3 Mart 2017 Cuma

Türkmenistanyň Prezidenti Birnäçe Ministrlikleriň we Pudak Edaralarynyň Ýolbaşçylaryny Wezipelere Belledi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permanlara gol çekip, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny belledi.
Döwletdurdy Täçdurdyýewiç Hajyýew “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenilip, ol “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlary bilen şeýle hem:
Toýlymyrat Myradowiç Myradow Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministriniň galla we pagta önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek boýunça orunbasary wezipesine bellenildi;
Jumanazar Annaýew Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministriniň oba hojalyk tehnikalary we gurallary boýunça orunbasary wezipesine bellenilip, ol Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Begmyrat Gurbangeldiýewiç Ataýew Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
Merjen Gündogdyýewna Geldiýewa Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwletmyrat Nurberdiýewiç Bäşimow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine bellenildi.
resize-5

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder