30 Nisan 2015 Perşembe

Türkmenistanyň Howa Maglumaty 01.05.2015

Türkmenistanyň Howa Maglumaty 
01.05.2015
Aşgabat 
+28… +30°
Türkmenbaşy 
+25… +27°
Balkanabat
+30… +32°
Mary
+28… +30°
Türkmenabat
+26… +28°
Daşoguz
+25… +27°

http://www.turkmenhabargullugy.com/

Birinji Milli Awtomobil Ýaryşynyň Ýeňijileri Kesgitlendi

Paýtagtymyzda «Aşgabat — Derweze — Aşgabat» awtomobil ýaryşy tamamlandy, ony Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Milli awtosport merkezi guradylar.

Birinji milli awtomobil ýaryşynda  sürüji Muhammet Gurbanow we ýolbelet Serdar Aýdogdyýew ýeňiş gazandylar. Didar Orazmetow — Gurban Daňatarow hem-de Merdan Toýlyýew — Aýdyn Mämmedow baýrakly orunlary eýelediler. Olar ýolsuz ýerde ýaryşmak boýunça degişlilikde kümüş we bürünç medallaryna mynasyp boldular. Baýrak eýeleriniň hemmesi hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

— Ýoluň çylşyrymlylygy her tapgyrda artdy — diýip, ýaryşyň baş emini Şamyrat Gurbanow gürrüň berdi. — Ugur ýolsuz ýerlerden — gumuň we gum alaňlarynyň içinden geçip, onuň her bir kilometri ýaryşa gatnaşyjylar tarapyndan kynlyk bilen geçildi. Toparlaryň ikisi ýoldan çykdy — olaryň ikisinde hem ulag hereketlendirijileri näsazlyk tapdy. Merkezi Garagumuň içi bilen  ulagy ýokary tizlikde sürüp, ony dolandyrmak ýeňil däl. Ýöne türgenleriň hemmesi-de wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelmegi başardylar, olaryň ökdeleri bolsa sylaglara mynasyp boldular. Bu ýaryşyň jemleri boýunça Milli awtosport merkezinde halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga taýýarlyk görmek üçin toparlar döredilýär. Bu ilkinji nobatda «Dakar» tapgyrynyň nobatdaky ýaryşy bolup, onuň ugry 2016-njy ýylda Günorta Amerika  ýurtlarynyň üçüsiniň çäginden geçer.

Ýeri gelende aýtsak, biziň türgenlerimiz awtosport boýunça halkara ýaryşlaryna ozal hem gatnaşdylar. Şolaryň biri — 2009-njy ýylda Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň  çäklerinden geçen meşhur  «Ýüpek ýoly» ýaryşydyr.  Soňra türkmen türgenleri Peterburg — Soçi (2010-njy ýyl), Moskwa — Soçi (2011-nji ýyl), Moskwa — Gelenjik (2012-nji ýyl) ugurlary boýunça geçirilen ýaryşlara, Dünýä Kubogynyň Abu-Dabide geçirilen tapgyryna (2013-nji ýyl) gatnaşyp, olarda üstünlikli çykyş etdiler. Şu ýylyň ýanwarynda  milli awtosport merkeziniň başlygy Gulmyrat Agamyradow, ussa Gurban Daňatarow we toparyň agzalary — sürüji Şamyrat Gurbanow we ýolbelet Rafael Gaýnulin «Dakar — 2015» tapgyrynyň ýaryşyna gatnaşdylar.

Bu ýaryş Argentinanyň, Çiliniň we Boliwiýanyň çäklerinden geçip, 9 müň kilometrden gowrak ýoly öz içine aldy. Onuň ýarysy dürli ýerler boýunça ýokary tizlikli ýörite ugurlardan ybarat boldy. Ýaryşa gatnaşyjylar 14 günüň içinde  daglyk ýerlerden, çylşyrymly ýollardan, gum depelerinden we alaňlaryndan geçdiler. Munuň özi yzygiderli beden we ruhy agramlyk şertlerinde sürüjileriň we tehnikalaryň çydamlylygyny barlaýan, ýoluň, tizligiň takyk meýilleşdirilmegini talap edýän uly synag boldy.

Türkmenistanyň toparynyň halkara awtomobil ýaryşlarynda çykyş etmegi milli awtomobil sportuny ösdürmegiň maksatnamasyny yzygiderli amala aşyrýan ýurdumyz üçin kanunalaýyk ýagdaý bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sportuň bu görnüşiniň  hakyky muşdagy bolmagy bellärliklidir. Munuň şeýlidigine bolsa biz milli Liderimiziň ýaryş ulaglaryny dolandyrmakda ussatlyk görkezip, ýokary netijeleri gazananda göz ýetirmäge mümkinçilik aldyk.

Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen ýaryşlaryň barşynda döwlet Baştutanymyz «Bugatti Veyron» sport ulagynyň sürüji hökmünde ajaýyp çykyş etdi. Şonda milli Liderimiz ýaryşlarda ynamly ýeňiş gazanyp, gowy wagt görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, awtomobil ýaryşlarynyň örän gyzykly, emma çylşyrymly görnüşinde — driftde ýokary  ussatlyk görkezdi. 2013-nji ýylda bolsa döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň täze Awtomobil sport merkezinde geçirilen ilkinji ýaryşlara gatnaşdy. Şonda «Alfa Romeo» ýaryş awtoulagyny dolandyrmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tejribeli sürüjileriň arasynda nobatdaky gezek ýeňiji boldy.  

Täze eýýamda ýurdumyzyň welaýatlarynda awtomobil klublary döredildi, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýan awtomobil sporty boýunça milli ýaryşlar geçirilýär. Türkmen türgenleri bu gün döwrebap awtoulaglardan başlap dünýä belli önüm öndürijileriň awtoulaglarynda dürli halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar. Awtomobil sport merkezi üçin täze ulaglar yzygiderli satyn alynýar, bu bolsa sportuň bu gyzykly görnüşi bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ýaşlaryň sanynyň artmagyny üpjün edýär.


Sagdynlyk we Bagtyýarlyk

Sagdynlyk we Bagtyýarlyk






http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=1223

Goşunyň Kuwwaty Esgerleriň Watançylyk Ruhunda

“Kelete” okuw türgenleşik merkezinde “Watan gerçegi” atly harby okuw-türgenleşigi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerinde ot atyş taýýarlygyny geçen, söweşjeň taýýarlykda aýratyn tapawutlanan mergen harby gullukçylar gatnaşdylar. Olar bu gün söweşjeň taýýarlyklarynyň ýokarydygyny görkezmegi öz öňlerinde maksat edindiler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli goşunymyzyň harby kuwwaty we söweşjeň ukyby Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurdaky yzygiderli tagallalary netijesinde barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, gury ýerde, howa we deňiz giňişliginde sazlaşykly hereket etmäge ukyply ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri ussat harby hünärmenleri taýýarlaýan kämil mekdebe öwrüldi.

Harby okuw-türgenleşikleriniň geçirilmeginiň maksady harby gullukçylarymyzyň hünär derejesini hem-de  milli goşunymyzyň diňe parahatçylyk maksatlaryna hyzmat edýän goranyş kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.  

Harby okuw- türgenleşigini ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary başlady. Häzirki wagtda tehniki taýdan üpjünçiligine aýratyn üns berilýän ýurdumyzyň Harby-howa güýçleri Türkmenistanyň deňiz çäkleriniň we gury ýer serhediniň howa giňişligini ygtybarly goraýar. Tejribeli uçarmanlarymyz howada uçuş tilsimlerini görkezdiler, olar asmandan hüjüm edip, top oklary bilen ýerdäki nyşanalary takyk urup, ot açdylar. Ussat uçarmanlar söweş uçarlaryna kämil erk edip, öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirdiler. 

Soňra howadaky nyşanany ýok etmek boýunça howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň güýçleri görkezildi. Şunda 4500 metr beýiklikdäki we 12 kilometr uzaklykdaky howa nyşanasyny ýok etmek üçin Peçora-2BM asmana atyjy raketa toplumynyň şahsy düzümi ot açyp, wezipäni ýerine ýetirdi. 

“Watan gerçegi” atly harby okuw-türgenleşigini raketa we artilleriýa goşunlary dowam etdi. Söweşjeň tehnikalar uly meýdany eýeleýän nyşanalar boýunça zalp bilen ot açdylar. Tehnikalaryň mergen çeneýjileri ot açylanda bildirilýän talaplary berjaý edip, oklary dogry çenäp gönükdirdiler. 

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň netijesinde raketa we artilleriýa goşunlarymyz kuwwatly ýaraglar bilen üpjün edildi. “Smerç”, “Uragan”, “Grad” ulgamlary, söweş maşynlary, özi ýöreýän toplar, top-gaubisalar we mina agtaryjylar olaryň ygtyýaryndadyr.

Söweş hereketleri alnyp barlanda, top ýaraglary söweşe ilki başlap, garşydaşa uly zyýan ýetirmek bilen pyýada we tank goşunlarynyň şowly hüjüm etmeklerine amatly şertleri döredýär. Şonuň üçin hem top oklarynyň nyşanany dürs urup, olary hatardan çykarmagy örän möhümdir. Topçular   bu wezipä häzirki okuw türgenleşiginiň dowamynda abraý bilen hötde geldiler. 

Mälim bolşy ýaly, söweş hereketlerinde tanklar esasy urgy güýji bolup, gury ýerde agdyklygy gazanmakda olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şol nukdaýnazardan hem garşydaşyň tanklaryna garşy göreşmek üçin MT-12   wzwody ot atyş sepgidini eýeledi hem-de 1000-2500 metr aralykdaky nyşanlara garşy ot açdy. Esgerleriň erjel we ussat hereketleri netijelerinde top oklary nyşana dürs urulýar. Şondan soň, MTLB kysymly zynjyrly çekijiniň üstünde oturdylan pulemýotdan 400 metr aralyga ot açylýar.  

Soňra garşydaşyň pesden uçýan uçarlaryny we howa nyşanalaryny ýok etmek üçin niýetlenen Gury ýer goşunlarynyň asmana atyjy raketa toplumlary ot atyş sepgitlerini eýeläp, bellenen aralykdaky nyşanalara garşy ot açýar. Netijede howa nyşanasy raketanyň kömegi bilen ýok edildi. 

Gury ýer goşunlarynyň iň kuwwatly harby tehnikalarynyň biri hem tanklardyr. Dolandyryş nokadynyň sag we çep taraplaryndan T-72 kysymly kuwwatly tanklar ot atyş sepgidi eýelemek üçin okgunly hereket etdiler. Olar hereketde ot açyp, bellenen aralykdaky nyşanany hatardan çykarýarlar.  

Gury ýer goşunlarynyň BMP kysymly söweş tehnikalary herekete girýär. Bu tehnikalar pyýada goşunyň esasy söweş maşynydyr. Häzirki harby-okuw türgenleşigine gatnaşýan bu söweş tehnikalarynyň şahsy düzümi hem bellenen nyşanalara garşy ot açyp, özleriniň ýokary taýýarlygyny görkezýärler. 

Soňra goranyşyň öňdäki hatarynda ýerleşen granatamýot atyjylar herekete başlaýarlar. Ilki bilen, SPG-9 tanka garşy granatamýotlardan, soňra RPG-7W hem-de AGS-17 granatamýotlar bilen bellenen nyşanalar boýunça ot açylýar we olar ýok edilýär. 

“Watan gerçegi” atly şu günki harby okuw-türgenleşigine ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Inžener goşunlarynyň şahsy düzümi hem gatnaşdy. Olaryň wezipesi MTU-20 tanklar üçin köprüni hem-de PMZ-4 tirkegli mina goýujynyň kömegi bilen minaly meýdançany gurnamakdan ybarat boldy. Öňde goýlan wezipe üstünlikli ýerine ýetirilýär. 

Soňra iň kämil tanklaryň nusgasy hasaplanýan T-90 tanklary dolandyryş nokadynyň çep tarapyndan ýörite gurnalan meýdançada ýokary tizlikde hereket edip, onuň sürüjileri tehnikany dolandyrmakda ussatlygyny görkezýärler. Bu tanklar ýörite gurnalan dürli päsgelçiliklerden ýokary tizlik bilen geçip, islendik çylşyrymly şertlerde hereket etmäge ukyplydyklaryny görkezdiler.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň şahsy düzümi hem geçirilýän şu okuw türgenleşigine gatnaşdylar. Olar COBRA, SURVIWOR kysymly bronly söweş tehnikalarynda hem-de IVECO, HILUX kysymly awtoulaglarda söweş tertibine girişmek üçin hereket edýärler. Serhet goşunlarynyň harby tehnikalary bellenen sepgide ýetenlerinden soň, harby awtoulaglarda oturdylan ýaraglardan we beýleki söweş tehnikalaryndan ot açýarlar. 

“Watan gerçegi” atly harby okuw-türgenleşiginiň wezipesine laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we ýörite maksatly desant goşunlary, şeýle hem ýurdumyzyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň we Içeri işler ministrliginiň ýörite maksatly toparlary döwletimiziň jümmüşine oklanan diwersion toparlary zyýansyzlandyrmak we olary ýok etmek boýunça hünär ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler. 

Her ýylda geçirilýän harby-okuw türgenleşiklerinde hereketleriniň okgunlylygy bilen tapawutlanýan ýörite maksatly toparlar şu türgenleşik-söweş hereketleri wagtynda-da sazlaşykly hereket edip, diwersion toparlara aýgytly gaýtawul bermäge ukyplydygyny ýene-de bir gezek subut etdiler. 

Şeýlelikde, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri goşunlaryň ähli görnüşleriniň söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini we Watanymyzyň mukaddes serhetlerini, parahatçylygyny hem-de öz watandaşlarynyň rahatlygyny sak goraýan harby gullukçylaryň hünär başarjaňlygyny görkezip, öňde goýlan wezipäni abraý bilen ýerine ýetirdi. 

Asmanda uçara, deňizde gämä, gury ýerde guryýer goşunlarynyň dürli kysymly kuwwatly harby tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edýän Watanymyzyň edermen goragçylarynyň sazlaşykly hereketleriniň netijesinde, öňde goýlan wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň ukybynyň we goranyş kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanýandygyna aýdyň şaýatlyk etdi. 

Okuw türgenleşiginiň ahyrynda Watan goragçylary geljekde hem mukaddes harby borja we harby kasama, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa, Garaşsyz Watanymyza hem-de bütin türkmen halkyna hemişe wepaly bolup, mukaddes topragymyzyň ygtybarly goragyny üpjün etmekde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gazananlarynyň goragynda sak durup, ony   janaýaman gorajakdyklaryna kasam etdiler. 

     

Türkmenistan Suratlary 38

Türkmenistan Suratlary 38






http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=1216&pg_img=0&pg_items=6

ÝHHG-niň seminary aýallaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaklaryna ýardam bermeklige gönükdirilendir

2015-nji ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabatda ÝHHG-niň (Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk)  «Gender deňligi we aýallaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşygy» atly seminar geçirildi. Bu birgünlik çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary baradaky Milli instituty bilen hyzmatdaşlykda   ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi we ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça Edarasy çykyş edýärler.
Seminar syýasatyň işlenilip taýýarlanylmagyna jogapkär adamlar we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri üçin gender şertlerini girizilmegi we aýallaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikeriniň giňledilmegi ulgamynda olaryň bilermenlik mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy maksady bilen guraldy. 
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, hukuk goraýjy edaralarynyň, ylmy-barlag we bilim edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem Zenanlar Birleşiginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynda has işjeň gatnaşygyny wagyz etmekde aýallary we raýat jemgyýetiniň ähmiýetiniň öňe sürülmegi ulgamynda öňdebaryjy tejribäni ara alyp maslahatlaşdylar.   
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ynsan ölçegleri bölüminiň başlygy Wardon-Deňiz Hojanyň belläp geçişi ýaly, "Türkmenistan aýallaryň hukuklaryna we gender deňligine degişli bolan halkara-hukuk gurallarynyň birnäçesini ratifisirledi we ýerine ýetirmek boýunça borçnamalary öz üstüne aldy. Biziň seminarymyz gender deňligi meselesiniň milli kanunçylyga, strategiýalara we okuw maksatnamalaryna goşulmagynyň möhüm ähmiýetini belläp geçýär we biz bu çäräniň ýurduň netijeli strategiýalary işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmeklige gönükdirilen tagallalaryna ýardam eder diýip umyt edýäris".
Jenap Hoja seminara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynyň uly ähmiýete eýedigini belledi, çünki gender deňligine ýardam bermek raýat jemgyýeti bilen bir hatarda ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşygyny we hyzmatdaşlygyny talap edýär.
Seminary ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça Edarasynyň we Latwiýadan gelen bilermenler geçirdi, olar gender  deňligine we gender alamatlary boýunça hukuklaryň kemsidilmeginiň we ejir çekdirmeleriň öňüniň alynmagyna degişli halkara standartlaryny we ÝHHG-niň borçnamalaryny beýan etdiler. Şeýle-de aýallaryň syýasata gatnaşygyny işjeňleşdirmek boýunça strategiýa ara alnyp maslahatlaşyldy we saýlaw wezipelerinde gender deňligi boýunça alty basgançakly çäreleriň meýilnamasy görkezildi.    
Mundan başga-da seminar aýallaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşygyny öňe ilerletmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetine, gender-duýgy meseleleriniň görkezilmegine we KHBS-de aýallaryň we erkekleriň syýasy işleri hakyndaky materiallaryň berilmegine hem seredip geçdi.  


Türkmenistanda Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 29-njy aprelinde DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti jenap Maroş Şewçowiç bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda taraplar gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini, şeýle hem bilelikdäki syýasy-diplomatik işiniň netijeliligini bellediler. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) dürli ugurlardaky, hususan hem syýasatda, energetikada, ulag pudagynda, ykdysadyýetde we gumanitar ulgamynda hyzmatdaşlygynyň giň sanawy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Açyklyk şertlerinde geçen gepleşikleriň dowamynda, taraplar sebitleýin we halkara häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns energetika howpsuzlygyna degişli soraglaryna berildi. 

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň energogöterijileriň ygtybarly we durnukly geçirilmegini üpjün etmek boýunça täze halkara-hukuk mehanizmini döretmäge gönükdirilen başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we ÝB-niň arasynda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi.