12 Haziran 2016 Pazar

Hyundai Engineering-den Kebşirleme Işleri Üçin Täze Tehnologiýalar

Hyundai Engineering (Koreýa Respublikasy) kompaniýasy Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin Hünärmenleri taýýarlaýan merkezini açdy. Bu ýerde bir ýylyň dowamynda 400-den gowrak adam kebşirleme işiniň häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirip bilerler. Instruktorlar hökmünde okuw işini ýolbaşçylygy koreý kompaniýasynyň we potratçy guramalaryň hünärmenleri amala aşyrarlar.

Mälim bolşy ýaly, Hyundai Engineering kompaniýasy Gyýanly şäherçesinde 2014-nji ýyldan bäri polipropilen we polietilen öndürýän gazhimiýa toplumyny gurmak boýunça iri taslamany durmuşa geçirýär. Dünýäniň abraýly maliýe we ätiýaçlandyryş guramalarynyň baha bermegine görä, bu taslama 2014-nji ýylda Ýewropanyň we Aziýanyň iň gowy taslamalarynyň onlugyna girdi we «ТХЕ» (Beýik Britaniýa) guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Türkmenistan bilen Hyundai Engineering kompaniýasynyň arasyndaky işewür gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Gyýanlyda etanyň krekingi desgasy oturdyljak polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygy ýurdumyzda tehnologiki özgertmeleriň iň esasy taslamalarynyň biri bolup durýar. ,undan başga-da, kompaniýa başga-da nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we nebithimiýa ulgamlarynda birnäçe möhüm infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirdi.

Hyundai Engineering-iň tagallasy bilen açylan Kebşirleýji-hünärmenleri taýýarlamak boýunça merkezde nazary bilimleri öwretmek we tejribe sapaklaryny geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. bu ýerde her biri 100 adamdan ybarat dört topar okuw geçerler. Kompaniýanyň hünärmenleriniň hasaplamalaryna görä, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň iň ýokarky çäginde on müňden gowrak işgär gerek bolar.

Hyundai Engineering kompaniýasy Kebşirleýji-hünärmenleri taýýarlaýan merkezini döredilmegine Gyýanlydaky gurluşyk işlerini amala aşyrmak üçin esasy möhüm taslama hökmünde garaýar. Kompaniýanyň resmi wekili bolan jenap Park Jihonyň bellemegine görä, okuw merkezi türkmen hünärmenleriniň tehniki taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň durnukly nusgasy bolar.

Geljekde kompaniýa diňe bir hünär başarnykly işgärleri taýýarlamak bilen çäklenmän, eýsem, zawodyň dürli tehniki hünärmenleriniň derejelerini artdyrmaga ýardam eder. Munuň üçin taýýarlyk maksatnamasyny, oňa ýene-de KIPweA, elektrik ýaly ugurlary goşmak arkaly giňeldip bolar.

Hyundai Engineering Gyýanly şäherçesinde taýýarlyk merkezini döretmek boýunça taslamasyny türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, hususan-da, hünärmenleriň hünär başarnyklaryny ösdürmek we ilatyň iş bilen üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmagyň möhüm goşandy hasaplaýar.


Türkmenistanyň Bölüp Beren Maliýe Serişdeleri TOPH Gaz Geçirijisiniň Gurluşygyny Çaltlandyrar

Öň habar berşimiz ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystanyň we Päkistanyň çäklerinde başlangyç böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin 45 million amerikan dollaryndan gowrak möçberde serişdeleri bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi. Tebigy gazy ýanaşyk döwletlere ugratjak ulag ulgamynyň gurluşygy üçin serişdeler «Türkmengaz» Döwlet konserniniň taslama gatnaşyjy-agza döwletleriň arasynda baglaşylan maýa goýum Ylalaşygynyň çäklerinde bölünip berildi.

— Döwlet Baştutanynyň kabul eden Karary geçen hepdäniň iň möhüm wakalarynyň biridir. Biz, döwletara gaz geçirijisiniň gurluşykçylary hökmünde döwlet ýolbaşçysynyň bu başlangyjyny tüýs ýürekden goldaýarys. Türkmenistanyň bölüp beren ilkinji serişdeleri bu ägirt uly transmilli energetiki magistraly gurmaklygy çaltlandyrmakda möhüm rol oýnar — diýip, «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň dolandyryjysy Begenç Muhammedow nygtaýar.

— TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň baş potratçylary bolan biziň toparymyz bu energetiki taslamany durmuşa geçirmek üçin ähli zerur zatlary eder. Biziň trestimiziň üç sany gurluşyk-gurnama müdirlikleri ilkinji bolup TOPH-yň türkmen böleginiň gurluşygyna başlady. Biziň gurluşyk bölümlerimiz ýurdumyzyň çäginde eksport gaz geçirijileriniň ählisiniň diýen ýaly gurluşygyna gatnaşmak bilen, bu strategiki turba geçirijini gurmak üçin baý tejribe topladyrlar. Geçen ýylda konserniň brigadalary 800 kilometre barabar «Gündogar-Günbatar» sebit gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamladylar. Bu gaz geçiriji ýurdumyzyň köpsanly energetiki desgalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar, Ahal welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan gazy gaýtadan işleýän täze kärhanalar üçin çig mal çeşmesi bolup hyzmat eder— diýip, B.Muhammedow aýdýar.

Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň 214 kilometre uzaýan türkmen böleginde meýdan barlag işleri tamamlandy diýen ýaly. Bu döwletara gaz geçirijisiniň onlarça kilometre barabar böleginde «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň hünärmenleri, şol bir wagtda diametri 1420 millimetr bolan turbalary ýerleşdirýärler hem-de birnäçe tapgyrlarda olary kebşirleýärler. Taslamany durmuşa geçirilmek işine «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň kärhanalarynda başga-da, «Türkmennebitgazgurluşyk» DK-nyň ýene-de bäş sany tresti gatnaşar.

— Gurluşyk işlerini Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň ahyrynda doly tamamlamagy meýilleşdirýäris. Bu bolsa, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmeklige gönükdirilen Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmakda biziň goşjak goşandymyz bolar — diýip B.Muhammedow aýdýar.


Ýurduň Ýokary Tizlikli Magistrallary Üçin Ýokary Hilli Bitum

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT-da) Türkmenistanyň häzirki hereket edýän standartlaryna laýyk gelýän ýol bitumynyň önümçiligi artdy. Birnäçe tehnologiki çäreleriň hasabyna desganyň taslama kuwwatlylygynda jemi 150 müň tonna bitumdan 2015-nji ýylda ýol örtükleri üçin 278 müň tonna örüji material öndürildi. Şu ýylyň bäş aýynyň netijeleri boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, on göterime golaý artyk ýol bitumy işlenip taýýarlanyldy.

2015-nji ýylda Seýdiniň NGIZ-da şol sebitiň bitum zerurlyklarynyň öwezini dolmak maksady bilen nebit we gaz kondensatynyň garyndysyny çig mal hökmünde peýdalanjak, ýyllyk kuwwaty 38 müň tonna barabar bolan ýol bitumynyň öndürýän desgany gurmak baradaky teklip durmuşa geçirildi. Eýýäm bir ýyldan bäri, SNGIZ ýollaryň gurluşygynda peýdalanylýan ýokary hilli bitumlary öndürip gelýär.

2015-nji ýylyň awgustynda TNGIZT-da mazudy wakuumlaýyn aýlaýan ВТ-3 desgasynyň ulanylyp başlanan döwründen bäri ýol bitumynyň hili hem düýpli ýokarlandy we durnuklaşdy. Hut şonuň üçin hem asfaltbetonyň möhüm düzüm bölegi bolan bu önümi öndürijileriň onuň hilini standartyň talaplaryna laýyk getirmek, tehnologiki çäreleriň hasabyna ýol bitumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak islegleri düşnüklidir. TNGIZT-niň baş inženeri W.Tuwakowyň habar bermegine görä, häzirki hereket edýän desgada bitumyň duktilligi ýa-da süýngüçligi eýýäm 72-80 santimetre çenli uzaldyldy. Bu bolsa standartlara laýyk gelýär.

Mundan başga-da, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynda gudrony deasfaltizasiýalaşdyrýan blokly haýalladylan kokslama desgasynyň gurluşygy dowam edýär. Onuň ulanyşa girizilmegi öndürijileriň we bilermenleriň pikirine görä, örüji ýol bölekleriniň hilini ýokarlandyrmaga hem-de olaryň önümçiligini ýylda 400 müň tonna çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.


Türkmenistanyň Howa Maglumaty 13/06/2016

Türkmenistanyň Howa Maglumaty 13/06/2016 Aşgabat +29...… +31° Türkmenbaşy +26...… +28° Balkanabat +28...… +30° Mary +34...… +36° Türkmenabat +38...… +40° Daşoguz +30...… +32°
http://www.turkmenhabargullugy.com/

Ýurdumyzyň Telekeçiligini Ösdürmekde Täze Tapgyr Badalga Aldy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde “Arkadagyň ak ýoly bilen” atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda milli ykdysadyýediýetimiziň hususy ulgamynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda öňde goýan wezipelerini çözmäge bagyşlandy.

Maslahatda bellenilişi ýaly, milli Liderimiz bilen duşuşyk ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmek üçin ähmiýetli, hakykatdan-da taryhy waka boldy. Telekeçilige döwletimiz uly guramaçylyk we maliýe goldawyny berýär. Bu bolsa diňe bir ýeňillikler we karz bermek görnüşinde bolman, eýsem, oňaýly ýagdaýy, telekeçileriň synpyny galdyrmak, bazar ulgamynyň zerur bolan düzüm bölegi hökmünde güýçli işewür-jemgyýetçiligini kemala getirmek üçin hukuk we beýleki şertleri üpjün etmekde jemlenýär. 

Türkmenistanyň Baştutany milli maksatnamalaryň hem-de iri şähergurluşyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, içerki bazaryň ýokary hilli azyk we senagat harytlary bilen doldurylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän we eksport ugurly önümleri çykarýan önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, söwda we hyzmatlar ulgamynyň täze derejä çykarylmagyna hususy kärhanalaryň goşýan goşandyna ýokary baha berdi.

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ençeme beýleki pudaklarynda telekeçileriň alyp barýan işleriniň netijeleri has uly wezipeleriň hötdesinden gelmegiň hem olara başartjakdygyny subut edýär. Diýmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan strategik maksady gazanylar: ol maksat 2020-nji ýyla çenli ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň goşandyny jemi içerki önümiň möçberinden 70 göterime barabar bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň işewürleriniň täsin galdyryjy üstünlikleriniň olara dünýä bazarlaryna-da çykmaga mümkinçilik berýändigini belledi. Telekeçiler tarapyndan garamaga hödürlenen işleriň geljegi uly meýilnamalaryny oňlap hem-de ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynda mundan beýläk-de iş alyp barmagyň ileri tutulýan ugurlarynyň birnäçesini kesgitläp, milli Liderimiz  “Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmek boýunça çäreler hakynda” Karara hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna dürli maýa goýum-gurluşyk taslamalaryny ýerine ýetirmek üçin ýer böleklerini bölüp bermek hakynda Buýruga gol çekdi. Şol taslamalar öz möçberi we gerimi boýunça ýurdumyzyň telekeçiliginiň ösüşiniň täze tapgyrynyň başlanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. 

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz kaliý dökünlerini öndürmek boýunça kärhananyň, şeýle hem Aşgabat-Türkmenabat  ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy ýaly uly möçberli desgalaryň gurluşygyna baş potratçy bolmagy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyrdy. 

Bu çözgütler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde uly orun tutýan hem-de hususy kärhanalarda müňlerçe iş orunlaryny döredýän ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmek we höweslendirmek meselelerine döwlet Baştutanymyzyň uly üns berýändiginiň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hatarlarynda örän güýçli goldawa eýe boldy. 

Mazmuny boýunça bu çözgütler, bir tarapdan,  milli Liderimiziň hususy ulgama bildirýän belent ynamyna, beýleki tarapdan bolsa, işewür düzümleriň durmuş taýdan jogapkärçiligini hem-de täsir ediş ulgamyny artdyrmaga çagyryşa öwrüldi. Şol taryhy duşuşyk milli ykdysadyýetiň hereketlenjiriji güýji hökmünde ýurdumyzyň telekeçiliginiň ösüşinde hil taýdan täze tapgyra öwrüldi.  

...Türkmen işewürliginiň meýilnamalary, hakykatdan hem örän uludyr, telekeçiligi döwletiň netijeli goldamagynyň işlenip düzülen we hemişe kämilleşdirilýän gurallary bolsa olaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär. 

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde dabaraly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, özlerine bildirilýän üns, işewürligi ösdürmek üçin döredilýän ajaýyp şertler, hemmetaraplaýyn goldaw we kömek, ähli başlangyçlara hemaýat berilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. 

Ýüzlenmede şeýle hem Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda  hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň öňýanynda milli Liderimiziň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen hususy ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk wezipeler beýan edilip geçiren duşuşygynyň uly mana eýedigi bellenilýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň bildiren ýokary ynamyndan, gürrüňdeşliginden, beýan eden pikirlerinden ruhlanan telekeçiler hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny, şol sanda Aziada-2017-ni ýokary derejede geçirmäge, peýdaly gazylyp alynýan känleri hem-de beýleki tebigy serişdeleri senagat taýdan işläp taýýarlamaga, syýahatçylyk düzümlerini ösdürmäge hem-de beýlekilere işjeň gatnaşmak boýunça beren tabşyryklaryny abraý bilen ýerine ýetirmek üçin has-da uly güýç bilen işlejekdiklerine ynandyrdylar. 

Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiziň beren her bir tabşyrygyny öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmäge, munuň üçin öz güýçlerini,  tejribelerini we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna borçlandylar hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa agzybir türkmen halkynyň bagtyýarlygyny we abadan geljegini üpjün etmäge gönükdirilen ähli işlerinde hem-de başlangyçlarynda uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdiler. 


Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň paýtagtynyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de Aşgabat şäheriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki dürli maksatly binalaryň we desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň çäklerindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki dürli maksatly binalaryň we desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrmak işlerini geçirmek we suw üpjünçilik ulgamlarynyň durkuny täzelemek barada döwlet we ýerli hususy kärhanalar bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Işlere 2016-njy ýylyň iýun aýynda başlamak we abadanlaşdyrmak işlerini 2016-njy ýylyň dekabr aýynda tamamlamak bellenildi. 

*** 

Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. 

*** 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky statistika ulgamy babatda netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de gatanşyklary has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2016-njy ýylyň 6-8-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 55-nji mejlisiniň hem-de onuň çäginde oba hojalyk statistikasy we oba statistikasy boýunça maslahaty geçirmek bellenildi. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň  Döwletara statistika komiteti bilen bilelikde görkezilen çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew 2016-njy ýylyň 14-16-njy iýuny aralygynda, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2016-njy ýylyň 13-16-njy iýuny aralygynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde gulluk iş saparynda bolar. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, sport desgalaryny talaba laýyk ýagdaýda saklamakda kemçiliklere ýol berendigi üçin, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň rektory Saryýew Alladurdy Gurbanmuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy. 


Türkmenistanda Alymlaryň Halkara Maslahaty Geçýär

Paýtagtymyzda milli senenamamyzyň ähmiýetli senesi bolan Ylymlar gününe bagyşlanan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty açyldy.

Maslahata türkmen alymlaryndan başga-da, 50-den gowrak ýurtdan mugallymlar we ýaş zehinler, ylmy-barlaglary alyp barýan alymlar, ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşýar. Şol ýurtlaryň hatarynda Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Niderlandlar, Türkiýe, Eýran, Ysraýyl, Bolgariýa, Kanada, Azerbaýjan, Russiýa, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Ermenistan, Özbegistan, Täjigistan, Latwiýa, Estoniýa, Ukraina, Kongo we beýlekiler bar.

Maslahatyň açylyşy döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça döredilen hem-de ylmy pikirleri we çözgütleri, amaly işläp taýýarlamalary hem-de olaryň önümçilige ornaşdyrylmagyny toplumlaýyn ulgama birleşdirip, ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetiniň, “bilimler ykdysadyýetiniň”, aň-paýhas binýadynyň we ylmy-tehniki kuwwatynyň ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolmaga gönükdirilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirildi. 

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara hem-de Türkmenistanyň ähli ylmy jemgyýetçiligine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Watanymyzyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky ornuny pugtalandyrmakda esasy şertleriň biri bolup hyzmat edýän ylym ulgamynyň hem döwrebaplaşdyrylýandygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, daşary ýurtlar bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda gazanylan hökümetara ylalaşyklarynda hem ylym esasy orny eýeleýär. 

Bölümçe mejlisleriniň barşynda çykyş edenler innowasion ykdysadyýetiň mazmuny boýunça halk hojalyk toplumynyň ähli ykdysady işleriniň we ýagdaýlarynyň hil taýdan üznüksiz täzelenip durmagyna maýa goýmak bolup durýandygyny bellediler. Ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri, amaly maksatlara gönükdirilen ylmy-barlag edaralary, oýlanyşykly pikirleriň, teklipleriň, düýpli taslamalaryň “öndürijisi” hökmünde senagat taýdan innowasion we tehnologik merkezler şeýle ykdysadyýetiň aýrýlmaz düzüm bölegi bolup durýar. 

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işlenip düzülen döwlet gurluşynyň konsepsiýasynda, milli ösüş maksatnamalarynda netijeli tehnologiýalara birleşdirilen çuňňur nazary bilimlere we giň tejribä esaslanan ykdysadyýeti ösdürmegiň innowasion ýoluna esasy orun berilýär. Biz bu tehnologiýalary olarda diňe bir iň täze sanly ulgamlaryň we öňdebaryjy inženerçilik çözgütleriň herekete getirilendigi üçin däl, eýsem, ilkinji nobatda, önümçilikde, jemgyýetçilik durmuşynda we ýaşaýyşda, adamlar babatda olaryň hakyky peýdasyny göz öňünde tutup, “ýokary derejeli” diýip atlandyrýarys. 

Mejlisdäki ylmy çykyşlar energetikadan başlap, ekologiýa çenli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň örän wajyp nazary we amaly meselelerini gurşap aldy. 

Bolgariýaly alym Georgi Georgiýew slanesli gazyň dünýä hojalygynyň ýangyç-energetika sazlaşyklylygyna etjek täsiri babatdaky çaklamalar meseleleri boýunça habar berdi hem-de palçyk görnüşli (slanesli) serişdelere we uglewodorodlaryň gazylyp alnyşyna baha bermekde Ýewropadaky ýagdaýyň mysalynda esasy ýagdaýy kesgitledi. 

Hasabat bereniň pikirine görä, munuň bazara täsiri ýer astyndaky baýlyklaryň häsiýetnamalarynyň we slanesli gazy almagyň usullarynyň hem-de olaryň daşky gurşawa täsirleriniň jikme-jik ulgamlaýyn garalmagyna esaslanan seljermäni talap edýär. Ekologlaryň hasaplamalary boýunça ony gazyp almagyň tehnologiýalary (gidrobölünme) topragyň gatlaklarynyň, ýerasty suwlaryň, howanyň zäherli maddalar bilen uly möçberde hapalanmagyna, radiasiýanyň ýokarlanmagyna we bugarma alamatlarynyň güýçlenmegine getirýär.

Bolgariýaly alymyň çykyşynyň üstüne häzirki günde tebigy gazyň dünýäniň energiýa üpjünçiliginiň çäklerinde gazylyp alynýan ýangyjyň geljegi has uly görnüşi bolup durýandygyny goşaýmak galýar, çünki ol kömürturşy gazyň (bugarma ýagdaýyny ýüze çykarýan) howa bölünip çykmasynyň iň pes derejesini göz öňünde tutýar hem-de CO2-niň bölünip çykmasy 50 göterim köp bolan kömüri üstünlikli çalşyp bilýär. Tebigy gazyň peýdalanylmagy, şeýle hem Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Ýewropa maksatnamasynyň, Howanyň üýtgemegi hakynda BMG-niň Konwensiýasynyň we oňa goşulan Kiota Teswirnamasynyň çäklerinde has-da isleg bildirilýär. Bu resminamalara ekologiýa taýdan arassa “mawy” ýangyjy dünýä möçberinde esasy iberijilere degişli bolan Türkmenistan hem goşuldy. Alternatiw we adaty bolmadyk energetikanyň depginli ösdürilýändigine garamazdan, dünýäniň energiýa deňeçerliginiň düzüminde gazyň paýynyň 2040-njy ýyla çenli 21 göterimden 25 göterime çenli ýokarlanjakdygyna bilermenler ynanýarlar. 

Bütin adamzat üçin beýleki bir ekologiýa meselesini – suw gurşawynyň hapalanmagyny öz çykyşlarynda Ýaponiýadan Izumi Ikinoze degip geçdi. Olar suw arassalaýjy häzirki zaman tehnologiýalary we iň täze görnüşli senagat süzgüçleri barada gürrüň etdiler. Hususan-da, ol gowulandyrylan iş häsiýetleri bilen tapawutlanýan nano-düzümli membranalary we absorbenti peýdalanmagyň mümkinçiliklerini bu ýere ýygnananlaryň dykgatyna ýetirdi. Ýokary berklige, termodurnuklylyga, ýag durnuklylygyna, könelmä garşy durnuklylyga eýe bolan nano-serşdeli şunuň ýaly arassalaýjy enjamlar suw böleklerini işlemek üçin nebitgaz känlerini işläp taýýarlamakda ulanylyp bilner. Nano-membranalaryň kömegi bilen ýagy, ýokançlyklary, bakteriýalary, organiki maddalary, agyr metallary we beýlekileri goşmak bilen, dürli hapalanmalaryň ähli görnüşleri diýen ýaly ýok edilýär. 

Ýapon işläp düzüjileriň adyndan toplanan tejribeleri alyş-çalyş etmäge hem-de suwy arassalamagyň täze tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak babatda türkmen kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge, bilelikdäki taslamalara, tejribe nusgalaryny, olary mundan beýläk önümçilige ornaşdyrmak üçin synag geçiriş barlaglaryna gatnaşmaga taýýardyklary beýan edildi. 

XXI asyryň baş gurluşyk maksatnamasy hökmünde binalaryň we ymaratlaryň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga bagyşlanan gyzykly çykyşyny Russiýadan Ýuriý Tabunşikow beýan etdi. Binalaryň taslamasyny düzmegiň häzirki zaman maksatnamasynyň esasynda daşky gurşawymyzyň hiliniň biziň durmuşymyzyň hiline gönüden-göni täsir edýändigi baradaky pikir durýar. Öňler kesgitleýji görkeziji bolmadyk binalaryň energiýa sarp edijiligi häzir oňat taslamanyň baş alamatyna öwrüldi. Dünýäde energetika taýdan netijeli we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň esasynda taslamalary düzülen we gurlan binalar, kiçi etrapçalar we hat-da tutuş binagärlik-gurluşyk zolaklary barha köp peýda bolýar.  Binalaryň energiýa taýdan netijeliliginiň derejesini kesgitleýän ýörite söz düzümleri hem, biohowa binagärligi, “sagdyn” we “paýhasly” bina, “akylly” öý we ş.m. ýaly düşünjeler peýda boldy. 

Hindistandan Nasim Ahmad şa suw serişdelerini dolandyrmak boýunça döwrebap tehnologiýalary maksatlaýyn öwrenmegiň meselelerine ünsi jemläp, Türkmenistanyň oba hojalygynda innowasiýa mowzugyny saýlapdyr. Ol öz barlaglaryny täze ykdysady ýagdaýlarda ýurdumyzyň suw hojalyk işleriniň esasy ugurlaryna, suw serişdelerini dolandyrmakda modelirleme usullaryna bagyşlady. Suwdan oýlanyşykly peýdalanmak, suwy goramak çäreleri, innowasion tehnologiýalara uly ýykgyn etmek bilen suwaryş ulgamynda çözgütleri kabul etmegi goldamak ulgamyny gurmak bilen baglanyşykly netijelere aýratyn orun berildi. 

Foruma daşary ýurtly gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan mowzuklar boýunça özara pikir alyşmalardan başga-da, Ylymlar gününe bagyşlanan dürli dabaralara – ýaş türkmen alymlarynyň ylym bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna, sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertine gatnaşmaga hem mümkinçilik aldylar.

Ertir maslahat işini bölümçeler boýunça dowam eder. Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Täze senagat-innowasion tehologiýalar” mowzugynda bölümçe mejlisi bolar. Oňa gatnaşyjylar milli senagaty döwrebaplaşdyrmakda öz ýurtlarynyň tejribelerini  görkezerler, türkmen hünärmenleri bolsa daşary ýurtlulary häzirki wagtda ýurdumyzyň nebit we gazhimiýa, elektroenergetika pudaklarynyň önümçiligine, gurluşyk serişdeleri senagatyna, uglewodorod, mineral serişdelerini hem-de beýleki peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary  almak we gaýtadan işlemek ulgamyna we beýlekilere ornaşdyrylýan iň täze işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrarlar. 

Ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen taslamalaryň tanyşdyrylyş dabarasy hem geçiriler. Bu mejlisiň gün tertibine şeýle hem seýsmiki goraglylygy üpjün etmegiň, şäher hojalygyny, aragatnaşyk ulgamlaryny, ulag gatnawlaryny dolandyrmagyň usullary, hemra tehnologiýalary baradaky meseleler çykarylar.  

Tehnologiýalar merkezinde ekologiýa we biotehnologiýalar meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu topluma degişli meselelere, şeýle hem agrar ylmynyň hem-de oba hojalygyny— maldarçylygy, guşçylygy we ösümlik dünýäsini, stategik ekinleriň seçgiçiligini, weterinariýany we zootehnikany, gen inženeriýasyny, suwdan oýlanyşykly peýdalanylmagyny innowasion taýdan ösdürmegiň wezipeleri girizildi.

Bu ýerde şeýle hem howanyň ählumumy ýylamagynyň meselelerini sazlaşdyrmagyň ýörelgelerine, Aral deňziniň ýagdaýyna, topragyň hasyllylygyny artdyrmagyň hem-de ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşmegiň usullaryna garalar. 

“Ykdysady ösüş, halkara hyzmatdaşlygy we hukuk” mejlisi Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, “Lukmançylyk we derman serişdeleriniň önümçiligi” diýen bölümçe bolsa Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçiriler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde alymlaryň çykyşy ynsanperwer ylymlarynyň ösüşiniň ugurlaryny öz içine alýan mowzugy kesgitlär.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylaryň paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary, TYA-nyň ylmy-barlag edaralarynyň alymlary bilen duşuşyklary, Aşgabadyň gözel ýerlerine baryp görmegi özünde jemleýän medeni maksatnama taýýarlanyldy.             

Daşary ýurtly myhmanlar TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň işi, onuň netijeleriniň dürli maslahatlarda yzygiderli tanyşdyrylýan ylmy barlaglar bilen tanyşmaga hem mümkinçilik alarlar. Mysal üçin, diňe geçen hepde bu ýerde dürli pudaklaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda “Ýurdumyzyň ösüşinde innowasion tehnologiýalar” atly ylmy maslahat geçirildi. 

Onda möhüm ugurlar boýunça ylmy işleriň netijeleri hem-de lukmançylykda we farmakologiýada, senagat ulgamynda, energetika toplumynda, ýurdumyzyň iň ýaş kosmos pudagynda, şeýle hem oba hojalygynda, gurluşykda, maglumat-aragatnaşyk ulgamynda we beýlekilerde täze usullaryň hem-de işläp taýýarlamalaryň peýdalanylyşynyň tejribesi baradaky maglumatlar seljerildi. Aýratyn bölümçe Türkmenistanyň tebigy serişdelerini toplumlaýyn gaýtadan işlemekde innowasion tehnologiýalaryň peýdalanmagyna bagyşlanyldy. Tehnologiýalar merkeziniň ylmy işgäri tebigy ylymlaryň mikrobiologiýa, bioekologiýa, şeýle hem himiýa, botanika we beýlekiler ýaly ulgamlarynda öz amaly barlaglarynyň netijelerini görkezdiler.

Mysal üçin, ylmy institutlaryň barlaghanalarynda hem-de TYA-nyň Tehnologiýalar merkezinde pagta çig malynyň netijeliliginiň we hasyllylygynyň ýagdaýlaryny öwrenmek boýunça gowaçanyň görnüşleriniň seçgiçiligini gowulanlandyrmak maksady bilen, işler alnyp barylýar,  gök ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň in vitro (“aýnanyň içinde”) usuly synagdan geçirildi. Bu täze biotehnologiýa häzir oba işewürliginiň dünýä bazaryna üstünlikli çykýar. Biziň alymlarymyz emeli iýmitlendirilýän gurşawda Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerini ösdürip ýetişdirmegiň usulyny synag etdiler.

Alymlar diňe bir barlaghanalarda däl, tebigy goraghanalarda, zakazniklerde hem işläp, miwe ekinleriň, bejeriji otlaryň we beýleki ösümlikleriň gymmatly, seýrek we gadymdan saklanyp gelýän görnüşlerini, ýurdumyzyň baý “ýaşyl” genefonduny gorap saklamak maksady bilen, olaryň ýabany görnüşlerine barlag geçirýärler.   

Hazarýaka çöketligindäki çöllüge geçirilen barlag toparynyň agzalary daşky gurşawy özgertmäge örän güýçli täsir edip, ol ýerde ýaşaýan beýleki jandarlaryň ýaşaýyş şertlerini kesgitleýän ösümlikleriň 40 görnüşini ýüze çykardy. Bu maglumatlar uly giňişlikleri bagy-bossanlyga öwürmek, bol otly öri meýdanlaryny emele getirmek, ösümlik dünýäsini özgertmek üçin has hem wajypdyr. 

“Altyn asyr” kölüniň hem-de onuň akabalarynyň sebitlerine, şeýle hem Hazarýaka sebitlerine bu ýerlerde dowardarçylygy hem-de düýedarçylygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek, öri meýdanlarynyň suw bilen üpjünçilik ýagdaýyny gowulandyrmak, şeýle hem oba hojalyk mallaryna kesel ýaýradyjy zyýanly mör-möjekleri öwrenmek maksady bilen barlag toparlary guraldy. 

Mundan başga-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň, deňizýaka şäherleriniň suwunyň düzümi alymlar tarapyndan yzygiderli barlanylýar, paýtagtymyzda we beýleki ilatly ýerlerde howanyň hil derejesiniň barlagy ýöredilýär. 

Türkmen programmaçylarynyň nanotehnologiýa we energetikany saýlap almak mümkinçiligi, ilki bilen gün energiýasy boýunça tejribe we barlag taslamalary, täze işläp düzmeleri baradaky çykyşlary uly gyzyklanma döretdi. 

Golaýda türkmen alymlary Koreýa Respublikasynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda kiçi tejribe gün elektrostansiýasyny gurnadylar.  Häzir ol synag ýagdaýynda işledilýär. Bu babatda tapgyrlaýyn synaglar ýurdumyzda gün energetikasyny ösdürmek boýunça geljegi uly taslamalary öwrenmek üçin zerur bolan maglumatlary almaga mümkinçilik berer. 

Ylmy maslahata gatnaşyjylaryň 90 töweregi çykyşlary “Ýurduň ösüşinde innowasion tehnologiýalar” atly ýygyndyda çap edildi. Bu ýygyndy ylymda ilkinji ädimlerini ädýän ýaş hünärmenlere we talyplara oňat goldaw bolar. Şeýle hem bu ýerde arheologiýa barlaglarynyň netijeleri hem görkezilipdir. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan Paryzdepe ýadygärligi barada makalalar ýygyndysy hem taýýarlanyldy. Ol ýerde bu gadymy şäheriň maddy medeniýeti barada täze maglumatlary getirýän gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Täze neşire Paryzdepäniň golaýynda ýerleşen obalara amala aşyrylan ylmy-barlag toparlary tarapyndan ýygnalan etnografiýa maglumatlary hem girizildi. 

Şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç we Görogly etraplaryna öten zamanlarda dürli hünärleriň ösüş taryhyny, geçen asyrlaryň ussatlarynyň miraslaryny öwrenmek maksady bilen, ylmy toparlaryň işi guraldy. 

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunldaky arheologik ýadygärlikleri barlamak boýunça işler hem dowam etdirilýär. Olaryň jemi 70-si hasaba alyndy (Ahal welaýatynda 9, Balkan welaýatynda 17, Mary welaýatynda 8, Daşoguz welaýatynda 11, Lebap welaýatynda 25).  

Ylymlar akademiýasy tarapyndan Ylymlar gününiň öň ýanynda birnäçe çäreler, şol sanda kitap sergileri, Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda, Taryh institutynda, Milli golýazmalar institutynda  hünär ugurly maslahatlar hem guraldy. Olarda gumanitar alymlaryň köptaraply işleriniň netijeleri jemlendi.  

Täze gurluşyk serişdelerini döretmegiň mümkinçiliklerini barlaýan alymlaryň işi hem örän uly möçbere eýedir. Mysal üçin, ýolgurluşyk serişdesi hökmünde täze düzümli özünde kükürt maddasyny saklaýan tejribe üçin beton görnüşleriniň fiziki-mehaniki häsiýetleriniň synagy geçirildi. Şeýle hem gudrony turşatmak ýoly bilen alnan ýol-gurluşyk bitumyna daşary ýurtlardan getirilen hem-de ýerli çig maldan taýýarlanan düzüm özgerdiji goşundy maddanyň täsiri boýunça ylmy derňewler geçirildi. Täze barlaglaryň aglabasynyň netijeleri senagat kärhanalarynyň önümçiligine ornaşdyryldy. 

Ýurdumyzyň alymlary tarapyndan süýt we süýt önümlerinde brusellýoz keselini barlamak, şeýle hem  brusellýoza garşy täze sanjym dermanyny döretmek üçin emele getirilen täze antigeni ulanmak boýunça gollanma  Döwlet weterinar gullugy tarapyndan tassyklandy hem-de önümçilige ornaşdyrylmaga  teklip edildi. 

Bular türkmen alymlarynyň amala aşyran işleriniň diňe käbir ugurlarydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda islendik döwletiň durnukly ösüşi we hemmetaraplaýyn gülläp ösüşi ylmy daýanmazdan mümkin däldir diýip nygtaýar. Milli Liderimiziň bu çagyryşyna milli ylmy mekdep halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, binýatlaýyn we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmek boýunça wajyp meseleleri çözmek bilen mynasyp jogap bermäge çalyşýar.  Bu geçen halkara ylmy maslahatynyň hem esasy wezipesi muňa ýardam etmekden ybaratdyr.