30 Ocak 2015 Cuma

Men Ýaş We Zehinli.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary Ýazmyrat Meredow we Öre Amanow “Men ýaş we zehinli” atly 5-nji halkara distansion ýaryşynda ýeňiji boldular. Olaryň “Döwlet býujeti: ykdysadyýetiň durnuklylygynyň çeşmesi” we “Türkmenistanda maýa prossesleriniň döwlet dolandyrylyşy” atly temalarynyň öz aktuallygy we ylmy esaslandyrylyşy üçin birinji ýerlere mynasyp boldular. 

Türkmen talyplarynyň ylmy ýolbaşçysy Abdykerim Muhanow Russiýanyň Taganrog şäheriniň Ylmy pikirler merkeziniň ýörite diplomy bilen aýratyn ylmy hyzmatlary üçin sylaglandy.

Prezidentimiz Azerbaýjanyň daşary işler ministrini kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Mämedýarowy kabul etdi. 

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny gowşurdy, ol milli Liderimize rowaçlyk we Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösmegine hem-de doganlyk türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli döwlet işinde üstünlikler arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, öz nobatynda, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna bagtyýar durmuş we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistan Azerbaýjan bilen mundan beýläk-de ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň ugry boýunça däp bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Şol halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmäge umumy çemeleşmeler işlenip taýýarlanylýar. 

Goňşy ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, türkmen tarapynyň öňe sürýän ähli başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan edip, Azerbaýjanyň mundan beýläk hem Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitlerinde hem-de bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksadynda Türkmenistan bilen bilelikde tagallalary etjekdigini nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň Aşgabatda geçirilýän üçtaraplaýyn duşuşygynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu duşuşykda ara alyp maslahatlaşmak üçin meseleleriň ençemesi, şol sanda goňşy ýurtlaryň geografiki we geostrategiki babatda amatly ýerleşýändigini hem-de olaryň bar bolan energetiki serişdelerini nazara almak bilen, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we döwrebap ulag-üstaşyr düzümini döretmek ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyna degişli meseleler girizildi. 

Umumy pikire görä, Prezidentleriň derejesinde üçtaraplaýyn görnüşde geçiriljek duşuşyk tutuş sebitiň ösmegine saldamly goşant bolar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu duşuşyk şu ýyl Türkmenistanda geçiriler. 

Hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň daşary işler ministri döwletara gatnaşyklarynyň gazanylan belent derejesini hem-de özara bähbitleri, bar bolan kuwwaty we iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň umumylygyny nazara almak bilen, bu gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, esasy ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlarynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Däp bolşy ýaly, bu ulgamlarda özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Gadymdan bäri umumy taryhyň we däp-dessurlary bilen baglaşan iki doganlyk halkyň ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna ýardam edýän ysnyşykly gumanitar we medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wajypdygy aýratyn bellenildi. 

Umumy pikire görä, ýokary we hökümetara derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli guralýan syýasy geňeşmeler we iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklary, şeýle hem geçirilýän giň möçberli medeni çärelere taraplaryň işjeň gatnaşmagy deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. 

Pursatdan peýdalanyp, myhman ak mermerli Aşgabadyň özgerýän keşbine haýran galýandygyny aýtdy. Paýtagtymyzyň okgunly ösmegi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda belent sepgitlere ýeten we halkara giňişliginde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriň aýdyň subutnamasydyr. 

Duşuşygyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri köpden gelýän doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna we ähli türkmen halkyna mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent maksatlara barýan ýolda täze uly üstünlikler arzuw etdi. 

Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wahdet Mamedaga ogly Sultanzade gatnaşdy.

Türkmenistanyň Bitaraplygy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi. 



Oňa ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri, daşary ýurtlaryň biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly žurnalistler, milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. 

Bu maslahat Türkmenistanda we daşary ýurtlarda bütin ýylyň dowamynda geçiriljek 2015-nji ýyly Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan syýasy we durmuş-maglumat ähmiýetli çäreler toplumynyň başlangyjy bolup durýar.

http://www.turkmenhabargullugy.com/



http://www.turkmenhabargullugy.com/

http://www.turkmenhabargullugy.com/


Aşgabatda Mebel sergisi açyldy.

