26 Kasım 2014 Çarşamba

Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem ministrlikleriň birnäçesiniň ýolbaşçylary gatnaşdy. Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda sebitlerdäki we paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýyna degişli meseleler girizildi. 

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabatyny diňlegi. Häkim obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler aýtmak bilen, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça geçirilýän agrotehniki çäreler, şeýle hem pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnamak maksady bilen geçirilýän çäreler barada aýtdy. Hasabatyň çäklerinde welaýatyň ýolbaşçysy welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň üçünji çagyrylyşynyň agzalarynyň ýokary derejede geçirilen saýlawlarynyň netijeleri barada habar berildi. Şeýle hem welaýatda bina edilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginleri hem-de öňde boljak Hasyl baýramyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çäreleriň meýilnamasy barada habar berildi. 

Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz möhletinde geçirilmeginiň möhümdigi barada aýtmak bilen, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreleri ýokary hil derejesinde geçirmegiň zerurdygyny nygtady, galladan bol hasyl almagyň şu çäreleriň geçirilişine gönüden-göni baglydygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz şeýle hem pagta ýygymy möwsümini çalt tamamlamak boýunça çäreleri göz öňünde tutmak barada hem görkezme berdi. 

Döwlet Baştutanymyz sebitde ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça işleri amala aşyrmaga toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini bellemek bilen, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz öňde boljak Hasyl baýramy baradaky gürrüňiň üstünde durup geçmek bilen, dabaralaryň ýokary derejede guralmagy üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowy çagyrdy. Ol ýurdumyzyň günbatar sebitinde geçirilýän işleriň depginleri, şol sanda güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Ýekşenbe güni welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri barada hasabat bermek bilen, häkim tutuş welaýat boýunça saýlawçylaryň saýlawlara işeňňir gatnaşandygyny habar berdi. 

Şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler barada habar aýdyldy. Welaýatyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy şeýle hem Hasyl baýramy mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni maksatnama barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, güýzlük bugdaýa göwnejaý ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz şeýle hem welaýatda Hasyl baýramyny geçirmäge taýýarlyk görmegiň we dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. 

Milli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz gurluşyk we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna aýratyn ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz gurulýan binalaryň we desgalaryň welaýatyň ilatynyň täze durmuş derejesini kemala getirmäge ýardam bermelidigini nygtap, olarda gurluşyk işleriniň ýokary derejesini gazanmagy, olaryň göz öňünde tutulan möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi. 

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çykyş edip, sebitde oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şol sanda pagta hasylynyň ýygymyny çalt tamamlamak we güýzlük galla göwnejaý ideg etmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda welaýatda ösüşe degişli toplumlaýyn maksatnamalary, şol sanda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" amala aşyrmagyň barşy, şonuň çäklerinde dürli maksatly täze desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy. Häkim welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralar barada aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, agrotehniki çäreleriň bellenilen möhletlerde geçirilmeginiň obasenagat toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belläp, welaýatyň häkimine bu barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimden welaýatda binalaryň we desgalaryň gurluşygyny göwnejaý hilde we bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen bagly meseleleriň çözülmegine jogapkärli çemeleşmegi talap etdi. Milli Liderimiz Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralara ykjam taýýarlyk görmegiň möhümdigini aýdyp, medeni çäreleri göwnejaý derejede guramak maksady bilen ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewi çagyrdy, ol welaýatdaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem pagta ýygymyny tamamlamak we güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri geçirmek maksady bilen berjaý edilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim dürli maksatly döwrebap binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň depginleri barada hasabat berdi. Welaýatda Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleri hem-de welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri barada aýdyldy. 

Milli Liderimiz Lebap welaýatynyň oba hojalyk pudagynyň işi boýunça ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekip, meýdanlarda galan pagtany ýygnamak üçin ähli güýçleri, şol sanda bar bolan degişli oba hojalyk tehnikasyny gönükdirmegiň möhümdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol bir wagtyň özümde agrotehnikanyň ähli kadalaryny we talaplaryny berjaý etmek arkaly, beýleki möwsümleýin meýdan işleriniň bellenilen möhletde we oňat hilli geçirilmelidigini, oba hojalyk ekinleriniň geljekki hasylynyň hut şoňa baglydygyny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz welaýatda gurulýan binalaryň gurluşygyna degişli meseleler barada durup geçip, bu işe örän jogapkärli çemeleşilmelidigini, şunda şäherlerde hem-de obalarda täze binalaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň, amatly we bezeg taýdan göwnejaý ýagdaýy döretmegiň esasy ýörelge bolmalydygyny belledi. Milli Liderimiz welaýatyň häkimine Hasyl toýunyň geçirilmegine degişli birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz M.Babanazarowy Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi. 

Soňra döwlet Baştytanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi B.Anngurbanowy çagyrdy, ol sebitde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şol sanda pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýagnamak boýunça hem-de güýzlük bugdaýa ideg etmekde agrotehniki çäreleriň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem sebiti ösdürmek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde welaýatda bina edilýän desgalarda işleriň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen geçirlýän işler hakynda habar berildi. Hasabatyň çäklerinde häkim welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň jemleri, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulan baýramçylyk çäreleri barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda geçirilýän oba hojalyk işleriniň göwnejaý ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz şeýle hem welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça geçirlýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz medeni çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, Hasyl baýramyny geçirmek babatynda anyk görkezmeleri berdi. 

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli ilatyny Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli gutlady. Mary şäheri bu hormatly derejä indi ikniji gezek mynasyp bolýar diýip, milli Liderimiz Mary şäheriniň 2012-nji ýylda GDA döwletleriniň medeni paýtagty hökmünde bu hormatly wezipäni üstünlikli ýerine ýetirendigini kanagatlanmak bilen belledi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy çagyrdy. Ol paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, şäher gurluşygy boýunça giň gerimli hem-de täze desgalaryň gurulmagyny, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik- tehniki düzümini döwrebaplaşdyrmak, şäheri toplumlaýyn abadanlaşdyrmak bilen bagly işleriň geçirilmegini göz öňünde tutýan maksatnamany amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýokary derejede geçirilendigi barada aýdyldy. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Aşgabatda şäher gurluşygy boýunça maksatnamany üstünlikli berjaý etmek ugrunda ähli çäreleri görmegi göz öňünde tutmagyň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň durmuşy üçin döwrebap we amatly şertleriň üpjün edilmegine degişli meselelere aýratyn ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda ýaşaýyş jaý toplumlaryny we ýollary abadanlaşdyrmagyň, täze seýilgäh zolaklaryny döretmegiň hem-de ýerlerde arassaçylygyň üpjün edilmeginiň bu maksatnamanyň wajyp ähmiýetli ugrudygyny aýdyp, Aşgabat şäheriniň häkimine bu barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hasabatyny diňledi. Ol gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan alnyp barylýan işler barada aýtdy. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň, hususan-da, şu ýylyň oktýabrynda Ýaşulularyň maslahatynda beren tabşyrygyň ýerine ýetrilişi barada hasabat bermek bilen, “Türkmenistanda ýer-suw serişdelerini tygşytly peýdalanmagyň hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň 2015-2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň” taslamasynyň işlenip taýýarlanylyşy hakynda aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň sebitlerinde täze ekin meýdanlaryny ýerleşdirmegiň çyzgylary hödürlenildi, şol ekin meýdanlaryny medeni zona golaý ýerlerde özleşdirmek göz öňünde tutulýar. 

Hasabat bermegiň barşynda wise-premýer Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýer böleklerini bermek boýunça işiň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda Hasyl toýunyň geçirilmegine taýýarlyk görmegiň barşy barada aýtdy. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýer-suw serişdeleriniň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Hormatly Prezidentimiz täze maksatnamada şol serişdeleri aýawly we rejeli ulanmagyň usullarynyň, ekerançylygyň çalt depgin bilen ösdürilmegine, şeýle hem hasyllylygyň artdyrylmagyna, iş ýüzünde her bir gektar ýerden netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen anyk ädimleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şu meseläniň şol maksatnamanyň amala aşyrylmagyna degişli düzümler bilen bilelikde ýene-de bir gezek içgin öwrenilmelidigine ünsi çekip, wise-premýere resminamanyň taslamasynyň taýýarlanylyşyna degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz wise-premýere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýer böleklerini bermek baradaky işiň netijeleri boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda obasenagat pudagyndaky işleriň ýagdaýyna berk gözegçiligiň üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, Hasyl toýy mynasybetli medeni çäreleri göwnejaý guramagy tabşyrdy. 

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyga Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Garajaýewi çagyrdy. Ol şu ýylyň 20-22-nji noýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda TÜRKSOÝ-yň geňeşiniň mejlisine gatnaşmagyň netijeleri barada hasabat berdi. Ministriň aýtmagyna görä, TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň ХХХII mejlisinde türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýen derejäniň Türkmenistanyň Mary şäherine resmi tertipde berilmegine bagyşlanan dabara boldy, şeýle hem “Kazan-2014-nji ýylda türki dünýäsiniň paýtagty” atly maksatnamanyň çäklerinde geçirilen çäreler barada jemleýji maglumat bilen tanyşdyryldy. Bulardan başga-da, indiki ýylda Maryda doganlyk ýurtlaryň wekiliýetleriniň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamasy tassyklandy, şeýle hem Maryda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň nobatdaky ХХХIII maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Şeýle hem geçirilen çäreleriň çäklerinde Kazanyň medeni paýtagtyň nyşanlarynyň Mary şäherine berilmegine bagyşlanan dabara boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeni gatnaşyklaryň halklaryň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmakda, milli medeniýetleriň özara täsir edişiniň we özara baýlaşmagyny çaltlandyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny nugtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde saýlanyp alynmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy. Milli Liderimiz bu wakanyň halkara medeni-gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýändigini belläp, medeniýet ministrine Mary şäherine türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýen derejäniň berilmegi mynasybetli, indiki ýylda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. 

Şeýle hem maslahatyň barşynda döwlet ähmiýetli möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahaty jemläp, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşanlara işde hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent maksatlara ýetilmegine we ýurdumyzyň rowaçlygyna gönükdirilip, olaryň öňünde goýlan düýpli we jogapkärli wezipeleri berjaý etmekde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
 

http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2520

Ýokary bilimliler iki ýyl gulluk ederler.

Türkmenistanda gulluk ýaşyndaky ýokary bilimli raýatlar, şu güýzki harby çagyrylyşdan başlap, iki ýyl gulluk ederler. Bu baradaky maglumaty paýtagtyň harby wekilliginde tassyklap, degişli buýrugyň hem eýýäm gelip gowşandygyny mälim etdiler.
Türkmenistanda ýokary bilimi bolmadyk ýaş ýigitler harby goşunda iki ýyl gulluk etseler-de, Watan öňündäki hökmany harby borç ýokary bilimliler üçin häzire çenli diňe bir ýyl möhlet bilen çäklenýärdi. Ýokary bilimlileriň gulluk möhleti G.Berdimuhamedowyň döwründe azaldylyp, bir ýyla getirildi, ýogsa ol ozal S.Nyýazowyň döwründe 1 ýyl 6 aýdy.  
Bu düzgün 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň "Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky" kanunynyň 35-nji maddasynda görkezilýär. Häzirki wagtda bu kanuna hökmany harby gulluk möhletiniň üýtgedilendigi hakynda düzediş girizilmändir, şeýle düzedişiň girizilendigi barada ilata elýeterli bolan maglumat hem ýok.
Düşündiriş ýok
Ýokary bilimlileriň Watan öňündäki hökmany harby gulluk borjunyň möhletiniň iki ýyla ýetirilýändigi barada köpçülikleýin habar serişdelerinde häzire çenli resmi maglumat berlenok. Şeýle-de bu düzgüniň girizilmeginiň sebäpleri barada hem maglumat ýok. Paýtagtyň harby wekilliginden hem bu barada degişli düşündiriş alyp bolmady.
Täze giriziljek düzgün barada gulluk ýaşyndaky ýokary bilimli raýatlara mundan ozal resmi taýdan duýduryş ýa-da habar berilmändir. Emma munuň şeýle bolmagynyň ähtimaldygyny aýdypdyrlar. Özi-de indiki ýylyň ýazky çagyrylyş möwsüminden başlap, ýokary bilimlileriň harby goşunda iki ýyl gulluk edip başaljakdygy aýdylypdyr.
Adatça, ýokary bilimi bolan esgerleriň aglabasy gulluk döwrüniň başdaky üç aýynda seržantlary taýýarlaýan ýörite okuw-hünärmentçilik harby bölümlerine ugradylýar. Olaryň harby wekilliklerde, harby bölümlerde hatda ýurduň Goranmak ministrliginiň özünde kompýuterçi, terjimeçi ýaly wezipelerde gulluk edýänleri hem az däl.
Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýyl ýokary okuw jaýy we harby gulluk bilen bagly üýtgetmeleriň ýene-de biri girizlipdi. Ýaňy-ýakynda ýurduň käbir ýokary okuw jaýlarynyň harby kafedralary ýapyldy. Hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki we S.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetindäki harby kafedralar ýapyldy.
Türkmenistanyň konstitusiýasynyň 41-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir. Türkmenistanda harby gulluga 18-30 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar çagyrylýar. Şeýle-de her bir raýat, öz islegi boýunça, 17 ýaşdan başlap hem harby goşunda gulluk edip bilýär.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2521

TRAKÝA UNIWERSITETINDE TÜRKMEN TALYPLARA ÝYGNAK.

Ertir  (27.11.2014) sagat 13:00 da Türkmenistanyň Istanbul başkonsulu Orazmuhammet ÇARYÝEWIŇ etjek ýygnagyna ähli talyplarymyz gatnaşmaly.
Ýygnagyň boljak ýeri:  TRAKÝA UNIWERSITETI MERKEZ KÜTÜPHANE KONFERANS SALONU EDIRNE TURKIYE.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2522

25 Kasım 2014 Salı

Guşakly göreş boýunça hem-de türkmen göreşi boýunça dünýä çempionaty tamamlandy.

Türkmen paýtagtynda güşakly göreş boýunça 12-nji dünýä çempionaty we türkmen milli göreşi boýunça birinji dünýä çempionaty tamamlandy. Üç günläp bowam eden sport baýramçylygynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ynamly ýeňiş gazandy! Dünýä çempionatynyň jemi 32 medalyndan on altysyny, has takygy, olaryň laýyk ýarysyny biziň türgenlerimiz – milli göreş sungatyny, biziň şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan gadymy döwürde döredilen türkmen milli göreş däplerini mynasyp dowam etdirijiler eýelediler. Şunda altyn medallaryň 8-si, kümüş medallaryň 7-si we bir bürünç medal agram derejeleriniň sekizisi boýunça çekeleşikli bäsleşiklerde gazanyldy. Diňe bir kümüş medal we bürünç medallaryň galanlaryny beýleki ýurtlaryň türgenleri gazandylar. Olar şeýle bir köp däldir we diňe "göreş" boýunça gazanylandyr. 

Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä birinjiliginde ýer ýüzünde iň güýçli pälwanlar diýen ady almak ugrunda 23 ýurtdan 200-e golaý türgen gatnaşyp, olar maksatnamanyň dört görnüşi boýunça medallaryň 27 toplumy – jemi 108 altyn, kümüş we bürünç medallar ugrunda bäsleşdiler.
 

Çempionatyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi 45 medaly eýeledi. Olaryň 16-sy altyn, 14-si kümüş we 15-si bürünç medallardyr. Biziň türgenlerimiz şu çempionatyň öň ýanynda geçirilen baha bermelerde Russiýanyň toparyndan soň umumytoparlaýyn ikinji derejäni eýelän hem bolsa, bu ýurduň ýygyndy toparyndan has öňe saýlandy. 

Şeýlelikde, umumytoparlaýyn hasapda ikinji orna jemi 16 medal – 5 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medaly eýeläp, Russiýa Federasiýasynyň ýygyndy topary mynasyp boldy.
 

Üçünji orny bolsa jemi 9 medal – 2 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal alan Ukraninanyň ýygyndy topary eýeledi.
 

Dünýä çempionatynda daşary ýurtlaryň 20 emini we biziň ýurdumyzdan 15 wekil eminlik etdiler. Olaryň ählisi halkara maslahatlaryna we türgenleşiklerine gatnaşmak bilen ýörite taýýarlyk geçdiler.

Guşakly göreşden tapawutlylykda türkmen göreşinde ýeňijiler aýlaw usuly boýunça kesgitlenilýär.
 

Ýaryşlaryň birinji güni türkmen türgenleri 16 medaly eýelediler. Olaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş we 5-si hem bürünç medallardyr. Ikinji güni biziň türgenlerimiz 13 medala eýe boldular. Olaryň 3-si altyn, 1-i kümüş we 9-sy bürünç medallardyr. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşlaryň iki gününiň jemleri boýunça 29 medala – 8 altyn, 7 kümüş we 14 bürünç medala mynasyp boldular.
 

Şol wagta çenli biziň toparymyzyň yz ýanyndan gelýän Russiýa Federasiýasynyň ýygyndy topary has az – 16 medal – 5 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medal gazanyp, ikinji orunda barýardylar.
 

Çempionatyň ilkinji iki gününiň jemleri boýunça jemi 9 medala – 2 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp bolan Ukrainanyň ýygyndy topary üçünji orny eýeledi. Soňky orunlary Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Latwiýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Bolgariýanyň, Daniýanyň, Estoniýanyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň toparlary eýelediler.
 

Şu gün, çempionatyň üçünji güni türkmen milli göreşi boýunça medallar ugruna bäsleşikler geçirildi. Sekiz agram derejeinde türgenler altyn, kümüş we bürünç medallaryň 32-si üçin güýç synanyşdylar. Netijede, çekeleşikli bäsleşiklerden soň, dünýäniň iň güýçli pälwanlarynyň arasynda Türkmenistanyň ýygyndy topary sylaglaryň aglaba köpüsine eýe boldy. Bu uly ýeňiş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan köpçülikleýin bedenterbie – sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek, şeýle hem täze taryhy şertlerde biziň halkymyzyň milli mirasyny gaýtadan dikeltmek boýunça alyp barýan hem-de ileri tutulýan syýasatynyň uly ýeňşidir. Halkymyzyň milli mirasynda biziň ata-babalarymyz tarapyndan döredilen sportuň milli görnüşleri, şol sanda göreş ähmiýetli orny eýeleýär.
 

... Sportuň milli türkmen göreşi türkmenleriň gadymy taryhyndan öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Gadymy taryhy çeşmelerde türkmenleriň ata-babalarynyň göreşiň tälimleri bilen diňe bir erkekleriň däl-de zenanlaryň hem meşgullalnandygy baradaky maglumatlar gabat gelýär. Gadymy grek we rim taryhçylary Turanyň zenanlarynyň başa-baş tutluşykda hatda şöhrat gazanan erkek pälwanlary hem ýeňýändiklerini haýran galmak bilen beýan edýärler. Orta asyr "Gorkut atanyň kitaby", "Görogly" we beýlekiler ýaly eposlarda, şeýle hem rowaýatlarda we hekaýatlarda türkmen zenanlarynyň erkek adamlar bilen bir hatarda basybalyjylaryň çozuşlaryndan ene topragy gaýduwsyzlyk bilen gorandyklary barada aýdylýar. Şonda olara heniz çagalyk ýyllarynda sportuň köp hereketi talap edýän dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary netijesinde alan tälimleri kömek edipdir. Şeýlelikde, türkmenleriň gadymy ata-babalary öz çagalaryny we agtyklaryny heniz körpe ýaşlaryndan başlap göreşiň, at çapmagyň, peýkam atmagyň, gylyç bilen söweşmegiň we beýlekileriň köpsanly tälimlerini öwredipdirler.
 

Şöhrat gazanan esgerler has zehinli şägirtlerine halypalyk edip, ussat söweşijileri ýetişdiripdirler, olar bolsa öz gezeginde toplan tejribelerini indiki nesillere geçiripdirler. Şeýlelik bilen, türkmen milli göreşi nesilden-nesle geçip, asyrlaryň we müňýyllyyklaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.
 

Häzirki döwrüň söweş sungatynyň köpsanly görnüşleriniň arasynda sambo ("ýaragsyz özüňi goramak" diýen söz düzüminden emele gelýär) aýratyn orun eýeleýär. Başa-baş söweşiň bu görnüşiniň düzgünleri geçen asyryň 20-30-njy ýyllarynda kemala geldi we öz-özüňi goramak boýunça dürli milli oýunlaryň, şol sanda türkmen milli göreşiniň usullaryny we tälimlerini özünde jemledi.
 

Sambo göreşiniň resmi taýdan dörän güni 1938-nji ýylyň 16-njy noýabrydyr. 1939-njy ýylyň maý aýynda geçirilen ilkinji sambo boýunça dünýä çempionatynda türkmen pälwanlary ähli agram derejelerinde baýrakly orunlary eýelediler, biziň ildeşimiz Muhammet Gud Şarim bolsa ýeňil agramda altyn medala eýe bolup, sambo boýunça ilkinji dünýä çempionatynyň ilkinji çempiony boldy. Bu derejä ýermek üçin onuň göreşiň milli görnüşi bilen yzygiderli meşgullanmagy ýardam berdi.
 

Ata-babalarymyz tarapyndan nesilden-nesle geçirilen göreş biziň häzirki günlerimize özüniň ilkinji görnüşinde gelip ýetdi. Häzirki wagtda hem ol Türkmenistanda diňe bir ähli toý - dabaralaryň hem-de umumymilli baýramçylyklaryň bezegi bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň köp ýurtlarynda sport söýüjileriň kalbynda mynasyp orun eýeleýär. Aşgabatda dünýäniň iň güýçli pälwanlaryny ýygnan dünýä çempionaty hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Onda türkmen türgenleri özlerini iň güýçli pälwanlar hökmünde görkezdiler.


http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2508

Merw 2015-nji ýylda Türk dünýäsiniń medeni paýtagty bolar.

2015-nji ýylda Türk dünýäsiniń medeni paýtagty çiniń Türkmenistanyń Merw şäherine berilmegi barada karar kabul edildi


Merw 2015-nji ýylda Türk dünýäsiniń medeni paýtagtlygyna saýlandy.
Russiýa Federassiýasynyń Tatarystan Awtanomiýasynyń paýtagty Kazanda geçirlen TÜRKSOÝ-yń 32-nji maslahatynda 2015-nji ýylda Türk dünýäsiniń medeni paýtagty  Türkmenistanyń Merw şäherine berilmegi barada karar kabul edildi.
2012-nji ýylda Gazagystanyń paýtagty Astana, 2013-nji ýylda Türkiýäniń Eskişehir şäheri we 2014-nji ýylda hem Tatarystanyń paýtagty kazanda Türk dünýäsiniń medeni paýtagty hökmünde saýlanypdy.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2510

Toguň tölegi 100% galdy.

Şu ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, Türkmenistanda ilata mugt berilýän limitden artyk sarp edilen elektrik togunyň bahasy 100%-den gowrak ýokary galar.

Bu barada paýtagtdaky "Döwletenergogözegçilik" kärhanasynyň edara jaýynda bilidiriş asylypdyr. Ol bildirişde mugt goýberilýän möçberiň çäginden artyk sarp edilen elektrik togunyň bahasynyň 100 kwt-sagadynyň 2 manat 50 teňňe boljakdygy habar berilýär. Mundan öň toguň 100 kwt sagady üçin 1 manat 20 teňňe tölemelidi.


Bu Türkmenistanda elektrik energiýasynyň bahasynyň soňky ýyllarda eýýäm ikinji gezek ýokary galdygy bolýar. 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hem elektrik energiýasynyň 100 kwt-sagady üçin nyrhlar 30% ýokary galdyrylypdy. Şonda toguň 100 kwt sagadynyň bahasy 92 teňňeden 1 manat 20 teňňä çykarylypdy.

Resmiler elektrik energiýasynyň nyrhlarynyň ýokary galmagynyň sebäpleri barada ilata hiç hili düşündiriş bermeýärler. Habar serişdelerinde bu barada asla hiç hili habar ýa-da maglumat berilmeýär. Resmi metbugatda köplenç elektrik togy mugt diýlip ýazylýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurtda adam başyna 35 kilowat-sagat mugt elektrik energiýasy berilýär. Şondan artygy – tölegli. Şeýle-de, ilatyň käbir gatlagy üçin elektrik togy doly ýa-da bölekleýin mugt berilýär. Mysal üçin, Beýik Watançylyk urşyna gatnaşanlar we inwalidler üçin elektrik energiýasy doly mugt.

Şeýle-de sowet döwründe, ýagny geçen asyryň 20-nji-50-nji ýyllaryndaky repressiýalardan ejir çekenler we çopanlar üçin hem elektrik energiýasy mugt. Harby we hukukgoraýjy organlaryň işgärleri we bu organlardan ýaşy boýunça zapasa çykan harbylar elektrik energiýasy üçin tölegiň ýarpysyny, ýagny 50%-ni tölemeli. Çernobyl heläkçiliginde ejir çekenler hem elektrik eneriýasy üçin tölegiň 50%-ni tölemeli.

Ýurduň habar serişdelerinde bu barada maglumat berilmänsoň, adamlar elektrik energiýasynyň bahasynyň gymmatlandygyny diňe "Döwletenergogözegçilik" kärhanasynyň edarasyna elektrik togy üçin töleg tölemäge baranlarynda bilip galýarlar.

Türkmenistanyň raýatlaryna elektrik energiýasynyň belli bir möçberi 1992-nji ýylda mugt berlip başlandy. Şonda her aýda adam başyna 25 kilowat-sagat elektrik energiýasy mugt berilýärdi. 1993-nji ýylda mugt berilýän elektrik energiýasynyň limitiniň üstüne 10 kilowat-sagat goşuldy we adam başyna 35 kilowatt-sagat elektrik energiýasy berlip başlandy. Şondan bäri bu limit saklanyp gelýär.

Ilkibaşda elekrtik toguny we tebigy gazy ilata 2015-nji ýyla çenli  mugt bermek göz öňünde tutulypdy. Emma 2004-nji ýylda türkmen hökümeti ýurduň ilatyna elekrtik toguny we tebigy gazy 2030-njy ýyla çenli mugt bermegi dowam etmek kararyna geldi. 


http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2518

Putin Türkiýä barar.

Russiýa Federassiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkiýe-Russiýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 5-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýä barar.
Prezident gullugy tarapyndan berlen beýanata görä Türkiýe Respublikasy bilen Russiýa Federassiýasynyň arasynda 2010-njy ýylyň maý aýynda döredilen Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 5-nji maslahaty 1-nji dekabrada Ankarada geçirler.
Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen maslahata iki ýurduň degişli ministrleri gatnaşar we Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky iki taraply gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.
Maslahatda mundan başgada iki ýurdy ýakyndan gyzyklandyrýan sebitara we halkara meseleler serediler.



http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2512