26 Şubat 2015 Perşembe

Şagadam Daglarynyň Etegindäki Çagalar Bagy

Türkmenbaşy şäherinde 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Şagadam daglarynyň eteginiň ajaýyp künjeginde gurulýan bu mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy boýunça “Balkannebitgazgurluşyk” edarasynyň 3-nji gurluşyk-gurnama müdirligi tarapyndan gurulýar. 

Tabşyrylmagynyň öň ýüzünde duran bu desgada gurluşyk-gurnama işleriniň 90 göterimi ýerine ýetirildi. Çagalar bagynyň esasy binasynyň daşary we içeri bezeg işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Gurluşygyň aýry-aýry böleklerinde ýurduň telekeçileriniň ýöriteleşdirilen kömekçi potratçy kärhanalary hereket edýär. Meselem, çagalar bagynyň töwereginiň gök zolagyny bezemek bilen Ahalyň “AkdepeSenagat” hususy kärhanasy meşgullanýar, gapylary we plastiki penjireleri oturtmak bilen bolsa Marynyň “Söýli” hususy kärhanasy meşgullanýar. Binanyň diwarlarynyň daş ýüzüni örtmek, binanyň sokolyny, öň ýüzüni, düşegini granit bilen örtmek işleri bilen türkmen hususy gurluşyk firmalarynyň hünärmenleri meşgullanýarlar. Kiçi we orta telekeçiler bu günki gün döwletiň yzygiderli berýän ýeňillikleri netijesinde zerur bolan maddy-tehniki binýada we degişli hünärli işgärlere eýedirler. 

Bu täze mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynda olaryň sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler dörediler. Oňaýly ýatakhanalardan başga hem, naharhana we gyşky oýun meýdançalar göz öňünde tutulandyr. Binanyň içinde çagalaryň döredijiligi üçin dürli görnüşli otaglar we zallar enjamlaşdyrylar, okuw sapaklaryny we bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek üçin otaglar bolar. Çagalar bagynyň howlusynda çagalar üçin tomusky telärler, ylgaw ýodajyklary, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin meýdançalar, çägeli aýmança, dagjagazlar, hiňňillikler we beýleki çagalar attraksionlary gurular.

Aşgabatda Eýran Sergisi Açyldy

Eýranyň “Pars Pegah Tejarat” sergi kompaniýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy onuň guramaçylary hökmünde çykyş etdiler. Türkmen paýtagtynda dostlukly ýurduň senagatynyň gazananlarynyň däbe görä geçirilýän sergisi Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we berkitmäge, iki goňşy ýurduň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygynyň özara bähbitli ugurlaryny we mümkinçiliklerini öwrenmäge möhüm goşant boldy. 



Şu günki açylan sergi hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sazlaşykly ösýän ikitaraplaýyn türkmen-eýran gatnaşyklarynyň aýdyň beýanyna öwrülip, oňa paýtagtymyza gelen myhmanlaryň üç ýüze golaýy—120 sany eýran kompaniýalaryna wekilçilik edýän ýolbaşçylar, menežerler, bilermenler we söwda agentleri gatnaşdylar. Biziň ýurdumyzyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň pikirine görä, olaryň köpüsi üçin forum ýola goýlan işewür gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge täze itergi berer. Biziň ýurdumyza ilkinji gezek gelen myhmanlar -- täze kompaniýalaryň 50-den hem gowragy üçin sergi öz önümlerini, taslamalaryny we hyzmatlaryny tanyşdyrmakda, geljekki bilelikdäki işler üçin mümkinçilikleri kesgitlemekde netijeli meýdança öwrüler. 

Häzir Eýran ägirt uly senagat we ylmy kuwwata eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda esasy orunlaryň birini eýeleýär, strategik ähmiýete eýe bolan, şol sanda sebit derejesindäki giň gerimli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýar. 

Döwletara gatnaşyklary türkmen we eýran işewür toparlarynyň telekeçilik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmasynyň artmagyna ýardam edýär. Munuň şeýle bolmagyna bolsa, Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky bilelikdäki hökümetara toparynyň işi, şeýle hem yzygiderli geçirilýän işewürler maslahatlary ýardam edýär. 

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň işe girizilmegi bilen iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge kuwwatly itergi berildi. 

Şu gün eýran önümleriniň ýöriteleşdirilen sergisiniň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdylar. 
 Eýranyň aýdym-sazly, tans toparynyň çykyşlary, şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşylar toparynyň we paýtagtymyzdaky Çagalar sungat mekdebiniň ýaş skripkaçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan halk aýdymlarydyr sazlary baýramçylyk wakasyna milli öwüşgin çaýdy. 

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz: “Eýranyň haryt öndürijileriniň Aşgabatda geçirilýän ýöriteleşdirilen sergisi goňşy ýurduň kompaniýalarynyň gazanan täze üstünliklerini görkezmek üçin oňat şertleri döredýär. Bu kompaniýalar öz ugurlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýärler we dostlukly ýurduň iri senagat merkezlerine wekilçilik edýärler” diýip belledi. Milli Liderimiz Gutlagynda bu serginiň guralýan günlerinde ikitaraplaýyn söwda- ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeltmek, häzirki döwürde gatnaşyklaryň täze, örän möhüm ugurlaryny kesgitlemek üçin geçiriljek türkmen-eýran işewürler maslahatynyň hem ähmiýetiniň uludygyny belledi. 

Goňşy ýurduň senagatçylarynyň we telekeçileriniň wekiliýetine wekilçilik edýän Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdan we söwda ministriniň orunbasary Mojtaba Noşrouwtaç sergä gatnaşyjylara we myhmanlara ýüzlenip, beýan eden gutlag sözünde däbe öwrülen köpasyrlyk türkmen-eýran gatnaşyklary türkmen Lideriniň ýöredýän netijeli daşary syýasaty netijesinde bu gün täze ösüşe eýe bolýar diýip belledi. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ösüşi munuň aýdyň subutnamasy bolup, taraplar ony has-da artdyrmagy maksat edinýärler. 

Köpugurly sergi Eýranyň senagat önümçiliginiň, dünýäniň köp döwletlerine, şol sanda biziň ýurdumyza eksport edilýän ýokary hilli önümleriň we harytlaryň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

“Iran Khodro” konsorsiumynyň iri önüm öndürijileri milli awtomobil gurluşygynyň kuwwatlyklaryny görkezdiler. Olar sergä gelenlere ilkinji gezek döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen “Samand LX”, “Samand Sozen”, şeýle hem “Peugeot” kysymly ýeňil awtoulaglaryň täze nusgalaryny hödürlediler. 

Köpsanly diwarlyklar we pawilonlar serginiň agramly bölegini eýeläp, olarda gurluşyk senagaty, nebitgaz we elektroenergetika pudaklary, ýol-ulag pudagy, suw we oba hojalygy üçin enjamlaryň we tehnikalaryň, alýuminden we plastikden metal gurnamalaryň, bezeg we timarlaýyş gurluşyk materiallarynyň, tehnologik materiallardan we senagat dokmasyndan dürli örtükleriň nusgalaryny we maketlerini, hasaba alyş we paýlaýyş ulgamlaryň çylşyrymly abzallaryny görkezdiler. Halkara hil ülňülerine we ekologik howpsuzlygyna laýyk gelýän şol önümleriň köpüsi türkmen bazaryna giňden getirilip, olar özüni ýokary öndürijiligi, tygşytlylygy, dürli görnüşleri bilen tanatdy. 

Iri senagat desgalaryny we enjamlanyny taslamaga, gurmaga, sazlamaga, tehniki taýdan üpjün etmäge ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň hatarynda “Kaýson”, “Pars Khavar”, “Abad Pahan Pars”, “Farassan Manufakturing” /suw desgalary, ötükler, suw arassalaýjy ulgamlar/, “ISTA”, Lule beton Gorgan “Mazandaran Cement”, “Gas souzan”, “Hafari shomal”, “ODCC” /nebitgaz düzümi/, “Electro kavir”, “Shomal mashinery”, “Motozen”, “ACECR” /elektroenergetika/ we beýlekiler bar. 

“Sadra” kompaniýasynyň diwarlyklary türkmen kärdeşleriniň gämi gurluşyk /nebit daşaýan tankerler, tirkegler/ we deňizde buraw desgalary babatda taslamalara we işlere bolan aýratyn gyzyklanmasyny özüne çekdi. 

Eýranyň energetika ministrliginiň ”IWPCO” kompanýiýasy ilkinji gezek suw serişdelerini we energetikasyny ösdürmek, gidroenergiýasyny öndürmek, iri meýdançalarda suwaryş ulgamlaryny gurmak boýunça toplumlaýyn taslamalary işläp taýýarlamak babatda hyzmatlary bilen tanyşdyrdy. 

“State Lives affair logistik” kompaniýasy mülkdarçylygy goldamak, ýokumly önümleri öndürýän we saklaýan iri toplumlary gurmak babatda teklipler bilen çykş etdi. “Marsus Com.” kompaniýasynyň önümleri hem obasenagat önümçiligini çalt ösdürmäge gönükdirilendir, ol şitilhanalar we gülhanalar toplumyny, şeýle hem sowadyş ulgamlaryny gurmagyň, ýyladyşhana enjamlaryny ýasamagyň taslamalaryny görkezýär. “Kimiadam” guş köpeltmek üçin taýýar we garylan iýmileriň dürli görnüşlerini hödürleýär. 

“Tagamly” önümler eýran sergisinde aýratyn orun eýeleýär. “Sirin Azal”, “Negar Taýmaz”, “Razavi Foode”, “Minoo Industrial Group”, “Delvesen” we beýleki önüm öndürijileriň diwarlyklary süýjülikleriň, kakadylan önümleriň, hoşboý ysly zatlaryň, süýji-köke önümleriň we konserwirlenen gök önümleriň dürli reňkli gaplary, şeýle hem dürli şireleri, içgileri we gök çaýlary bilen özüne çekdi. Sergä ilkinji gezek gatnaşýan “Jetaren Lahif” önüm öndürijiniň pawilonynda hoşboý ysly çaýlary hödür etdiler. 

“Golbarg Paper Core” firmasynyň diwarlygynda kagyz önümçiliginiň galyndylaryndan täze tehnologiýalar boýunça taýýarlanan dürli görnüşli karton gaplaryny görmek boldy. Olar ekologik taýdan howpsuz we örän tygşytlydyr. 

Sergide öz diwarlyklaryny Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň ýanyndaky Medeni merkez, “Saderat-Iýran” bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasy hem ýaýbaňlandyrdylar. Olar işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleriň döredilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 

Elbetde, gadymy eýran el halylary, owadan gap-gaçlar, sowgatlyklar we beýlekiler sergä özboluşly öwüşgin çaýdy. Olar eýran halkynyň gadymy medeniýetiniň baý taryhynyň we sungatynyň esasyny düzýär. 

Ykdysady sergä gelýänler üçin üç günüň dowamynda täze tehnologiýalary we işleri görkezýän bu köpugurly sergi bilen has ýakyndan tanyşmaga, özara bähbitleriň esasynda geljekki meýilnamalary we işewür başlangyçlary kesgitlemäge mümkinçilik dörär. 

Ertir türkmen-eýran işewürler maslahaty geçiriler, onuň barşynda iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri ösüşiň milli meýilnamalaryny we sebit hyzmatdaşlygyny nazara almak bilen, geljekki söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň meselelerini, onuň has bähbitli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Makale Yarışması

Türkmenistan İstanbul Başkonsolosluğu tarafından 2015 yılı Türkmenistan'ın Tarafsızlığının kabul edilmesinin 20. yıl dönümünün Başkent Aşkabat başta olmak üzere, ülkenin dört bir tarafında çok özel etkinliklerle ve coşkulu gösterilerle kutlanacağı, ayrıca bu sene Türkiye'de düzenlenecek önemli etkinliklerin Tarafsızlığın 20. Yıl Dönümüne atfedileceği, Türkmenistan uyruklu öğrenciler için "Tarafsızlığın 20. Yıl Dönümü" adlı
bir makale yarışması düzenleneceği bildirilmiştir. Türkmenistan Uyruklu Ögrenciler için Tarafsızlığın 20. Yıl Dönümü Vesilesiyle Düzenlenecek Makale Yarışması Hakkında:

-Son başvuru tarihi 10 Mart 2015, saat 18.00'e kadar.
-Birinciye 1000 TL, İkinciye 750 TL, Üçüncüye 500 TL ve diger dereceye giren öğrencilere çeşitli hediyeler verilecektir.
-Makale konuları: "Ekonomi, Tarih, Kültür, Bilim, Edebiyat, Sanat"
-En az sayfa sayısı 10, en fazla 20, 12 punto Times yazı karakteri ile yazılmalıdır.
-Başvuruların e-posta yoluyla yapılması ve Öğrenci Belgesi ibra edilmesi gerekmektedir.
-Ögrencilerin başvuru ile birlikte iletişim adreslerini (cep telefonu, e-posta adresi) bildirmeleri gerekmektedir.
-Son başvuru tarihinden sonraki başvurular dikkate alınmayacaktır.
-Ayrıntılı bilgi ve başvuru için: stambultmcons@gmail.com ile iletişime geçilmelidir


25 Şubat 2015 Çarşamba

Türkmen Küştçüleriniň Medallary we Rekordlary

Türkmen küştçileri iri halkara ýaryşlarynda nobatdaky üstünlige eýe boldular. Golaýda Reşt şäherinde (Eýran Yslam Respulikasy) tamamlanan “Hazaryň kubogy” ýaryşynda ildeşlerimiz iki medala—kümüş we bürünç medallara, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçirilen “Moskow-open” ýaryşynda Maksat Atabaýew halkara grossmeýsteri diýen ada mynasyp boldy. M.Atabaýew şeýle ýokary sport derejesine eýe bolan Türkmenistanyň iň ýaş türgenidir. 

Eýranyň Hazarýaka şäherinde geçirilen ýaryşa Russiýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Ukrainadan, Latwiýadan, Litwadan we beýleki ýurtlardan türgenleriň 500-e golaýy gatnaşdy. Olar medallar ugrunda dört toparda bäsleşdiler. Türkmenistanlylar “C” toparda medala mynasyp boldular. Bu toparda FIDE-niň ussady Bahar Hallaýewa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykmagy başardy. Türkmenistanyň häzirki çempiony şweýsar ulgamy boýunça 9 döwde geçirilýän ýaryşyň barşynda 9 utuk toplap, diňe ýer eýeleriniň wekilinden utuldy. 



Biziň türgenlerimiziň ýene-de biri—FIDE-niň ussady Gözel Atabaýewa hem şonça utuk toplap, bürünç medala mynasyp boldy. Eger-de dünýäniň 12 ýurdundan uly ýaşly küştçiler bilen deň bäsleşip, iň oňat üç türgeniň hataryna girmegi başarandygyny göz öňünde tutanyňda, ýaş küştçiniň üstünliginiň ähmiýeti artýar. 

Şol toparda biziň ildeşimiz Meňli Öwezowa 6,5 utuk toplap, dördünji orna mynasyp boldy. 

Erkekleriň arasynda küştçüleriň 200-den gowragy medallar ugrunda göreşen “B” toparynda FIDE-niň ussady Haýrulla Haýtbaýew oňat netije görkezdi. Kazanda geçirilen Uniwersiada-2013-e gatnaşan türgenimiz mümkin bolan dokuz utukdan ýedi utuk toplap, 4-12-nji orunlara mynasyp bolan türgenleriň hataryna girdi. Türkmenistanly türgene medal almak üçin bary-ýogy 0,5 utuk ýetmedi. 

Reşt şäherinde nusgawy küşt boýunça ýaryşlardan başga-da, çalt oýnamak boýunça bäsleşik geçirildi. Onuň düzgüni boýunça bir döwe her göçümden soň 2 sekund goşulmak bilen 3 minut berilýär. Bu ýaryşda biziň toparymyzyň düzüminde Merjen Ýalkanowa tapawutlandy. Ol halkara ýaýryşlarynyň iň güýçli türgenleriniň bäşigine girmegi başardy. 



20 ýaşly Maksat Ataýew ýokary derejeli “Moskow-open” ýaryşynda halkara grossmeýstriniň normatiwini ýerine ýetirdi. Aprel aýynda Abu-Dabide (Birleşen Arap Emirlikleri) Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) kongresi geçiriler. Şol ýerde M.Atabaýewiň bu ýokary sport adyna eýe bolandygyny tassyklaýan resmi sertifikata gol çekiler. 

Ýokary grossmeýster görkezijisinden başga-da, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orazly Annageldiýewiň şägirdi erkekleriň arasynda ýurdumyzyň ýokary ligasynyň çempionatynda ýeňiş gazanan iň ýaş küştçi bolup durýar. Ol ilkinji gezek milli derejedäki ýaryşda 15 ýaşynda ýeňiji boldy, şondan bäri hem üç gezek ýeňiş gazandy. 

Moskwada geçirilen ýaryşlaryň barşynda Halkara küşt federasiýasynyň wekilleri dürli ugurlar boýunça 30-dan gowrak ýurtdan gelen tälimçileri synagdan geçirdiler. Şeýlelikde, O.Annageldiýewe FIDE-niň guramaçysynyň sertifikaty gowşuruldy. Bu resminama indiden beýläk Türkmenistanyň ýygyndysynyň uly tälimçisiniň halkara derejesindäki islendik ýaryşlary, şol sanda dünýäniň we Aziýanyň çemionatlaryny guramaga gatnaşyp bilýändigini tassyklaýar. 



Tälimçi Aýdogdy Atabaýew synaglaryň ikisinden geçmegi başardy. Şol synagalar bolsa ony FIDE-niň emini we FIDE-niň tälimçisi hökmünde kesgitleýär. Mundan beýläk türkmen tälimçisi emin hökmünde küşt boýunça islendik halkara ýaryşlaryna hyzmat edip biler we dünýäniň islendik ýurdunda tälimçi bolup işläp biler. 

...Bary-ýogy iki aý mundan ozal täze açylan Aşgabadyň Küşt we şaşka mekdebinde 22-nji fewralda ilkinji gezek milli ýaryşlaryň—10,12,16 we 18 ýaşa çenli küşçüleriň arasynda Türkmenistanyň birinjilikleriniň birbada dördüsi badalga aldy. Medallar ugrunda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýaş küştçüleriň 150-ä golaýy göreşýär. Ýeňijiler we baýrakly orunlara mynasyp boljaklar 1-nji martda kesgitlener.

Sergi Köşgünde Eýranyň Sergisi Boldy





BMW 3 SERİES 328İ Model: 2011 Motor: - Mil: 90,000 geçmedik Bahasy: 25,000 USD (gapyda) we Rastomoşkasyz (23,500 USD)Salgysy: Amerika Renki: İslän renkiňize göra saýlap bilýäňiz Salon: Full Limited Zakaz Bilen İslän Maşynyňyzy Amerikadan Getirýäs Habarlaşmak Üçin: +90 553 525 46 75

BMW 3 SERİES 328İ Model: 2011 Motor: - Mil: 90,000 geçmedik Bahasy: 25,000 USD (gapyda) we Rastomoşkasyz (23,500 USD)Salgysy: Amerika Renki: İslän renkiňize göra saýlap bilýäňiz Salon: Full Limited Zakaz Bilen İslän Maşynyňyzy Amerikadan Getirýäs Habarlaşmak Üçin: +90 553 525 46 75
http://masynym.com/?pages,1425/bmw-3-series-328-i

















BMW 3 SERİES 328 İ Model : 2011 Motor : - Mil: 90,000 geçmedik Bahasy: 25,000 USD (gapyda) we Rastomoşkasyz (23,500 USD) Salgysy: Amerika Renki: İslän renkiňize göra saýlap bilýäňiz Salon: Full Limited Ýagdaýy: Arassa Degmedik Zakaz Bilen İslän Maşynyňyzy Amerikadan Getirýäs Habarlaşmak Üçin: +90 553 525 46 75

BMW 3 SERİES 328 İ

Model   : 2011

Motor   : -

Mil:      90,000 geçmedik

Bahasy:  25,000 USD (gapyda)  we Rastomoşkasyz (23,500 USD)

Salgysy: Amerika

Renki: İslän renkiňize göra saýlap bilýäňiz

Salon: Full Limited

Ýagdaýy: Arassa Degmedik

Zakaz Bilen İslän Maşynyňyzy Amerikadan Getirýäs

Habarlaşmak Üçin: +90 553 525 46 75