2 Mart 2017 Perşembe

Aziada-2017-niň Aragatnaşyk Hyzmaty Teleýaýlymlarda Görkezmegiň we Internet-Aragatnaşygynyň Ýokary Hilini Üpjün Eder

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny bütin dünýäde synlarlar we eşiderler. Türkmenistan şu ýylyň güýzünde boljak uly möçberli sport baýramçylygyny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görýär. Aragatnaşygyň hem-de ýaýlymlarda alyp görkezmegiň ýokary hilini üpjün etjek maglumat-telearagatnaşyk ulgamlaryny giňeltmek boýunça hem örän uly işler alnyp barylýar.
Türkmen telewideniýesi tarapyndan «TürkmenÄlem 52ºE» milli hemranyň kömegi bilen sport ýaryşlarynyň göni alnyp görkezilişi guralar. Ykjam aragatnaşygynyň durnukly işlemegi üçin Olimpiýa şäherjiginiň çäklerinde hem-de paýtagtymyzyň beýleki ýerlerinde goşmaça 2G (GSM), 3G (UMTS) ölçeglerindäki binýatlyk beketleriň 90-sy gurnalar.
4G (LTE) ulgamyny giňeltmek boýunça işler depginli alnyp barylýar. Diňe Olimpiýa şäherjiginde şu ölçegdäki binýatlyk beketleriň 40-sy gurnalyp, Aziada-2017-niň myhmanlaryna aragatnaşygyň iň döwrebap hyzmatlaryny, şol sanda ýokary tizlikli internet we ykjam telewideniýäniň hyzmatlaryny hödürlär.
Milli “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň operatory tarapyndan bu sport forumyna gatnaşyjy ähli ýurtlaryň ykjam görnüşli operatorlary bilen rouming hyzmatlaryny hödürlemek üçin şertnamalar baglaşyldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder