3 Mart 2017 Cuma

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

Paýtagtymyzda “Türkmenistan-BMG: parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk” atly dabaraly Halkara maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen foruma Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, BMG-niň iri agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen bölümleriniň, beýleki halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Mejlisiň, ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň, edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň žurnalistleri gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň olara iberen gutlag hatyny uly üns bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz BMG bilen özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýetiň berilýändigini belledi.
“Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki esasda ýakyndan we köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Birleşen Milletler Guramasy dünýäde iň iri we abraýly halkara guramasy bolmak bilen, häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynyň esasyny düzýär hem-de derwaýys meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar we gepleşikler arkaly çözülmeginiň kepili bolup durýar. Milletler Bileleşigi dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde, bu ugurdaky öňde goýlan uzak möhletli maksatlary bilelikde amala aşyrmakda ahli agza döwletleriň tagallalaryny birleşdiriji esas bolup hyzmat edýär. Bu aýratyn hem, dünýäde syýasy deňagramlylygy saklamakda, bähbitleriň özara utgaşykly bolmagyny gazanmakda we olary bir ugra gönükdirmekde zerur bolan şertleri döretmekde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir” diýip, milli Liderimiz gutlag hatynda belledi.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Bitarap Türkmenistany ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hasaplaýar hem-de sebit we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek, ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipeleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak işinde türkmen tarapynyň işjeň, başlangyç ugruna ýokary baha berýär.
Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň netijeli gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA), BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF), BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň (BMG BÝKM), BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNODC), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Strategik meýilleşdiriş we ykdysady ösüş institutynyň wekilleri we beýlekiler öz çykyşlarynda beýan etdiler.
Şunda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň oňyn orny bellenildi. Hemişelik Bitaraplygyň halkara-hukuk derejesi onuň esasyny düzüp, ol 1995-njy ýylda Milletler Bileleşigi tarapyndan berildi we 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen täzeden tassyklanyldy. Bu derejäniň berilmegi netijesinde özygtyýarly Watanymyzyň abraýyny artdyrmak we berkitmek üçin has uly mümkinçilikler açyldy. Ol deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanan oňyn halkara gatnaşyklaryny ösdürmegi öz daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry diýip yglan etdi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etmegi dünýäde durnuklylygy saklamakda Bitaraplygyň ägirt uly ornunyň ählumumy ykrar edilmegini aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň döredijilikli häsiýeti hem-de onuň esasynda goýlan ýörelgeler ählumumy abadançylygyň hatyrasyna gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen dostlukly gatnaşyklary işjeň ýola goýýan döwletimiziň köpugurly diplomatiýasynda aýdyň beýanyny tapýar. BMG bilen hyzmatdaşlygy bu strategiýanyň üstünliginiň mysaly diýip, atlandyrmak bolar. Taraplar oňa strategik häsiýeti berýärler.
Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanmak bilen, bu hyzmatdaşlyk häzirki döwürde täze anyk mazmuna eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan artýan depginler ozaly bilen dünýä bileleşiginiň işlerinde Türkmenistanyň işjeň we başlangyç ugry, tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleri çözmekde ýardam etmäge ymtylmagy bilen şertlendirilendir. Munuň şeýledigine bolsa Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň, şol sanda 58-nji, 62-nji, 64-nji we 68-nji mejlisleriniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy aýdyň şaýatlyk edýär.
Mundan başga-da biziň ýurdumyz bu guramanyň abraýly edaralarynyň—BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň hem-de BMG-niň ÝYT-niň Durnukly energetika boýunça komitetiniň, BMG-niň ilat we ösüş boýunça toparynyň, UNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça toparynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň gender deňligi hem-de aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça edarasynyň Ýerine Ýetiriji geňeşiniň we beýlekileriň düzümine ençeme gezek saýlandy.
2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň açylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda şanly waka boldy. Milletler Bileleşiginiň ygtybarly daýanjy hökmünde özüni görkezen bu merkeziň sebitde deňi-taýy ýokdur.
Çykyş edenler Türkmenistanyň diplomatik işlerine, dünýäniň beýleki döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygynyň derejesine ýokary baha berip, bu gün Milletler Bileleşigi tarapyndan öňüni alyş diplomatiýasynyň serişdeleriniň hem-de gapma-garşylyklary ýeňip geçmekde we döwrüň çylşyrymly meselelerini çözmekde araçy bolmagyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini nygtadylar.
Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygyň ýola goýulmagyna hem-de netijeli özara gatnaşyklaryň berkemegine ýardam bermäge gönükdirilen BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda suw-energetika meselesi, ählumumy ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan düzgünleşdirmek, halkara terrorçylygyna garşy hereket etmek, Aral deňziniň giňişliginde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmak meseleleri we beýlekiler bar.
Türkmenistan BMG-niň birnäçe möhüm konwensiýalaryna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge yzygiderli eýerýär. Halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny saklamagyň we berkitmegiň, dünýä döwletleriniň arasynda oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy kepili hökmünde ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň esasy ornuny gürrüňsiz ykrar edip, öz parahatçylyk döredijilik mümkinçiligini BMG tarapyndan yglan edilen Müňýyllygyň Ählumumy Maksatlaryna ýetmäge gönükdirmäge taýýardygyny hemişe görkezýär.
Döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň meselelerinde işjeň orun tutýandygyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary aýdyň tassyklaýar. Şol başlangyçlar netijeli hyzmatdaşlygy onuň möhüm ugurlarynda, şol sanda ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ýaýbaňlandyrylan üstaşyr-ulag düzümini kemala getirmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge we ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalarynda berkidildi.
Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, öz tarapyndan olaryň ýerine ýetirilmegi boýunça anyk çäreleri görýär. Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitinde ulag gatnawlarynyň toplumlaýyn, utgaşykly ulgamyny döretmek babatda Türkmenistanyň öňe süren iri başlangyçlary muňa gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň howandarlygynda ýurdumyzda gün tertibine döwrüň möhüm meseleleri girizilen iri halkara forumlary ençeme gezek geçirildi. Olaryň hatarynda ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň döwletleriniň halkara maslahaty, “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly ýokary derejeli halkara maslahat, Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahat we beýlekiler bar.
Döwrüň wajyp meseleleri babatda Türkmenistanyň ileri tutýan ýörelgelerinde Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak meselesi aýratyn öňe çykýar. Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap ýurdumyz öz gündogaryndaky goňşusyna ykdysady taýdan uly ýardam berýär. Dostlukly halky onuň parahat we abadan durmuşa bolan ymtylmasynda goldap, Türkmen döwleti Owganystana elektrik energiýany we suwuklandyrylan gazy ýeňillikli bahadan ugradýar, durmuş ugurly, hususan-da, lukmançylyk we bilim ähmiýetli desgalary gurýar, ýaşlara bilim bermekde we işgär taýýarlamakda kömek berýär. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy ýaly iri möçberli taslamalar Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly ýol bilen düzgünleşdirilmegine hem-de tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly durmuş-ykdysady taýdan ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant bolup durýar.
Ýurdumyzyň beýleki başlangyçlary barada aýdylanda, olar onuň ileri tutulýan ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Şol ugurlaryň biri ynsanperwer ulgamydyr. Şu babatda, mälim bolşy ýaly, ýurdumyz özüni esasy ýörelgeleri we düzümleri birleşdirýän ynsanperwer hukugy ulgamynda halkara borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýän döwlet hökmünde görkezdi. Munuň özi adamyň, milletleriň we halkyýetleriň hukuklarynyň üpjün edilmegine we goralmagyna gönükdirilendir. Bu bolsa BMG-niň adam hukuklarynyň Ählumumy jarnamasynda yglan edilendir. Türkmenistan esasy konwensiýalaryň we halkara-hukuk resminamalaryň 120-den gowragyna goşulyşdy.
BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, döwletimiz bosgunlaryň, migrantlaryň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek we goramak babatda halkara tagallalaryny birleşdirmegiň işjeň tarapdary bolup durýar. Ýurdumyz soňky ýyllarda ykbalyň emri bilen öz Watanyny terk etmäge mejbur bolan hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Permanlaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygyny alan adamlaryň ençemesi üçin olaryň ikinji mesgenine öwrüldi diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň sebitde ilkinjileriň biri bolup migrasiýa meselelerine we raýatlygy bolmadyk adamlara uly üns berip başlandygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň geçiren ynsanperwer çäreleriniň bu ugurda halkara tejribesini baýlaşdyryp, tutuş dünýä bileleşiginiň üns merkezine öwrülendigini nygtadylar.
Biziň ýurdumyz BMG-niň Neşe we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça halkara konwensiýalaryna, şeýle hem neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmäge, düzüminde neşe bolan maddalary ýüze çykarmak maksady bilen serhet gözegçiligini güýçlendirmäge, hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine tehniki kömegi bermäge we okatmaga gönükdirilen sebit we halkara taslamalarynyň we maksatnamalarynyň birnäçesine gatnaşýar. Neşekeşligi ýok etmek boýunça Türkmenistanyň yzygiderli görýän çäreleri, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bolan üýtgewsiz taýýarlyk döwletimiziň dünýä möçberindäki howpa garşy göreşmek, sebitde we tutuş dünýäde howpsuzlyk we durnuksyzlyk ýagdaýyny üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmek, parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi berkitmek işine ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde ýurdumyzda ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilen beýleki çäreler bilen birlikde çilim çekmegiň öňüni almak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Amala aşyrylýan maksatnamalaryň, şol sanda “Saglyk” maksatnamasynyň çäklerinde howply ýokanç keselleriniň öňüni almakda we ýok etmekde uly özgerişlikler bolýar. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça hem işler üstünlikli geçirilýär. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda BSGG-nyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanda adam hukuklary babatda hereketleriň milli meýilnamasy, Türkmenistanyň Hökümetiniň we UNISEF-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça ýurt üçin maksatnamanyň hereketler meýilnamasy hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň ilat gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin niýetlenen ýurt üçin maksatnamanyň hereketler meýilnamasy BMG-niň degişli edaralary, şol sanda BMGÖM, BMG-niň Çagalar gaznasy hem-de BMG-niň Ilat gaznasy bilen üstünlikli hyzmatdaşlygyň miweleri bolup durýar.
Mysal üçin, ýurdumyzy Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýany tassyklamak bilen, ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin oňaýly şertleri üpjün etmäge düýpli we jogapkärli çemeleşmäni görkezýär. Onuň saglygy we bagtyýarlygy hakynda alada geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Eneligi we çagalygy goramak ulgamy ýurdumyzda örän döwlet goldawyna eýe boldy, ýaş raýatlaryň saglygyny berkitmek, olaryň ýokary hilli bilim almagy we sazlaşykly terbiýelenmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, öz döredijilik ukyplaryny we zehinlerini amala aşyrmagy üçin şertleri döretmek boýunça uly işler geçirilýär. Türkmenistanda döwrebap enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler we çagalar baglary, lukmançylyk edaralary, sagaldyş merkezleri we sport desgalary guruldy we bina edilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ýörite Kararlary bilen tassyklanan “Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň 2015-2020-nji ýyllar üçin milli meýilnama”, şeýle hem “Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça hereketleriň 2016-2018-nji ýyllar üçin milli meýilnama” adamyň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işini kämilleşdirmäge, şeýle hem halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna hem-de hukuk ulanyş işine gönükdirilendir.
“Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek maksadynda 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy” üstünlikli amala aşyrylýar. Ol ýurdumyzda amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň ileri tutulýan wezipelerine, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşiň maksatlaryna doly laýyk gelýär.
Şunuň bilen baglylykda, bu täze ählumumy strategiýany işläp taýarlamaga ýurdumyzyň gönüden-göni gatnaşandygy bellenildi. Türkmenistan degişli milli geňeşmeleri geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde saýlanyp alnan döwletleriň toparyna girdi. Munuň özi durmuşyň ähli ulgamlarynda ösüşlere beslenen özgertmeler syýasatyny alyp barýan hem-de öz durmuş-ykdysady ösüşinde ajaýyp üstünlikleri gazanan döwletimiziň oňyn tejribesine dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasynyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şeýle hem Türkmenistanyň Durnukly ösüşiň maksatlaryny milli derejä laýyk getiren ilkinji ýurtlaryň biri bolup, şol maksatlary milli meýilnamalara we maksatnamalara ornaşdyrmagyň üstünde bilelikde işläp başlandygy nygtaldy.
Türkmenistan-BMG gatnaşyklarynda UNESKO bilen gatnaşyklar hem möhüm orun eýeleýar. BMG-niň bu düzüminde ýurdumyzyň 1993-nji ýyldan bäri doly hukukly agza bolup hyzmatdaşlyk etmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryna gabat gelýär. Şol syýasatda milli bilim we ylym ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine, milletimiziň baý taryhy-medeni mirasynyň hem-de türkmen topragynyň täsin tebigy baýlyklarynyň goralyp saklanmagyna, şeýle hem halkara medeni gatnaşyklarynyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), BMG-niň daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümler bilen milli we sebit derejelerinde hyzmatdaşlyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamy bar. Ýurdumyz BMG-niň ekologiýa howpsuzlygynyň meseleleri boýunça birnäçe konwensiýalaryna gatnaşyjy bolmak bilen, bu babatdaky meselelere degişlilikde işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Türkmenistan ekologiýa meselelerine örän uly üns berip, hususan-da, Aral meselesini çözmäge, Hazar deňziniň täsin ekoulgamyny gorap saklamaga degişli birnäçe başlangyçlar bilen çykyş edýär.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýanyň Taraplarynyň maslahatynda kabul edilen Pariž ylalaşygyna goşuldy. Ýurdumyz howanyň üýtgemegi boýunça Milli stategiýany yzygiderli durmuşa geçirip, ýöriteleşdirilen düzümi—Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegi teklip edýär hem-de BMG bilen bilelikde şeýle merkezi Aşgabatda döretmek ugrunda çäreleri görmäge taýýardyr.
Soňky ýyllarda BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi, BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary üçin Ykdysady we Durmuş Topary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Topary, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça maslahaty ýaly iri halkara guramalar we beýlekiler bilen gatnaşyklar görnetin işjeňleşdirildi.
Şeýlelikde, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen çykyş edip, sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli halkara gatnaşyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklap, döwrüň möhüm meselelerine düýpli oýlanyşykly, sazlaşykly çemeleşmesini görkezýär hem-de olary çözmegiň has oňaýly ýollaryny işläp taýýarlamak boýunça yzygiderli çäreleri görýär.
Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar olara mahsus bolan özara düşünişmek ýagdaýynda hem-de ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanmak bilen ösdürilýär. Munuň şeýledigine BMG-niň abraýly düzümleriniň wekilleriniň çykyşlary hem şaýatlyk etdi.
Maslahat tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti dabaraly maslahata ajaýyp öwüşgün çaýdy.
Şanly sene mynasybetli 3-nji martda BMG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasynda “Açyk gapylar gününi” geçirmek meýilleşdirilýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder