12 Ekim 2016 Çarşamba

Türkmenistanyň Üstünlikleriniň Şanly Sergisi Işine Başlady

Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi işine başlady. Garaşsyz Watanymyzyň häzirki zaman taryhynda baş baýramçylygymyzyň öň ýanynda her ýyl geçirilýän bu gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň kemala gelmegine, türkmen halkynyň maddy we ruhy durmuşyndaky iri möçberli özgertmelerde, täsin medeni mirasyň gymmatlyklaryny baýlaşdyrmakda möhüm wakalaryň özboluşly ajaýyp ýylýazgysyna öwrüldi. 

Däp boýunça Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan, bu ykdysady forum aýratyn ähmiýete eýedir. Senagat taýdan ösüş ýoluna eýerýän Garaşsyz Türkmenistan ýokary ykdysady ösüşiň, serişde kuwwatynyň hem-de ählumumy dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna okgunly goşulyşýan ýurduň ägirt uly geljeginiň nusgasyny bütin dünýä görkezýär. Muňa Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň ösen döwletleri bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň köp ugurlarynda Türkmenistanyň işjeň ösdürilýän netijeli gatnaşyklary şaýatlyk edýär. 

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň Türkmenistana iş sapary hem köpýyllyk ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, däp bolan işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanmalaryň ajaýyp subutnamasydyr. Ýokary derejeli myhman türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Tatarystanyň günlerine gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Tatarystanyň baştutany we düzüminde respublikanyň işewür toparlary bolan wekiliýetiň agzalary ykdysady gözden geçirilişiň hormatly myhmanlary boldular. 



Köptaraply sergi Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde ýerleşdirildi. Oňa gatnaşyjylary we forumyň myhmanlaryny döredijilik toparlary Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlar bilen garşyladylar. Bagşylaryň ýerine ýetirmeginde Sergi merkezinde ýaňlanan halk aýdym-sazlary baýramçylyk wakalaryna özboluşly öwüşgin çaýdy. 

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen telekeçileri we daşary ýurt işewürleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara we ony guraýjylara iberen Gutlagynda ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini nygtady. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler, uly möçberli işler amala aşyryldy we bu ugurda alnyp barylýan işler depginli dowam etdirilýär diýlip, Gutlagda bellenilýär. 

Milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň möçberi taýdan deňsiz-taýsyz işlerini şöhlelendirýän serginiň köpsanly diwarlyklary munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Pudagara foruma ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyna wekilçilik edýän döwlet düzümleri hem-de hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşýar. Mahabatyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen bölümler pudaklaryň üstünliklerini, bäsdeşlige ukyply we isleg bildirilýän önümleriň giň görnüşlerini, hyzmatlar ulgamynda täze harytlary hem-de teklipleri tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. 



Energetika we senagat, nebit hem-de gaz, nebithimiýa, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, ulag, aragatnaşyk, dokma senagaty hem-de halyçylyk, himiýa pudagy, oba hem-de suw hojalygy, oba senagat toplumy, lukmançylyk senagaty, bilim, medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk, neşirýat, tebigaty goramak we bagy-bossanlyk—bu ulgamlaryň ählisiniň depginli ösüşi görkezilen wideoşekillerde, ussatlyk bilen taýýarlanylan nusgalarda, owadan gollanmalar, žurnallar görnüşinde çaphana önümlerinde öz beýanyny tapdy. 

Ýurdumyzyň ykdysady toplumynyň binýatlyk ulgamy—ýangyç-energetika toplumy düzüm bölümlerinde giňişleýin görkezilýär. “Türkmengaz” döwlet konserniniň diwarlygy ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň – “Galkynyş” gaz käniniň işlenip taýýarlanylyşynyň hem-de arassalanylan harytlyk gazyň öndürilişiniň, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tapgyrlary, polietilen we polipropilen hem-de ýokary oktanly benzin öndürmek üçin tebigy gazyň senagat taýdan gaýtadan işlenilişiniň täze tehnologiýalarynyň esasyndaky iki sany ägirt uly gazhimiýa toplumlary barada gürrüň berýär. 



“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň alyp barýan işleri hem mazmuny boýunça arabaglanyşyklydyr. Himiýa senagatynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda halk hojalygynyň islegini üpjün etmek üçin mineral dökünleri, nebit önümlerinden, gurluşyk serişdelerinden önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek bar. Pudagyň ägirt uly eksport kuwwaty kaliý dökünleriniň önümçiliginiň esasyna goýlandyr. Munuň özi Lebap welaýatynda Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy zawodyň açylmagy bilen mümkin bolar. Watanymyzyň dag-magdan gaýtadan işleýän senagatynyň geljegi bu kärhana bilen baglanyşdyrylýar. 



Ýurdumyzda gatnawlaryň utgaşdyrylan ulgamy üstünlikli döredilýär. Ol iri halkara we sebit deňiz, awtomobil, demir ýol hem-de howa çatryklaryna çykmak arkaly howa we ýerüsti ýollary birleşdirýär. Bular barada ulag ulgamynyň ministrlikleriniň we pudak kärhanalarynyň diwarlyklary gürrüň berýär. Aşgabatda Garaşsyzlyk baýramçylygymyzyň öň ýanynda iň ýokary derejede döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan täze Halkara howa menziliniň açylmagy ajaýyp waka boldy. 

Sebitde toplumyň iri taslamasy “Construction Excellence Award” baýragyna mynasyp boldy. Ol ajaýyp binagärlik konsepsiýasyny, taslama düzülişiniň we gurluşygynyň hilini ykrar edýär. Bu toplum binagärlik görnüşi we öňdebaryjy tehnologiýalar üçin “International Star Award for Qiality” baýragyna hem eýe boldy. Paýtagtymyzyň howa menziliniň ulanylmaga berilmegi türkmen awiasiýasynyň, halkara söwda-ykdysady we ynsanperwer aragatnaşyklarynyň, syýahatçylygyň has-da ösdürilmegine ýardam berer. Taslamanyň baş ýolagçy terminalynyň binasynyň ýokarsynda haly gölüniň dünýäde iň uly binagärlik şekili üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi bellärliklidir. 

Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda gurluşyk senagaty hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi bar. Bu ulgamlarda dürli ähmiýetli binalary, şol sanda şäherleriň, etrap merkezleriniň, şäherçeleriň we obalaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça uly möçberli Milli özgertmeler maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde desgalary gurmak boýunça iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Häzir ýurdumyzyň hünärmenleriniň güýçleri bilen önümçilik we durmuş ähmiýetli döwrebap binalar we toplumlar, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, okuw binalary, dünýä ölçegleriniň derejesinde lukmançylyk merkezleri güýçli depginde gurulýar. 



Ak mermerli paýtagtymyzyň myhmanlary bu gün Aşgabady dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri diýip ykrar edýärler. Paýtagtymyzyň özgeren keşbi öz binagärlik taýdan baýlygy we milli öwüşginleri bilen haýran edýär. “Ak şäherim Aşgabat” diýen diwarlyk türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan başy başlanan hem-de türkmenistanlylaryň durmuşynyň we dynç alşynyň hilini has doly üpjün etmäge gönükdirilen uly möçberli maksadalaýyk şähergurluşyk maksatnamasynyň ajaýyp mysalyny görkezýär. Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri, Jemagat hojalygy ministrlikleriniň bölümleri gülleriň we gök bag nahallarynyň köpdürlüligi bilen haýran edýär. Şol güllerdir baglar häzir tutuş ýurdumyz boýunça şäherleriň seýilgählerini we tebigy ýerlerini bezeýär. 

Dokma senagaty ministrligi halk hojalygynyň öňdebaryjy eksport ugurly pudaklarynyň biriniň önümlerini görkezdi. Nah we ýüpek matalarynyň, tikin we trikotaž önümleriniň baý görnüşlerini olaryň ýokary hili we ajaýyp gözelligi, milli däplere ygrarlylygy tapawutlandyrýar. 

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň, şeýle hem halyçylyk pudagynda meşgullanýan ençeme telekeçileriň we halk senetçileriniň el işleri däp bolan gölleriniň hem-de döwrebap haly önümleriniň görkezilmegi bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekdi. “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň diwarlygy pudagyň senagat önümçiliginiň önümleriniň owadan nusgalaryny bezedi. Şu ýylyň fewral aýynda ulanmaga berlen bu täze kärhananyň mysalynda ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup bilýän önümçilikleri ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi barada aýdyp bolar. Bu döwlet maksatnamasy giňden isleg bildirilýän önümlere ilatyň sarp edijiligini doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. 



Sergide oba senagaty toplumynyň we balyk hojalygynyň diwarlygy, şeýle hem welaýatlaryň häkimlikleriniň bölümleri aýratyn orun tutýar. Olarda ýokary hilli et, süýt, makaron we süýji-köke önümleriniň, ösümlik ýagynyň, çagalar iýmitiniň, gaplanylan balyk önümleriniň, ter miwe we gök önümleriniň we kakadylan miweleriň, şeýle hem balyň we ary balçylygynyň dürli önümleriniň baý we köpdürli görnüşleri görkezilýär. Ýurdumyzyň bazarlaryndaky hakyky azyk bolçulygynyň bu ajaýyp görnüşleri bu ulgamda milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan hem-de adamlaryň abadançylygyny, olaryň saglygyny goramagy üpjün etmäge gönükdirilen ykdysady özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezýär. Bu önümleriň ählisiniň halkara standartlarynyň kabul edilen ekologiýa we estetiki talaplaryna laýyklykda gaplanandygyny we bezelendigini bellemek möhümdir. 

Döwletiň durnukly ösüşine goşýan öz goşandyny yzygiderli artdyryp, halk hojalyk toplumynyň dürli önümçilik pudaklarynda hususy işewürligiň wekilleri barha uly orunlary eýeleýärler. Ýurdumyzyň telekeçileri we haryt öndürijileri oba hojalyk we azyk pudaklaryndan, dokma we mebel önümçiliginden, poligrafiýa işlerinden başlap, häzirki zaman ýaşaýyş toplumlaryny we senagat kärhanalaryny gurmaga çenli örän dürli ulgamlarda ýöriteleşýärler. 

Häzirki sergide sarp edijileriň örän oňat tanaýan hususy kärhanalary bolan “Aýbölek”, “Abraýly önüm”, “Çaly”, “Derýaplastik”, “Halys”, “Şahym-Şa”, “Penaly ýel”, şeýle hem ýokary tagam hiline eýe bolan azyk iýmitlerini öndürijiler—“Parasatly”, “Merdem”, “Hoş zaman”, “Hazar”, “Akdaş miwe içgileri”, “Parahat” we ençeme beýlekiler öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezdiler. 



Sport baradaky döwlet komitetiniň sergisi bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Olar diwarlykda gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Olimpiýa şäherjiginiň uly göwrümli toplumyny ýerleşdirdiler. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäheriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanylmagy halkara sport hereketiniň ösdürilmegine Türkmenistanyň ägirt uly goşandynyň giňden ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Aziada—2017-niň ýaryşlary iň täze enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu köptaraply sport toplumynyň desgalarynda geçiriler. Bu toplum ýaryşlary ýaýlyma bermek we giňden wagyz etmek üçin multimediýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman desgalarynyň 30-a golaýyny özünde birleşdirýär. Onuň desgalarynyň birnäçesi eýýäm ulanylyp, halkara forumyna taýýarlyk görülmeginiň çäklerinde guralýan halkara synag ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. 



Ýurdumyzda ösdürilmegine ileri tutulýan ähmiýet berilýän ylym we bilim ulgamy hem sergide öz beýanyny tapdy. Okatmagyň iň täze maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň ugurlarynyň ählisi boýunça ýurdumyzda her ýyl okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň uly möçberleriniň çykarylmagynyň netijelerinde talyplarymyz we okuwçylarymyz halkara ders bäsleşikleriniň we beýleki bäsleşikleriň ýeňijileri bolýarlar. Bilim ministrliginiň diwarlygynda ýokary okuw mekdepleriniň okuw barlaghanalarynyň häzirki zaman enjamlary, abraýly akyl-paýhas ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda gazanylan kuboklar bar. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy milli ylym mekdebiniň iň täze ylmy we tehnologik gazananlaryna ünsi çekip, öz üstünliklerini, kuwwatyny, ýurdumyzyň alymlarynyň geljekki işläp taýýarlamalaryny görkezýär. 

Sergä gatnaşyjylaryň uly möçberleri hem-de häzirki gözden geçirilişiniň döreden giň jemgyýetçilik seslenmesi Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň sarp ediş bazarynda ýurdumyzyň harytlaryny öňe ilerletmek, depginli ösýän döwlet hökmünde ýurdumyzyň üstünliklerini görkezmek üçin netijeli çäre bolandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Döwletimiz bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan türkmen halkymyzyň hal-ýagdaýynyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrýar. 


Ýurduň Ykdysadyýetiniň Ösüşi Boýunça Ylmy-Amaly Maslahat

Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmenistanyň ykdysady özgertmeleri-durnukly ösüşiň binýadydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma ykdysady toplumyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine durmuş-ykdysady ösüşiň, maliýe-ykdysady ulgamyň edaralarynyň işini kämilleşdirmekligiň, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň derwaýys meseleleri girizildi. 

Ýygnananlar maslahaty açmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň esasynda bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň milli modeli Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap maksadalaýyk öňe barýandygyny, onuň halkara abraýynyň üznüksiz artýandygyny, geçirilýän içeri we daşary syýasatyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny bellediler.

Maslahata gatnaşanlaryň çykyşlarynda  «2011-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasyny», şeýle hem döwlet pudaklarynyň ösüş maksatnamalaryny  üstünlikli durmuşa geçirmegiň, halk hojalygy toplumynyň tutuşlygyna batly depginler bilen enjamlaşdyrylmagy netijesinde uly ösüşe eýe bolan ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny doly we hemmetaraplaýyn peýdalanmaga ýardam edýändigi nygtalyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda, jemi içerki önümiň durnukly ösüşini aýdyň tassyklaýan makroykdysady görkezijiler getirildi. Jemi içerki önümiň ösüşiniň ýyl boýunça ortaça depgini deňeşdirilýän bahalarda 110,5 göterime deň boldy.

Görkezijileriň ýokary derejesi, ilki bilen milli ykdysadyýetiň ähli bölümlerini toplumlaýyn  ösdürmäge gönükdirilen döwlet maýa goýum syýasaty hem-de daşary ýurt maýa goýumlarynyň uly möçberi bilen üpjün edilýär.  Ýurdumyzyň ykdysady hem-de önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga oňyn täsir edýän esasy ýagdaýlaryň hatarynda jemi içerki önümiň mukdaryny artdyrmak maksady bilen amala aşyrylan anyk işler, häzirki zaman durmuş infrastrukturasyny emele getirmek, ilaty iş bilen üpjün etmek, daşary söwda deňagramlylygyny saklamak agzaldy. 

Durnukly ykdysady ösüş gazanmak üçin karz-pul, maliýe hem-de salgyt-býujet ulgamyna täsir eden düýpli özgertmeler oňaýly şert döretdi. Onuň üstesine-de amala aşyrylan çäreler döwlete degişli däl pudagy  üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, halkara ölçeglerine laýyklykda häzirki zaman ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna oňyn täsir eder.

Şeýle hem çykyşlarda Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşiniň möhüm ýagdaýlarynyň biri hökmünde ýokary maýa goýum işjeňligi görkezildi. Bu pudakda durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde enjamlaşdyrylyş hem-de tehnologiýa taýdan dünýä ölçegleriniň talaplaryna laýyk gelýän  önümçilik we durmuş ähmiýetli täze desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Netijede iş orunlary artýar, şeýle hem ýurdumyzyň jemi içerki önümine daşary ýurt hem-de bilelikdäki kompaniýalaryň goşulan baha boýunça paýyny artdyrmak üpjün edilýär.

Durmuş-ykdysady ösüşiň üstünlikli amala aşyrylmagynda häzirki zaman dolandyryş gurallaryny ornaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmek, täzeçil tehnologiýalar alyşmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylym we medeni gatnaşyklary giňeltmek uly ähmiýete eýe bolup durýar. Döwlet baştutanymyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa öz gezeginde jemi içerki önümiň ösüşine oňyn täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda milli ykdysadyýetiň daşary ykdysadyýetlere goşulyşmak üçin açyklygy bilen häsiýetlendirilýän, ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň hem ähmiýeti bellendi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary görkezijilere eýe bolmagy, dünýäniň abraýly maliýe guramalary tarapyndan ykrar edilen ykdysady ösüşiň türkmen modeliniň netijeliligini tassyklaýar hem-de ýurdumyzyň dünýäniň iň bir batly depginler bilen ösýän döwletleriniň arasynda öňdäki orunlarda durmagyny üpjün edýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan saýlap alnan ugruň dogrulygynyň aýdyň güwänamasy bolup durýar.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyza  berk jan saglyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi we öňe gitmegi üçin durmuşa geçirýän ähli başlangyçlarynda üstünlik arzuw etdiler.


Türkmen-Tatar Işewürler Maslahaty

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen türkmen-tatar işewürler maslahaty Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda netijeli söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýmakda täze ädim boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan işewür duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine Tatarystanyň uly wekiliýeti geldi. Onuň düzümine hökümet düzümleriniň, pudaklaýyn ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň we täjirçilik däl guramalaryň, ykdysady işiň dürli ugurlarynda ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň hem-de kärhanalaryň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri girdiler.

Olaryň hatarynda “KamAZ”, “Tatneft” hem-de “Kazanyň dikuçar zawody” paýdarlar jemgyýetleri,  “Kazanyň sintetik kauçuk zawody”, “GMS topary” açyk paýdarlar jemgyýetleri, “Ak bars” holding kompaniýasy, “Maşdetal”, “KER--Holding”, “Aýna süýümli turbalar zawody”, “TEM” Söwda öýi”, “Medtehnika” we “Alkotorg”  jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetler, “Naberežnoçelniniň TEM-PO turba zawody” ýapyk paýdarlar jemgyýeti, “Kazanyň motogurluşyk önümçilik birleşigi”, “Kazankompressormaş”, “Tatarystan Respublikasynyň ösüş korporasiýasy”, “Innopolis” aýratyn ykdysady zolagy” hem-de “Tathimfarmpreparaty” paýdarlar jemgyýetleri bar. 

Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Tatarystan  Respublikasynyň Maýa ösüşi agentliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Telekeçiligi goldamak baradaky gaznasynyň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri we beýlekiler bar.  

Türkmen tarapyndan duşuşyga ministrlikleriň hem-de edaralaryň, Döwlet konsernleriniň, birleşikleriniň, komitetleriniň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň we beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar. 

Ýakyn we uzak möhletleýin geljek üçin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny anyklamagy ugur edinen işewürler maslahatyna Türkmenistanda iş sapary bilen bolýan Tatarystan Respublikasynyň 
Prezidenti Rustam Minnihanowyň gatnaşmagy çärä aýratyn äheň berdi.

Tatarystanyň baştutany ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän Türkmenistanyň we Tatarystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Myhman Türkmenistanyň Tatarystan üçin hemişe strategik hyzmatdaş bolandygyny halklarymyzy köp zatlaryň, şol sanda ruhy-medeni umumylygyň, täze mazmuna eýe bolan özara gatnaşyklaryň baý tejribesine esaslanýan çuňňur, taryhy taýdan kemala gelen gatnaşyklaryň birleşdirýändigini nygtady. 

Rustam Minnihanow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge berýän uly ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Tatarystanyň işewür gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi hem-de olary has-da ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady. 

Şunuň bilen baglylykda, Tatarystanyň we Türkmenistanyň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn tejribesi, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar işçi toparyň üstünlikli işleri barada bellenildi. Bu toparyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň sentýabrynda geçirildi. Biziň ýurdumyz bilen  “KamAZ”, “Tatneft”, “KER--Holding” ýaly kompaniýalar, maşyngurluşyk kärhanalary netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. 

Tatarystanyň baştutanynyň belleýşi ýaly, bar bolan mümkinçilikler doly derejede ulanylmaýar. Ikitaraplaýyn haryt  dolanyşygynyň depginini güýçlendirmek gerek. Nebitgözleg we nebit çykarmak, gaz ibermek ýaly ugurlarda, awtomobil, uçar we gämi gurluşyk, energetika, himiýa önümlerini ibermek, derman senagaty we lukmançylyk, obasenagat toplumy we beýleki pudaklarda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.

 Häzir Tatarystan innowasiýalar ulgamyny işjeň ösdürýär we Russiýanyň milli maýa goýum ýagdaýy baradaky sanawynda öňdäki hatara çykyp, maýadarlar üçin düzümi döredýär diýip Rustan Minnihanow Respublikada döredilen aýratyn ykdysady zolaklaryň, senagat we tehnoparklaryň, injiniring we ylmy-barlag merkezleriniň ähmiýetini,  nano we IT-tehnologiýalaryny ösdürmek, kompozision serişdelerini we robotehnikasyny öndürmek, sebitara logistik merkezlerini döretmek boýunça geçirilýän işler barada durup geçdi. Umuman bularyň hemmesi özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri açýar. 

Prezident Rustam Minnihanow sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesini gozgap,  üç ýyl mundan öň Kazanda Bütindünýä tomusky Uniwersiadanyň geçirilendigini, sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä we Ýewropa çempionatlarynyň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Şu ýyl Tatarystanyň paýtagty futbol boýunça iri ýaryşlary kabul eder we elbetde 2018-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada aýtmak bilen, Tatarystanyň baştutany 2017-nji ýylda Aşgabatda Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglylykda, Türkmenistana zerur bolan goldawy bermäge hem-de bu ugurda toplanan tejribäni paýlaşmaga taýýarlygy beýan etdi. 

Myhman sözüniň ahyrynda şu günki işewür duşuşygyň ähmiýetini belläp, onuň  netijeleriniň Tatarystanyň hem-deTürkmenistanyň arasynda ynanyşmak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

Işewürler maslahatynda  edilen çykyşlarda häzir Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti, daşary ýurt maýalary üçin özüne çekiji döwletdigi bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň innowasion ýörelgelere we usullara esaslanýan milli ykdysady strategiýasy ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Toplumlaýyn çäreleriň öz wagtynda görülmegi netijesinde senagat önümleriniň öndürilýän möçberi we daşary söwda dolanyşygy durnukly ýokarlanýar, içerki bazarda harytlaryň hem-de hyzmatlaryň durnukly bahalary saklanýar, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberleri artýar. 

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, sebitleri senagatlaşdyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň we daşary ýurtlara iberilýan önümleriň möçberlerini artdyrmaga, şol sanda bar bolan nebitgaz hem-de mineral serişdelerini netijeli peýdalanmagyň, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary nazara alanyňda, hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Bu babatda ähli ugurlarda, şol sanda maşyngurluşygy,  ýangyç-energetika toplumy, energetika, nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagaty ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. 

Biziň ýurdumyz amatly geografik ýerleşişini we geosyýasy ýagdaýyny nazara almak bilen ulag ulgamlarynda-awtomobil, demir ýol, deňiz, raýat awiasiýasy ulgamlarynda iri düzüm taslamalarynyň başyny başlaýar hem-de durmuşa geçirýär. Gyzyklanma bildirýän talaplar üçin Türkmenistanyň Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitleriniň geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, yklym ähmiýetli iri energetika hem-de ulag-üstaşyr merkezi hökmünde görülmegi halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasynda durýar. 

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda obasenagat toplumy görkezildi. Bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler degişli önümçilik düzüminiň giňeldilmegini, azyk bolçulygynyň döredilmegini, sarp ediş bazarynyň ýurdumyzda öndürilýän köp dürli we ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutýar. Şunda hususy ulgamyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga uly üns berilýär.

Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça başlangyçlary netijesinde bu ulgam aýratyn ösüşe eýe bolup, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzir Türkmenistanda telekeçiligi höweslendirmek üçin amatly şertler döredilýär, karzlaşdyrmagyň möçberleri artdyryldy, oňaýly  salgyt syýasaty amala aşyrylýar. 

Işewürler maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň we Tatarystan  Respublikasynyň ykdysadyýetleriniň ýagdaýy, özara bähbitlere laýyk gelýän şertleri nazara almak bilen, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin açylýan mümkinçilikler barada wideoflimler görkezildi. 

Myhmanlaryň çykyşlarynda  Tatarystanyň işewür toparlarynyň ykdysady ösüşiň okgunly depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge ymtylýandygy tassyklanyldy. Giň gerimli milli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýdan işewürler dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler. 

Gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeler senagaty, energetika, ulag, dokma pudagy, azyk senagaty, oba hojalygy, işewürlik we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Tatarystanyň bazarlarynda türkmen hem-de tatar önüm öndürijileriniň önümlerini has-da ilerletmek we görnüşlerini artdyrmak bilen bagly mesele gozgaldy. 

Duşuşyga gatnaşyjylar ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň hem-de RF-niň 
Tatarystan  Respublikasynyň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda, ýokary hünär bilimi we hünärli işgärleri taýýarlamak ugry boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler. Saglygy goraýyş, derman, lukmançylyk ylmy we tejribesi babatda özara gatnaşyklaryň hem-de tejribe alyşmagyň geljegi uly bolup durýar.

