1 Temmuz 2015 Çarşamba

Prezidentimiziň Milli Medeniýetimize Bagyşlanan Täze Kitaplary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen medeniýeti” we “Ile döwlet geler bolsa” atly täze kitaplary çapdan çykdy.

Täze neşirler Medeniýet we sungat işgärleriň gününe ajaýyp sowgat boldy, milli Liderimiziň başlangyjy bilen bu şanly senä gabatlanyp ýurdumyzda her ýyl Medeniýet hepdeligi geçirilýär, oňa Türkmenistanyň we köpsanly daşary ýurtlaryň döredijilik işgärleri gatnaşýarlar.

“Türkmen medeniýeti” diýlip atlandyrylan kitapda milli Liderimiziň köpmüňýyllyk medeni mirasyň türkmen jemgyýetiniň ösüşindäki orny we häzirki zaman döwlet syýasatynyň medeniýet ulgamyndaky wezipeleri baradaky oýlanmalary öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz bu meselä çuňňur ylmy seljerme bermek bilen we bu ulgamda esasy wezipeleri kesgitläp, esasy jebisleşdiriji pikiri öňe sürýär: kitabyň awtory milli medeni mirasa täze nukdaýnazardan, has anygy, biziň ýurdumyzyň häzirki gününi we geljegini alamatlandyrýan nazar bilen garamaga çagyrýar. Şunda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçmiş mirasymyzda we däp-dessurlarymyzda heniz doly açylmadyk taraplary görmegi, öz wajyplygyny ýitirmeýän döwrüň hakykatyny şöhlelendirmegi, olardan pähim-paýhas we ylham almagy wagyz edýär. 

Bularyň ählisi, ruhy we maddy medeniýete hem, nusgawy edebiýata, halk sazyna, amaly-haşam sungatyna, binagärlige we halk senetkärligine, folklora we etnografiýa hem degişlidir.

Döwlet Baştutanymyzyň eserinde milli medeniýetimiziň taryhy örän gadymy döwürlerden – irki ýaşaýyş mesgenleriniň, ekerançylygyň we siwilizasiýa ojaklarynyň emele gelmeginden başlap, üznüksiz özgeşir hökmünde seljeriş berilip Jeýtunyň, Altyn depäniň, Goňruň, Nusaýyň, Merwiň, Köneürgenjiň... medeniýetiniň özboluşlylygy görkezilýär. Bu örän baý mirasyň zanny kökleriniň häzirki döwür bilen aýrylmaz baglanyşygy biziň döwrümiziň binagärlik we heýkeltaraşlyk eserleriniň nusgasynda aýdyň beýanyny tapýar. 

Milli sungat halkyň döredijilik zehininiň binýadynda ösýär, binagärlik we heýkeltaraşlyk sungatynyň, senetçileriň, zergärleriň, küýzegärleriň, demirçi ussalaryň, dokmaçylaryň, gurluşykçylaryň, agaç ussalarynyň, halyçylaryň we köpsanly beýleki ussatlaryň hünär ýörelgeleriniň üznüksiz dowamatlylygy häzirki türkmen medeniýetini emele getirdi. Bu ugurlaryň her biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynda halk medeniýetiniň baý dürli öwüşgini hökmünde getirilýär. 

Döwlet Baştutanymyz diňe bir nusgawy edebiýatda we meşhur pelsepeçileriň döredijiliginde jemlenen türkmen medeniýetiniň ruhy gatlaklaryny seljermek bilen çäklenmän, eýsem, oňa halkyň gözýetimi, onuň ahlak-etiki kadalary nukdaýnazaryndan içgin öwrenýär. Suwa, çörege, myhmansöýerlik däplerine, ata-babalarymyza we milli gahrymanlarymyza sarpa goýmak ýaly ýörelgeler bu gymmatlyklar toplumynyň kadalaryna girýär. Halk baýramçylyklary, türkmen toýlaryny geçirmek bilen baglanyşykly köpsanly däp-dessurlar we ýörelgeler çuňňur many-mazmuna eýedir. Halk aýdym-sazlary, tanslary, oýunlary we degişmeleri, türkmen saçagynyň jomartlygy, atçynaslyk sungaty we bedewleri ösdürip ýetişdirmek - bularyň ählisi milli Liderimiziň täze kitapynda beýan edilen türkmen medeniýetiniň dürli öwüşginleridir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli medeniýetimiziň iň gowy däp-dessurlarynyň ösdürilmegine we dowam etdirilmegine aýratyn uly ähmiýet berýär, däp-dessurlarymyzyň durnuklylygy hem üýtgewsizligi netijesinde türkmen medeniýeti dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun eýeleýär. Döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertler gadymy milli medeniýetimiziň hil taýdan täze ösüşe eýe bolmagyna, döredijilik ýörelgeleriniň ösmegine, dünýäniň ähli halklary bilen medeni hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny açmaga, milletimiziň taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmäge ýardam berýär.

Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp döwlet Baştutanymyzyň ýene bir täze kitaby çap edildi. Ol “Ile döwlet geler bolsa” diýlip atlandyrylýar we türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň taryhyna bagyşlanýar. 

Kitap ýazylmazyndan ozal türkmen halkynyň saz-sungatynyň gadymy taryhy baradaky maglumatlar çuňňur öwrenildi. Mundan başga-da, kitapda milli äheňleriň we mukamlaryň döredilişiniň aýratynlyklary beýan edilýär. Kitabyň awtory bagşylaryň türkmen medeniýetindäki asyrlaryň dowamyndaky täsirlerini, halypaçylyk däpleriniň dowamlylygyny we dürli döredijilik mekdepleriniň kemala gelşini beýan edýär. 

Täze eseriň jemleýji bölümi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň saz-sungatyna bagyşlanýar. Kitapda goşmaça maglumatlar hökmünde meşhur türkmen bagşylarynyň we sazandalarynyň arhiw fotosuratlary çap edilýär, belli halk sazandalarynyň durmuşy we döredijiligi baradaky maglumatlar, şeýle hem dürli görnüşli milli saz gurallary dutar, gyjak, dilli tüýdük we beýlekiler barada maglumatlar berilýär. 

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen kitap bagşyçylyk sungatyna türkmen medeniýetiniň bitewi gatlagy hökmünde, ýokary ussatlygyň nusgasy hökmünde täzeçe garamaga mümkinçilik berer, bu sungat köpasyrlyk çeperçilik däp-dessurlarynyň binýadynda kemala geldi we her bir täze nesil tarapyndan kämilleşdirildi. Bagşyçylyk sungatynyň täsin gudraty şu gün hem öz möhümligini ýitirmeýär, bu sungat türkmen halkynyň zehininiň miwesi bolan ýene bir gudratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphanaçylyk usulynda neşir edilen täze kitaplary ajaýyp gönüşde bezelipdir, bu bolsa ylmy-wagyz äheňli kitaba aýdyň öwüşgin çaýýar. Bu neşirler giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir, emma olar medeniýeti öwrenijiler, şeýle hem ýurdumyzyň medeni we dynç alyş merkezleriniň, jemgyýetçilik birleşmeleriň iri baýramçylyk çärelerini, döredijilik festiwallaryny guramaga gatnaşýan edaralaryň işgärleri üçin aýratyn gymmatlydyr.

Milli Liderimiziň täze kitaplary milli medeniýetimizi taryhy hakyndaky maglumatlary bir ýere jemläp hem saýpallap çap etmek däl-de, eýsem, jemgyýet ösüşiniň – onuň ynsanperwerlik binýadynyň özenini düzýän durmuşa söýgüden doly  inçe duýgular bilen beýan etmekdir. Bu neşirler gürrüňsiz suratda jemgyýetiň gymmatly baýlygyna öwrülip, türkmen medeniýetiniň köp öwüşginli we köp görnüşli taraplaryny mundan beýläk-de gülläp ösdürmäge, biziň topragymyzda döreýän zehinleri ýüze çykarmaga kuwwatly itergi berer. 


ürkmenistan Hytaý Beýik Ýüpek Ýoly

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň Hytaý halklarynyň merkezi uniwersitetiniň dunganöwreniş ylmy instituty we Pekiniň milli bilim ösüş assosiasiýasy bilen bilelikde guramagynda “Türkmenistan-Hytaý: Beýik Ýüpek ýoly – dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly” atly ylmy maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Bitarpylygynň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň biri bolan bu wekilçilikli foruma, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler minstrliginiň işgärleri, döwlet ylmy-barlag institutlarynyň we işewürlik düzümleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň jogapkär işgärleri, belli hytaý alymlary, Hytaýyň daşary ýurtlar bilen dostluk jemgyýetiniň wekilleri, Hytaýyň okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyşynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň yzygiderli geçirýän oňyn Bitaraplyk we açyk gapylar syýasaty häzirki zamanda halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilip, giň goldawa eýe boldy. Bu strategiýa howpsuzlygy we parahatçylygy pugtalandyrmaga, sebitde we dünýäde durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin şertleri döretmäge, dünýäniň ähli döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Mundan 20 ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýasy türkmen döwletiniň ösüşiniň täze tapgyrynyň başyny başlady, munuň özi bolsa sebitiň döwletleriniň we onuň çäginden daşardaky döwletleriň üns bilen öwrenmegine mynasyp oňyn tejribäniň toplanandygyny aňladýar.  

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ozalky ilçisi jenap In Sunliniň, Hytaýyň Gyrgyz Respublikasyndaky we Özbegistan Respublikasyndaky ozalky ilçisi jenap Çžan Çžiminiň çykyşlarynda belleýişleri ýaly, biziň ýurdumyzyň geografiki we geosyýasy taýdan amatly ýerleşişi, onuň pahahatçylyk söýüji Bitarap döwlet hökmünde orny, ony Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan Merkezi Aziýa sebitiniň bu giňişlikde kadalaşdyrmak we ylalaşdyrmak babatynda öňe çykýan aýratyn döwlet hökmünde tapawutlandyrýar. Geçen 20 ýyl Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ýurduň içerki durmuşynda, şeýle hem Türkmenistanyň öz dörediji we parahatçylyk işlerini doly amala aşyrmagy netijesinde halkara derejesinde iňňän netijeliligini äşgär etdi. 

Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji syýasatynda, ilatyň ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagynda, ýurduň çalt depginlerde ösmeginde, demokratik we ynsanperwer gymmatlyklarynyň esasynda dünýä jemgyýetçiliginiň durmuşyna ikitaraplaýyn amatly hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde işjeň gatnaşmagynda aýdyň ýüze çykýar. Bu gün oňyn Bitaraplygyň ýörelgeleri diňe bir Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemän, eýsem hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli öňe sürülýän netijeli başlangyçlarda aýdyň ýüze çykýan, syýasy durnuklylygy saklamaga gönükdirilen işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga, oňyn halkara gepleşiklerini geçirmäge we dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär. 

Türkmenistanyň Baştutanyny we ähli türkmen halkyny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejsine mynasyp bolmagynyň 20 ýyllygy bilen gutlap, ylmy maslahata gatnaşyjylar şu ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” hakyndaky Rezolýusiýasynyň aýratyn ähmiýetini bellediler. Munuň özi 1995-nji ýylda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň adybir Rezolýusiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Maslahatyň barşynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhy barada, türkmen-hytaý halklarynyň hormat-sarpa esaslanýan gadymdan gelýän gatnaşyklary hakynda, şeýle hem häzirki döwürde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada tanyşdyrylyş çäresi geçiirldi. Hytaý halklarynyň merkezi uniwersitetiniň belli professory jenap Hu Çženhuanyň Köneürgenjiň taryhy barasyndaky çykyşy, şeýle hem Hytaý halklarynyň merkezi uniwersitetiniň professory hanym Minawer Habibullanyň medeni- ynsanperwer gatnayşklary barasyndaky çykyşlary ýygnananlarda has-da gyzyklanma döretdi. 

Bellenilişi ýaly, taryhy müňýyllyklaryň jümmüşinde kök uran Beýik Ýüpek ýoly döwründe köpasyrlyk dostlugyň, ikitaraplaýyn amatly, deň hukukly hyzmatdaşlygyň berk binýadynda gurlan döwletara gatnaşyklary ýyl-ýyldan täze mazmuna eýe bolýar. Bu oňyn işlerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpiniň arasyndaky birek-birege ynanyşmak gatnaşyklary uly ähmiýete eýedir. Soňky döwürde yzygiderli häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn ýokary we döwlet derejesindäki saparlaryň barşynda, taraplar ösen düzümli we kuwwatly serişde binýady bolan iki ýurduň mümkinçilikleriniň doly derejede peýdalanylmagynyň möhümdigini tassyklaýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň nobatdaky wajyp tapgyry hökmünde, Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet saparynyň üstünlikli geçendigi aýratyn nygtaldy. Ýokary derejede geçen gepleşikler esasy strategiki ugurlary, şeýle hem uzak möhletleýin ösüşe gönükdirilen takyk wezipeleri kesgitledi. Döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynda  gazanylan ylalaşyklar, häzirki wagtda  türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň yzygiderli ösmegine ýardam edýär. Iki ýurduň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary depginde ösmegine, syýasy, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna bar bolan şertnamalaýyn hukuk binýady hem ýardam edýär.  

Maslahata gatnaşyjylaryň biragyzdan aýtmaklaryna görä, döwletara gatnaşyklaryň ösmegine Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmasy, şeýle hem bilelikde gazanylan oňyn tejribeler oňat mümkinçilikleri döredýär.  Netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde, milli we halkara ähmiýetli durmuşa geçirilen onlarça uly taslamalar, şol sanda ХХI asyryň giň göwrümli taslamasy, möhüm halkara energetika köpürisi - Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisini görkezmek bolar. 

Ikitaraplaýyn amatly hyzmatdaşlygy birek-biregi hormatlamak we jogapkärli çemeleşmek arkaly amala aşyryp, biziň döwletlerimiz diňe ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem-de bolsa köptaraplaýyn görnüşde – uly halkara guramalarynyň we gurluşlarynyň, birinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň  çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň uly ähmiýetini belläp, Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji syýasatyna ýokary baha berdiler. 

Maslahata gatnaşyjylaryň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky tanyşdyryş çärelerinde bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda stratekigi derejä ýetirilendigi bellenildi. Häzirki wagtda Hytaý Türkmenistanyň iň iri daşary söwda hyzmatdaşy bolup durýar. Mundan başga-da biziň ýurdumyzyň çäklerinde hytaý maýasynyň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirlýär. HHR-iň iri kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz, telekommunikasiýa, ulag ulgamlarynda onlarça taslamalara gatnaşýarlar.

Oba hojalyk toplumynda, dokma, himiýa we azyk senagaty pudaklarynda, şeýle hem gurluşykda hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky energetika ulgamdaky hyzmatdaşlyk diňe bir ikitaraplaýyn ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady goşulyşmak işlerine oňyn täsirini ýetirýär we sebitleýin howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Geçen ýyl Türkmenistanyň we Hytaýyň şäherleriniň, welaýatlarynyň we sebitleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

“Bir ýol, bir zolak” ady bilen Ykdysady Ýüpek Ýolunyň döredilmeginiň taslamasynyň çäklerinde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy  maslahatda garalan meselleriň biri boldy, onuň esasy wezipeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryna laýyk gelýär. Bu taslama Ýuwaş ummanynyň sebitinde ýerleşýän Aziýa ýurtlarynyň ählisini gurşap alýar we bir zolaga girýän döwletleriň söwda pudagyny ösdürmäge we olara maliýe kömegini bermäge, şeýle hem energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, düzümleri kemala getirmekde, maýa goýum işini giňeltmekde we medeni-innowasiýa alyşmalary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, gadymy Ýüpek Ýoluny täze görnüşde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk görnüşinde gaýtadan dikeltmek boýunça biziň ýurtlarymyzyň geçirýän netijeli işiniň ähmiýeti,  häzirki zaman halkara awtoulag, demir ýol we gaz geçirijileriň ulgamyny ösdürmek işleriniň ähmiýeti bellenildi. 

Ynsanperwerlik ulgamy ikitarpalaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, türkmen we hytaý halklarynyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistanda, şeýle hem Hytaýda geçirilýän maslahatlara we okuw maslahatlaryna gatnaşmak arkaly döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekillerini alyşmagyň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Iki ýurduň alymlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklar ýola goýulýar. Çykyş edenler bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, häzirki wagtda HHR-iň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň köp ugurlar boýunça bilim alýandyklaryny bellediler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu forumda geçirilen neitjeli özara pikir alyşmalar türkmen Bitaraplygynyň häzirki döwürdäki barha artýan ähmiýetine göz ýetirilmegine, hususan-da, daşary syýasy başlangyçlary netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň oňyn tejribesiniň öwrenilmegine ýardam berer diýip ynam bildirdiler. Şonuň bilen birlikde, şu günki duşuşygyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň, biziň halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm sepgit boljakdygy bellenildi.

Pekin şäheriniň Dungan mekdebiniň mejlisler zalynda geçen “Türkmenistan- Hytaý: Beýik Ýüpek ýoly –dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly” atly ylmy maslahatyň çäklerinde kitap sergisi guraldy, onda hormatly Prezidentimiziň ylmy işleri, şeýle hem Türkmenistan, onuň gadymy taryhy we medeniýeti, biziň ýurdumyzyň häzirki ýeten sepgitleri baradaky köpsanly neşirler görkezildi. 


Medeniýet Hepdeligi 2015

Lebap welaýatyna dolandyryş merkezinde Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde möhüm çäreler geçirildi. Olar diňe Hepdeligiň däl-de, eýsem, tutuş ýurdumyzyň medeni durmuşynyň ähmiýetli wakasyna öwrüldi.

Şu gün bu ýerde  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmen medeniýeti" we  "Ile döwlet geler bolsa" atly täze kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. 

Ýurdumyzyň medeniýetiniň  dürli ugurlarynyň aýratynlyklary hakynda gürrüň berýän bu täze eserler tutuş türkmen halky üçin joşgunly edebi sowgada öwrüldi. Ol biziň her birimizi mukaddes ruhy-ahlak gymmatlyklara hem-de taryhy-medeni mirasy giňden wagyz etmäge ýardam edýän milli däp-dessurlarymyza  aralaşdyrýar.

Hepdeligiň çärelerine gatnaşýan döredijilik işgärleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpsanly wekillerini, medeniýet işgärlerini, daşary ýurtly myhmanlary ýygnan tanyşdyryş dabaralary welaýat kitaphanasynda, taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde  we S.Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze edebi eserleri bilen ilkinji tanyşlygyň  kitaphana, muzeý we teatr ýaly medeni ojaklarda geçirilmeginiň özboluşly manysy bar. Olarda geçirilen dabaralar adam kalbynyň belent we asylly duýgularyna beslendi. 

Türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine, ajaýyp özboluşly däplerine çuňňur söýgüsi üçin döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallyk bildirmek bilen dabaralara gatnaşyjylar kalplarynyň aýratyn  buýsanç duýgusyna beslenendigini bellediler. Sebäbi, olara milli Liderimiziň gymmatly bilimleri öz içine alýan we ynsan kalbyny tämizleýän täze kitaplarynyň ilkinji okyjylary bolmak bagty miýesser etdi. Bu hakykatdan-da şeýledir, çünki bu eserleriň awtorynyň ýazyşy ýaly, "Adamlaryň ruhy kämilligi halkyň taryhyny, onuň medeniýetini we sungatyny bilmeginden başlanýar".

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns we goldaw bermegi  netijesinde bu gün milli medeniýetimiz täzeden galkynmak we ösmek üçin kuwwatly itergä eýe boldy. Bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasaty jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn ruhy-medeni taýdan ösmegine, ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garalmagyna, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň yzygiderliligine, milli däp-dessurlarymyzyň, ene dilimiziň özboluşlylygynyň saklanmagyna gönükdirilendir. 

Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipe—milletiň baý taryhy medeni-mirasyny giňden wagyz etmek, diňe mirasdüşerler bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkyň döredijilik däplerini dowam etdirip we türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny saklap, döwrüň ruhyna laýyk gelýän täze eserleri döretmek wezipesi durýar. 

Döwlet Baştutanymyz döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, şeýle hem olaryň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine aýratyn  üns berýär. Olaryň alyp barýan işi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuna, ykdysady we gumanitar  kuwwatyna, belent ruhy däplerine we jemgyýetiň demokratik gymmatlyklaryna eýe bolan Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmaga gabat gelmelidir. 

Dabaralara gatnaşyjylar  ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, metbugat wekilleriniň netijeli işlemegi, bu ugurlar üçin hünärmenleri taýýarlamak, ýaş zehinleri höweslendirmek we goldamak üçin gowy şertleri döretmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly ornuny bellediler.

Ýurdumyzda gurlan ajaýyp Ruhyýet köşkleri, muzeýleriň we kitaphanalaryň, teatlaryň, sungat mekdepleriniň we medeniýet öýleriniň täze binalary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmen operasy, teatr we sirk sungaty, kinosy hem täze ösüşine eýe boldular. Köpçülikleýin habar serişdeleriniň işi, şol sanda täze döwürleýin neşirleriň açylmagy netijesinde görnetin işjeňleşdi, paýtagtymyzda Döwlet neşirýat gullugynyň täze Metbugat öýi ulanmaga berildi. 

Bu ulgamyň maddy--enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek bilen bir hatarda döwlet Baştutanymyz kitaphanalaryň we muzeýleriň maglumat ulgamyny üpjün etmegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Milletiň medeni baýlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş adamzat üçin uly gymmatlyga eýe bolan türkmen halkynyň baý medeni mirasyny aýawly saklamak, hemmetaraplaýyn öwrenmek we ösdürmek işinde  giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge  möhüm ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen ýurdumyzda dürli festiwallar, sergiler we bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Olara bolsa diňe biziň ýurdumyzyň däl-de, eýsem, daşary döwletleriň medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we ýaş zehinleri gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri öz nobatynda Türkmenistana daşary ýurtlarda hem mynasyp wekilçilik edip, halklaryň ýakynlaşmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam edýärler.

Ylmy we bilimi, medeniýeti we sungaty, gumanitar ulgamda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek hakynda edýän atalyk aladasy üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edildi. Bu ulgamyň milli çäkleri bolmaýar, çünki ruhyýetlilik—umumy ösüş düşünjesidir. Şunuň bilen baglylykda, dabara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly işine, hakyky alymyň tutanýerliligine buýsanç duýgularyny beýan etdiler. Gahryman  Arkadagymyzyň ylma we adamlara gulluk etmek wepalylygy diňe watandaşlarymyz üçin däl-de,  adamzadyň asylly maksatlaryny gazanmakda dünýä bileleşiginiň wekilleri üçin hem belent ýörelge bolup durýar.

Dabaralarda bellenilişi ýaly, halkyň mizemez agzybirligi, öz milli Lideriniň daşynda berk jebisligi häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň esasy häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Bu duýgular Garaşsyzlyk we Bitaraplyk, ruhy däp-dessurlar, medeni miras ýaly umumy düşünjä esaslanýar. Biziň döwrümizde—elektronika we internet döwründe hem öz ähmiýetini ýitirmeýän, parahatçylygyň, gözelligiň, ýagşylygyň we hakyky gymmatlygyň maksatlaryny berkarar etmegi dowam edýän Kitaba bolan garaýyş şol mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaplary döwürleriň we nesilleriň, türkmen medeniýetiniň taryhynyň we häzirki döwrüniň ülnüksiz arabaglanyşygy bilen  tapawutlanýar. Bu neşirler diňe hünärmenlere däl-de, eýsem, sungat we döredijilik dünýäsi bilen gyzyklanýan adamlara, kitaplaryň üsti bilen Türkmenistany oňat duýmaga we oňa düşünmäge, zehinli halkyň ýaşaýan bereketli ülkesini söýmäge ukyply dünýä gönükdirilendir.

Bu pikir dabarada edilen beýleki çykyşlarda hem beýan edildi. Çykyş edenler öz hünär işleriniň nukdaýnazaryndan halk döredijiliginiň ylmy, ulgamlaýyn seljermesine, köpasyrlyk däplere, häzirki zaman gazananlarynyň we açyşlaryň yzygiderliligine esaslanan, döwrüň zerur bolan bu neşirleriniň köp ugurly ähmiýetini açmaga synanyşdy.

Milli Liderimiziň öňde goýan wezipeleriniň  möhümdigi barada aýtmak bilen, bu ýere ýygnananlar  döwlet Baştutanymyzyň medeniýet işgärlerine öz ylham joşgunyny  we döredijilik ussatlygyny häzirki zamanyň wakalalaryny döredijilik taýdan beýan etmäge bagyşlamak baradaky çagyryşyna döwrüň ruhyna we talabyna laýyk gelýän, täze taryhy döwrüň maksatlaryny beýan edýän, ýaşlary watançylyk, ruhy-ahlak we estetiki taýdan terbiýelemäge ýardam edýän, halkyň öz Watanyna bolan buýsanjyny artdyrýan täze neşirleri döretmek bilen jogap berjekdiklerini aýtdylar. Şunda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ideologiýasyny kemala getirmekde uly orun eýeleýän edebi, teatr we kino işgärleriniň, suratkeşleriň, žurnalistleriň işine täze çemeleşmeleriň we özboluşly çözgütleriň, döredijilik gözleginiň möhümdigi bellenildi. 

Daşary ýurtly medeniýet işgärleri hem türkmen kärdeşlerini goldap, Lebapda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegine gabatlanan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy halklaryň ruhy taýdan ýakynlaşmagynyň nobatdaky nyşany boldy diýip bellediler.

Dabaralara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda milli Liderimize taýsyz tagallalary üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler hem-de  Türkmenistanyň Prezidentiniň milli medeniýeti täze derejä çykarmak we täze döwri döredijilik üstünliklerine beslemek baradaky tabşyryklaryny we maslahatlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli bilimlerini we ukyp--başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Şol üstünlikler bolsa türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, ägirt uly döredijilik kuwwatynyň çeper beýanyna öwrüler. 

Soňra S.Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda türki halklaryň medeniýet we sungat  ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Milli Liderimiziň ady agzalan kitaplarynyň sahypalarynda ýerleşdirilen, göýä dürli öwüşginli notalar boýunça  bu edebi eserleriň esasy pikiri—dürli döredijilik mekdepleriniň kemala gelmegi, milli medeniýetimiziň iň gowy däpleriniň ösmegi we yzygiderliligi hakynda gürrüň berýän saz eserleriniň owazy bolup ýaňlanýar. Şolaryň durnuklylygy netijesinde milli medeniýetimiz dünýä siwilisaziýasynyň taryhynda mynasyp orny eýeledi...

Türkmen artistleriniň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň: Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň,  şeýle hem  Russiýanyň sebitleriniň--Başgyrdystanyň we Tatarystanyň aýdymçylarynyň her bir çykyşy tomaşaçylarda joşgun döredip we doganlyk halklaryň dostlugyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň simfoniki orkestriniň owazlary bilen utgaşdy. 

Sazyň jadylaýjy owazy, milli sazlaryň aýratynlyklary Azerbaýjanyň  M.F.Ahundow adyndaky opera we balet akademiki teatrynyň,  Abdylas Maldybaýew adyndaky Gyrgyz milli opera we balet  akademiki teatrynyň,  Stambulyň opera we balet döwlet teatrynyň, Gazagystanyň Jambyl adyndaky Döwlet filarmoniýasynyň ýanyndaky  "Sazgen sazy" döredijilik—etnografik toparynyň,  Tatarystan Respublikasynyň Gabdulla Tukaý  adyndaky Döwlet filarmoniýasynyň  aýdymçylarynyň ýerine ýetiriji ussatlygyna  sarpa goýýanlaryň kalbyny bendi etdi. 

Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň halk saz gurallary döwlet toparynyň dirižýory Ramil Gaýzullin we Özbegistandan "Abbos" toparynyň çeper ýolbaşçysy Rowşanjon Ýusupow diňleýjilerde uly täsir döretdiler. Olar kuraý we doýro ýaly milli saz gurallarynda ussatlyk bilen saz çalyp, belent saz sungatynyň nusgasyny görkezdiler. 

Türkmen we daşary ýurt sungat ussatlarynyň çykyşlary, olaryň belent watançylyk duýgusyna beslenen milli aýdymlarydyr sazlary,  gündogar äheňleri ajaýyp utgaşyp, sahnadan tomaçylar zalyna ornaşdy. Olar minnetdar tomaşaçylaryň kalbyny sazyň jadylaýjy owazyndan dolduryp, dowamly el çarpyşmalara mynasyp boldy.

Uly täsir galdyran bu konsert  tamamlanandan soň hem Türkmenabatda sazyň owazy ýaňlanmagyny dowam edýär. Bu ýerde Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde türkmen we daşary ýurt artistleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň we konsert çykyşlarynyň giň gerimli döredijilik baýramçylygy giň gerime eýe bolýar. 


Türki Halklaryň Sungat Ussatlarynyň Konserti

2015-nji ýylda türki dünýäsiniň paýtagty diýlip yglan edilen Mary şäheriniň Ruhyýet köşgünde şu gün ýurdumyzyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde türki halklaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Daşary ýurtlardan bu aýdym-saz baýramçylygyna Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan we Russiýa Federasiýasynyň iki sebitinden- Başkortostandan we Tatarystandan aýdymçylar, sazandalar hem-de kompozitorlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň simfoniki orkestriniň saz çalmagynda Marynyň baş sahnasynda Azerbaýjan Respublikasynyň M.Ahundow adyndaky Akademiki opera we balet teatrynyň  solisti Afag Abasowanyň hem-de  Gyrgyz Respublikasynyň  Abdylas Maldybaýew adyndaky Milli akademiki opera we balet teatrynyň meşhur artisti Karimberdi Turapowyň çykyşlary boldy. Konserte şeýle hem Stambulyň döwlet opera we balet teatrynyň artisti Burçin Sawigne, Gazagystanyň “Sazgen sazy” folklor-etnografiki toparynyň artisti Alina Mataýewa hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Gabdulla Tukaý adyndaky döwlet filarmoniýasynyň aýdymçysy Rigina Waliýewa gatnaşdylar.

Başkortostan Respublikasynyň halk artisti, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan artisti Ramil  Gaýzulliniň hem-de Özbegistanyň “Abbos” toparynyň çeper ýolbaşçysy Rowşanjon Ýusupowyň “kuraý” we “doýre” milli saz gurallarynda ussatlyk bilen ýerine ýetiren sazlary tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. 

Köpsanly daşary ýurtly döredijilik toparlarynyň we wekiliýetleriniň, şol sanda türki halklaryň halkara medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň kanagatlanma bilen belleýşi ýaly, dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm ugry bolup durýan medeni gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, türki halklaryň hem baý medeni mirasyny bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam edýän daşary syýasat ugrunyň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Halkymyzyň baý medeni mirasy bolsa umumadamzat medeni genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. 

Şu baýramçylyk gününde ähli ýerde gündogar  mukamlary we hoş owazly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy—sahna meýdançalarynda hem-de adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan we seýil edýän ýerlerinde Mary welaýatynyň merkeziniň meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsertler guraldy. 


Türkmen Karateçileriniň Üstünlikleri

Ýurdumyzyň türgenleri adaty karate boýunça geçirilýän halkara ýaryşlarynda üstünlik gazandylar. Biziň watandaşlarymyz Çehiýanyň paýtagtynda geçirilen Praganyň Açyk Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde şowly çykyş edip, 27 medallara eýe boldular. Olaryň 11-si altyn, 8-si kümüş we şonça hem bürünç medallardyr.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň şeýle ýokary görkezijisi umumy toparlaýyn bäseşikde ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Biziň türgenlerimiz diňe ýerli karateçilerden asgyn geldiler.

Mundan başga-da, ýaryşlary guraýjylar kumite boýunça toparlaýyn ýaryşlaryň kubogyny esaslandyrdylar. Bu bäsleşiklerde türkmen türgenleri öz ussatlyklaryny görkezip, bäsdeşlerine ýekeje ýeňiş gazanmaga-da mümikinçilik bermediler. Hormat münberine Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Diýar Hojaýew, Rüstem Annaýew, şeýle hem tälimçi we bäsleşige gatnaşýan türgen Döwlet Berdiýew çykdylar.

Türkmenistanly türgenler toplumlaýyn oýunlaryň ýekelikdäki we toparlaýyn görnüşlerinde,  görkezme çykyşlarynda we başa-baş  duşuşyklarynda tapawutlanmagy başardylar. Bu ýaryşlarda türkmen türgenleri Durdymyzat Meredow, Arslan Ataýew, Selim Myratdurdyýew, Baýry Baýryýew, Faruh Ýoldaşow, Oraz Durdyýew, Röwşen Hudaýberenow we  Orazmuhammet Durdyýew medallaryň sanyny artdyrdylar. Olar Aşgabadyň we Balkan, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň sport mekdepleriniň wekilleridir. 

Türkmenistanyň adaty karate baradaky Milli merkeziniň başlygy, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Hangeldi Hojaýewiň pikirine görä, türgenlerimiziň şeýle üstünligi tötänden däldir. Türkmenistanly türgenler indi köp ýyllaryň dowamynda halkara sport giňişliginde ökdeleriň hatarynda öz orunlaryny pugtalandyrýarlar. 

Ýakynda Polşanyň Stara Wiýes şäherinde geçirilen sekizinji dünýä  Kubogynyň ýaryşlaryny agzamak ýerlikli bolar. Dünýäniň iň gowylary hökmünde ykrar edilen erkek karateçileriň 8-sinden, şeýle hem karateçi zenanlaryň 8-sinden ybarat jemi 16 türgeni çagyrylan bu ýaryşlara biziň ýudumyzdan Diýar Hojaýewiň we Zöhre Jumabaýewanyň gatnaşmagy we olaryň dünýäniň güýçli karateçileriniň bäşligine düşmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi biziň türgenlerimziň Hindistanyň adaty karate Akademiýasynyň ýanyndaky Bütindünýä karate federasiýasynyň esaslandyran ýokary derejedäki karate ligasyna çagyrylandygyny belledi. Bu ýerde dünýäniňiň iň ökde türgenleri ussatlyk sapaklaryny alýarlar. Şolaryň hatarynda  türkmen türgenleri D.Hojaýewiň  we R.Hudaýberenowyň bolmagy bizi has-da guwandyrýar. Olar söweş sungaty boýunça ähli ugurlary öz içine alýan ýörite taýýarlaýyş okuwlaryny geçerler, ýogany – özüňe göz ýetirmegiň gadymy hindi ulgamynyň tärlerini, lukmançylyk bilimlerini we beýlekileri öwrenerler.

Şu ýylyň 18-23-nji awgusty aralygynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda adaty karate boýunça Balkan welaýatynyň açyk çempionaty geçiriler. Oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerine we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän toparlardan ýüzlerçe türgenler gatnaşar. Bu ýerde bäsleşiklerden başga-da, Adaty karate boýunça Milli merkeziniň tälimçileriniň sport derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirer.

  

Türkmenistanyň Howa Maglumaty 01.07.2015

Türkmenistanyň Howa Maglumaty
01.07.2015
Aşgabat
+40… +42°
Türkmenbaşy
+40… +42°
Balkanabat
+40… +42°
Mary
+40… +42°
Türkmenabat
+39… +41°
Daşoguz
+40… +42°

http://www.turkmenhabargullugy.com/

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriň netijelerine garaldy, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň netijelliligini ýokarlandyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän gaýragoýulmasyz çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol şu ýylyň alty aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işler we ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamagyň hasabyna milli goşunymyzyň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn Harby doktrinanyň çäklerinde görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Milli howpsuzlyk ministriň ýolbaşçysy şeýle hem ýolbaşçylyk edýän ministrligi tarapyndan döwletimiziň bähbitlerini goramak we jemgyýetimizde asudalygy saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Munuň özi durmuş-ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň hem-de türkmen döwletiniň döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmegini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bitarap Türkmenistan özygtyýarly döwlet bolmak bilen, parahatçylyk söýüji türkmen halkynyň asuda we abadan durmuşynyň girewi bolan milli howpsuzlyk barada yzygiderli alada etmelidir diýip nygtady. 

Soňra Döwlet serhet gullygynyň başlygy M.Yslamow  ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy hem-de hasabat döwründe gullugyň öňünde eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini pugtalandyrmak boýunça goýlan wezipeleriň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.  Şeýle hem ol gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, serhetçileriň gulluk we ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän makstatnamalaýyn çäreler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz serhet goşunlarynyň gullukçylarynyň üstüne ýüklenen aýratyn jogapkärçilik barada aýdyp, olaryň  Döwlet serhetlerini  ygtybarly goramak, onuň dostluk serhedine öwrülmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermelidiklerini  nygtady. Köp asyrlaryň dowamynda Türkmenistany goňşy döwletler bilen däp bolan dostluk gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Milli Liderimiz ýokarda aýdylyp geçilen ugurlarda işleri dowam etmegi tabşyryp, döwletimiziň mundan beýläk hem serhet galalarynyň döwrebap binalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berjekdigini belledi. Häzirki wagtda serhet galalarynda Watan goragçylarynyň gulluk etmegi hem-de ýaşaýyş-durmuş üçin ähli amatly şertler döredilýär. 

Türkmenistanyň  goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň   şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berip, milli Lidermiziň başyny başlan harby özgertmelerini durmuşa geçirmek babatda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Şol özgertmler bolsa, ilkinji nobatda, milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamaga gönükdirilendir. 

Şeýle hem ol goşun düzümleriniň arasynda harby-taktiki okuw boýunça türgenleşik işleriniň geçirilendigini habar berildi. Munuň özi goşunlaryň şahsy düzümleriniň harby taýýarlyk derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk etmegi hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ministrligiň garamagynda täze desgalaryň, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. 

Belent Serkerdebaşymyz hasabaty diňläp, kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň ýurdumyzyň  parahat we asuda durmuşyny goramagyň kepili bolup durýandygyny,  bitarap Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi, onuň halkara giňişliginde möhüm orun eýelemegi üçin ähli şertleri döredýändigini nygtady. Bu harby doktrina  harby ulgamda amala aşyrylýan döwlet syýasaty nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy. 

Hormatly Prezidentimiz  harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň barşyna, umuman, kanagatlanma bildirip, serkerdeler düzümine gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaş harby gullukçylaryň we esgerleriň watançylyk terbiýesi boýunça işleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady. 

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ministr ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň işi barada hasabat berdi. Häzirki wagtda olar ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, kanun bozmalaryň, şol sanda ýol-ulag hadysalarynyň  öňüni almak boýunça sazlaşykly işleri alyp barýar. Şeýle hem ministr ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny, ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler barada aýtdy.

Milli Liderimiz Içeri işler ministrliginiň tertip-düzgüni we jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmek işine saldamly goşant goşýandygyny belläp, içeri işler edaralarynyň şahsy düzüminiň hatarlarynda düzgün-nyzamy berk berjaý etmegi tabşyrdy. Bu düzümiň işgärleriniň üstüne jogapkärli wezipeler ýüklenildi. Tomus paslynyň yssy günlerinde ýangynlaryň döremek howpunyň ep-esli artýandygy bilen baglylykda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri güýçlendirmegiň möhümdigine aýtaryn üns çekildi. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýol-ulag hereketiniň sazlaşykly alyp barmak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewiň hasabaty diňlenildi. Ol döwlet Baştutanymyza şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda  aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçilik etmek we umuman, ýurdumyzda kanunçylygyň we tertip-düzgüniň berjaý edilişini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  prokuraturanyň işgärleriniň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini, olaryň her biriniň hallalygyň we adalatlylygyň nusgasy bolmalydygyny aýdyp, mundan beýläk-de işgärleri seçip almak syýasatyna uly üns bermegi tabşyrdy. Tutuş düzümiň sazlaşykly işlemegi hem hut şu syýasatyň netijelliligine baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.  

Soňra Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýewe söz berildi. Ol hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek bu işiň möhüm ugry bolup durýar. 

Milli Liderimiz kazylaryň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini aýdyp, mundan beýläk hem öz işini gowy bilýän, ýokary hünärli işgärleri seçip almak meselesine  aýratyn üns bermegi talap etdi.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  bu babatda anyk tabşyryklary berip, kazyýet işgärleriniň kanunlaryň goragynda berk durmak bilen, öz işinde esasy ýörelgä – her bir işe seredilende, ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny berk berjaý etmek ýörelgesine eýermelidigini nygtady. 

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow  milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna  garşy göreşmäge we olary ýok etmäge, şeýle hem häzirki türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge we saglygy üçin zyýanly endikleri aradan aýyrmaga gönükdirilen maksatnamalarynyň çäklerinde ýarym ýylyň dowamynda geçirilen işler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz Sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegi ýurdumyzda ileri tutulýan meseleleriň biri bolup durýandygyny aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň arasynda düşündiriş işleriniň geçirilmegine, dürli duşuşyklaryň, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleriniň  gurulmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz gullugyň amala aşyrýan çäreleriniň möhümdigi barada aýdyp, gyzyklanma bildirilýän düzümleriň ählisi, ilkinji nobatda, hukuk goraýjy edaralar, bilim hem-de saglygy goraýyş edaralary, jemgyýetçilik we halkara guramalary bilen ysnyşykly  gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň netijesinde köpçüligiň tagallasy bilen bu nogsanlygyň garşysyna böwet goýulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Soňra Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy  D.Baýramow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.  Bu düzümiň işi bolsa  özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini  giňden wagyz etmäge  ýardam bermäge gönükdirilendir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  gullugyň üstüne ýüklenen wezipäniň wajypdygy barada aýdyp, diňe bir ägirt uly ykdysady üstünlikleri bilen däl, eýsem, täsin tebigy we taryhy-binagärlik ýadygärlikleri bilen giňden meşhur bolan Türkmenistan bilen ýakyndan tanyşmaga isleg bildirýän golaýdaky we alysdaky ýurtlaryň halklarynyň biziň ýurdumyza gyzyklanma bildirmegi köp babatda   migrasiýa gullugynyň  işgärleriniň takyk we sazlaşykly işlemegine baglydyr diýip nygtady. 

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.  Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimize 2015-nji ýylyň birinji ýarymynda gümrük gullugynyň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we gümrük edaralarynyň işgärleri üçin zerur bolan gulluk we durmuş şertlerini seretmek, şol ulgam üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dünýäniň beýleki döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklarynyň has işjeňleşmegi hem-de  giňelmegi netijesinde Türkmenistanyň serhediniň üstünden geçýän harytlaryň we ýükleriň möçberleriniň yzygiderli artýandygyny hem-de  daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň ep-esli köpelendigini kanagatlanma bilen belläp, gümrük gullugynyň ýolbaşçysyna ýükleriň   içgin gözden geçirilmegini üpjün etmek hem-de gadagan edilen kontrabanda önümleriniň  getirilmeginiň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow  2015-nji ýylyň birinji ýarymynda milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ony halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işlere oňyn baha berip, hukuk ulgamynda amala aşyrylýan, täze taryhy eýýamyň -- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli çözmäge gönükdirilen özgertmeleriň möhüm  ähmiýetini aýratyn nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary jemläp, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň sazlaşykly işi üçin Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna minnetdarlyk bildirdi hem-de  harby we hukuk goraýjy edaralaryň Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň esaslaryny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň döredijilik we durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmegini üpjün etmäge  goşýan goşandyna ýokary baha berdi. 

Milli Liderimiz  Garaşsyz  we Bitarap döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk etmegi we ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli amatly şertleri döretmäge mundan beýläk-de uly üns berjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, harby işgärleriň söweşjeň we hünär taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, garamagyndaky desgalaryň ählisiniň, şol sanda döwrebap edara-binalarynyň, harby şäherjikleriň, serhet galalarynyň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyna berk gözegçiligi amala aşyrmagyň wajypdygy bellenildi. 

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki käbir meselelere hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini tamamlap we şu ýylyň birinji ýarymynda geçirilen işlere kanagatlanma bildirip, ýygnananlara berk jan saglyk, abadançylyk hem-de eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.