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işine başlady.Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Ýöriteleşdirilen sergi—ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli sergileriň taryhynda ilkinji bolup, ol milli ykdysadyýet üçin täze mebel pudagynyň gazananlaryny, şeýle hem bu ugurda ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmegiň mümkinçiliklerini we öý üçin köpdürli senagat harytlaryny öndürmek babatda mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilendir. 

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna iberen Gutlag hatynda şeýle sözler bar: Türkmenistan Watanymyzyň ykdysady ösüşiň täze belentliklerine çykmagy bilen, halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş derejesi has-da gowulandy. Aşgabatda geçirilýän halkara serginiň mazmuny bu ulgamda milli taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň derejesini we ösüş depginini aýdyň görkezer. Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öndürýän önümlerini görkezýän döwlet eýeçiligindäki edara--kärhanalaryň, guramalaryň wekilleri bilen bir hatarda, hususy telekeçilere hem öz mümkinçiliklerini görkezmäge oňaýly şertleri döreder diýip, milli Liderimiz onuň türkmen hünärmenlerine daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmakda oňat mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi. 



Ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň pawilionlarynda görkezilen mebelleriň we mebel önümleriň köp sanly nusgalary giň gerimli serginiň esasyny düzdi. Ykdysady hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek mümkinçiligini gazanmak maksady bilen sergä öýleri we edara binalaryny enjamlaşdyrmak babatda täze teklipleri bilen Italiýanyň, Koreýanyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Hindistanyň, Belarusyň, Ermenistanyň iri kompaniýalarynyň wekilleri geldiler. 

Türkmen paýtagtyny we welaýatlary toplumlaýyn ösdürmegiň çäklerinde ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk häzirki zaman Türkmenistanyň aýdyň alamatyna öwrülip, ol tutuş düzümiň düýpli täzelenmegini, şol sanda ýokary halkara ülňülerine gabat gelýän dolandyryş edara binalarynyň, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň we okuw mekdepleriniň, saglygy goraýyş merkezleriniň, sport desgalarynyň gurulmagyny göz öňünde tutulýar. 

Şunda öňdebaryjy gazanylanlary we täzelikleri, iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak, adamlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin şertleri döretmek esasy ölçegler bolup durýar. 

Gurluşyk pudagynyň hajatlary, türkmenistanlylaryň işlemegi we dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmek wezipeleri, edara binalaryny we ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş maksatly edaralary enjamlaşdyrmakda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ýurdumyzyň senagatynda täze ugruň—ýokary hilli mebel önümleriniň önümçiliginiň ösmegi bilen şertlendirilendir. Türkmen önüm öndürijileriniň halkara ülňüleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän mebelleri bezeg taýdan hem, daşary ýurtlardan getirilýän mebellerden hem birjikde pes durman, içerki bazarda mynasyp besdeşlige eýe bolup durýar. 

Häzir bu ugurda uly tejribe toplan dünýäniň mebel önümçiliginiň liderleriniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we işlerini özleşdiren kärhanalaryň onlarçasy üstünlikli işleýär. Olaryň köpüsi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýar. 



Olaryň hatarynda “Abraýly önüm”, “Rysgal”, “Çynar”, “Aýsenem”, “Naýbaşy”, “Nagyş”, “Hilal” ýaly iri kärhanalar bar. Olaryň sergidäki giň göwrümli pawilionlarynda owadan, ýumşak we gabaraly mebeller, ýatylýan garniturlar, myhman, çagalar otaglary, aşhana üçin agaçdan ýasalan ýokary hilli toplumlar, şeýle hem mekdep partalary we döwlet edaralarynyň we ilatyň ägirt uly islegine eýe bolan beýleki zatlar görkezilýär. Mebelleriň bahasy, sarp edijiniň isleglerine laýyklykda şahsy buýurmalary ýerine ýetirmek mümkinçiligi daşary ýurtly önümçiligiň öňünde esasy artykmaçlyk bolup durýar. 

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň mebel senagatynda ilkinji bolan “Aýbölek” fabrigi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2010-njy ýylda ulanmaga girizildi. Ol ýokary öndürijilikli enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Häzirki wagtda ol iň döwrebap kärhana bolup, giň görnüşli önümleri—köpçülikleýin ýörite ugurlydan başlap, ýylmanak örtükli aňrybaş mebellere çenli önümleri çykarýar. Önümçilik üçin serişdeler daşary ýurtly hyzmatdaşlardan gelip gowuşýar. Häzirki wagtda hut şu kärhana ýurdumyzda esasy mebel öndüriji bolup durýar hem-de öz nusgalyk işleri bilen kärdeşlerini—türkmen telekeçilerini höweslendirýär. Şonuň bilen birlikde, olaryň önümleriniň ýurdumyzyň bazarlarynda diňe bir öňe ilerlemegine ýardam etmän, eýsem, önümlerini daşary ýurtlara ugratmakda hem pudagyň depginli ösmegi üçin mümkinçilikleri döredýär. Kompaniýanyň diwarlygyny bezän ýelkeniň makedi “Aýbölegiň” hünärmenleriniň agaç boýunça döredijilik ussatlyklarynyň özboluşly nyşany boldy. 

“Abraýly önüm” hususy kärhanasynyň önümçiligi barha artýar. Kärhananyň adynda möhüm ýörelge beýan edilýär: harydyň daşyna örtülýän tehnologik matany we gaýyşy peýdalanmak bilen, özleriniň dizaýnerçilik çözgütleriniň esasynda görnüşleri ýylsaýyn barha täzelemek arkaly diňe ýokary hilli we owadan önümleri çykarmak ýörelge edinilýär. Ýöriteleşdirilen sergä gatnaşmak özüňi görkezmek, öz işleriňe alyjylaryň islegini bilmek, kärdeşleriňden we öýde gözellik dörediji ussatlardan tejribe almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. 

“Çigildem mattress” ýaş kärhananyň ýatylýan otaglar üçin mebelleri hem sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Olar ekologiýa taýdan arassa serişdelerden, ýorgan-düşekleriň önümçiliginde, şeýle hem bilim we durmuş ulgamynyň edaralary üçin ýöriteleşdirilen mebelleriň önümçiliginde öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirýärler. 

Türkmen telekeçileriniň işewürlik boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýan aragatnaşyklary netijesinde ýurdumyzyň sarp edijileri iň täze tehnologiýalar we innowasiýalar esasynda dünýäniň mebel öndürijileriniň biri-birinden owadan, ajaýyp mebelleri saýlan almak mümkinçiligine eýe boldular. Çünki türkmen telekeçileri Türkmenistana mebelleri we olaryň degişli enjamlaryny getirmegi amala aşyrýarlar. Bularyň ählisini “Adore”, “Epika”, “Istikbal”, “Windy” /Türkiýe/, “Hosen” /Hytaý/, “Camelgroup” /Italiýa/ ýaly kompaniýalaryň diwarlyklarynda görmek bolýar. 

Belarus öndürijileriniň “Pink drew” holding kompaniýasy mebelleri döretmekde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Olar italiýaly suratkeşleriň işläp taýýarlamalary boýunça gaýyşlara we matalara öwrülip, berýozadan edilen ýumşak hem-de aňrybaş mebelleridir. Şeýle mebelleri indi 2014-nji ýylyň dekabrynda paýtagtymyzdaky “Çandybil” söwda merkezinde açylan Türkmen-belarus söwda öýünde edinmek bolýar. 

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Aşgabat şäherindäki bazarlar birleşmesiniň diwarlygy paýtagtymyzyň söwda merkezlerinde öýler üçin satylýan harytlaryň dürli görnüşlerini görkezýär. 

Öz gezeginde ýurdumyzyň dokmaçylary öý hojalygynda giňden peýdalanmak üçin ýokary hilli dürli görnüşli önümleri adamlaryň garamagyna hödürlediler. Ol önümler – ýorgan-düşek we hammam serişdeleri, aşhana, tutular üçin dokma önümleri. Pudagy has-da ösdürmegiň çäklerinde mebel matasynyň daşky örtük üçin önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. 

“Golfam Textile Group” eýran kompaniýasynyň diwarlygy pagta we poliester esasynda taýýarlanan ýumşak matalardan ýyly pokrowallaryň, saçaklaryň, ýaglyklaryň, odeallaryň we örtükleriň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. 

Hususy kompaniýalaryň we firmalaryň diwarlyklary ekspozisiýanyň üstüni ýetirdi. Olar iň täze tehnikalary we elektroenjamlary, kompýuter enjamlaryny, telewizor enjamlaryny we telefonlary getirmek, durmuş himiýasy harytlarynyň, dokma önümleriniň önümçiligi, şeýle hem türkmen halyçylygy hem-de özboluşly amaly-haşam sungaty ýaly ugurlarda ýurdumyzyň bazarlaryny özleşdirdiler. 

Bu ýerde ýüpekden we ýüňden her dürli reňkli, owadan şekiller beýan edilip, elde dokalan ajaýyp halylar, döwrebap haly önümleri we halyçalar, el işleri, zergärçilik bezegleri, keramika önümler, telekeçiler we halk ussalary hem-de milli sungat mekdepleriniň ýaş suratkeşleri tarapyndan taýýarlanan sowgatlyk önümler görkezilipdir. 

Täzelikler we islegler arkaly üsti ýetirilýän bu önümçilik pudagy ösüp-örňemek bilen döwür bilen aýakdaş gitmäge ymtylýar hem-de döredijilik tapyndylary we batyrgaý tejribeleri we özboluşly çözgütleri bilen yzygiderli täsir galdyrýan el işiniň ussatlarynyň egsilmez döredijiligi üçin çäksiz giňişligi açýar. 

Sergä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Aşgabatda mebelleriň we öý hojalyk harytlarynyň ýöriteleşdirilen halkara sergisiniň geçirilmegi – munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ýeten nobatdaky uly sepgidini, hil taýdan täze derejä çykmak üçin soňky ýyllarda düýpli binýat döredilen döwrüň talap edýän mebel pudagynyň ýola düşendigini alamatlandyrýan ajaýyp wakadyr. Şoňa görä-de, häzirki sergi dünýä bazaryna çykmak mümkinçiligi bilen ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşini giňeltmek üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge möhüm goşant bolmaga gönükdirilendir.

Mary şäheri türki dünýäsiniň paýtagty myhmanlary kabul edýär.

Mary welaýatynyň merkezinde “Mary şäheri - türki dünýäsiniň medeni paýtagty” ýylynyň resmi açylyş dabarasy bolup, şähere berlen bu hormatly derejä görä belleniljek çärelere badalga berildi. 

Türkmenistanyň Mary şäheriniň şu hormatly derejä 2015-nji ýylda eýe bolmagynyň çuňňur manysy bar, şu ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan syýasaty yglan edip, dünýäniň dürli ýurtlary we iri halkara guramalary bilen giň gerimli gepleşigiň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň döwletleri bilen özara gatnaşyklary dostluga, hoşniýetli goňşuçylga mahsus däp-dessurlardan ugur alyp we deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanyp guraýar. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gadymy türkmen şäherleriniň birine 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagtynyň derejesiniň berilmegi Türkmenistanyň müňýyllyklara uzap gidýän şan-şöhratly taryhynyň asyrlaryň dowamynda siwilizasiýalaryň özara medeni aragatnaşyklarynyň ulgamynda uly ähmiýete eýe bolandygyna hem-de häzirki wagtda türkmen döwletiniň parahatçylygyň we ösüşiň ýolunda gazananlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. 

“Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly taslama türki halklaryň medeniýetiniň mümkinçiliklerini äşgär edip, olaryň mirasyna ünsi çekmekden ybaratdyr. Bu taslama boýunça her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherlerinde döredijilikli mümkinçilikleri jemläp, şonuň esasynda dürli görnüşdäki täsirli medeni we gumanitar çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şol çäreler taryhyň dowamynda emele gelip berkän medeni gatnaşyklara hem-de biziň günlerimizde garaşsyz döwletleriň özboluşly medeniýetleriniň arasynda dowam edýän gepleşige esaslanýar. 

Ýeri gelende aýtsak, TÜRKSOÝ diňe bir şu gurama goşulýan ýurtlary däl-de, eýsem, köpsanly döwletleri we halklary halkara hyzmatdaşlygyna çekýär, şu gurama tarapyndan Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilen geçen ýylda geçirilen çäreler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

Soňky ýyllarda Mary şäheri ýurdumyzyň medeni we ylmy durmuşynyň mekrezleriniň biri hökmünde köp sanly alymlaryň, syýahatçylaryň we zyýaratçylaryň ünsüni çekýär. 2012-nji ýylda Mary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi we bellenilen çäreler täsirli geçirildi. 



Mary jülgeçi gadymy türkmen topragydyr. Taryhy ýadygärlikler irki döwürlerden bu ýerde medeniýetiň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär. Ençeme asyr mundan ozal Mary welaýatynyň çäginde kuwwatly, ösen köp sanly türkmen döwletleri bolupdyr, şunda ylma, edebiýata we sungata uly hormat goýlupdyr. Siwilizasiýanyň bu gadymy ojagy dünýä sungatyň, binagärligiň, onlarça senetleriň ajaýyp nusgalaryny peşgeş berdi. Dürli döwürlerde, gadymy Merwde görnükli alymlar we filosoflar, lukmanlar we matematikler, sazandalar we şahyrlar ýaşapdyrlar we döredipdirler. Gadymy Merw Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, siwilizasiýalaryň özboluşly çatrygy bolupdyr. Bu ýerde Gündogarda belli metjitler we medreseler, bazarlar hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden gelen täjirleriň düşgän uly kerwensaraýlary gurlupdyr. Bu ýerde tutuş türki dilli dünýä öz täsirini ýetiren oňyn medeni ösüşler bolupdyr. Dürli ugurlar boýunça bilimleriň ojagy diýlip hasaplanan kitaphanalar, ylym we bilim merkezleri Merwiň hökümdarlarynyň we raýatlarynyň buýsanjy bolupdyr. Dünýäniň köpsanly ýurtlaryndan alymlar bu ýere gelmäge çalşypdyrlar. Bularyň ählisi medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna ýardam berip, umumy adamzadyň ruhy gymmatlyklarynyň kemala getirilmegine oňyn täsirini ýetiripdir. Hut şoňa görä-de, Gadymy Merwiň biziň günlerimize gelip ýeten ajaýyp taryhy ýadygärlikleri we binalary UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi hem-de tutuş dünýäniň alymlaryň, şeýle hem syýahatçylaryň we zyýaratçylaryň ünsüni çekýär. 

Soňky ýyllarda Maryda iri halkara ylmy forumlar we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler ýygy-ýygydan geçirilýär. Dünýäniň gadymy siwilizasiýalarynyň biriniň medeni däp-dessurlary aýdym-saz we şekillendiriş sungatynyň, muzeý we kitaphana işiniň, şäheriň binagärlik keşbiniň ösüşinde öz beýanyny tapýar, bu ýerde ajaýyp bilim we medeniýet merkezleri guruldy. Bularyň arasynda Mary welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň, Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň binalaryny, Ruhyýet köşgüni, Marynyň welaýat kitaphanasynyň binasyny görkezmek bolar. Welaýatyň kitaphanasy Merwiň meşhur kitaphanasynyň we onlarça alymlaryň ylmy barlaglary geçiren obserwatoriýasynyň özboluşly mirasdüşerine öwrüldi. 

Köp asyrlar mundan ozal gadymy Merw şäherinde bolşy ýaly, häzirki Mary Gündogaryň myhmansöýer şäherleriniň biri diýlip hasaplanýar. Şu dabara gatnaşyjylar – Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň Diwanynyň ýanyndaky Türkiýäniň hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça müdirliginiň (TIKA) resmi wekilleri, birnäçe ýurtlaryň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Makedoniýanyň, Bosniýanyň we Gersegowinanyň, Wengriýanyň, Bolgariýanyň, Gagauziýanyň (Moldowa Respublikasy), Russiýa Federasiýasynyň sebitleri: Tatarystanyň, Başgyrdystanyň, Hakasiýanyň, Tuwanyň, Saha-Ýakudystanyň, Galmygystanyň we Altaý ülkesiniň döredijilik wekiliýetleri bu barada aýtdylar. 

Dabaranyň geçirilen ýerinde, Ruhyýet köşgüniň binasynyň öňündäki meýdançada şadyýan ýagdaý höküm sürdi. Bu ýerde özboluşly türkmen obasy gurnalypdyr, ak öýlerde Mary welaýatynyň dürli etraplarynyň ussatlary öz işlerini görkezýärler, bu özboluşly sergide milli senetlere degişli zatlar, milli geýim we elin matalar, halylar we keçeler, keramiki we zergärçilik önümleri, milli saz gurallary görkezildi. 

Meýdançada teatryň artistleriniň we şäheriň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda, şäheriň şanly we gahrymançylykly taryhyna bagyşlanan “Taryha jan berýän, eziz Arkadag” edebi-sazly tomaşa görkezilýär. 

Ruhyýet köşgünde dabara gatnaşýan köp sanly adamlar- ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary, Medeniýet ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, alymlar, medeniýet we sungat işgärleri, žurnalistler, talyp ýaşlar, bu çärä gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleri ýygnandylar. 

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagyny üns berip diňlediler. Milli Liderimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, gadymy Mary şäheriniň umumyadamzat siwilizasiýanyň taryhynda uly ähmiýete eýe bolandygyny hem-de türkmen halkynyň baý taryhynyň, özboluşly medeni we ruhy gymmatlyklarynyň halklaryň we medeniýetleriň ýakynlaşmagyna we özara baýlaşmagyna ýardam berýändigini belledi. 

“Munuň şeýledigini 2015-nji ýylyň dowamynda Mpary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek ýigrimä golaý çäräniň mazmuny hem doly subut edýär. Bu çäreler häzirki zaman dünýäsinde türki halklaryň medeniýetiniň we sungatynyň milli aýratynlyklary, şeýle hem olaryň ylymda gazanan üstünlikleri bilen giňden tanyşmaga doly mümkinçilik berer” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady hem-de şol çäreleriň sebitiň halklarynyň arasyndaky dost-doganlygyň, agzybirligiň has-da berkemegine uly itergi berjekdigini aýtdy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagy ýygnananlar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. 

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Dusanbaý Kaseinow bu şanly wakanyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türki halklaryň medeniýetiniň we sungatynyň aýawly saklanmagyna we ösdürilmegine, häzirki tapgyrda medeniýetleriň gatnaşygynyň kämilleşdirilmegine ýardam berýän netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Ol bu gün türki dünýäsiniň medeni paýtagtynyň çäklerinde bu çäreleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawuna girizilen gadymy Merwde – häzirki Maryda geçiriljekdigini aýtdy. Şunda umumy medeni mirasyň gymmatyna uly hormat goýulýandygyna göz ýetirip, dünýä siwilizasiýasynyň gadymy merkezleriniň biriniň ähmiýetini aýdyň duýmak bolýar. Şu günki waka türki dilli ýurtlaryň ählisi üçin möhüm ähmiýete eýedir. 

Dusanbaý Kaseýinow özboluşly taryhy-medeni mirasyň Mara türki dünýäsiniň medeni mirasynyň merkezi diýlip hasaplanmagyna hukuk berýändigini belläp, döwletleriň arasynda medeni gatnaşyk üçin örän oňaýly şertleriň döredilendigi hem-de jemgyýetiň medeni we ruhy ösüşine aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçysy ähli çäreleriň guramaçylykly geçiriljekdigine, ýatdan çykmajak duşuşyklaryň gumanitar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirýändigini aýtdy. 

Dabaraly çäreleriň çäklerinde bu ýerde baýramçylyk konserti boldy. Onda türki dilli ýurtlaryň birnäçesinden sungat ussatlary çykyş etdiler. 

Konsertiň başynda “Türkmen halkynyň şan-şöhraty äleme doldy” diýen edebi-sazly kompozisiýa görkezildi. Onda geçmişiň we häzirki döwrüň, türkmenleriň şöhratly ata-babalarynyň beýik işleriniň hem-de ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünlikleriniň aýrylmaz arabaglanyşygy nygtaldy. 