Maslahatyň umumy bölümi tamamlanandan soň Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda 2017-2019-njy ýyllarda 
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. 

Işewürler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary—kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň ýöriteleşdirilen sergisi guraldy. 

Işewürler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Tatarystanyň ministrlikleriniň, edaralarynyň, hususy düzümleriniň wekilleriniň hem-de telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de geljekki gatnaşyklaryň meýilnamalary  bellenildi.


Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipe borçlary, onuň gözegçilik edýän ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, ylmy-barlag edaralarynyň we guramalarynyň sanawy;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ylym we tehnologiýa bölümi hakyndaky, Bilim we jemgyýetçilik bölümi hakyndaky, Saglygy goraýyş bölümi hakyndaky, Ýaşlar syýasaty bölümi hakyndaky, Dini guramalar bilen işlemek bölümi hakyndaky, Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamynda alnyp barylýan aýratyn möhüm we düýpli gurluşyklara gözegçilik bölümi hakyndaky Düzgünnamalar; 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasarynyň garamagyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bölümleriniň işgärleriniň  wezipe borçlary hem-de şu bölümleriň düzümi we işgär sany tassyklanyldy. 

*** 

Bilim babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda baglaşylan Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 19-njy aprelinde çykaran 12973-nji kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti  Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine 2016-2017-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda çykaran 7501-nji buýrugy bilen tassyklanan, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryndan daşary: 

Owganystan Yslam Respublikasynyň 30 raýatyny tölegsiz esasda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna bir ýyllyk dil öwreniş okuwlaryna;


2015-2016-njy okuw ýylynda bir ýyllyk dil öwreniş okuwlaryny tamamlan Owganystan Yslam Respublikasynyň 26 raýatyny, şol sanda: 

10 raýatyny Halkara nebit we gaz uniwersitetine;

5 raýatyny Türkmen oba hojalyk institutyna; 

10 raýatyny Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna;

1 raýatyny Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna tölegsiz esasda okuwa kabul etmäge ygtyýar berildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň” birinji tapgyrynyň – Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) böleginiň hem-de Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň Ymamnazar gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul edýän, saklaýan we ugradýan terminalyň açylyş dabaralarynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen degişli topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Bu topara açylyş dabaralarynyň Meýilnamasyny işläp taýýarlamak hem-de açylyş dabaralaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleri kesgitlemek hem-de olar boýunça jogapkär ýolbaşçylary bellemek tabşyryldy. 
***
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Baýramow Döwrangeldi Garýagdyýewiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa duýduryldy. 
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Taňryguly Gurbanmuhammedow saglyk ýagdaýy sebäpli, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 


Atavatan Türkmenistan Web Saýty Täzelendi Atavatan Türkmenistan Web Sitesi Yenilendi.

Atavatan Türkmenistan Web Saýty Täzelendi
Atavatan Türkmenistan Web Sitesi Yenilendi. 
http://www.atavatan-turkmenistan.com/ 
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=4305


2 Ekim 2016 Pazar

Üstünlik – Yhlasly Zähmetiň Netijesi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligi öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýärler. Şu ýylyň başyndan bäri 32 million manatlyk hyzmat gurnaldy, 8 aý üçin meýilnama 122,7 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle hem sütünleri sementlemek boýunça işler üstünlikli ýerine ýetirildi. Bu ýerde 22 göterim derejeli ösüş meýilnamalaşdyrylan sepgitden has artyk boldy.

«Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar döwür üçin milli Maksatnamasyna» we Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden beýleki resminamalaryna laýyklykda, nebitgaz pudagynyň durnukly ösmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligi yhlasly zähmet çekýär we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna çenli täze netijeleri gazanmagy meýilleşdirýärler.



Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Owganystandan we beýleki döwletlerden gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini we M-100 kysymly mazudy satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, arassalanan pagta ýagy, azyklyk bugdaý, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Ukrainadan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi  bahasy ABŞ-nyň 28 million 552 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň  işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 3 million 626 müň manatdan gowrak bolan ýüňi (garaköli, sarja, geçiniň we düýäniň) we nah ýüplügi satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 299 müň  manatdan gowrak awtoulagy we polipropileni (TNGIZT) satyn aldylar.