn, iki kümüş we dört bürünç medala mynasyp boldular.   

Türkmenistanly türgenler sambonyň söweş görnüşi boýunça erkekleriň arasynda 68 kilograma çenli agramlyk derejede uly üstünlige eýe boldular. Bu ýaryşda Abdylla Babaew ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ata Adaýewiň hem-de Dörtguly Tejenowyň şähirdi finalda özüniň topardaşy, kümüş medala eýe bolan aşgabatly Ylýas Mömünowdan üstün çykdy. Bu agramlyk derejede 14 türgeniň çykyş edendigini bellemelidiris. 

Kümüş medallaryň ýene-de biri 62 kilograma çenli agramlyk derejede gazanyldy, bu ýerde Ahmet Taňryberdiýew tapawutlandy. Ildeşimiz ýaryşda final duşuşygynda diňe belarusly türgenden asgyn geldi. Mergen Welihanow bolsa 74 kilograma çenli agramlyk derejede hormat münberiniň üçünji basgançagyna galdy. 

Türkmenistanlylar söweş sambosy boýunça zenanlaryň toparynda hem bürünç medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Baýrakly orunlaryň üçlügine Arzuw Ýalkabowa (48 kilograma çenli agaramlyk derejede), Hurma Abdyýewa (52 kilograma çenli agramlyk derejede) hem-de Zebo Orunowa (64 kilograma çenli agramlyk derejede) girdiler. Türgenleriň ählisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Omar Muhammetnazarowyň hem-de Baýram Halyllaýewiň ýolbaşçylygynda tälim alýar. 

Mälim bolşy ýaly, sport we söweş sambosy boýunça ýaryşlar 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Şoňa görä-de, halkara ýaryşlarynyň her biri ýurdumyzda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry bolup durýar. 

Häzirki wagtda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda ilkinji synag ýaryşlaryna taýýarlyk görülýär, şol erde yklym derejesindäki toplumlaýyn Oýunlar hem geçiriler. Synag bäsleşikleriniň hataryna sport we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionaty hem girýär. Oňa diňe bir Aziýa sebitiniň däl, eýsem, Okeaniýanyň toparlary hem gatnaşar. 

Häzirlikçe bolsa sambo boýunça ussatlarymyz has-da jogapkärli halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görýärler. Mart aýynyň ahyrynda Moskwada dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň tapgyry (A.Harlampiewiň hatyrasyna), güýzde bolsa Bolgariýada we Horwatiýada çempionatlaryň ikisi – nusgawy birinjilik hem-de sportuň şu görnüşiniň ussatlarynyň arasynda ýaryşlar geçiriler. 


Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen  polipropileni we awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Hytaýyň, Türkiýäniň, Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “A” kysymly tehniki ýody we “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle-de daşary ýurt puluna portlandsement,  arassalanan pagta ýagy, garaköli we saryja goýunlarynyň ýüňi, nah ýüplügi, pagta süýümi, lint we şulha satyldy. Olary Şweýsariýadan, Russiýadan, Hytaýdan, BAE-den, Gyrgyzystandan we beýleki  ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi  bahasy ABŞ-nyň 65 million 528 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri jemi bahasy 10 million 900 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny, saryja goýunlarynyň ýüňüni, nah ýüplügi satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 750 müň manatdan gowrak bolan polipropilen (TNGIZT) we pagta süýümini satyn aldylar.


  

Türkmenistanyň Howa Maglumaty 22.02.2016

Türkmenistanyň Howa Maglumaty
22.02.2016
Aşgabat
+18...… +20°
Türkmenbaşy
+13...… +15°
Balkanabat
+18...… +20°
Mary
+19...… +21°
Türkmenabat
+17...… +19°
Daşoguz
+16...… +17°
http://www.turkmenhabargullugy.com/

20 Şubat 2016 Cumartesi

Russiýanyň Astrahan Oblastynyň Wekiliýeti Bilen Gepleşikler Geçirildi

2016-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Halkara we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri D.Afanasýewyň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen gepleşikler geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki tarapy hem gyzyklandyrýan dürli ugurlar babatda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri boýunça özleriniň hoşallygyny bildirdiler. Şunlukda, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitleri bilen, hususan-da, Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlygy ösdürmeklige ygrarlydygy bellenildi. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Hökümetiniň arasyndaky söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin berk hukuk binýat bolup hyzmat edýändigini bellemek zerurdyr.

Taraplar esasy ünsüni söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine çekdiler. Şeýle-de, gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň arasynda ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.



Gepleşikleriň ahyrynda taraplar özara hormat goýmak we ynanyşmak prinsiplerine esaslanýan oňyn özara gatnaşyklary dowam etmeklige ymtylmalaryny aýan etdiler. 


Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekip, günäsi geçilenleri mundan beýläk esasy we goşmaça jeza çärelerini çekmekden boşatdy.

***

“Standartlaşdyrmak hakyndaky” we “Sertifikatlaşdyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryny ýerine ýetirmek hem-de standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy namalary häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugyna “Türkmenistanyň döwlet standartlaşdyrmak ulgamy”, “Türkmenistanyň döwlet sertifikatlaşdyrmak ulgamy” we “Türkmenistanyň milli laýyklyk nyşany” döwlet standartlaryny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.  

*** 

“Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky” we “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Türkmenistanyň   Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan edara görnüşli taraplaryň, şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplaryň emlägine hem-de  ýangyn sebäpli üçünji taraplara  ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiligine ätiýaçlandyryş goragyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2016-njy ýylyň 1-nji martyndan başlap, Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan edara görnüşli taraplaryň Sanawyna girizilen Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan edara görnüşli taraplar (Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän edara görnüşli taraplar muňa girmeýär), şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplar (mundan beýläk ��" edara görnüşli taraplar) üçin ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyny girizmek bellenildi. 

Edara görnüşli taraplar 2016-njy ýyl üçin ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyryş şertnamalaryny 2016-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli baglaşmaga borçly edildi. 

Edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrmak Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň üstüne ýüklenildi.  

Resminama bilen edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnama; 

Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan edara görnüşli taraplaryň Sanawy; 

Edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyryş gorlaryny emele getirmegiň we harçlamagyň Tertibi tassyklanyldy. 

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine edara görnüşli taraplaryň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy. 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen ylalaşyp, edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça özara hasaplaşyklaryň Tertibini taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy. 

*** 

Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärliklerini aýawly saklamak, geljekki nesillere ýetirmek, düýpli öwrenmek we olaryň goragyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli we şahsy taraplar ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk işlerini we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ylalaşmagy üpjün etmäge borçly edildi. Türkmenistanyň çäginde ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk işlerini we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny ylalaşmagyň Tertibi tassyklanyldy. 

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, degişli ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.