Uly konsert maksatnamasyny halk aýdym-sazlary, aýdyň horeografiýa kompozisiýalary we folklor sahna oýunlary düzdi. Olarda türki halklaryň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan hem-de biziň günlerimizde aýawly saklanylýan özboluşly däp-dessurlary aýdyň beýanyny tapdy. 

Tomaşaçylar Azerbaýjandan gelen “Jangi” folklor saz toparynyň, Türkiýe Respublikasynyň Eskişehir häkimliginiň halk oýunlary we tans toparynyň, Gazagystanyň “Ak žaýyn” aýdym-saz toparynyň artistleriniň ussatlygyna we zehinine el çarpdylar. Bosniýa we Gersegowinanyň “Gaýrat” medeniýet assosiasiýasynyň folklor topary “Saraýewonyň milli tansyny” tomaşaçylara hödürledi. Olaryň Wengriýa Respublikasyndan gelen kärdeşleri – “Majar Turan” folklor topary “Çarwa tansyny” ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Faýzi Gaskarow adyndaky Başgyrt döwlet akademiki halk tans topary, Bolgariýadan gelen “Rodop ýelleri” atly folklor topary, Moldowa Respublikasynyň (Gagauziýa) “Dusawa” tans topary, Russiýa Federasiýasynyň Tuwa Respublikasynyň “Saýan” aýdym-saz we tans topary, Makedoniýadan gelen “Täze dünýä” folklor topary hem özleriniň halklarynyň tans sungatyny görkezdiler. 

Ruhyýet köşgünde meşhur aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde gazak, tatar, türk, ýakut, hakas, tuwa, altaý aýdym-sazlary belentden ýaňlandy. 

Türkmen sungaty ýurdumyzyň meşhur tans, folklor we saz toparlary, belli estrada aýdymçylary we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler tarapyndan hödürlenildi. “Mukam” skripkaçylar toparynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren türki halklaryň “Saz çemeni” myhmanlarymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Konsertiň maksatnamasyna “Türkiwideniýe -- 2014” bäsleşiginde Türkmenistana wekilçilik eden Zylyha Kakaýewanyň çykyşy hem girizildi. Şol bäsleşikde türkmen aýdymçysy häzirki zaman aýdym-sazynda milli ýollary saklamak ugrundaky ýörite baýraga mynasyp bolupdy. 

Artistler çykyş edende, olaryň ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny we häzirki döwürde gazananlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. 

Däp bolşy ýaly, baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda “Küştdepdi” gadymy türkmen tansy ýerine ýetirildi. Bu tansda milli medeniýetiň sazlaşygy we ruhy dünýäsi öz beýanyny tapdy. 

Dostluk konsertiniň ahyrynda dostlugyň we doganlygyň mekany bolan eziz Watanymyzy, türkmen halkynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni dörediji milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerini wasp edýän “Türkmenistan” diýen aýdym ýaňlandy. Bu aýdymyň owazy astynda konserte gatnaşyjylaryň ählisi sahna çykdy. Olar özleriniň halklarynyň sungatynyň baý we köpöwüşginli ýörelgelerini görkezmegi başardylar. 

Şekillendiriş, amaly-haşam we surat sungatynyň eserleriniň halkara sergisi Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu gün bu şäherde geçirilen çäreleriň ilkinjileriniň biri boldy. Bu sergi TURKSOÝ-yň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň, şeýle hem şäheriň jemgyýetçiliginiň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň döwlet taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde dabaraly açyldy. 

Muzeýiň birinji gatynda ýaýbaňlandyrylan sergide Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Makedoniýanyň we Türkmenistanyň suratkeşleriniň, keramikaçylarynyň we suratçylarynyň işleri hödürlenildi. Türki halklaryň durmuşy, olaryň däp-dessurlary, sungaty, medenýiet we sungat ulgamynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän sergi köpöwüşginli boldy. Sergä gelenlere milli lybaslaryň toplumlary, şay-sepler, ussat halyçylarymyzyň dokan halylary, agaçdan we ýüpekden döredilen täsin işler görkezildi. Suratkeşleriň we suratçylaryň suratlarynda ajaýyp tebigy gözellikler, taryhy şahslaryň we döwürdeşlerimiziň keşpleri janlandyryldy, Türki dünýäniň medeni paýtagtlarynyň taslamasynyň çäklerinde guralan möhüm çäreler öz beýanyny tapdy. 

Ýurdumyzyň myhmanlary üçin Mary welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi boýunça gezelenç guraldy. Bu muzeýiň hem-de onuň şahamçalarynyň gaznalarynda gymmatlyklaryň – türkmen halkynyň taryhy, medeni we sungat ýadygärlikleriniň 60 müňe golaýy bar. Gadymy milli lybaslar, ajaýyp halylar, halk ussalarynyň kümüşden ýasan şaý-sepleri, arheologlaryň bir mahallar gülläp ösen döwletleriň mesgen tutan ýerinde tapan gadymy medeniýetiň hazynalar toplumy, öý goşlary, ülkäniň taryhy baradaky resminamalar we beýlekiler muzeý gymmatlyklaryny baýlaşdyrýar. 

Gumanitar ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegi netijesinde Mary welaýatynyň döwlet taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi ýurdumyzyň çäginden daşda hem bellidir. Diňe geçen ýylyň dowamynda onuň gymmatlyklary Türkmenistanyň Belarus Respublikasynda geçirilen Medeniýet günleriniň çäklerinde Minsk şäherinde guralan sergide görkezildi. 

Gezelenç tamamlanandan soň, myhmanlar muzeýiň golaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary bölüminiň zalyna çagyryldy. Şol ýerde olara welaýatyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, şol sanda hususy önüm öndürijileriň ýeten belent sepgitleri görkezildi. Sergide welaýatyň hususy kärhanalarynda öndürilen azyk önümleri, milli lybaslar we ýurdumyzyň telekeçiler tarapyndan taýýarlanan sowgatlyklar, şeýle hem ýurdumyzyň dokma toplumynyň tebigy çig maldan taýýarlanan ýokary hilli önümleri hödürlenildi. Myhmanlary Marynyň körpe ýaşaýjylary mähirli garşyladylar. Olar myhmanlara iňlis dilindäki aýdymy hem-de dostluk hakyndaky goşgyny peşgeş berdiler. 

Daşary ýurtly myhmanlar üçin taýýarlanan medeni-tanyşlyk çäresiniň maksatnamasyna laýyklykda, olar düýn “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghana baryp gördüler, şol ýerde täsin binagärlik ýadygärlikleri – Soltan Sanjaryň kümmeti, Hoja Ýusup Hamedaniniň metjidi, gadymy Erkgala we Gyzgala bilen tanyşdylar. 

Gyzgalanyň golaýynda türkmen ak öýleri dikildi. Myhmanlar şol ýerde türkmenleriň däp bolan senetleri bilen tanyşdylar, bu ýerde taýýarlanylýan milli tagamlardan dadyp gördüler, şeýle hem ýyndam we syratly ahalteke bedewleriniň gözelligine hem-de bezegli düýelere syn etdiler. 

Çärä gatnaşyjylar Marynyň welaýat kitaphanasyna hem baryp gördüler. Bu kitaphana sebitiň ruhy durmuşynyň, ylmyň hakyky merkezine öwrüldi. Myhmanlar kitaphananyň köpsanly zallary we onuň döwrebap enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdylar. Uly binanyň gümmeziniň aşagynda ýerleşýän obserwatoriýa bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Myhmanlar üçin şeýle hem köpugurly söwda merkezine – özboluşly gündogar bazaryna gezelenç guraldy. Gadym döwürlerden hem şeýle bazarlar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen uly şäherleriň jemgyýetçilik we medeni durmuşynyň merkezi bolupdyr. 

Dabara gatnaşyjylar Aşgabada gaýdyp gelenlerinden soň türkmen paýtagtynyň muzeýlerine we beýleki ajaýyp ýerlerine baryp, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy bilen tanyşlygy dowam ederler.