21 Haziran 2015 Pazar

Türkmenistan Suratlary 66

Türkmenistan Suratlary 66







http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=1617

20 Haziran 2015 Cumartesi

Prezidentimiz Karara Gol Çekdi

“Standartlaşdyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Türkmenistanyň standartlaşdyryş uldgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatngamasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy” hakyndaky Türkmenistanyň TDS 562-2015 döwlet standarty tassyklanyldy. 


Ýatan Ýeriň Ýagty Bolsun

Süleýman Demirel soňky ýoluna ugradyldy
Biwagt aradan Türkiýe Respublikasynyň 9-njy Prezidenti Süleýman Demirel üçin dogduk diýary İslamköýdäki Şehriban Hatyn metjidinde jynaza namazy okaldy.
Merhum lideriň gubyryna dökmek üçin Türkiýäniň çar tarapyndan toprak we käbir bentlerden hem suw getirdildi.
Süleýmen Demirel Din işleri edarasynyň ozalky başlygy Mehmet Nuri Ýylmazyň ýolbaşçylyk etmeginde okalan jynazadan soň jaýlandy.


Türkmenistan Kosmos Pudagy Üçin Hünärmenleri Taýýarlamaga Girişýär

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda “Gami gurluşygy” we “Radioelektron ulgamlary we toplumlary” ýaly täze hünärleri açmaga taýýarlyk işleri görülýär. 

Kosmos pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga bolan zerurlyk şu ýylyň 17 –nji maýynda ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasynyň üstünlikli uçurylmagy bilen baglanyşyklydyr. 

Bu günki gün ýurduň iň iri tehniki ýokary okuw mekdebiniň fakultetleriniň sekizsinde 22 ugur boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Öňki ýyllaryň uçurymlarynyň bir topary fransiýanyň «Thales Alennia Space» kompaniýasynyň aerokosmos kärhanalarynda degişli taýýarlygy geçdi we indi olar ýurduň hemra aragatnaşyk ulgamynyň tehnologiki dolandyrylyşyna gatnaşýarlar.


Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynda Harby Gullukçylara Nobatdaky Harby Derejelerini Bermek Dabarasy Geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynda Harby Gullukçylara Nobatdaky Harby Derejelerini Bermek Dabarasy Geçirildi


http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=1613

Migrasiýa Gullugynda Harby Gullukçylara Harby Derejelerini Bermek Dabarasy Geçirildi

2015-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda harby gullukçylara nobatdaky harby derejelerini bermek dabarasy geçirildi.

Türkmen döwleti türkmenistanlylaryň parahat durmuşynyň hem-de döredijilikli zähmetiniň ygtybarly sütüni bolup durýan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwatyny has-da pugtalandyrmak babatda yzygiderli we hemmetaraplaýyn alada edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak alnyp barylýar, olar üçin iň häzirki zaman ýörite tehnikalary satyn alynýar. Ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, şeýle hem harby gullukçylaryň gulluklary we döwrebap durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek, täze nusgadaky harby şäherçeleri, serhet galalaryny, Watan goragçylary we olaryň maşgalalary üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler otagynda baýramçylyk çäresi açyk diýip yglan edilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra dabara Gullugyň serkerdeler toparyna dabaraly ýagdaýda nobatdaky harby derejelerini dakmak çäresi bilen dowam etdirildi. Täze harby derejelerine eýe bolan harby gullukçylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerininiň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň röwşen geljegini üpjün etmekdäki ýadawsyz yhlasy, bimöçber ünsi we atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, adalatlylygyň, mertligiň we watançylygyň nusgasy bolup, özleriniň mähriban Watanymyzyň parahatçylygynyň, asudalygynyň goragynda mundan beýläk-de mäkäm durjakdyklaryna ynandyrdylar.


Putin Asada Goldaw Bermäge Dowam Edýär

San Peterburg şäherinde geçirlen Halkara ykdysadiýet forumynda çykyş eden Russiýanyň Prezidenti Wladimit Putin, Siriýadaky çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin daşary ýurtlaryň harby operasiýa guramagyna garşydygyny aýtdy.
Siriýada dowam edýän çaknyşyklaryň has-da agyrlaşyp biljekdigini aýdan Putin, Siriýanyň Liwiýa meňzemegine alada bildirýändigini nygtady.
Ukraina krizisi barada hem durup geçen Putin dartgynlygy başladanyň Russiýa bolmandygyny, ABŞ-nyň krizisiň möwjemeginde esasy rol oýnandygyny belledi.
Ukraina krizisini Günbatarly ýurtlaryň çözüp biljekdigini aýdan Putin, Günbatarly ýurtlar bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlyga garamazdan ýurdunyň hyzmatdaşlyga taýardygyny ýatlatdy.