1 Mart 2016 Salı

Türkmen Kikbosçylary Kämillik Ýolunda

Geçen dynç günleri, paýtagtymyzyň «Galkynyş» sport toplumynda kikboksing boýunça 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa 50-den gowrak türgen gatnaşdy.

Final tutluşyklarynyň geçirilýän güni, Türkmenistanda kikboksingiň düýbüni tutujylaryň biri Aleksandr Snagowskiniň 65 ýaşy doldy. Ol özüniň tälimçi bolup işlän 30-ýyla golaý döwründe ezber türgenleriň ençeme nesline sportuň bu görnüşiniň inçe tilsimlerini öwretdi. Onuň şägirtleriniň ençemesi dünýä kubogy ugrundaky ýaryşlarda, dünýä we Aziýa çempionatlarynda, şeýle hem beýleki iri halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazandylar.

A.Snagowskiden tälim alan türgenlerimiz ýüzden gowrak medal gazanmak bilen, Türkmenistanyň sport äleminde gazananlaryna öz mynasyp goşantlaryny goşdular. Halypa tälimçi, öz işini dowam edýän kärdeşleriniň hem ençemesini zähmet ýoluna atardy. Ondan hünär öwrenen tälimçileriň şägirtleri hem dürli ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezýärler. Aşgabadyň birinjiligi ugrunda bu ýaryşda hem şeýle netijeler gazanyldy. Mekan Atabaýew (54 kilograma çenli agram derejesinde), Şöhrat Esenow (57 kg çenli), Kakajan Nepesow (60 kg çenli),  Artem Habarow (63,5 kg çenli), Akmyrat Akyýew (67 kg çenli), Hemra Orazow (71 kg çenli), Orazmuhammet Orazdurdyýew (86 kg çenli) we Döwletmyrat Oraýew (91 kg çenli) ýaryşyň homat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar. Ýeňijiler, paýtagtymyzyň toplumlaýyn sport mekdebiniň düzüminde çykyş edip, tälimçiler Aleksndr Snagowskiniň, Rejep Hojamämmedowyň, Pirli Amanowyň, Roman Umirowyň, Gurban Çaryýewiň ýolbaşçylygynda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýarlar. 

Golaýda, kikboks boýunça Türkmenistanyň  milli ýygyndysy Taýlandda geçen halkara okuw-türgenleşiklerinden gaýdyp geldi.  Sport hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, häzirki wagtda, daşary ýurtlaryň sport tejribesini öwrenmek aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki, geljek ýyl ýurdumyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna kikboksing ýaryşy hem girýär.

2013-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen yklym  derejesindäki IV toplumlaýyn oýunlarda ýurdumyzyň kikboksçylarynyň iki medala—altyn we bürünç medala mynasyp bolandyklaryny ýatlap geçýäris. Indi türgenlerimiz ýutdumyzda geçjek  Aziada-2017 ýaryşlarynda bu netijäni  ýokarlandyrmaga aýgytly taýýarlyk görýärler. 

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi hem-de milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň aýtmagyna görä, kikboksçylarymyzyň artykmaçlygy el arkaly ýerine ýetirilýän urgy tilsimlerinden ybaratdyr. Şonuň üçin hem türgenleşik işlerinde aýak bilen işlemeklige üns bermek zerur bolup durýar. 

Mälim bolşy ýaly, Taýland taý boksyň Watany hasaplanýar. Taý boks tutluşyklarynda aýak bilen urgulary ýerine ýetirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň üçin hem, halkara okuw türgenleşiginiň geçirilmeli ýeri hökmünde Samui adasynyň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Bu ýerdäki taý boks mekdepleri, dünýä we Aziýa çempionatlary ýaly iri ýaryşlarda ýeňiji bolan hem-de baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlamakda uly şöhrata eýedirler.

Häzirki wagtda türkmen kikboksçylary 8-22-nji mart aralygynda Gazagystabda geçiriljek ýene bir halkara okuw-türgenleşigine taýýarlanýarlar.  Soňra ildeşlerimiz  mart aýynyň ahyrlarynda, Latwiýanyň paýtagty Riga şäherinde geçiriljek iri halkara ýaryşyna gatnaşarlar.  

Aprel aýynda «Galkynyş» sport toplumynda erkeklriň arasynda kikboksing boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Bu ýaryşa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden, sportuň bu görnüşiniň ezber ussatlary gatnaşarlar. 


Prezidentimiz Russiýanyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Russiýanyň Workuta şäherindäki “Sewernaýa” kömür şahtasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine getiren heläkçilikli hadysa zerarly gynanç hatyny iberdi. 

Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky sözlerini beýan etdi.

Altyn Asyr Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň Eýesi

Paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» futbol topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny eýeledi. Şu gün, aýgytly duşuşykda ýurdumyzyň çempiony bolan bu topar Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyny ýeňil bolmadyk ýagdaýda 2:1 hasabynda utdy. 

Duşuşygyň ilkinji sekundlary, arzyly kuboga dalaş edýän toparlaryň bu duşuşyga ykjam taýýarlanandyklaryny we olaryň kubogy eýelemäge mümkinçilikleriniň deňeçerdigini görkezdi. «Aşgabat» stadionynda geçen bu duşuşykda, futbolçylaryň öz orunlarynda örän ygtybarly oýnamaklary netijesinde, esli wagtlap hasap açylmady. Duşuşygyň 68-nji minudynda, burçdan oýna girizilen top, «Şagadamyň» jerime meýdançasyna gönükdirildi. Ýokardan gelýän top ugrunda, «ikinji gatda» bolan göreşde «Altyn Asyryň» oýunçysy Myrat Ýagşyýew topa hemmeden öňürti ýetişip, ony kellesi bilen derwezä gönükdirdi we 1:0 hasabynda öz toparyny öňe çykardy. 

Myhmanlar, duşuşygyň tamamlanmagyna örän kän wagt galmanlygy sebäpli, bada-bat hasaby deňlemek üçin öňe okduryldylar hem-de hüjümlerini güýçlendirip başladylar. Oýnuň 79-njy minudynda, olaryň sag tarapdan geçiren hüjümleriniň biri üstünlikli tamamlandy. Deňizýaka şäheriň futbolçylarynyň arasynda hüjümçi Yslam Muhadow tapawutlandy hem-de hasap deňleşdi - 1:1. 

Hasabyň deň bolmagy we oýnuň esasy wagtynyň azalmagy, duşuşygyň haýal depginde dowam etmegine getirdi. Ýöne, duşuşygyň 92-nji minudynda “Şagadamyň” goragçylary ýalňyşlyga ýol berdiler. Olaryň ýalňyşlygyndan aşgabatlylaryň hüjümçisi Myrat Ýagşyýew ýene-de bir gezek peýdalandy hem-de ikinji, az-kem soňra aýan bolşy ýaly, ýeňiş topuny derwezä girizdi. 

Bu duşuşyk paýtagtymyzyň hem-de deňizýaka şäheriň futbolçylarynyň arasynda geçen ilkinji final oýny däldir. Geçen ýyl Balkan welaýatynyň bu futbol topary Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky aýgytly duşuşykda «Altyn Asyr» bilen duşuşypdy we çekeleşikli göreşde öz garşydaşyndan ýeňilipdi. Paýtagtly futbolçylar 2015-nji ýylda milli ýaryşlaryň hemmesinde ýeňiji bolmagy başarypdylar. Ýazguly Hojageldiýewden tälim alýan futbolçylar çempionatyň ýokary ligasynda we ýurduň Kubogy ugrunda ýaryşda gazanan ýeňişleriniň üstüne Naýbaşy kubok ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňişlerini hem goşdular. 

Ýeri gelende aýtsak, mundan birnäçe gün ozal «Altyn Asyr» Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşda hem ynamly badalga aldy. Topardaky duşuşykda ildeşlerimiz Liwanyň «Al Ahed» futbol toparyny 2:0 hasabynda ýeňdiler hem-de üç utuk toplap, «A» toparda birinji orunda barýarlar. Bu toparda ýaryşyň final bölegine çykmak üçin Iordaniýanyň «Al Wehdat» hem-de Bahreýniň «Al Hidd» toparlary göreşýärler. 

Ildeşlerimiz indiki halkara duşuşygyny 8-nji martda, myhmançylykda «Al Hidd» topary bilen geçirer.


Pudagara Toparyň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik ýuramalaryň wekilleri gatnaşdylar. 

Mejlise gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, şu gezekki duşuşygyň baş maksady Türkmenistanyň adam hukuklaryny, şol sanda ynsanperwer häsiýetli hukuklary ýerine ýetirmek boýunça halkara borçanamalarynyň ýerine ýetirilemgine gönükdirilen çäreleri işjeňleşdirmek bolup durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak we esasy halkara konwensiýalaryny tassyk etmek bilen, bu möhüm resminamalaryň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn hukuk özgertmeleri we şu ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan “2016-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary babatda Hereketleriň milli meýilnamasy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşi ähli halk tarapyndan ara alyp maslahatlaşmaga hödürlendi. Ony taýýarlamakda ýurdumyzda raýatlaryň syýasy, ykdysady we durmuş hukuklaryny, erkinliklerini üpjün etmek, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň binýadynda demokratik esaslary berkitmek bilen baglanyşykly meselelere baglanyşykly düzgünleriň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Umuman bularyň hemmesi milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini şertlendirer. 

Mejlisiň barşynda “Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada adyl kazyýetlik ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Baş maksatnamasynyň” çäklerinde milli utgaşdyryjy edarany döretmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

“Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň” möhletiniň dolmagy hakyndaky maglumat Pudagar toparyň agzalarynyň garamagyna hödürlendi. Bellenilişi ýaly, bu Maksatnama ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň halkara guramalary, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde alyp barýan işleriniň we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp taýýarlandy. Ony durmuşa geçirmegiň barşynda fiziki taýdan sagdyn, ruhy we bilim taýdan ösen ýaş nesilleriň milli we umumy adamzat gymmatlyklarynyň binýadynda terbiýelenmegi boýunça möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilen çäreler toplumy amala aşyryldy. 

Şeýle hem birnäçe degişli kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryň taslamalary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunda häzirki döwürde ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen umumy dünýä ösüşiniň, şol sanda ynsanperwer häsiýetindäki möhüm meseleleriň çözgüdine hil taýdan täze çemeleşmeleri öňe sürýär. 

Milli Liderimiziň parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygynda ýokary ynsanperwer ýörelgeleriň we gymmatlyklaryň tejribesini berkitmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer we hukuk babatynda halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa BMG hem-de onuň düzümleýin bölümleri bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň möhümdigi bellenildi. 

Pudagara toparynyň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy.




Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 85-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan,Germaniýadan, Awstriýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiokerosini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Tehniki ýody we uglerody (“Türkmenhimiýa” DK) Hytaýdan hem-de Russiýadan gelen täjirler satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Belizden we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi, pagta-süýümini satyn aldylar. ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 73 million 47 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden we Slowakiýadan gelen telekeçiler jemi bahasy 5 million 156 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. 

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler jemi bahasy 2 million manatlykdan gowrak awtoulag serişdelerini, polipropileni (TNGIZT) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.





Türkmenistanyň Howa Maglumaty 02.03.2016

Türkmenistanyň Howa Maglumaty
02.03.2016
Aşgabat
+12...… +14°
Türkmenbaşy
+12...… +14°
Balkanabat
+14...… +16°
Mary
+12...… +14°
Türkmenabat
+13...… +15°
Daşoguz
+12...… +14°
http://www.turkmenhabargullugy.com/

Bahar Geldi

Bahar Geldi





http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=2383