3 Eylül 2016 Cumartesi

Türkmenistanyň Prezidenti Inžener-Tehnologiýalar Uniwersitetiniň Açylyşyna Gatnaşdy

Ýurdumyzda umumymilli derejede bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça döredilýän täze ýokary okuw mekdebiniň — Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylyş dabarasy boldy. 

Ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmegi Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň hem-de innowasion ulgamynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny şöhlelendirýär. Milli Liderimiziň Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli bilim özgertmeleriniň esasynda goýlan oňyn başlangyçlary ýurdumyzyň intellektual — işgärler kuwwatyny artdyrmaga, döwletiň, ylmyň we işewürligiň netijeli gatnaşyklarynyň wezipelerini çözmäge ýardam etmäge gönükdirilen nobatdaky iri taslamada aýdyň beýanyny tapdy.

Şu gün täze ýokary okuw mekdebiniň açylmagy — munuň özi bir bilim ulgamynda ýene-de bir desganyň ulanmaga berilmegi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol bilim babatdaky şanly wakadyr. Bu waka bolsa beýleki pudaklar bilen birlikde, bilim ulgamynyň hem okgunly ösýändigini we öňe barýandygyny alamatlandyrýar. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň goldaw bermeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli ýokary okuw mekdebi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesine, ösüşiň gazananlaryna daýanyp, özüniň ylym-bilim we pedagogik mümkinçiliklerini artdyrýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt döwrebaplaşdyrylmagy, onuň täze, ylym bilen bagly pudaklaryny okgunly ösdürmek hem-de bilimlere esaslanýan jemgyýeti kemala getirmek babatda işgärler üpjünçiliginiň zerurlygy bilen baglylykda iň täze bilim tehnologiýalarynyň we standartlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy tutuş ýokary okuw mekdepler ulgamynyň düýpli özgerdilmegini, soňky ýyllarda hünärmenleri taýýarlamagyň täze hünär ugurlarynyň onlarçasynyň ornaşdyrylmagyny talap etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň eýýamymyz ylmy-tehniki pikiriň okgunly ösmeginiň döwri bolup durýar. Munuň özi bilimleriň, tehnologiýalaryň, magaryfyň we döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüş derejesi bilen şertlendirilendir. Hut şoňa görä-de, Türkmenistanda ýokary kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, öňdebaryjy iş tejribesini ulanmak arkaly döwrebap okuw mekdepleriniň ulgamyny giňeltmäge, ýagny tutuş bilim ulgamynyň innowasion ýol bilen ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Onuň esasy ugurlary hünärleşdirmekden, kompýuterleşdirmekden, okuwlary tehnologiýalaşdyrmakdan, dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmakdan ybaratdyr. 



...Ir säherden Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumynyň öňünde ruhubelentlik hem-de uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, eli baýdakly köpsanly ýaşlar ýygnandylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uniwersitetiň esasy girelgesiniň öňüne gelýär, bu ýerde milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylyş dabarasyna gatnaşýan ýaponiýaly myhmanlar bilen mähirli salamlaşdy. Olaryň hatarynda Ýaponiýanyň biziň ýurdumyzda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahiko Kasumata, düýn Türkmenistana sapar bilen gelen Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Motome Takisawa hem-de Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrliginiň wekilleri we täze gurlup ulanmaga berlen uniwersitetde işlejek beýleki hünärmenler bar. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, ylym, bilim pudagynyň ösdürilmegi, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy we myhmanlary şanly waka mynasybetli guralan dabaralara çagyrdy. 

Uniwersitetiň esasy binasynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada meşhur aýdymçylar hem-de döredijilik toparlary baýramçylyk aýdym-saz kompozisiýasy bilen çykyş edýärler. 

Hormatly Prezidentimiz münbere gelýär we ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisini bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde giňden bellenýän Bilimler we talyp ýaşlar baýramy, şeýle hem Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly eziz Diýarymyz, merdana halkymyz üçin taryhy wakalara, buýsandyryjy üstünliklere örän baýdyr diýip belledi. Şolaryň biri hem täze ýokary okuw mekdebiniň döredilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ol häzirki zaman şäher binagärliginiň hem-de döwrebap bilimler merkeziniň ajaýyp nusgasyna öwrüler.

Öňdebaryjy dünýä tejribesi nazara alnyp bina edilen toplumda talyp ýaşlarymyz döwrebap bilimleri we ylymlary özleşdirerler. Olaryň öz ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologiki ylmy-barlaglaryny Garaşsyz döwletimiziň ylmy-tehnologik binýadyny pugtalandyrmagyň bähbidine gönükdirjekdigine berk ynanýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy. Berkarar döwletimiz özüniň täze taryhyndaky ajaýyp sene bolan Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna uly üstünlikler bilen barýar. Şu günki gazanýan guwandyryjy netijelerimiz – eziz Diýarymyzyň durmuş- ykdysady ösüşi, syýasy taýdan durnuklylyk, jemgyýetimiziň agzybirligi mähriban halkymyzyň tutanýerli we yhlasly zähmetiniň miwesidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

Biz döwrebap obadyr şäherleri gurmak, jemgyýetimiziň döredijilik, aň-bilim mümkinçiliklerini kämilleşdirmek bilen, berkarar döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni binýadyny has-da berkidýäris. Ata Watanymyzyň beýik taryhyna şöhratly sahypalary ýazýarys. 

Eziz Watanymyzyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda ornuny pugtalandyrmakda esasy şertleriň biri bolup durýan bilim ulgamyny hem döwrebap özgerdýäris. Raýatlarymyzyň, ilkinji nobatda bolsa, geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň häzirki zaman ylymlaryny we tehnologiýalaryny düýpli özleşdirmekleri üçin ähli zerur şertleri döredýäris. 



Ýurdumyzyň halkara bilim giňişligindäki abraýyny has-da berkitmek we ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri alyp barýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw — multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerini gurmaga aýratyn üns berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

«Bilim serhetsizdir» diýen taglymatdan ugur alyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, şol sanda Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň meşhur ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürýäris. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, bilim we adam mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. 

Bilimler we ylymlar dünýäsiniň gapylary giňden açylýan şu gün ulanmaga berilýän Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hem ýokary hünärli, ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşjak nesiller bilim alarlar. 

Täze ýokary okuw mekdebiniň türkmenistanly we ýaponiýaly professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň hem-de ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň berkarar döwletimiziň halkara bilim giňişligindäki abraýyny has-da berkitmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň umumy meýdany on iki gektardan ybarat. Toplum bäş gatly baş binany, iki sany okuw binasyny hem-de ylmy-barlag merkezini özünde jemleýär. Bir ýüz segsen bäş okuw otagyndan ybarat ýokary okuw mekdebinde bir wagtyň dowamynda üç müň talybyň okamagy üçin ähli şertler döredildi. 

Paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligine özboluşly öwüşgin berýän täze Uniwersitetde bäş fakultet, on bäş sany hem kafedra işlär. Talyplar bu ýerde materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy; nanomateriallar; himiki tehnologiýa; biotehnologiýa; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy; innowatika ýaly möhüm ugurlar boýunça döwrebap bilim alarlar. 

Uniwersitetde okatmagyň häzirki zaman usullary bolan bakalawr, magistr we doktorant derejeleri ulanylar. 

Okuwyň birinji ýylynda talyplar iňlis we ýapon dillerini düýpli özleşdirerler. Soňky ýyllarda bolsa, sapaklar diňe şu iki dilde alnyp barlar. Zehinli, ylmyň inçe ugurlaryny saýlap alan talyplar bolsa, Ýaponiýanyň uniwersitetlerinde bilimlerini dowam etdirerler. 

Täze binalar toplumynda mejlisler we maslahatlar zaly, ýörite kitaphana we okalga zallary bar. Uniwersitetiň ýöriteleşdirilen otaglarynda we kafedralarynda professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi, ylym bilen meşgullanmagy üçin hem ähli mümkinçilikler döredildi. Ýokary okuw mekdebine ýanaşyk 1200 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy we sagaldyş-sport toplumy ýerleşýär. 



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açylyş dabarasynda çykyş edip, ylym-bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýç bolup durýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, talyp ýaşlarymyz beýik maksada – berkarar Watanymyzy bilimler mekanyna öwürmäge gönükdirilen giň gerimli işlerimize gowy okamak, yzygiderli zähmet çekmek, gurmak, özgertmek, ylym-bilim dünýäsine giňden aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrlar. 

Ýaşlarymyzyň ylym, bilim we hünär taýýarlygy hemişe ýokary derejede bolmalydyr. Bu bolsa geljekde ata Watanymyzyň dünýäde iň ösen, kuwwatly döwletleriň birine öwrülmegine mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belledi. 

Oguz han adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem öz işleriniň ussatlary bolmak bilen, häzirki zaman enjamlaryny we tehnologiýalaryny okuw işinde giňden ulanmalydyrlar. Talyp ýaşlar bolsa, bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ylym-bilim basgançaklarynyň belentliklerine ýetmelidirler. Iş başarjaň, ukyply, kärine ussat hünärmenler bolup ýetişmelidirler. Umuman, nesilbaşymyz Oguz hanyň adyny göterýän Uniwersitet nusgalyk bilim we ylym ojagyna öwrülmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz talyp ýaşlaryň uzak taryhyň dowamynda agzybirligi, parahatçylygy, ynsanperwerligi baýdak edinip gelen merdana halkymyzyň watansöýüjilik, adalatlylyk, belent ahlaklylyk, lebzihalallyk ýaly ajaýyp sypatlaryny özünde jemlemelidigini belläp, täze ýokary okuw mekdebini tamamlan ýaşlaryň geljekde hünär tejribesini üstünlikli geçen, ussat hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine berk ynam bildirdi. 

Men Inžener – tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, şeýle hem ýaponiýaly hyzmatdaşlarymyz bu wezipeleri berjaý etmek üçin arkalaşyp, yzygiderli we ýadawsyz zähmet çekerler diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz hut öz adyndan we türkmen halkynyň adyndan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygy üçin ýaponiýaly myhmanlarymyza, Ýaponiýanyň Imperatory Akihito hem-de Premýer-ministri Sindzo Abä minnetdarlygyny beýan etdi. 

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri şu günki dabaralar bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýaponiýaly myhmanlar bilen bilelikde toý bagyny kesýär we binanyň içine girip, ýokary okuw mekdebiniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp başlaýar. 

Umuman, onuň düzümi bilim, ylym, önümçilik, innowasion we işewürlik ugurlarynyň bir merkezde birleşdirilmegini göz öňünde tutýar. Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň esasy maksada bolsa milli Liderimiziň bir ýyl mundan ozal tassyklan “Ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasyna” laýyk gelýär hem-de giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, döredijilikli pikirlenmegi hem-de oýlanyşykly çözgütleri kabul etmegi başarýan zehinli hünärmenleri ýetişdirmekden ybaratdyr. 

“Uniwersitet” diýen söz latyn dilinden terjime edilende “birleşen” ýa-da “birleşik” diýmegi aňladýar. Onuň häzirki wagtda-da öz ähmiýetini ýitirmändigini aýtmak gerek. Orta asyrlar uniwersitetleri bilim bermek we bilim almak maksady bilen guralypdyr. Wagtyň geçmegi bilen ösüp, uniwersitetler okuwlary ylmy-barlag işleri bilen utgaşdyryp başlapdyr. Ahyrda-da , biziň günlerimizde uniwersitetiň täze görnüşi — bilimiň, ylmyň, önümçiligiň, tehnologiýanyň we işewürligiň birleşdirilmegini göz öňünde tutýan innowasion nusgasy — ýagny innowasion derejeli uniwersitet kemala geldi. 



Häzirki wagtda hut şu nusga bilimleriň ykdysadyýetini ösdürmek, adam mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan wezipeler babatda iň netijeli hasap edilýär. Düýpli ylymlar amaly bilimler bilen baýlaşýar, inžener we tehnologiýalar ulgamynda amaly barlaglar bilen birleşýär hem-de önümçilik bilen gönüden-göni ýakynlaşyp, bar bolan meseleleri çözýär. 

Nusgawy ylym bilimiň hem-de geljegiň IT-tehnologiýasynyň däplerini birleşdiren Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň düzümine ýurdumyzyň dünýä derejesindäki ykdysady, bilim, senagat kuwwatyny gazanmak üçin zerur bolan ugurlary hem-de hünärleri girizildi.

Ine, himiýa we nanotehnologiýalar fakultetinde esasan nanohimiýada tehnologiýalara, elektronika, biolukmançylyga, energiýanyň öwrülmegine ýerli tebigy çig mallaryň esasynda täze serişdeleriň işlenip taýýarlanylmagyna üns berler. Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetinde genomika, amaly immunologiýa, dermançylyk, gen inženeriýasy, öýjükleri köpeltmegiň usullary we tehnikasy, derileri ösdürip ýetişdirmek, DNK-ny rekombinirlemek we beýlekiler öwreniler. 

Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň okuw maksatnamasynyň esasyny maglumat nazaryýetleri, kibernetika, kompýuter ulgamlary we maglumat inženeriýasy düzer. Awtomatika we elektronika fakulteti ýokary hünärli inženerleri, robot tehniklerini, elektronika boýunça hünärmenleri we beýlekileri taýýarlar. Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň amaly ugurly okuwlary innowasion işler we ylmy taslamalaryň täjirleşdirilmegi, marketingiň esasy ýörelgelerini hem-de başarnyklaryny, innowasion önümleri we taslamalary işläp taýýarlamagy, şeýle hem meýilleşdirmegiň esaslaryny we işewürligi alyp barmagyň hukuk ýagdaýlaryny öwretmek ulgamynda talyplaryň biliminiň kemala getirilmegine gönükdirilendir. 

Uniwersitet şäherjigine Ylmy-barlag merkezi, Dil öwreniş merkezi hem-de dersleri çuňňur öwrenmek üçin dürli dillerdäki edebiýat gaznasy bolan kitaphana girýär. Mundan başga-da, ýokary okuw mekdebinde elektron kitaphanasy bar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdebiniň iňlis, ýapon we türkmen dillerindäki owadan suratlar, diwarlyklar we şygarlar bilen bezelen giň eýwanyny synlap, ikinji gatda ýerleşen lingafon otagyna galdy. Ol iň täze multimediýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylyp, iňlis dilini okatmak boýunça derslere niýetlenendir. 

Döwlet Baştutanymyz talyplary okatmak üçin döredilen şertler we otagyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanşyp, bu ýerde oturdylan programma üpjünçiligi, onuň mümkinçilikleri hem-de interaktiw wezipeleri bilen gyzyklandy. 

Soňra milli Liderimiz ýapon dili boýunça okuw geçip duran otaga geldi. Döwlet Baştutanymyz görkezme okuw dersiniň geçişine syn etdi. Onuň barşynda mugallym bu ýerde gurnalan enjamyň, multimediýa tagtasynyň mümkinçiliklerini görkezdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow interaktiw okuw geçilişiniň usullary, talyplara nähili gönükmeleriň hem-de meseleleriň beriljekdigi we olaryň özbaşdak işleri ýerine ýetirişine neneňçi gözegçilik ediljekdigi, okuw geçilişiniň oňa goşmaça serişdeleri näderejede birleşdirmäge, ýaşlarda özbaşdak gözlegiň başarnyklaryny, maglumatlary seljermegi we oňa baha bermegi neneňsi kemala getirmäge mümkinçilik berýändigi bilen gyzyklandy. 

Okuwlar ýapon edim-gylymy üçin däp bolan baş egmek bilen tamamlandy. Günüň dogýan ýurdunyň wekilleri mugallymyň dil biliş derejesine ýokary baha berdiler, talyplaryň taýýarlygyny nazarda tutup, peýdalanylýan okuw maksatnamalary, olary guramagyň ýörelgeleri barada soradylar. Türkmenistanyň Baştutany ýokary okuw mekdebiniň ugry boýunça ysnyşykly aragatnaşyklary ýola goýmagyň we ösdürmegiň türkmen mugallymlaryny hünärlerini ýokarlandyrmaga Ýaponiýa ugradyp durmagyň, özümize ol ýerden hünärmenleri köpräk çagyrmagyň wajypdygyny belledi. 



Okuw geçmek üçin dil saýlamagyň esasy ugurlarynyň arasynda tehnologik hem-de maglumat ugurlary bar. Tehnologiýalar ulgamynda häzirki zaman işläp taýýarlamalaryň köpüsi, şol sanda Internet iňlis dilli ýurtlarda döredilendir. Möçberi we mazmuny boýunça ylmy neşirleriň, okuw we çeper edebiýatlaryň, filmleriň we sazlaryň örän köpsanlysy iňlis dilinde çykarylýar. Dünýäniň iri uniwersitetleriniň ählisi iňlis dilli ýurtlarda ýerleşýär. Iri habarlar agentlikleri işlerinde, ilkinji nobatda, iňlis dilini peýdalanýar. Bir söz bilen aýdylanda, şonsuz häzirki zaman hünärmenine, aýratyn-da, işiň ylym, tehnologiýa ulgamlarynda ýa-da halkara hünär aragatnaşyklary zerur bolan ugurlarda meşgullanýan hünärmene häzirki wagtda işlerini üstünlikli guramak kyndyr. 

Ýapon dili barada aýdylanda bolsa, munuň özi ykdysadyýetde bolşy ýaly, bilim ugry boýunça-da Türkmenistanyň hem-de ýokary tehnologiýalar babatda hemişe öňdebaryjy bolan Günüň dogýan ýurdunyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň meýilnamasy bilen şertlenendir. Ýapon dilini öwrenmek eneçe beýlekilere elýeterli bolmadyk maglumatlaryň ägirt uly giňişligine ýol açýar. ABŞ-dan soň, Ýaponiýa iri kompaniýalaryň sany boýunça ikinji orny eýeleýär. Mundan başga-da, Internetde ýapon dili iňlis we hytaý dilinden soň, iň meşhurydyr. 

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hünärleriň hem-de okuw dersleriniň ýurdumyz üçin täze dili göz öňünde tutulyp, bu ugurlar boýunça okatmaga meşhur ýapon professorlary we alymlary çagyrylýar. Ýokary okuw mekdebinde Ýaponiýa tarapyndan guramaçylyk işlerini Sukuba şäheriniň uniwersiteti öz üstüne aldy. 

Döwlet Baştutanymyz okuw otaglaryny gözden geçirip, iň täze görnüşli kompýuterler hem-de wagtyň şol pursadynda peýdalanyjynyň elleriniň we gözleriniň hereketlerini yzarlamaga ukyply, ekrana çykarylýan üç ölçegli şekilleri dolandyrmaga mümkinçilik berýän 3D-displeýler bilen enjamlaşdyrylan okuw otagyna baryp gördi. Işläp düzüjileriň pikirine görä, “zSpace” atly täze enjam dürli serişdeleriň, desgalaryň taslamalary düzülende, nusgalary taýýarlanylanda olaryň hakyky ýagdaýynyň görülip-eşidilmedik mümkinçilik berer. 

Hormatly Prezidentimiziň baryp gören beýleki otagynda hem talyplar milli Liderimize bu ýerde gurnalan enjamy iş ýüzünde, ýagny 3D-skanerleriň we printerleriň işleýşini görkezdiler. Tehnologiýalar, hakykatdan-da, haýran galdyrýar: 3D-printer islendik zady çap edip bilýär. Döredilýän zadyň ölçegi printerleriň diňe işledilýän meýdançasy bilen çäklidir, ýöne bu meseläni hem çözüp bolýar. 

Printer 3D nusgany ýörite maksatnamada taýýarlanylan geljekki önümi kagyz ýüzüne çykarmak wezipesini berýän kompýutere birleşdirilendir. Bu 3D printerde çap etmek üçin gipsiň esasynda kompozit serişdesi peýdalanylýar. Ol ýokary mümkinçiligi bilen reňkleriň ähli görnüşlerini çykaryp, çap etmäge mümkinçilik berýär. 

Iş usuly şeýle — printerde ownuk dispersli toz azajyk guýulýan, tekizlenilýän ýer bar. Şonuň üstünden kartrijli enjamjyk geçip gidýär hem-de dürli reňkdäki berkidijini gerekli ýerlere sepýär. Ýene-de tozuň bir gaty sepilýär, tekizlenýär, berkidiji sepilýär we şeýle hereket köp gezek gaýtalanýar. Gatlar şeýle bir ýuka, olaryň aşagynda öň ýanyndaky gatlar görünýär. 3D nusgany çap etmek üçin neşir edilýän önümiň çylşyrymlylygyna baglylykda birnäçe sagat gerek bolýar. Iş tamamlanandan soň, taýýar edilen nusga kompozitden seresaplylyk bilen alynýar hem-de ýörite ýerde ýerleşdirilýär. Şol ýerde ol kompressordan çykýan howanyň we ýumşajyk çotganyň kömegi bilen tozdan arassalanylýar. Şeýdip, taýýar önümleri iň ownuk böleklerine çenli görkezip, dürli taslamalary we nusgalary çap etmek bolýar. 

Ýapon wekiliýetiniň agzalarynyň biri — robototehnikasy boýunça hünärmen ýokary okuw mekdebiniň “zSpace”toplumynyň enjamlaşdyrylyşynyň derejesine ýokary baha berip, özi kompýuteriň başyna geçip oturdy hem-de täsin ulgamyň mümkinçiliklerini synady. Ol şeýle hem tejribe geçilýän gurnamany böleklere bölüşdirip, talyba ony ýygnamagy teklip etdi. Talyp üstünlik bilen onuň hötdesinden geldi. 



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdebi bilen tanyşlygyny dowam edip, baş binadan çykdy hem-de Ylmy-barlag merkeziniň toplumyna tarap ugrady. Milli Liderimiziň barýan ýolunyň ugrunda uniwersitet şäherjiginiň çäklerinde artistler çykyş etdiler, aýdym-sazlar ýaňlandy. 

Ylmy-barlag merkezinde döwlet Baştutanymyz fizika barlaghanasyna baryp gördi. Şol wagt awtomatika we elektronika fakultetiniň talyplary bu ýerdäki enjamlardan peýdalanyp, tejribe geçirip otyrdylar. Barlag geçirmek işleri islendik tehniki ýokary okuw mekdebinde fizika boýunça ders taýýarlygynyň möhüm düzüm alamaty bolup durýar. Täze uniwersitetiň innowasion ugurlydygy nazara alnyp, bu ýerde iň döwrebap tejribe binýady döredildi. Ol ylmyň we maglumat tehnologiýasynyň ösüşi bilen deň gadam urup, yzygiderli täzelenip durar. Şol binýat barlaghana enjamlar toplumynyň we gurnamalaryň programma üpjünçiligine birleşdirilmeginiň hasabyna giň mümkinçiliklere eýedir. 

Fizika amalyýetiniň çäklerinde talyplar özleriniň geljekki okuw we hünär işleriniň ugurlaryny anyk şöhlelendirýän barlaglary geçirerler diýip, milli Liderimize barlaghanadaky käbir enjamlar barada gürrüň beren uniwersitetiň mugallymy teswirledi. Mysal üçin, koreý önümçiliginiň bu ýerdäki atom güýçli mikroskopy üstki bölegiň ýa-da ýerleriň elektro geçiriji we magnit häsiýetlerini ýokary takyklyk bilen öwrenip, üç ölçegli relýefiň şekilini almaga mümkinçilik berýär. Ony kristal gözenekde atomyň görnüşini kesgitlemek üçin ulanyp bolar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ýurdumyzda ýokary takyklygy bolan şunuň ýaly abzallar barmy?” diýen soragyna şeýle atom güýçli mikroskopyň Tehnologiýalar merkezinde bardygy, emma bu barlaghana eýýäm onuň kämilleşdirilen nusgasynyň gelip gowşandygy barada jogap berildi. 

Talyp gyzlaryň biri milli Liderimize ähli deň-duşlarynyň adyndan ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna ýurdumyzda döredilýän iň oňat şertler üçin çuňňur hoşallyk bildirdi hem-de öz düzen goşgy setirlerini okap berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz täze ýokary okuw mekdebiniň rektory bilen söhbetdeşlikde ýapon hünärmenleri bilen ylmy-tehnologiki hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki barlaglary geçirmek, ornaşdyryş häsiýetli taslamalary ýerine ýetirmek hem-de Ýaponiýadaky ýaly hünär derejesini ýokarlandyrmagyň netijeli usulyny has işjeň peýdalanmak boýunça görkezmeleri berdi. 

Milli Liderimiz talyplara okuwda, saýlan hünäriňi ele almakda hem-de ýapon dilini içgin öwrenmekde maksada okgunly boluň diýip, ak pata berdi. Siziň üstünlikleriňizi görüp, men begenýärin hem-de size buýsanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Milli Liderimiz Ýaponiýanyň bilim merkezleriniň wekilleri bilen söhbetdeşliginde jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda ylmyň bahasyna ýetip bolmajak ornuny belläp, ylym mekdebini ösdürmek üçin alyş-çalyşlaryň hem-de hünärleriň dowam etdirilmeginiň wajypdygyny nygtady. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okuwlaryň hilini üpjün etmekde zerur bolan täsin okuw diwarlyklary, multimediýa we seljeriji ýokary takyklygy bolan enjamlar bilen enjamlaşdyrylan himiýa barlaghanasyna bardy. Bu ýerde talyplar döwlet Baştutanymyza barlaghana tehnikalaryny we abzallary, sarp ediş serişdeleri peýdalanmak bilen, käbir barlaglaryň gurnalyşyny görkezdiler. 

Ýerli çig maldan alnan serişdeleriň himiki birleşmesiniň gurluşynyň we düzüminiň, şeýle hem himiki täsir geçmäniň barabarlygynyň ýagdaýyny düşündirip, himiýa we nanotehnologiýalar fakultetiniň talyplarynyň biri özüniň peýdalanýan seljeriş we synag ediş enjamyny dünýäde esasy öndüriji bolan Shimadzu ýapon korporasiýasynyň infragyzyl spektrometri barada gürrüň berdi. 



Ýokary duýujy spektrometr suwuklyklary, gazlary, plýonkalary hem-de gaty nusgalary hil we möçber taýdan seljermegiň wezipeleriniň giň toplumyny çözmegi üpjün edýär. Häzirki ýagdaýda enjam özüniň programma üpjünçiliginde bar bolan maglumatlaryň kömegi bilen seljerilýän nusganyň häsiýetleriniň ugurlaryny çalt kesgitledi — bu nebitgaz pudagy tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan polietilen, sintetik serişdedir. 

Hormatly Prezidentimiz talyp gyzyň haýsy daşary ýurt dillerini bilýändigi bilen gyzyklandy. Ol ýapon, iňlis dillerini bilýändigi, türk we rus dillerinde oňat gepleşip bilýändigi barada aýtdy. Milli Liderimiz myhmanlara soňky wagtlarda ýaş türkmenistanlylaryň bir däl-de, iki-üç daşary ýurt dilini bilýändigi barada aýdyp, ýurdumyzyň bilim ulgamynda dil maksatnamasynyň irki döwürden, çagalar bagyndan başlanýandygyny belledi. Şol döwürde çagalaryň kabul edijiligi hem-de daşary ýurt dilinde sözleýşiniň kemala gelmegi-de tebigy, ene dilindäki ýaly ýokary bolýar. 

Döwlet Baştutanymyz barlaghananyň tekjelerindäki dürli serişdeleriň we önümleriň nusgalaryna üns berdi. Bularyň ählisi türkmen topragynyň baý serişdelerine, peýdaly gazylyp alynýan baýlyklaryna gönüden-göni degişlidir. Şu ýerde polipropilenden dürli ölçegli geçirijiler görkezildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda gazdan alynýan önümleriň senagat önümçiligi barada gürrüň gozgap, gazy geçirijiler, gaplar, plýonkalar, ýuka örtükler, dürli enjamlar.... ýaly harytlara öwürmek üçin gaýtadan işlemekde onuň geljegi örän uly serişdedigini nygtady. Türkmenistanda şu ýyl polipropilenden haly we haly önümlerini öndürýän kärhana ulanylmaga tabşyryldy. 

Polipropileniň esasynda kompozit serişdeleri döretmek ulgamynda täze ylmy işläp taýýarlamalar peýdalanylyp, lukmançylykdan başlap, awiasiýa we kosmos tehnikalaryna çenli onuň ulanylyşy çäksiz derejede bolýar. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz ylmyň, hakykatdan-da, serhediniň ýokdugyny we diňe ylmyň biziň mümkinçiliklerimiziň çäklerini giňeltmäge ukyplydygyny aýratyn nygtady. 

Milli Liderimiziň baryp gören indiki — biotehnologiýalar barlaghanasynda hem ajaýyp tehniki mümkinçilikler bar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýaş hünärmenler garşylap, ylmy-barlaglary hem-de tejribeleri geçirmek üçin bar bolan enjamlar barada gürrüň berdiler. Bu enjamlar lukmançylyk, derman serişdeleri, ekologiýa, energetika hojalygy, azyk senagaty we obasenagat toplumy ýaly ulgamlarda mikrobiologlaryň, tehnologlaryň hem-de beýleki barlagçylaryň amatly we netijeli işlemegini üpjün etmäge niýetlenen abzallardyr hem-de serişdelerdir. Hemme enjamlaryň berkligi, takyklylygy we ygtybarlylygy düýpli we amaly seljermeleri hem-de barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär. 

Şu ýerde döwlet Baştutanymyz ýapon hünärmenleri, alymlary bilen söhbetdeş bolup, ýurdumyzda ekologiýa ulgamyny goramak boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi, türkmen tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlidigi, Garagumuň merkezinde şor suwlaryň jemlenýän “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilendigi barada gürrüň berdi. Şor suw çölüň çägelerinden akyp geçip, arassalanýar. Bu bolsa daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsir edýär. 

Milli Liderimiz ýurdumyzda abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde Aral meselesiniň ýaramaz täsirlerini ýeňip geçmek babatda giň möçberli işleriň geçirilýändigi barada gürrüň berdi. Daşoguz sebitinde onuň ýaramaz täsirini peseltmek üçin bagy-bossanlygyň düýbi tutuldy. Ol Aral giňişliginde durmuş-ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşmagyna kömek edýär. 



Türkmenistanyň Baştutanynyň ýapon alymlary bilen söhbetdeşliginde täze müňýyllykda adamzadyň düýpli meselesine — agyzsuwy meselesine deglip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow esasynda Hazaryň kenarynda deňiz suwunyň süýjedilmegi ýola goýlan tehnologiýalar barada gürrüň berdi. Ýaponiýada hem duzly suwlaryň süýjedilmegi uly möçberde alnyp barylýar — görnüşi ýaly, bu ulgamda hem ylmy-tehnologik taýdan özara hereket etmegiň mümkinçilikleri açylýar. 

Milli Liderimiz ýapon hyzmatdaşlarymyzy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna baryp, deňizýaka sebitindäki özgertmeleriň gerimini öz gözleri bilen görmäge çagyrdy. Bu ýerde ekologiýa barada giň gerimli işler alnyp barylýar. 7 kilometre uzap gidýän gämi gatnawly derýa hem-de gök zolaklar şypahananyň bezegine öwrüldi. Munuň özi bu ýerde ýoduň ionlaryna we fitonsidlerine baý howanyň bolmagy netijesinde bejeriş häsiýetli mikroklimaty döredýär. 

Ýapon myhmanlarynyň biri hormatly Prezidentimiziň Sukuba uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabarada aýdan sözüni ýatlap, şu günki mazmunly söhbetdeşligiň onuň dowamyna hem-de geljegi uly hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň anyklaşdyrylmagyna öwrülendigini aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz iki ýurt üçin hem wajyp bolan ugurlarda bilelikdäki barlaglaryň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi jemledi. Bu meseläni ara alyp maslahatlaşyp, daşary ýurtly hünärmenler arap ýurtlarynda häzir suwy süýjetmek boýunça ýapon tehnologiýalarynyň giňden ulanylýandygyny hem-de bu ulgamda Günüň dogýan ýurdunda toplanan tejribäniň Türkmenistanda-da netijeli ulanylyp bilinjekdigini aýtdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryna ünsi çekip, olary çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy. Gazyň arassalanylmagyndan galýan kükürdiň gaýtadan işlenilmeginiň meseleleri hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylmaga mynasypdyr. Häzirki wagtda kükürt birnäçe himiýa önümçilikleri üçin çig malyň möhüm görnüşleriniň biridir, şoňa görä-de, dünýä bazarynda isleg bildirilýän kükürdiň görnüşlerini çykarjak kärhanalary döretmegiň üstünde pikirlenmek gerek. 

Türkmenistandan tapawutlylykda, Ýaponiýa gazylyp alynýan peýdaly baýlyklara onçakly baý däl, ýöne bizde innowasion önümçilikleri döretmek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar bar diýip, ýapon alymlary türkmen ykdysadyýetini senagat taýdan has-da döwrebaplaşdyrmak babatda geljekki taslamalara gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. 

Soňra milli Liderimiz ýapon hünärmenleri bilen söhbetdeşliginiň barşynda uniwersitetiň ýanynda şu gün umumybilim berýän orta mekdebiň açylandygyny aýtdy. Onuň maksatnamasyna daşary ýurt dili hökmünde ýapon dili girizildi. Milli Liderimiz bu mekdebe baryp görüp, dil boýunça dersleriň okadylyşynyň usullary bilen tanyşmaga çagyrdy. Bu mekdebiň direktory Ýaponiýada bilim aldy. 

Şeýle mekdepler ýurdumyzyň welaýatlarynda-da açyldy. Şunuň ýaly mekdepleriň sany Türkmenistanda eýýäm on ikä ýetdi diýip, milli Liderimiz bu okuw mekdeplerinde işlemäge isleg bildirýän ýapon mugallymlary we professorlary üçin hemme zerur şertleriň dörediljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz talyplara hünärleri özleşdirmekde uly üstünlikleri arzuw edip, elektronika barlaghanasyna bardy. Bu ýerde işleýän hünärmen barlaghananyň aýratynlyklary, bu ýerde oturdylan tehniki serişdeler, ýerli ulgama birleşdirilen kompýuterleriň binýadynda degişli programmalaryň we “trenažorlaryň” gollanmalary hem-de toplumlary barada gürrüň berdi. Munuň özi talyplara bilim berlende we okadylanda, olaryň kompýuter başarnyklary ýokarlandyrylanda hem-de öňdebaryjy sanly tehnologiýalar bilen işlemek başarnyklary öwredilende aýratynlykda çemeleşmäge mümkinçilik berýär. 



Bu ýerde talyplar mugallymyň ýolbaşçylygynda dürli elektron enjamlary işläp düzmek we öndürmek üçin zerur bolan düýpli ylmy-barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýän işleriň usullaryny özleşdirýärler. Bu ugur bolsa, mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň täze pudagynyň — elektron senagatynyň döredilmeginiň başyny başlady. 

Döwlet Baştutanymyz mugallym bilen gürrüňdeş bolup, onuň üstünde işleýän dissertasiýasynyň mowzugy, şeýle hem bar bolan awtorlyk işläp düzmeleri, patentleri hem-de oýlanyşykly teklipleri bilen tanyşdy. Mugallym şeýle hem elektronika we nanoelektronika ylmy barlaghanasynda bar bolan “Weybl” meşhur nemes kompaniýasynyň enjamlary barada jikme-jik gürrüň berdi. 

Milli Liderimiz dabaralara gatnaşan myhmanlar bilen söhbetdeşliginiň barşynda ýurdumyzda elektroenergiýanyň önümçiligi üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini hem-de bu ugruň ösüşiniň ägirt uly geljeginiň bardygyny belledi. Ýurdumyzda tebigy gazda işleýän hem-de energiýanyň eksportuny artdyrmaga mümkinçilik berýän elektrobeketler gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň oktýabrynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistana bolan sapary mahalynda gol çekilen ençeme ikitaraplaýyn resminamalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bilen gazturbina elektrobekediniň taslamasyny düzmek we ony gurmak üçin Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen “Sumitomo” korporasiýasynyň arasynda Ylalaşygyň hem bardygyny ýatlatdy. 

Biz elektrik energiýasyny öndürýäris hem-de goňşy Owganystana kömek berip, ony ýeňillikli baha boýunça iberýäris, Ýaponiýanyň gatnaşmagynda gurlan elektrobeket siziň ýurduňyzyň owgan halkynyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna goşant bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Soňra döwlet Baştutanymyz uniwersitetiň eýwanyna bardy, şol ýerde 3 müň talyp orunlyk täze uniwersitet şäherjiginiň hem-de onuň çäklerindäki ähli desgalaryň taslamasy görkezildi. 



Täze ýokary okuw mekdebiniň düzümi bilen tanyşlyk onuň döredilmegi bilen ýurdumyzyň hünär bilim ulgamynda giň möçberli işiň başlanandygy, ýagny okuwda tebigy we ykdysady ylymlary utgaşdyrmagyň başardandygy barada netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Täze pikir-garaýyşly hünärmenleri taýýarlamakda bu ýerde fizika, matematika, himiýa, tehnologiýa, ykdysadyýet, dolandyryş, maliýe, hukuk we beýlekiler ýeke-täk bir ulgama jemlenýär. Şoňa görä-de, onuň uçurymlary diňe bir inžener-tehnologlar däl, eýsem, programmaçylar, alym barlag geçirijiler, seljerijiler we işewürler bolup ýetişer. 

Döwlet Baştutanymyz täze ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň gurluşygynyň potratçysy bolup çykyş eden “5M” türk kompaniýasynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz türk hyzmatdaşlaryň döwlet maksatnamalarynyň hem-de ähmiýetli durmuş we ykdysady taslamalaryň olaryň taryhy Watany bolan Türkmenistanda ýerine ýetirilmegine goşandyna ýokary baha berdi. 

Milli Liderimiz uniwersitet şäherçesi bilen tanyşlygyny tamamlap, bu günki ajaýyp wakadan ýadygärlik hökmünde ýokary mekdebiň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplaryny we mugallymlaryny şanly waka bilen gutlady hem-de olara okuwda we işde uly üstünlikleri arzuw etdi. Talyplar we mugallymlar türkmenistanlylaryň ýaş nesilleriniň, bilim almagyna, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine berýän yzygiderli ünsi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

Döwlet Baştutanymyz hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.




Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz  mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki  we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky 4-nji mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiriljek duşuşykda uzakmöhletleýin esasda guralýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň meýilleşdirilýändigi habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Russiýa Federasiýasy bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň bu babatda toplanan uly tejribä hem-de taryhyň dowamynda kemala gelen aragatnaşyklara, türkmen we tatar halklarynyň medeni hem-de ruhy umumylygyna esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky  köpugurly kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini, munuň bolsa iki tarapyň hem bähbidine laýyk gelýändigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki iş toparynyň yzygiderli geçirilýän duşuşyklarynyň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmaga hem-de degişli meseleler boýunça sazlaşykly çözgütleri gözlemäge ýardam edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli resminamalara gol çekip,  wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, ýangyç-energetika toplumynyň senagat düzümini giňeltmegiň esasynda yzygiderli ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatlyklaryny doly durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen energetika syýasatyny amala aşyrmagyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudakda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän oýlanyşykly we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ähli welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara doly laýyklykda dowam edýändigi bellenildi. Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda  pagta ýygymynyň depgini barha ýokarlanýar. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda hususy öndürijileriň ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň bazarlaryny özümizde öndürilen oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Milli Liderimiz  geljekde hem milli ykdysadyýetimiziň bu pudagyna uly üns berilmelidigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz  pagty ýygymyny hem-de güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda we ýokary hilli  geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda ýurdumyzda  LED lampalarynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Döwlet ösüş maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanda elektron pudagynyň täzeçil ösüşini üpjün edýän dürli hili elektron enjamlarynyň önümçiligi  boýunça kärhanany döretmek işleri alnyp barylýar. Oňa laýyklykda Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň garamagyndaky “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni bilen ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Täze zaman gurluşykçy” hususy kärhanasynyň arasynda “Aýdyň gijeler” atly hojalyk jemgyýetini döretmek meýilleşdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bazar gatnaşyklary şertlerinde Döwlet ösüş maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Serişde we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa elektron we elektrotehniki senagatynda içerki we daşarky bazarlar üçin bäsdeşlige ukyply önümçiligi döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew 8-10-njy sentýabrda “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary”  atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer  türkmen telekeçileriniň we edara-kärhanalarynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň oňa gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Sergä gatnaşyjylar öz kompaniýalarynyň iň gowy gazananlaryny görkezerler, olar anyk şertnamalarda we taslamalarda durmuşa geçirilip bilner. 

Wise-premýer  paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler hem-de görülýän çäreler barada-da hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda täze desgalary gurmak hem-de binalaryň ýaşaýyş jaýlarynyň  durkuny täzelemek, ulag we inžener-tehniki düzümi döwrebaplaşdyrmak, seýilgähleri hem-de dynç alyş zolaklaryny abadanlaşdyrmak boýunça işleriň dowam edýändigi habar berildi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri  üstünlikli çözmek maksady bilen, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem-de ministrlikler we degişli düzümler bilen bilelikde netijeli işler alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, energetika senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň  möhüm pudaklarynyň biridigini belledi. Bu ulgamda amala aşyrylýan maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda iri taslamalar durmuşa geçirilýär, täze kuwwatly elektrik beketleri ulanylmaga berilýär. 

Milli Liderimiz nobatdaky serginiň hem-de maslahatyň halkara bileleşigine bu pudakda gazanan üstünliklerimizi görkezmäge we  öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.  Döwlet Baştutanymyz bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, zerur işleriň görülmeginiň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiz  türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak meseleleri barada durup geçip, ýurdumyzyň baş şäheriniň ýollarynyň, köp derejeli köprüleriniň, ýerüsti we ýerasty geçelgeleriniň, jemgyýetçilik ulagy üçin niýetlenen duralgalaryň gurluşygynyň hiline ünsi çekdi. Şol desgalar ähli babatda halkara görkezijilerine doly laýyk gelmelidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda işlenip taýýarlanylýan taslamalaryň öňdebaryjy inženerçilik çözgütlerine gönükdirilmelidigini, olara bildirilýän talabyň bolsa raýatlarymyz üçin has amatly şertleriň döredilmegi bilen baglydygyny belläp, şäherde arassaçylygyň hem-de ekologiýa kadalarynyň berk berjaý edilmegi boýunça netijeli çäreleriň görülmegini talap etdi.      

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew  hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynň 25 ýyllygyna bagyşlanan “GDA-nyň 25 ýyllygy: goşulyşmagyň we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary”  atly döwletara sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň özygtyýarly ösüşiniň 25 ýylyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda – ýangyç –energetika toplumynda, himiýa we dokma senagatynda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda, oba hojalygynda, telekeçilikde, gurluşykda  hem-de durmuş ulgamynda – medeniýetde, ylymda, bilimde, syýahatçylykda, saglygy goraýyşda we sportda   gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän wideogörnüşiň taslamasy taýýarlanyldy. Wideogörnüşe "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny wagyz etmek boýunça şekilleri goşmak meýilleşdirilýär.   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenistanyň  GDA agza döwletler bilen gatnaşyklary oňyn hyzmatdaşlyk esasynda guraýandygyny belläp, söwda-ykdysady ulgamy, senagat syýasatyny, ulag ulgamynda, ylym-tehniki we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Halklaryň dostlugyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlyk GDA-nyň çäklerinde döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar we şeýle bolmagynda galýar. “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” Döwletara maksamtnamasynyň çäklerinde 2016-njy ýylda bu hormaty wezipäni ýerine ýetirmäge Daşoguz şäheri mynasyp boldy, mundan ozal – 2012-nji ýylda Mary şäheri şeýle hormata eýe bolupdy. 

Milli Liderimiz GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň täze taslamasy – wirtual görnüşdäki sergini guramak taslamasy barada aýdyp, ýurdumyzyň oňa gatnaşmagynyň internet-giňişliginde Türkmenistanyň kuwwatyny, eziz Watanymyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda gazanan üstünliklerini  giňden görkezmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli açyljak durmuş-medeni maksatly desgalary ulanmaga bermäge hem-de baýramçylyk dabaralaryny guramaga  taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.  Baýramçylyk mynasybetli medeni çäreleriň maksatnamasyna köpçülikleýin teatrlaşdyrylan sahnalar, çeperçilik we kitap sergileri, döredijilik hem-de ylmy forumlar, konsertler we beýleki çäreler girer.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, golaýlaşyp gelýän şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, bu wakalaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuny, biziň döredijilikli özgertmelerimizi hem-de üstünliklerimizi beýan etmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.    

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew çagalaryň tomusky dynç alşynyň guralşynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer 1-30-njy sentýabrda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy”  atly biraýlygyň maksatnamasy barada habar berdi. Bilim, Içeri işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekilleri tarapyndan beýleki pudak edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik we halkara guramalarynyň gatnaşmagynda çäreleriň degişli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça çagalaryň arasynda düşündiriş işleriniň olaryň ýaş aýratynlyklary nazara alnyp guralmalydygyny, bu çäreleriň ýol hereketiniň howpsuzlygy babatda bilimleriň hem-de  başarnyklaryň bir bitewi ulgamyny kemala getirmäge ýardam etmelidigini belledi. Milli Liderimiz  badalga alan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy”  atly biraýlygyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, oňa giň jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagyny  üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow Aşgabadyň halkara howa menzili toplumyny ulanmaga berilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk düzümlerinde alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, bu pudaklarda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, önümçilige täzeçil usullary, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Şeýle hem wise-premýer ulagyň dürli görnüşleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň esasy “howa derwezesi” bolup durýan Aşgabadyň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň ulaglar ulgamynda möhüm ähmiýeti bolan toplumyň açylyş dabarasynyň medeni maksatnamasynyň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk düzümleriniň işiniň halkara ösen derejelerine laýyk ýagdaýda alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, middi ykdysadyýetimiziň  bu pudagy boýunça ýola goýulýan hyzmatlaryň hilini we derejesini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 
  
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow  döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek we  gazanýan üstünliklerini, ýeten derejesini halkara habarlar giňişliginde giňden wagyz etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Daşary işler ministrligi  birnäçe pudaklaýyn düzümler bilen  bilelikde degişli teklibi taýýarlamak boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirdi. Öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde dünýäniň belli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ýöriteleşdirilen halkara guramalary bilen degişli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçiliklerini herekete girizmegiň maksada laýyk boljakdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, olary häzirki zamanyň ýagdaýlaryny we bildirilýän ýokary talaplary nazara almak bilen, mundan beýläk-de ösdürmek, habar beriş serişdelerini ýokary hünärli  işgärler bilen üpjün etmek we olary taýýarlamak bilen baglanyşykly teklipleri täzeden işlemegiň möhümdigini belledi.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, şanly wakalaryň gyssagly beýan edilmegi, dünýä jemgyýetçiliginiň Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilikli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, Watanymyzyň ähli durmuş ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler  bilen giňden tanyşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa  hormatly Prezidentimiziň  durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. 

Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň şu ýylyň 28-31-nji awgustynda parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň çäklerinde Koreýa Respublikasyna iş saparynyň netijeleri barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  habary diňläp, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň birnäçe möhüm ugurlaryny nazara almak bilen, kanun çykaryjylyk çärelerini işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda iri maksatnamalar, taslamalar amala aşyrylanda möhüm ähmiýete eýe bolan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kämilleşdirilmegine üns bermegiň zerurdygyny belledi.  
Döwlet Baştutanymyz parlamentara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy. 

Şeýle hem mejlisiň dowamynda başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.


2 Eylül 2016 Cuma

Türkmen-German Işewürlik Forumy

“Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň redaksiýasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna saparyna gabatlap, türkmen we iňlis dillerinde neşiriň ýörite sanyny taýýarlady. 

Giriş makalasynda bellenilişi ýaly, žurnalyň bu sanynda çap edilen makalalar toplumy ýurdumyzyň ýeten sepgitlerini Ýer ýüzünde wagyz etmek ýaly wezipä gönükdirilendir hem-de türkmen-german döwletara gatnaşyklarynyň giň ugurlaryny beýan edýär. 

GFR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Margret Maria Ýubberiň makalasy “Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň hili baýlaşýar” diýlip atlandyrylýar. 

Ol öz makalasynda Germaniýanyň Türkmenistana Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek babatynda örän möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belleýär. 

Makalada söwda-ykdysady ulgamdan başlap, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara çenli ähli ugurlarda we dürli derejelerde türkmen-german hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigi bellenilýär. Häzirki wagtda nemes kompaniýalarynyň 60-sy ýangyç-energetika toplumynda, azyk senagatynda, maşyn gurluşygynda, maglumat-neşirýat ulgamynda, logistikada we ýurdumyzyň beýleki pudaklarynda üstünlikli işlemek bilen, Türkmenistanda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürýärler. 

Ilçi “Biz heniz peýdalanylmadyk mümkinçilikleri herekete girizip, türkmen hyzmatdaşlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýäris” — diýip, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly hadysalaryň öňüni almak, şol sanda Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmek wezipelerini möhüm meseleleriň hatarynda görkezdi. GFR-iň doly ygtyýarly wekili Federal kansler Angela Merkel bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen gepleşikleriň türkmen-german gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. 



Žurnalyň ýörite sanynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary bolan nebitgaz toplumy, lukmançylyk, dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, bilim, hukuk hem-de kanun çykaryjylyk baradaky makalalar ýerleşdirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depgini bu ulgamda 2011-nji ýyldan başlap görkezilen möhüm wakalaryň sanawynda öz beýanyny tapýar. 

“Türkmenistan: Ýewropa energiýa howpsuzlygynyň kepili” atly makalada ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, şol sanda Germaniýa bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine seljerme berilýär. 

Beýleki makalalarda türkmen hünärmenleriniň Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) bilermenleri bilen hukuk babatynda netijeli hyzmatdaşlygy, “Siemens” kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleri, onuň gurluşyk tehnologiýalary, sement önümçiligi babatynda taslamalary barada gürrüň berilýär. 

Ýurdumyzda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň yglan edilmegi bilen baglylykda Parfiýa eýýamynyň ýazuw ýadygärlikleri, Marguş ýurdunyň taryhy we syrly hazynalary baradaky ylmy-wagyz makalalaryň toplumy çap edilýär. Arheologlaryň Murgap jülgesinde ýüze çykaran tapyndylaryna bagyşlanyp, 2018-nji ýylda Germaniýada geçirilmegi göz öňünde tutulýan sergide hem bular baradaky subutnamalar görkeziler. 

Medeni gatnaşyklara bagyşlanan makalada türkmen-german edebi gatnaşyklar barada söhbet edilýär, onda Magtymguly Pyragynyň, I.B.Gýötäniň, G.Geýnäniň, beýleki türkmen we nemes şahyrlarynyň terjime edilen goşgularyndan setirler getirilýär. 

Aýratyn makala türkmen ykdysadyýetiniň syýahatçylyk pudagyna bagyşlanýar, onda Hazar deňziniň kenarynda döredilýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, dinozawrlaryň yzy, taryhy-medeni ýadygärlikler ýaly täsin künjekler, şeýle hem Garagum ekoulgamynyň aýratynlyklary hakynda aýdylýar. 

Žurnalyň bu sanynda Aşgabatda örän giň möçberli sport baýramçylygyna —–Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanan makalalara uly orun berilýär. Okyjylar türkmen paýtagtyndaky Olimpiýa şäherjiginde halkara derejeli sambo, milli göreş we guşakly göreş boýunça synag ýaryşlarynyň geçirilişi barada gyzykly maglumatlary alyp bilerler. 

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ählisiniň diýen ýaly gatnaşmagynda ägirt uly taýýarlyk işleri geçirildi, Aziada—2017 Türkmenistan barada dünýä jemgyýetçiliginde aýdyň düşünje döretmäge ýardam etjek örän iri taslama bolup durýar. Häzirki wagtda Oýunlaryň guramaçylary taýýarlygyň soňky tapgyrlarynda netijeli işleri alyp barýarlar. Munuň özi, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladalarynyň netijesidir, milli Liderimiz sportuň we myhmansöýerligiň üsti bilen Türkmenistany dünýä açmaly diýen wezipäni öňde goýdy. 

Baý bezegli “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň şu sany biziň hyzmatdaşlarymyz — Türkiýäniň işewürler toparlarynyň ýardam bermeginde taýýarlanyldy, onuň iňlis dilinde hem goýberilmegi giň okyjylar köpçüligine ykdysadyýeti okgunly ösdürilýän hem-de döwletara hyzmatdaşlygynyň köp ugurlary boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýan ýurdy — Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan barada has köp düşünje almaga mümkinçilik berýär. Žurnalyň ýörite sany Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşan nemes hyzmatdaşlara ýakymly sowgat boldy.


Türkmenistan Fotosuratlary

Türkmenistan Fotosuratlary 177





http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=3658