Türkmenistan Önümleri
http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=2370
Türkmen Habar Türkmenistanyň gündelik habar saýty https://www.turkmenhabar.com/ #Turkmenistan #TurkmenHabar #Turkmen #Habar #Habarlar
22 Şubat 2016 Pazartesi
Türkmenistanyň Ilçisi YHG-nyň Ýanyndaky Hemişelik Wekili Hökmünde Bellenmegi Baradaky Ynanç Hatyny Gowşurdy
2016-njy ýylyň 16-njy fewralynda Jidde şäherinde ýerleşen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Orazmuhammet Çaryýew bu Guramanyň Baş Sekretary Iýad Amin Madani bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Ilçi O.Çaryýew YHG-nyň Baş Sekretaryna bu guramanyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili hökmünde bellenmegi baradaky ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşyk mähirli salamlaşykdan başlap, onuň barşynda Ilçi O.Çaryýew Türkmenistanyň halkara guramalar, şol sanda YHG bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi barada belläp geçdi.
YHG-nyň Baş Sekretary I.Madani öz gezeginde Ilçi O. Çaryýewi Türkmenistanyň YHG-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmünde bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlik arzuw etdi. Şeýle hem, Baş Sekretar Türkmenistanyň YHG-nyň möhüm agzasydygy barada aýdyp, onuň Guramanyň işlerine işjeň gatnaşmagyna umyt bildirdi. Duşuşygyň barşynda Madani Türkmenistanyň Ýolbaşçylygynyň wajyp halkara başlangyçlaryna we alyp barýan öňdengörüji syýasatyna uly baha berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň oba senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň barşyna hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowyň hasabatyny diňledi. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy, agrotehniki çäreleriň geçirilişi, güzlük bugdaýa ideg edilişi hem-de mart aýyndaky baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz oba hojalygynyň öndürijilerini goldamak boýunça işleri has işjeň alyp barmalydygyny belledi. Daýhan hojalyklaryna gök ekinleri ýetişdirmäge ýer bölekleriniň berilmegi hem ekerançylyk önümleriniň möçberlerini ýokarlandyrmak üçin düýpli höweslendiriji bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ýer eýelerini zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek meselelerine häkimiň ünsüni çekdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça hasabat berip, ekerançylyk meýdanlaryndaky işler hem-de bahar baýramçylyklary mynasybetli guraljak köpçülikleýin medeni çäreler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkime welaýatyň ykdysady ýagdaýyny seljermegi hem-de önümçiligi, şol sanda oba hojalyk toplumynda önümçiligiň depginini artdyrmak üçin mümkinçilikleri herekete getirmegi tabşyrdy. Oba hojalyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak we umuman, hojalyk işleriniň meselelerini has netijeli işläp düzmek zerur diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de welaýatyň meýdanlarynda gök maýsalara ideg edilişiniň gerekli derejede guralmandygyny belledi. Gök, bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin daýhan hojalyklaryna ýer bölekleriniň berlişine aýratyn üns bermek gerek.
Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda geçirilýän işler, oba hojalyk tehnikalarynyň gowaça ekişine taýýarlanylyşy hem-de ekerançylyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz ýerleri, traktorlary we beýleki tehnikalary ýaz ekişine öz wagtynda taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Amala aşyrylýan agrotehniki çäreleriň ýokary hili ilkinji orunda bolmalydyr, ýagny, jogapkärli meýdan işleriniň geçirilýän wagty tehnikalar ygtybarly işlemelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew ekişiň öň ýanyndaky taýýarlyk, topragyň hasyllylygyny gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de hormatly Prezidentimiziň gök önümleri ýetişdirmek üçin daýhan hojalyklarynyň arasynda meýdanlary bölüp bermek babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitde şanly seneler mynasybetli baýramçylyklara taýýarlyk görlüşi barada habar aýdyldy.
Hasyllylygy artdyrmak hem-de toprakdan doly peýdalanmak üçin oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmäge häzirki zaman döwrebap çemeleşmeleri, täze oba hojalyk tehnologiýalaryny başarnykly peýdalanmak zerur diýip, milli Liderimiz belledi hem-de ekinleriň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamak, tohumçylyk işini netijeli alyp barmak, ýer eýelerini ýokary önüm berýän tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.
Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow öz gezeginde sebitdäki işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýyň gök maýsalaryna ideg edilişi hem-de gowaça ekişine taýýarlyk görlüşi, şeýle hem baýramçylyk günlerine meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekiş möwsümine badalga berilmegine oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Topragy işlemegiň hili-de, ekiş geçirmegiň depgini-de gönüden-göni tehnikalaryň işine baglydyr. Ekerançylyk önümçiliginiň gerimini giňeltmekde has düşewüntli ekinlere aýratyn üns bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de gök önümleriň dürli görnüşlerini ýeitişdirmek üçin daýhan hojalyklaryna ýer bölekleriniň berlişini tizleşdirmek barada görkezme berdi.
Milli Liderimiz sebitleriň ýolbaşçylaryny obalary durnukly ösdürmek, olaryň durmuş düzümleri ýaly ugurlar boýunça işleri depginli alyp barmaga, senagat pudaklaryny ösdürmegiň we welaýatlarda maýa goýum-gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişini düýpli seljermegiň zerurdygyna, oba senagat ulgamynda gaýtadan işleýji täze kuwwatlyklary döretmek hem-de ýokary hilli azyk önümleriniň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmak üçin mümkinçilikleri gözlemäge gönükdirdi.
Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow çagyryldy. Häkim paýtagtymyzy has-da ösdürmek boýunça görülýän çäreler, binagärlik-gurluşyk işleriniň, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de birnäçe ýollaryň durkuny täzelemek boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hzasabat berdi. Şeýle hem häkim Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabady ösdürmäge bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynda milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini çözmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli babatda nusgalyk şäher bolmalydygyny nygtady. Onuň sazlaşykly ýagdaýyny üpjün etmek, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, arassaçylygy we düzgün-tertibi saklamak boýunça işleri ýokary derejede guramak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamak zerur diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de degişli düzümleriň örän sazlaşykly işlemegi boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem şäher ýollarynyň durkuny täzelemegiň örän oýlanyşykly we ölçerilen inženerçilik çözgütleriniň esasynda alnyp barylmalydygyny belledi. Öňde boljak ýowara hem-de ýazky bagy-bossanlyga büremek işlerini başlamaga taýýarlyk görmek boýunça hem anyk görkezmeler berildi.
Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol ählihalk ýowaryna—ýurdumyzda nobatdaky bagy-bossanlyga büremek möwsümine başlamaga görülýän taýýarlygyň barşy barada hasabat berdi. Şu ýyl ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli agaçlaryň hem-de üzüm nahallarynyň jemi 3 million düýbi oturdylar. Häzirki wagtda bag nahallaryny taýýarlamak we olaryň ekiljek ýerlerini kesgitlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiz bagy-bossanlyga büreýiş möwsüminiň çäklerinde geçiriljek işleriň anyk meýilnamasyny düzmegi, ýer bölekleriniň degişli taýýarlygyny üpjün etmegi hem-de suwarmak we täze ekilen nahallara mundan beýläk-de ideg etmek üçin şertleri döretmegi oýlanyşmagy tabşyrdy. Ekiljek nahallar her bir anyk ýeriň toprak-howa şertlerine, onuň tebigy aýratynlygyna laýyk gelmelidir.
Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, aýdylan wezipeleri umumylaşdyrdy hem-de ilkinji derejeli meseleleri kesgitläp, olary dessine netijeli çözmäge girişmegi talap etdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen Küştçüleriniň Üstünlikleri
Türkmen küştçüleri türgenlerimiziň halkara derejesindäki iri ýaryşlarda gazanýan üstünliklerini dowam etdiler. Eýran Yslam Respublikasynyň Zyba Kenar şäherinde geçen «Hazaryň kubogy» atly abraýly ýaryşda bu gadymy paýhas oýny bilen meşgullanýan ussatlarymyz zenanlar toparynda kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.
Ýaryşyň açylyş dabarasyna dünýäniň ozalky çempiony Anatoliý Karpow gatnaşdy. Dünýä meşhur küştçi iň güýçli türgenler bilen bir wagtda küşt oýnap bäsleşdi. Ýaryş Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Niderlandlardan, Polşadan, Litwadan, Gruziýadan we beýleki döwletlerden—jemi 15 ýurda wekilçilik edýän 700-den gowrak küştçini özünde jemledi.
Toparymyzyň düzüminde Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, FIDE-niň ussady Ogulgerek Atabaýewa tapawutlandy. Ol mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk gazanmagy başardy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewden küşt oýnunyňň inçe syrlaryny öwrenýän bu küştçümiz ýedi döwde ynamly ýeňiş gazandy, bir döwde deňlige razylaşyp, ýene bir döwde, ýaryşda ýeňiji bolan tähranly küştçi Zahetdifar Ananita bilen bolan duşuşygynda şowsuzlyga uçrady. Ogulgerek ýeňijiden bary-ýogy 0,5 utuk yza galdy.
Ýaryşda üçünji orun ugrunda 7 utuk toplan küştçüleriň ikisi—ildeşimiz Jemal Öwezdurdyýewa bilen ABŞ-ly küştçi Arab Kian bäsleşdiler. Bu ýerde baýrakly üçünji ornuň ykbalyny küştçüleriň sport görkezijileriniň gatnaşygy çözdi. Bu babatda türkmen küştçüsiniň görkezijisi garşydaşynyňkydan ýokary boldy. Netije-de, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Myratgulyýewden tälim alýan 18 ýaşly küştçümiz bürünç medala mynasyp boldy. Indi J. Öwezdurdyýewanyň halkara sanawynda gazanan derejesi 1956-a barabar bolup, bu netije ýaş küştçümizi FIDE-niň ussady halkara adyna mynasyp bolmaga ep-esli golaýlaşdyrdy.
Toparymyzyň düzüminde Hurma Weliýewanyň gazanan netijesini hem agzap geçmek gerek. Ol 6 utuk toplap, iň güýçli küştçüleriň onlugyna düşmegi başardy. 20 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň 2015-nji ýylda çempiony Maýa Ýalkanowa bu ýaryşda 5 utuk toplap, sport ussatlygyna dalaşgär derejesiniň talaplaryny ýerine ýetirdi.
Indi türkmen küştçüleri olimpiýa derejesindäki ýaryşa taýýarlyk görerler. Şu ýylyň sentýabr aýynda 42-nji Bütindünýä küşt olimpiadasy bolar. Bu ýaryşa 175 döwletden 2 müňe golaý küştçi gatnaşar. Ýaz pasly geçiriljek erkekleriň we zenanlaryň ýokary ligasynda Türkmenistanyň çempionatynyň netijeleri boýunça milli ýygyndymyzyň düzümi kesgitleniler.

Türkmenistanyň Howa Maglumaty 23.02.2016
Türkmenistanyň Howa Maglumaty
23.02.2016
Aşgabat
+19... +21°
Türkmenbaşy
+12... +14°
Balkanabat
+14... +16°
Mary
+20... +22°
Türkmenabat
+20... +22°
Daşoguz
+18... +20°
http://www.turkmenhabargullugy.com/
23.02.2016
Aşgabat
+19... +21°
Türkmenbaşy
+12... +14°
Balkanabat
+14... +16°
Mary
+20... +22°
Türkmenabat
+20... +22°
Daşoguz
+18... +20°
http://www.turkmenhabargullugy.com/
21 Şubat 2016 Pazar
Türkmen Jemgyýetindäki Taryhy Mirasyň we Häzirki Öňdebaryjy Özgertmeleri
Türkmenistanyň çäklerinde gadymy döwürlerden bäri köp sanly medeniýetler we döwletler bolupdyr. Olar halkyň mentalitetinde, umumy ekerançylygynda we hojalygy alyp barmak däp-dessurlarynda çuňňur yz goýupdyrlar. Biziň pederlerimiz tarapyndan köp asyrlaryň dowamynda döredilen şol örän uly mirasyň gaýtadan dikeldilmegi, jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň häzirki zaman ugurlary bilen utgaşmasy – biziň häzirki we geljekki gülläp ösüşlerimiziň girewidir.
Hojalygy alyp barmagyň taryhy görnüşleri
Oba hojalygy gadymyýetde ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolupdyr. Oturymly ýaşaýyş durmuşyna geçilmegi we ekerançylygyň ösdürilmegi umumy adamzat siwilizasiýasyşynyň derejesini häsiýetlendirýän esasy faktor hökmünde hasap edilipdir. Bu babatda Türkmenistanyň çäkleri örän ösboluşlydyr. Alymlaryň-taryhçylaryň we arheologalaryň dünýä bileleşigi tarapyndan biziň eramyzdan öňki VI müň ýyllyklarda Köpetdagyň eteklerinde jeýtun medeniýetiniň obalary ýerleşipdir – diňe bir Merkezi Aziýanyň çäklerinde däl, eýsem bütin Ýewraziýa kontinentinde ekerançylyk bilen meşgullanan taýpalar bolupdyr diýlip kesgitlendi. Ilkibaşda bugdaý we arpa esasy ekin bolupdyr. Änewde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýaşy 5 müň ýyl töweregi bolan bugdaý däneleri tapylypdyr. Özi hem ol bugdaýyň ýokary hili gaty görnüşidir. Şonuň üçin hem Türkmenistany bugdaýyň watany diýlip hasap edilýär. Şol sebäpli hem garaşsyzlyk ýyllary içinde Änewde “Ak bugdaý” Milli muzeýi döredildi. Hut Änewde – bütin gadymy Alynky Gündogarda biziň eramyzdan öňki IV müň ýyllykdan başlap ilkinji suwaryş ulgamlary döräpdir. Bu ýerde iri ýer böleklerini – 150 gektara çenli ýer böleklerini işläp taýýarlamak üçin ulanylýan emeli suw howdanlary, suw kanallary we ýaplar döredilipdir.
Üzümçilik hem biziň ýurdumyzyň çäklerinde däne ekinleri bilen bir hatarda gadymy ekerançylygyň ugry bolup durýar. Gadymy Parfiýanyň suwarymly ýerleriniň ep esli böleginde üzümçiligiň eýeländigi mälimdir. Çakyr önümçiligi uly ösüşe eýe bolupdyr. Köne Nusaý galasynyň merkezinde şalaryň örän uly çakyr saklanylýan ammarlary ýüze çykaryldy. Bu ýerde çakyryň her bir görnüşine resminama taýýarlanypdyr. Olarda çakyryň möçberi, üzümçiligiň ady, üpjün edijiniň ady we wezipesi, çakyryň döredilen senesi we görnüşi görkezilipdir. Iri obalaryň we şäherleriň töwereginiň ep esli bölegini bagçylyk we üzümçilik tutupdyr. Mundan hem başga, biziň ata-babalarymyz bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça hem uly meşhurlyga eýe bolupdyrlar. Olaryň köpüsi Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem uly abraýa eýe bolupdyrlar. Bu, esasan hem, türkmen gawunyna degişlidir.
Ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň görnüşleriniň yzygiderli artdyrylandygyny belläp geçmelidiris. Şeýlelikde, orta asyrlarda pagtaçylyk giňden ýaýrapdyr. Pagtanyň köp bölegi Merw sebitinde ösdürilip ýetişdirilipdir. Çeşmeler pagtanyň hiliniň örän ýokary bolandygyny belleýärler. Olar bütin Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda hem nusgalyk hökmünde hasap edilipdir
Türkmenistanyň çäklerinde ekerançylykdan başga-da maldarçylyk hem giň gerime eýe bolupdyr. Mallary idetmek we olary ösdürip ýetişdirmek azyklyk zerurlygy, ekin meýdanlary özleşdirilende olara her hili oba hojalyk tirkeglerini dakyp ulanypdyrlar, şeýle hem olar ulag serişdesi hökmünde hem ulanylypdyr. Biziň ýurdumyzyň çäklerinde gadymy döwürlerden bäri oba hojalyk ekinleriniň we maldarçylygyň halk seçgiçiligi usullary döredilipdir. Olaryň hatarynda ak bugdaýy, bakjadyr miwe, üzüm hasyllaryny we gök ekin önümlerini görkezmek bolar. Behişdi bedewler bolan ahalteke atlary, garaköli baganasy we saryja tohumly goýunlar bütindünýä meşhurlygyny gazanypdyrlar.
Ekerançylygyň ösdürilmegi we ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň görnüşleriniň köpeldilmegi senetçiligiň ösdürilmegine getiripdir. Bu ilkinji nobatda dürli görnüşli oba hojalyk gurallarynyň önümçiligine degişlidir. Şeýlelikde, meselem, Änewden Merkezi Aziýada iň gadymy demir oraklar, pyçaklar, däne üweýän gurallar we beýleki enjamlar tapyldy. Şeýle hem dürli demirlerden – misden, bürünçden, demirden ýarag ýasamak giň gerime eýe bolupdyr. Eýýäm eneolit we bürünç eýýämlerinde Günorta Türkmenistanyň çäklerinde gurluşyk-binagärlik işi, gurluşyk önümlerini, şeýle hem keramika önümlerini öndürmek ýokary derejelere çykypdyr. Olaryň soňkysy örän ýokary hile eýe bolupdyr we küýzegärçiler tarapyndan taýýarlanypdyr. Orta asyrlarda aýna, şol sanda penjir aýnalaryny hem, öndürmek giňden alnyp barylypdyr.
Şeýle hemTürkmenistanyň gadymy çäklerinde dokma senetçiligi hem uly ösüşe eýe bolupdyr. Aýratyn hem ol Änewde, Parfiýada, Horezmde we Merw sebitinde ösüpdir. Merwde pagtadan we ýüňekden öndürilen matalar dünýä ýüzi boýunça şöhrata eýe bolupdyr. Daşary ýurtlar bilen söwda uly ýaýrawa eýe bolupdyr. Hindistan, Hytaý, Müsür, Rim imperiýasy, Arawiýe, Powolžýe, Uralýaka, Kawkaz we Gara deňiz ýaka ýurtlary bilen söwda işleri alnyp barylypdyr. Gadymy “söwda düzüminiň dolanşygynda” demir, dokma önümleri (ýüpek, pagta, ýüň, gön we olardan taýýarlanan önümler), atlar, gymmat bahaly daşlar, sungat önümleri we beýleki köp sanly önümler bolupdyr. Özi hem olaryň köpüsi daşary ýurtlara iberilýän harytlar bolupdyr. Hususan-da demirden taýýarlanan önümler, merw matalary, goýun derileri, ahalteke atlary, keramika we beýleki önümler köp mukdarda daşary ýurtlara iberilipdir.
Innowasiýalar ýoly
Garaşsyz Türkmenistanyň ekerançylary ata-babalarymyzyň şöhratly däp-dessurlaryny aýawly saklamak we dowam etdirmek bilen, oba hojalygyny ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarlar. 2014-2015-nji ýyllarda ekin meýdany 1 million 600 gektar meýdandan hem geçdi. Oba hojalyk ekinleriniň jem ýygnalyşy hem artýar. Şeýlelikde, 2015-nji ýylda ýurtda 1,4 million tonna bugdaý, 1,1 million tonna pagta, 775 müň tonna golaý gök önüm, 360 tonna töweregi bakja, 268 müň tonnadan gowrak kartoşka we 314 müň tonna töweregi üzüm öndürildi. Mallaryň we guşlaryň baş sany hem artdy. Maldarçylyk önümleriniň esasy görnüşleri bolan etiň, süýdiň, ýumurtganyň, ýüňüň we beýleki önümleriň öndürilişi artdy. Oba hojalyk görkezijileriniň köpüsi 2014-nji ýyldakydan köp öndürildi.
Senagat pudaklary ýokary hil derejesine ýetirildi. Ýurtda senagat önümleriniň köp görnüşlerini – ýangyç-energetika, nebit-himiýa, dokma, gurluşyk önümlerini, farmasewtik, elektron, metallurgiýa azyk önümlerini öndürýän köp sanly ýokary tehnologiýaly kärhanalary guruldy we gurulmagy dowam etdirilýär. 2015-nji ýylda 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende köp pudaklarda oňyn öňegidişlik gazanyldy. Mineral dökünlerini öndürmekde 175,2 göterim, farmasewtik serişdeleri – 123,5 göterim nebit, gaz kondensatyny goşmak bilen, 105,2 göterim, nebit bitumy – 121,2 göterim, magdan däl gurluşyk önümleri – 115,5 göterim, keramzit – 136,7 göterim, sement – 104,4 göterim, mesge ýagy – 115,3 göterim aş önümleri, 112,6 göterim, balyk we balyk önümleri – 140, 5 göterim, un – 104,8 göterim alkogolsyz içgiler - 111 göterim, nah matalary öndürmekde – 107,4 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Türkmenistanyň gurluşyk pudagy hem ýokary ösüş depginini görkezýär. Şunlukda önümçiligi ýyl-ýyldan artýan ýurtda öndürilýän gurluşyk önümlerini ulanmak bilen amala aşyrylýan gurluşyk işleri barha giň gerime eýe bolýar. Şeýlelikde, 2007-2015-nji ýyllarda semendiň öndürilişi 3,8 esse, gurnama demirbeton konstruksiýalary – 2,4 esse, diwarlyk önümleri – 1,8 esse töweregi we magdan däl gurluşyk önümleri – 4,8 esse ösdi. Beýleki gurluşyk önümleriniň we konstruksiýalaryň – armaturanyň we demir profilleriň, plastmassa we aýna süýümli turbalaryň önümçiligi ýokary ösüş depginlerini görkezýär. Şeýle hem ulag we aragatnaşyk, içerki söwda hyzmatlar hem ýokary depginler bilen ösýär.
Häzirki zaman Türkmenistan daşary söwda syýasatyny işjeň alyp barýar. 2015-nji ýylda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy dünýä ýurtlarynyň 109-sy bilen amala aşyryldy. 2007-2015-nji ýyllarda, dünýä ykdysadyýetinde krizis ýagdaýlarynyň ýüze çykandygyna we dünýä bazarlarynyň oňaýsyz ýagdaýlara düşendigine garamazdan, ýurduň daşary söwda dolanşygy 2 esseden hem gowrak artdy.
2016-njy ýylda ýurtda has uly göwrümli özgertmeleri üpjün edýän milli maksatnamalary amala aşyrmak dowam etdiriler. Ministrler Kabinetiniň geçen 2015-nji ýylyň jemlerine we golaý geljek üçin öňde goýlan wezipelere bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet baştutany tarapyndan esasy ugurlar kesgitlendi.
Hususan-da, oba hojalyk ulgamyny ýokary girdejili pudaga öwürmek maksady bilen, bu ugurda toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmak dowam etdiriler. OHT ähli mümkinçiliklerini herekete getirmek üçin täze netijeli usullary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, dünýäniň iň gowy tejribelerini giňden ornaşdyrmak bellenildi. Dolandyryş we ylmy işleri ýerine ýetirýän oba hojalyk edaralarynyň gurluşyny optimizirlemek öňde goýlan wezipeleri çözmäge ýardam eder. Oba hojalyk toplumynyň birnäçe ministrliklerini we edaralaryny birleşdirlip, Oba we suw hojalyk ministrliginiň döredilmegi oba hojalyk önümçiligini ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge we döwletiň oba hojalyk syýasatyny bazar gatnaşyklary we telekeçilik başlangyçlary esasynda iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Oba hojalyk özgertmelerini ylmy taýdan üpjün etmek öň dürli edaralaryň ýanynda işlän YBI birleşdirip, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň ýanynda täzeden döredilen Ylmy-barlag institutynyň üstüne ýüklendi. Bu ylmy merkeziň öňünde innowasion agrotehnologiýalary, şeýle hem tohumlary öwrenmek, etraplaşdyrmak, oba hojalyk ekinleriniň seçgi we tohumçylyk işlerini işläp taýýarlamak wezipesi durýar. Senagat toplumyny özgertmek syýasaty senagat pudaklaryny durnukly innowasion taýdan ösdürmäge, milli ykdysadyýetiň bäsleşige ukyply ýokary derejesini gazanmaga we saklamaga, daşary ýurt harytlaryň ornuny tutýan önümçiligini we eksport mümkinçiligini mundan beýläk hem ösdürmäge, Türkmenistanyň ykdysady we tehnologiki howpsuzlygyny üpjün etmäge, şeýle hem gaýtadan işleýän pudaklary we ýokary goşulan bahaly önümleriň önümçiligini çaltlandyrylan depginlerde ösdürmek arkaly çig maly azaltmagy nazarlaýan maksada gönükdirilen ykdysady ösüşe gönükdirilendir.
Ösüşiň senagat-innowasion ugruna geçilende ylyma we bilime döwrebaplaşdyrmagyň möhüm faktory hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, golaý geljek ýyllarda döwletiň ösüşiniň esasy ugurlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2021-nji ýyla çenli ylmy ösdürmegiň döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanylar, şeýle hem ýokary hilli ylmy işgärleri taýýarlamak işleri dowam etdiriler.
2016-njy ýylda iri desgalaryň 387-ni ulanmaga tabşyrmagy we ABŞ-nyň 7 milliard dollary möçberde maýa goýumlaryny özleşdirmegi göz öňünde tutýan iri göwrümli gurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmak dowam etdiriler. Gurluşyk önümlerine bolan zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin olaryň dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän içerki önümçiligini çaltlandyrmak bellendi.
Şeýlelik bilen, hojalygy ýöretmegiň däp-dessurlaryna daýanmak bilen, Türkmenistanyň halky öz Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ata Watanyny mundan beýläk hem durmuş-ykdysady taýdan çalt depginlerde ösdürmek maksady bilen, ony düýpli özgertmegi işjeň çaltlandyrýar.
Kaydol:
Kayıtlar (Atom)