1 Temmuz 2015 Çarşamba

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Yrakdan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we tehniki kerosini, awtobenzini, dizel ýangyjyny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Owganystandan gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, garaköli goýunlarynyň ýüňi, buýan köki, pagta şroty, ýük awtoulagy satyldy. Olary Russiýadan, Hindistandan, Ukrainadan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 113 million 852 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Turkiýäniň we Slowakiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 4 million 66 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.


Türkmenistan Howa Ulaglary Arkaly Üstaşyr Ýük Daşamakda Hyzmatdaşlygyny Artdyrýar

29-njy iýunda “Cargolux” awiakompaniýasy Lýuksemburg-Türkmenbaşy-Baku ugry boýunça görkezme uçuşyny ýerine ýetirer. 30-njy iýunda bolsa Türkmenbaşy şäherine hepdede 4 gezek, ýagny her hepdäniň 1-nji günlerinde Gonkong-Türkmenbaşy-Budapeşt ugry boýunça, hepdäniň 2-nji günleri Lýuksemburg-Türkmenbaşy-Taýbeý, hepdäniň 3-nji günleri Gonkong-Türkmenbaşy-Wena, hepdäniň 6-nyj günleri Lýuksemburg-Türkmenbaşy-Taýbeý ugurlary boýunça yzygiderli ýük daşamak uçuşlaryny amala aşyrmaga başlar.

“Cargolux” awiakompaniýasy Ýewropada howa arkaly ýük daşamakda iri kompaniýa bolup, 2014-nji ýylda 10 göterimden gowrak ösüş depgini bilen dünýäde 7-nji orny eýeleýär hem-de 60-dan gowrak ugurlar boýunça yzygiderli we dünýäniň köp şäherlerine ýörite uçuşlary ýerine ýetirýär.

Bu awiakompaniýanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary 2009-njy ýyldan bäri ýola goýuldy. Şu döwrüň içinde Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziliniň üstaşyr geçirmek mümkinçiligine hemmetaraplaýyn baha berildi. Kompaniýanyň wekilleriniň beýan edişi ýaly, geografik we ykdysady nukdaýnazaryndan Türkmenbaşy şäheriniň howa menzili üstaşyr we täjirçilik uçuşlary, şeýle hem ýangyç guýyp geçmäge we Merkezi Aziýada iri ýük we logistika merkezi hökmünde peýdalanmaga tehniki duralgalyk üçin ajaýyp ýerleşendir.

Häzirki wagtda Türkmenistan halkara aragatnaşyk giňişliginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara ülňülerine laýyk gelýän ulag-üstaşyr hereketini üpjün edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladalary netijesinde ýurdumyzyň raýat awiasiýasy depginli ösýär, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap howa menzilleri gurulýar, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň tehniki binýadynyň yzygiderli üsti ýetirilýär we döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar, işgärleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barlyýar. 

Ulag ulgamyny ösdürmegiň milli stategiýasy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny gimňeltmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu bolsa öz gezeginde häzirki zaman geosyýasy we geoykdysady ösüşiniň  hakyky islegleri we alamatlary bilen şertlenendir. 

Bu ulgamda, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara hereket etmek meselelerinde işjeň ýörelgä eýermek bilen, ýurdumyz iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar we olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirip, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we giňeltmekde uly goşandyny goşýar.

Aşgabadyň iň täze döwrebap derejeli Halkara howa menziliniň, Türkmenbaşy şäherinde Halkara  deňiz portunyň gurluşyklaryny, üç goňşy döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçen ýylyň 3-nji dekabrynda açylyş dabarasy bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýoluny munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. “Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar” täze ulag geçelgesiniň taslamasy hem ýene-de bir ajaýyp mysallaryň biri bolup biler. Häzirki wagtda goňşy ýurtlaryň birnäçesi özleriniň oňa gatnaşmak mümkinçiligi maksady bilen, uly gyzyklanma bildirýärler. 

Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollarynyň çatrygynda örän amatly geografik ýagdaýda ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr geçirmek mümkinçiligine eýe bolup, şol mümkinçiligi has doly durmuşa geçirmäge ymtylýar. Milli Liderimiz  Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan döredijilikli, parahatçylyk söýüjilik syýasatyny durmuşa geçirmegi netijesinde Bitarap Türkmenistan anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şol başlangyçlar ählumumy ykrar edilmä eýe bolýar hem-de sebit we dünýä möçberinde hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna hyzmat edýär. Şeýle netijeli teklipleriň hatarynda Merkezi Aziýa üçin Modal Ýoluny döretmek baradaky başlangyç hem bar.

Hakyky ýagdaýlardan ugur alyp, Türkmenistan häzirki tapgyrda ulag ulgamynda halkara jemgyýetçiligi bilen özara hereketleri ösdürmegiň öz maksatnamasyny döretdi. Onuň baş maksady amaly nukdaýnazaryndan bu ulgamda köptaraply hyzmatdaşlygyň ylmy taýdan esaslandyrylan we iş ýüzünde peýdalanyp bolýan nusgasyny dünýä derejesinde öňe ilerletmekde, halkara ulag-üstaşyr gatnaşyklarynyň netijeliligini artdyrmak üçin zerur bolan degişli şertleriň toplumyny döretmekde jemlenýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan XXI ýüz ýyllygyň dünýä möçberli ulag strategiýasyna ýakynlaşmaga ymtylmagyň, döwletleriň we sebitleriň geografik we düzümleýin mümkinçiliklerini, tehniki we tehnologiki kuwwatyny     birleşdirmegiň strategiýasydygyna ynanýar. Gelejek – iri halkara we sebitleýin deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa halkalaryna çykyp, olaryň doly sazlaşmagy hem-de olaryň her biriniň artykmaçlyklarynyň peýdalanylmagy bilen ulag gatnaşyklarynyň utgaşdyrylan ulgamyndadyr. Türkmenistan bu meselelere öz çemeleşmelerini mälim edip, özüniň tiz ösýän ulag-üstaşyr geçirmek kuwwatyny, şol sanda howa ýollarynda diňe bir sebitiň ýurtlarynyň däl, eýsem-de, ondan has giň, ýagny yklymara möçberlerde hem ykdysady bähbitlerde herekete getirmek mümkinçiliklerinden ugur alýar.  


1 Million Tonna Türkmen Gallasy Taýýar!

Türkmenistanyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar—ýurdumyzyň galla kabul ediş bölümlerine 1 million tonna bugdaý gelip gowuşdy. Bu belent sepgide ýetilmegi ekerançylarymyzyň 2015-nji ýylyň galla oragynyň esasy wezipesiniň – ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz ýygnap almak we Watan harmanyna 1 million 600 müň tonna guşgursak dänäni tabşyrmak baradaky wezipesiniň hötdesinden abraý bilen geljekdigine ynam döredýär.

Türkmen gallaçylarynyň nobatdaky üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça oba hojalygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Ýer we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy, obasenagat toplumynyň sebitler boýunça ýöriteleşdirilmegi, ekerançylygyň iş tejribesine bazar gatnaşyklarynyň usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy – bularyň ählisi we beýleki möhüm meseleler döwletimiziň oba hojalyk syýasatynda  öz aýdyň beýanyny tapdy. 

Milli Liderimiziň “Ýaşaýyş-durmuşyň bähbidine dünýäni azyk bilen üpjün ederis” diýen şygar bilen geçirilýän “EXPO-2015” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli şu ýylyň 3-nji maýynda Italiýanyň Milan şäherinde geçirilen dabarada eden çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan diňe bir ykdysady taýdan durnukly ýurt hökmünde däl, eýsem, azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde hem bütin dünýäde meşhurlyga eýe boldy. Ýurdumyzda azyk önümlerini öndürmek ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy oňat netijeleri gazanmaga hem-de döwür bilen deň gadam urmaga mümkinçilik berýär. 

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasyndan (FAO) Müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin ýurdumyzyň bu guramanyň ýörite baýragyna mynasyp bolandygy baradaky habaryň gelip gowuşmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek bolsa şol syýasatyň möhüm ugrudyr.  Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek wezipeleri FAO-nyň 2015-nji ýyl üçin maksatnamasynda kesgitlenildi. 

Ýurdumyzyň azyk önümlerini öndürmek ýaly möhüm ulgamda gazanan ägirt uly üstünlikleriniň we uly kuwwatynyň dünýä derejesindäki nobatdaky ykrarnamasyna öwrülen bu hoş habar, şeýle hem ýurdumyzyň galla kabul ediş bölümlerine azyklyk bugdaýyň 1 million tonnasyny tabşyran Türkmenistanyň edermen gallaçylarynyň şu üstünligi ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň oýlanyşykly we netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwletimiz oba hojalyk pudagyna yzygiderli goldaw berýär. Munuň özi obasenagat toplumynyň täze tehnikalar bilen üpjün edilmeginde we onuň önümçilik düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagynda, oba zähmetkeşlerini mineral dökünler bilen bökdençsiz üpjün edýän himiýa senagatynyň ösüşinde, suw üpjünçilik meseleleriniň oňyn çözülmeginde aýdyň görünýär. Obasenagat toplumy üçin döwrebap traktorlar, kombaýnlar, beýleki tehnikalar satyn alynýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze elewatorlar we degirmen toplumlary işe girizilýär. 

Obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň maliýe-ykdysady gurallary barada aýtmak bilen, daýhan birleşiklerine ýöriteleşdirilen tehnikalary satyn almak, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça edilýän çykdajylary maliýeleşdirmek üçin berilýän ýeňillikli karzlar barada ýatlap geçmelidiris. Dürli önümleriň, şol sanda bugdaýyň satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy,  döwletimiziň galla öndürijileri bilen özara hasaplaşyklar ulgamynyň kämilleşdirilmegi oba zähmetkeşleri üçin uly höweslendiriş çäresi bolup durýar. 

Mundan başga-da, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň", Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasynyň we beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Munuň özi türkmen obasynyň keşbini düýpli özgerdýär. 

Türkmenistanyň daşary ýurtlara azyklyk gallany eksport edip başlamagy bolsa döwletimiziň okgunly ösüşi babatda ägirt uly ähmiýete eýedir. Umuman, bularyň ählisi ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän galla bilen üpjün etmek baradaky wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

Galla oragy dowam edýär, her gün galla kabul ediş bölümlerine ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy gelip gowuşýar. Gallaçylar ýetişdirilen bol hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almak, döwletimize bugdaý tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek hyjuwynda joşýarlar. Şu ýyl ýurdumyzda 860 müň gektar ýere däne ekildi. Oba hojalyk meýdanlarynyň esasy bölegine bugdaýyň “Sähraýy”, “Ýolöten-1”, “Bitarap”, “Juwan”, “Türkmenbaşy” we “Türkmenbaşy-1”, “Batko”, “Ýubileýnaýa -100”, “Irişka”, “Wassa” hem-de “Nota” ýaly ýokary hasylly, Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özlerini iň gowy tarapdan görkezen tohumlaryndan ekildi. 

Bugdaý oragynda “Case”, “New Holland”, “John Deere”, “CLAAS” we beýleki däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 1700-si işledilýär. 
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň, beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýük ulaglarynyň 6 müň 800-si kabul ediş bölümleriniň 155-sine, ammarlara we elewatorlara bugdaýyň daşalmagyny üpjün edýär. 

Gazanylan üstünligi has-da berkitmek üçin ekin meýdanlaryndaky işiň depgini birjik-de gowşadylmaly däldir. Galla oragyna gatnaşýanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmagyň bähbidine ýurdumyzyň galla baýlygyny artdyrmak boýunça gallaçylaryň öňünde goýan wezipeleriniň hötdesinden abraý bilen gelmek üçin tutanýerli hem-de sazlaşykly zähmeti bilen bugdaý oragynyň depginini has-da güýçlendirmäge çalyşýarlar.


Türkmenistan Täze Ulag Geçelgesini Gurýar

Türkmenistan sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmekde özüniň ornuny pugtalandyrýar. Munuň özi ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biridir. Biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen hyzmatdaş döwletleriň bilelikde amala aşyrýan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwre çenli bu halkara ulag geçelgesiniň türkmen böleginiň 45 kilometri guruldy. Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrliginiň düzüm bölümleri bu demir ýoluň Atamyrat-Ymamnazar böleginde gurluşyk işlerini dowam edýärler. Häzirki döwürde ýerüsti düzümleýin desgalaryň gurluşygy ýoluň 23-nji kilometrinde alnyp barylýar. 36-njy kilometrde bolsa ýola çagyl-daş düşemek, 46-njy kilometrde onuň toprak örtügini taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda halkara ulag gatnawlarynyň täze möhüm bölegi bolar. Bu polat ýol diňe bir ygtybarly ulag geçelgesi bolman, eýsem sebitiň ýurtlarynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň köprüsini emele getirer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu başlangyjynyň Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy tötänden däldir. Çünki bü demir ýol ykdysady bähbitden başga-da, sebitiň ýurtlarynyň  deňhukukly hyzmatdaşlyk şertlerinde dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy üçin giň mümkinçilikleri üpjün eder. Üç goňşy döwletleriň ulag-aragatnaşyk düzümini baglanyşdyrýan ulag geçelgesi özara haryt dolanyşygynyň birnäçe esse ýokarlanmagyny şertlendirer.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň üstaşyr ulag  mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugrunda giň möçberli çäreler amala aşyrylýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet ber ýär. Mälim bolşy ýaly, Lebap welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap awtomobi we demirýol köprüleriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu ýerde gurulýan Türkmenabat-Farap täze ulag geçelgesi iki çylşyrymly inženerçilik desgalaryndan ybaratdyr. Olaryň biri uzynlygy 1750 metr bolan demirýol we ini 21,5 metr bolan 1600 metr uzynlykdaky awtomobil köprüleridir. Köprüleriň derýanyň derejesinden belentdigi gämileriň gatnawyna päsgelçilik bermez.

Şeýlelikde, Jeýhun derýasynyň üstünden gurulýan täze ulag geçelgeleri,  şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan ulag geçelgesiniň “altyn halkasy” bolup durýar.  “Demirgazyk--Günorta” halkara ulag geçelgesiniň möhüm ugry bolup durýan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyjynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Onuň esasynda bosa millionlarça adamlaryň bähbidini, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegini nazarlaýan çuňňur many bar. Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurulmagy bu ýörelgeleriň has-da işjeňleşmegini şertlendirdi.

Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji we sebitiň iri ykdysady, işewur, medeni merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyçlary ählumumy ösüş we gadymy türkmen topragynyň medeniýetleriň merkezine öwrülmegi babatdaky meýilleriniň amala aşmagyna laýyk gelýär we ýurdumyzyň hem-de tutuş sebitiň döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini şertlendirýär. 


Türkmen Telekeçileriniň Önümçilik Kuwwaty Artýar

Soňky günlerde Ahal welaýatynda we Aşgabatda hususy önüm öndürijiler tarapyndan täze desgalaryň birbada birnäçesi açyldy. Bu desgalar türkmen telekeçileriniň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bazarlaryny ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelrini çözmäge goşandyny artdyrmaga çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şol desgalaryň hatarynda konserwa zawody we alkogolsyz içgileri we arassa agyz suwuny öndürýän zawod, şeýle hem döwrebap sowadyjy ammar bar.

Türkmenistanda durmuşa geçirilen durmuş-ykdysady syýasatyň çäklerinde azyk howpsuzlygyny döretmäge möhüm orun berilýär. Miwe we gök önümleriň, etiň we et-suýt önümleriniň, süýdüň we beýleki azyk önümleriniň öndürilişi ýylsaýyn artýar. Azyk bolçulygyny döretmäge döwlet düzümleri, şeýle hem hususy telekeçiligiň wekilleri işjeň gatnaşýarlar.

Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Türkmenistan bütin dünýäde diňe bir azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýan, ykdysady taýdan durnukly döwlet hökmünde däl, eýsem, özüniň kuwwatyny ähumumy möçberdäki wezipeleri çözmek üçin teklip edýän ýurt hökmünde hem meşhurlyga eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “EKSPO-2015” bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasynda çykyş edip, serginiň “Dünýäni azyk bilen üpjün ederis” diýen şygarynyň her bir döwlet üçin örän wajypdygyny belledi. Çünki, azyk bolçulygyny döretmek milli ykdysadyýetleriň we  ählumumy durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň milli sergisiniň “Azyk bolçulygy-parahatçylykly ösüş” diýen şygary hem onuň bilen doly sazlaşýar. Ýurdumyz şol şygaryň astynda Milanda geçirilen bütindünýä sergisinde beýan edilen esasy meseläni çözmek boýunça öz tejribesini we anyk tekliplerini hödürledi.

Türkmenistanda amala aşyrylýan, azyk blçulygyny döretmäge gönükdirilen köpugurly işleriň hatarynda tebigy serişdeleri işjeň özleşdirmek, olary rejeli ulanmak, daşky gurşawy goramak barada alada etmek, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bazarlaryny ýokary hilli hem-de ekologiýa taýdan arassa önümler, ilatymyzy agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreleri görkezmek bolar. 

Ýurdumyzyň telekeçileri – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bu wezipeleri çözmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýarlar. 

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň “Mürçe” daýhan birleşiginde “Parasatly” hojalyk jemgiýetiniň täze kärhanasynyň açylmagy hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Onuň işi ýurdumyzyň bazaryny daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen üpjün etmäge hem-de olary daşary ýurt bazarlaryna çykarmaga gönükdirilendir. 

Hormatly Prezidentimiziň ýörite Kararyna laýyklykda gurlan hem-de Ahal welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirilen kärhana özüne iki önümçiligi – konserwirlenen gök we miwe önümlerini öndürýän zaawody, şeýle hem alkagolsyz içgileri we arassa agyz suwyny öndürýän zawodlary birleşdirýär. Bu kärhananyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary – “Hyzmat merkezi” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri amala aşyrdylar. Kärhananyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi her gün 20 tonna pomidor goýaltmasyny, 3 tonna miwe balyny, şeýle hem sagatda 5 müň gap arassa agyz suwuny we 3,5 müň gap alkagolsyz içgileri çykarmaga mümkinçilik berer. Bu zawodlaryň ulanmaga berilmegi bilen oba ýaşaýjylary üçin täze iş orunlarynyň peýda blandygyny bellemek möhümdir.

Konserwa zawody geljekde özünde öndüriljek gök önümleri we miweleri gaýtadan işlemäge gönükdirilendir. Eýýäm şu möwsümde  140 gektar meýdana önümliligi bilen tapawutlanýan pomidorlaryň golland görnüşi ekildi. Kärhananyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen goňşy telekeçilerden pomidory satyn almak meýilleşdirilýär. Ýakyn geljekde balyň iki görnüşini – käşir we ülje ballaryny çykarmak, geljekde bolsa özünde öndürilen miweleri gaýtadan işlemek meýilleşdirilýär. Şu meýilnamalary amala aşyrmak üçin “Mürçe” daýhan birleşiginde 100 gektar meýdanda armyt we alma, çereşnýa we ülje, garaly, alça, şetdaly, erik we üzüm agaç nahallary oturdyldy. Öňümizdäki ýylda uly hasyla garaşylýar, şu ýylyň güýzünde bolsa “Parasatly” hojalyk jemgyýeti üzümiň iň gowy görnüşleriniň biri bolan “Gülgün taýfi” üzüminiň 30 tonnasyny öndürmegi göz öňünde tutýar. 

Önüm öndüriji ilaty ekologiýa taýdan arassa gök önümleri bilen üpjün etmäge çalyşyp, ýyladyşhana  hojalyklaryny ösdürmäge we goralan toprakda öndürilýän gök önümleriň möçberlerini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Ýyladyşhanalaryň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy “Parasatly” hojalyk jemgyýetine ähli tehnologik işleri awtomatlaşdyrmaga, howanyň çalyşylmagyny üpjün etmäge, dökünleriň yzygiderli we rejeli berilmegine, ekinleri damjalaýyş usuly bilen suwarmaga, şeýle hem taýýar önümi göwnejaý saklamaga mümkinçilik berer. Şunuň netijesinde bu ýerde gök önümleriň durnukly hasyly alynýar we ekologiýa taýdan arassa gök önümler we beýleki oba hojalyk önümleri ýetişdirlýär. Şol önümler bolsa her gün türkmen paýtagtynyň söwda nokatlaryna ugradylýar.

Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň Ýalkym ýaşaýyş toplumynda açylan täze sowadyjy ammar et, süýt, miwe, gök we bakja önümlerini talaba laýyk saklamaga mümkinçilik berer. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan telekeçiniň buýrmasy boýunça bu desgany “Gümmez gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri gurdular. Ammar sowadyjy kameralaryň dördüsi bilen üpjün edildi. Olaryň göwrümi 4800 kub metre barabardyr. Olarda hemişe minus 24 gradus howa ýagdaýy saklanýar. Bu ýerde şeýle hem göwrümi 7200 kub metre barabar bolan sowadyjy kameralaryň dördüsi ýerleşýär. Olardaky temperatura bolsa 5 gradus sowuga barabardyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny goldamak baradaky syýasatynyň durmuşa geçirilmegi kiçi oba hojalyk telekeçiligini ösdürmek, täze gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek, öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak, oba ilatyny täze iş orunlary bilen üpjün etmek hem-de olaryň girdejilerini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar. 


Halkyň Öz Milli Liderine Bolan Buýsanjyna Beslenen Dabaralar

Türkmen paýtagtynyň şu günki güni halkymyzyň beýik Arkadagy—milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän mähriban Watanymyzyň keşbini düýpli özgerden beýik işlere bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna beslendi.

Medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda şu gün Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly çäre geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, halkyň zähmet we döredijilik işleri bilen gurşalyp alnan beýik Watanymyzyň her bir güni Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany gülläp ösüşiň täze belentliklerine çykaran ösüşlere beslenen düýpli özgertmeleriň başyny başlaýjysy we ruhlandyryjysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik strategiýasynyň üstünlikli we öňdengörüjiliklidigini bütin dünýä görkezýär. Ähmiýetli binagärlik açylyşlary, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeniýet, durmuş, senagat ähmiýetli köpsanly desgalaryň yzygiderli ulanmaga tabşyrylmagy muňa şaýatlyk edýär.

Duşuşyk meşhur artistleriň we ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň baýramçylyk konserti bilen tamamlandy. Oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň abadançylygy baradaky yzygiderli aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de berkarar Watanymyzyň bähbidine alyp barýan uly işlerinde täze  üstünlikleri arzuw etdiler.

Agşamara dabaralar ak mermerli paýtagtymyzyň owadan künjekleriniň birinde, Aşgabat şäheriniň merkezinde dowam etdi. Bitaraplyk we Atamyrat Nyýazow şaýollarynyň kesişýän töwereklerinde “Arkadag” diýen medeni we dynç alyş täze seýilgäh peýda boldy. 

Aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli uly baýramçylyga gatnaşdylar. Bu seýilgäh açyk asmanyň astynda medeni çäreleri geçirmek we dynç almak üçin ähli ýokary talaplara laýyk gelýän häzirki zaman şäher binagärlik-seýilgäh toplumynyň özboluşly ajaýyp görnüşi bolup durýar. 

Aşgabat şäheriniň giň jemgyýetçiliginiň köpsanly arzuw-islegleri boýunça seýilgähiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna “Arkadag” diýlip atlandyrylmagy özboluşly mana eýedir.   

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan paýtagtymyzy ösdürmegiň uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasy hil taýdan täze, türkmenistanlylaryň durmuşynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge, döredijilikli zähmeti we dynç almagy üçin hemme şertleri döretmäge gönükdirilendir. 

Ol ýaşaýyş we bagy-bossançylyk toplumlaryny, medeni, sport merkezlerini we işewürlik durmuşyny sazlaşykly utgaşdyrýan oýlanyşykly özboluşly pikirler bilen şäheriň täsin binagärlik keşbini döretmäge mümkinçilik berdi. Paýtagtymyzyň iň owadan we döwrebap Atamyrat Nyýazow adyndaky şaýoly hem şol özgertmeleriň mysalydyr. Durky düýpli täzelenenden soň, tanalmaz derejede özgeren şaýoluň ugrunda ak mermerli binalaryň—edaralaryň, töweregi abadanlaşdyrylan belent gatly ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy guruldy.   

Durmuş-medeni ähmiýetli täze desga 7 gektar meýdanda ýerleşip, belent binalaryň—ajaýyp “Oguzkent” myhmanhanasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň dolandyryş binalary bilen binagärlik toplumyny özboluşly jemleýär. 

Seýilgähiň ajaýyp taslamasy Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Aşgabatabatlaýyşgurluşyk” önümçilik birleşiginiň “Ussat” golçur kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Iň döwrebap inžener-binagärlik çözgütlerine we innowasion tehnologiýalaryna laýyklykda gurlan seýilgäh bagy-bossanlyga bürelen uly çäklerde ýerleşen desgalaryň toplumyndan ybaratdyr. Täsir galdyrýan görnüşler dessine merkezi girelgäniň giň basgançaklarynyň aňyrsynda açylýar. Ol ýerde Oguzhanyň sekiz burçly ýyldyzy görnüşinde suw çüwdürimleri deň ikä bölünip, olaryň arasynda sekiz metrlik sagatly diň oturdylypdyr. 

Uly dabaraly çäreleri geçirmek üçin giň meýdançany belent arka gurluşy bezeýär. Olarda äpet monitorlar oturdylypdyr. Bu ýerde hemme zat seýilgähe gelýänleriň dynç almagy üçin gurnalypdyr—bezeg yşyklandyryjylar we amatly oturgyçlar goýlupdyr. Seýil edilýän ýodalar hersi 50 orunlyk bolan kafeleriň ikisine tarap alyp barýar. Şol ýerde göwün islegiňe görä, süýji-köke önümlerini we şireli suwlary, ýakymly ysly kofeden peýdalanyp bolýar.

Elbetde, taslamany düzüjiler çagalara aýratyn üns beripdirler. Körpeleriň saglygy üçin howpsuzlyk maksady bilen, ýörite tehnologik örtükler düşelen  çagalaryň oýun meýdançalarynyň ikisi dürli belentlikler we hiňňillikler, ýeňil bedenterbiýe maşklary üçin enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde şeýle hem maşgala bolup dynç almak üçin nepis telärler gurlupdyr. 

Hemme ýerde gül toplumlary hem-de bezeg we ýerli baglaryň ýaş   nahallary ekilipdir. Olar ýakyn geljekde bu ýerde ösüp ýetişip bagy-bossanlyk döreder.

Adamlar hakda, şol sanda ýaş nesiller hakynda alada, dynç almaga amatly ýagdaýy we oňaýly şertleri döretmek ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk syýasatynyň wajyp ugurlary bolup durýar. Täze “Arkadag” seýilgähi bu maksatlara doly derejede gabat gelýär.   

Şu gün bu ýere, seýilgähiň baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançasyna Türkmenistanyň Hökümetiniň we Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň,  şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň  hem-de Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar. 

Baýramçylygyň özi paýtagtymyzyň şaýoly boýunça köpçülikleýin ýörişden başlandy. Oňa hormatly ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri, şäheriň köpsanly ýaşaýjylary, ýaş türkmenistanlylar gatnaşdylar. 

Paýtagtymyzyň döredijilik we çagalar toparlary myhmanlary aýdym-saz çykyşlary bilen garşylaýarlar. Soňra dabaraly sazyň we bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagy bilen toý bagy kesilýär we “Arkadag” seýilgähi açylýar. Şol pursatda dürli reňkli howa şarlary asmana uçurylýar. 

Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, Aşgabat şäheri  dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Ol halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli merkezi, sebit we dünýä derejesindäki syýasy-ykdysady, medeni we ylmy merkez hökmünde dünýä üçin  açykdyr. 

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, aşgabatlylaryň we ähli türkmen halkynyň abadan durmuşy hakynda edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin   çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi. 

Soňra meýdançada ýaýbaňlanan uly konsert şu günki dabaranyň baýramçylyk pursadyna öwrüldi. Ýurdumyzyň sungat ussatlary, zehinli artistler, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanan edebi-sazly çykyşy görkezdiler. Ýaş artistleriň ýerine ýetirmeginde paýtagtymyz Aşgabat we gahryman Arkadag baradaky joşgunly aýdymlar ýaňlandy. 

Şu gün baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem   geçirildi.


Türkmen Talyby Uçurym Boldy

Türkmen Talyby Uçurym Boldy

















http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=1625