Yslamabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ХIII Sammiti geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki Sammitde çykyş etmek bilen, 20 ýyldan gowrak mundan ozal, has takygy, 1995-nji ýylyň 15-nji martynda hut şu ýerde, Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň döwlet we Hökümet baştutanlarynyň 3-nji duşuşygy geçirildi diýip belledi. Bu duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistana bitaraplyk hukuk ýagdaýyny bermek baradaky başlangyjy goldamak boýunça Yslamabat Jarnamasynyň kabul edilendigini bellemek meniň üçin aýratyn ýakymlydyr. Yslamabat Jarnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biragyzdan kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýasynyň esasynda duran ilkinji halkara resminamalarynyň biri boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýany hem kabul etdi. Milletler Bileleşiginiň bu çözgüdi Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamakda bitaraplygyň ägirt uly hyzmatynyň ykrar edilmegi boldy. Bu bolsa, öz gezeginde ähli ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmegiň, olaryň durmuşynyň ruhy we medeni-ynsanperwer esaslaryny gorap saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň maksatlaryna laýyk gelýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerine netijeli gepleşikler üçin geljegi uly bolan we oňyn şert hökmünde garaýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň sebitdäki gatnaşyklary biziň döwletlerimiziň her biriniň uzak möhletli bähbitlerine laýyklykda ýola goýmaga ýardam berýändigini aýtdy.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hyzmatdaşlygy giňeltmek, aýratyn-da, sebit üçin örän möhüm ähmiýeti bolan howpsuzlyk ýaly meselede uly mümkinçiliginiň bardygyna berk ynanýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz onuň netijeli üpjün edilmegini Türkmenistanyň howpsuzlygyň bitewülik we bölünmezlik kadalarynyň esasynda görýändigini belledi. Bu ýagdaý syýasy, ykdysady, energetika, azyk, ekologiýa howpsuzlygyny we howpsuzlygyň beýleki görnüşlerini aýry-aýrylykda üpjün edip bolmajakdygyny aňladýar. Olar bir-biri bilen bagly bolup, geosyýasy we geoykdysady babatda ýeke-täk bitewüligi emele getirmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara derejesinde ibermegiň ulgamyny ählumumy ykdysadyýetiň iň bir çeýe bölekleriniň biri hökmünde ykrar edýär. Ýurdumyz degişli başlangyç bilen çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň goldawyna daýanyp, bu başlangyjy yzygiderli durmuşa geçirýär.
Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň iri başlangyçlarynyň hatarynda ygtybarly energiýa üpjünçiliginiň halkara-hukuk binýadyny döretmegi görkezdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýany biragyzdan kabul etmegi bu başlangyjyň netijesidir. Şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi dünýäniň energiýa üpjünçiliginiň, has dogrusy onuň energiýa howpsuzlygynyň halkara hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda ilkinji ädimleriň biridir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň energetika strategiýasy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli kadalaryna esaslanýandygyny, onuň geografiýasynyň giňelmegine, halkara energiýa işlerine gatnaşmaga gyzyklanýan barha köp sanly ýurtlaryň çekilmegine daýanýandygyny belledi.
Soňky ýyllarda biz «Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý» we «Türkmenistan-Eýran» ugurlary boýunça gaz geçirijileri gurduk. «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişdik. Görnüşi ýaly, bu taslamalar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Häzirki zaman ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Giň möçberli we uzak möhletli milli maksatnamalaryň kabul edilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi ulag pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge gönükdirilendir. Degişli üpjünçilik ulgamlaryny döwrebap ýagdaýa getirmäge hem-de ösdürmäge, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň ulag ulgamyny ösdürmegiň milli maksatnamasy şu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen baglydygyny belläp, milli Liderimiz ýurdumyzyň iri üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny öňe sürýändigini we olary daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde durmuşa geçirýändigini aýtdy.
Bu taslamalaryň hataryna «Gazagystan-Türkmenistan-Eýran», «Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan» transmilli demir ýollarynyň gurluşygyny, «Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman», «Owganystan- Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe» üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Şeýle hem «Demirgazyk-Günorta», «Gündogar-Günbatar» ugurlary boýunça birnäçe beýleki ulag taslamalary hem bar. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň bähbitlerine gönüden-göni laýyk gelýär. Ýewraziýa yklymynda beýleki sebitler bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Men bu ugurda bilelikdäki tagallalarymyzy işjeňleşdirmegi zerur hasap edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2014-nji we 2015-nji ýyllaryň dekabrynda iki sany Rezolýusiýany kabul edendigini, bu Rezolýusiýalaryň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň hyzmaty baradaky meselä bagyşlandygyny belläp, milli Liderimiz hut şu resminamalaryň geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahaty geçirmek üçin berk hukuk esasyny döredendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli bu maslahatyň çözgütlerini ösdürmekde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, şu ýyl Aşgabatda bu Gurama agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny guramagy teklip etdi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde energetika we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi beýleki üpjünçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini hem höweslendirýär. Hususan-da, tejribäniň görkezişi ýaly, gurulýan turbageçirijileriň gapdaly bilen elektrik geçiriji täze ulgamlary we beýleki kommunikasiýalary gurmak üçin hem mümkinçilik döreýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Mysal üçin, 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan, Owganystan we Päkistan elektrik energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky üçtaraplaýyn resminama gol çekdiler. Bu resminama laýyklykda Türkmenistandan Owganystana we Päkistana elektrik energiýasyny ibermek üçin üpjünçilik ulgamlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde şu üçtaraplaýyn görnüşde «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan» optiki-süýümli ulgamy çekmegiň taslamasy boýunça hem iş alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi
2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Owganystan boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk etmegiň ýedinji sebit maslahatynyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu maslahatyň geçirilýän döwründe sebit üçin şolar ýaly we beýleki uly ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen has jikme-jik tanşyp bolar diýip, ynam bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, Owganystanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ylalaşygyň gazanylmagy sebitde ösüşiň hem-de öňe gitmegiň esasy şertleri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny hormatly Prezidentimiz aýratyn belledi. Biziň ähli syýasy-diplomatik tagallalarymyz we başlangyçlarymyz şu maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu bolsa, doganlyk Owganystanda ýagdaýy durnuklaşdyrmak, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny dikeltmek boýunça onuň tagallalaryna doly ýardam bermegi aňladýar diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi.
Türkmenistan uzak ýyllaryň dowamynda Owganystana anyk ykdysady we ynsanperwer kömegi berip gelýär. Bu kömek goňşy ýurduň çäklerinde lukmançylyk we bilim edaralaryny gurmakda, elektrik energiýasyny ýeňillikli nyrhlar bilen ibermekde, Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde owgan talyplaryny okatmakda, Owganystana yzygiderli ynsanperwer kömegini bermekde hem-de ýardam bermegiň beýleki görnüşlerinde aýdyň görünýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
Bu ugurda gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle goldawyň geljekde hem beriljekdigine, özi-de yzygiderli esasda beriljekdigine duşuşyga gatnaşýanlary ynandyrdy. Bu goldaw içerki owgan syýasy ýagdaýynda belli bir oňyn alamatlaryň ýüze çykýan häzirki döwründe aýratyn-da möhümdir diýip, türkmen Lideri nygtady.
Owganystanyň iri sebit we halkara üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy bu ugurda has netijeli usul bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy hem-de biz Owganystan üçin strategik geljegi, onuň sebit we ählumumy meselelerdäki ornuny, owgan halkynyň gülläp ösmeginiň hem-de abadançylygynyň girewini hut şunda görýäris diýip belledi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bolan biz bu gazanylan netijeleri bilelikde toplanan oňyn tejribe hasap edip bileris diýip, milli Liderimiz nygtady. Ýöne, wagt bir ýerde durmaýar. Häzirki ýagdaýlary, dünýä ykdysadyýetindäki meýilleri, sebitdäki ýagdaýlaryň barşynyň we ugrunyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, Guramanyň işine täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy bizden talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistan şu günki waka YHG-nyň işinde möhüm tapgyr hökmünde garaýar. Geçilen ýola baha bermek we oýlanmak, geljek üçin mümkinçilikleri kesgitlemek nukdaýnazaryndan seredýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biz bu Guramany syýasylaşdyrmaly däldiris. Umumy bähbitleriň artykmaç taraplaryny we üstünliklerini artdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge çalyşýan döwletlerimiziň hyzmatdaşlyk etmeginiň esasy guraly hökmünde onuň ykdysady mazmunyndan gyşarmalara ýol bermeli däldiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mälim etdi.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşyny jemläp, duşuşyga gatnaşýanlaryň ählisiniň şu pikire goşulýandygyna ynam bildirdi.
Sammitiň barşynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary we ýokary wezipeli wekilleri bu düzümiň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder