3 Mart 2015 Salı

Bahar Baýramy Mynasybetli Ýaryşlar

Geçen dynç alyş günleri 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, ýaryşlaryň birnäçesi geçirildi. Olaryň hatarynda “Türkmen bahary – 2015” ady bilen sport tansy hem-de zähmet toparlarynyň arasynda dzýudo we ýeňil atletika boýunça geçirilen ýaryşlary gjrkezmek bolar. 

Sport tansy boýunça bäsleşikler “Aşgabat” bedenterbie-sagaldyş toplumynda guraldy. Oňa 8-25 aralygyndaky ýaşdaky türgenleriň 100-den gowragy gatnaşdy. Bu bäsleşikler Ýewropa we Latyn Amerikasynyň tanslarynyň on ugry boýunça – haýal we wena walslary, tango, tiz we haýal ýerine ýetirilýän tanslar, sambo, rumbo, ça-ça-ça, zaýw hem-de pasodobl tanslary boýunça geçirildi. 

Hasap boýunça ikinji gezek geçirilýän şu gezekki ýaryşlar Türkmenistanyň Sport tanslary federasiýasynyň howandarlygynda guraldy. Bu sport guramasy 2 aý mundan öň esaslandyryldy we onuň ilkinji derejeli wezipesi 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna türkmen türgenlerini taýýarlamakdyr. Şu gezekki ýaryşlary bolsa Aziýa oýunlaryna taýýarlanmagyň tapgyrlarynyň biri bolup durýar. 



Türkmenistanyň Sport tanslary federasiýasynyň başlygy Jemal Baýramowanyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň ilkinji çempionatynyň geçirilen gününden soň iki aýyň dowamynda türgenleriň ussatlyk derejesi ep-esli ýokarlandy. Mysal üçin, geçen çempionatda kümüş medallara mynasyp bolan jübüt Artur Lotfullin – Ýuliýa Çebotar bu gezek altyn medallara mynasyp boldular. 

Beýleki ugurlar boýunça jübütlikde çykyş etmekde Aly Rejepow – Dariýa Makarkina we Wladimir Paraskunow – Milana Sultanbekowa birinji orunlary eýelediler. Ýekelikde çykyş etmekde Elnara Gaýlyýewa, Rabiýa Allaýarowa we Lidiýa Gogolewa ýeňijiler boldular. 

Häzirki wagtda türkmen tansçylary aprel aýynda geçiriljek sport tanslary boýunça Mary welaýatynyň açyk birinjiligine taýýarlyk görýärler. Türkmenistanyň Sport tanslary federasiýasynyň ýakyn wagtlarda biziň türgenlerimizi halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşdyrmagy göz öňünde tutýandygy aýratyn bellenmeli ýagdaýdyr. 

Göreş boýunça ýaryşlar bolsa Mary şäherinde geçirildi, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde dzýudoçy zenanlaryň 150-den gowragy gatnaşdy. Olar 1998-2001-nji ýyllar aralygynda doglan hem-de 18 ýaşdan 20 ýaşa çenli bolan türgen gyzlaryň arasynda geçirildi. 

Lebap welaýatynyň türgenleri has oňat taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Baýram Hallyllaýewiň tälim berýän türgenleri A.Ýalkabowa, D.Rozykulowa, D.Hallyýewa, A.Jumabaýewa, D.Muhammedowa, Ş.Saparowa, S.Mämmedowa, Ý.Garýagdyýewa, M.Gurbanowa, G.Orazowa we N.Halmuminowa birinji orunlaryň 11-sini eýelediler. 



Aşgabatly türgenler O.Paşyýewa, L.Badaglyýewa, N.Muhiddinowa we A.Kokarewa hem birinji orunlary eýelediler, olara Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Omar Muhammetnazarow we Margarita Filippowa tälim berýärler. Ýer eýeleri – Mary welaýatynyň toparlarynyň wekili A.Garçowowa hem ýeňiji boldy, onuň tälimçisi Begenç Mälikow. 

Dzýudo boýunça bäsleşikler saýlama ýaryşlaryň çäklerinde guraldy. Onuň netijeleri boýunça iri halkara ýaryşlaryna – Ýewropanyň dzýudo boýunça Kubogy ugrundaky açyk çempionatyna gatnaşmak üçin milli ýetginjekler ýygyndy toparlary düzüler. Ol ýaryşlar 6-8-nji mart aralygynda Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçiriler. Şonda ýetginjek ýaşyndaky türgenler bäsleşerler, aprel aýynyň başynda bolsa Afinyda ýaşlaryň arasynda ýaryşlar geçiriler. 

Ýeňil atletika boýunça ýaryşlar köpugurly “Aşgabat” sport toplumynda geçirildi we oňa 10 topardan ybarat bolan türgenleriň 100-e golaýy gatnaşdy. Ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Bedenterbiýe-sagaldyş merkezi, Demokratik partiýanyň merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Dokma senagat ministrligi bu ýaryşlaryň guramaçylary boldular. 

Türgenler ýeňil atletikanyň dört görnüşi – 60 we 200 metr aralygyna ylgamak, uzynlygyna bökmek we 4 X 100 metr aralygyna estafeta görnüşinde ylgamak boýunça güýç synanyşdylar. Şeýle hem olar drotikleri dürs zyňmak boýunça bäsleşdiler. 

Bu bäsleşiklerde Aşgabadyň “Ahal” tikin fabriginiň işçileri tapawutlanyp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Aşgabat we Türkmenbaşy dokma toplumlarynyň toparlary eýelediler.

Bitarap Türkmenistanyň Garaýşy

Paýtagtymyzdaky “Grand-Türkmen” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda bilermenleriň “Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky parahatçylygyň we durnuklylygyň meseleleri: Bitarap Türkmenistanyň garaýşy” atly sebitleýin maslahaty açyldy. 

Ýurdumyzyň hökümeti tarapyndan Demirgazyk Atlantika şertnamasynyň guramasynyň Merkezi Aziýadaky ýurtlar bilen aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk boýunça wekiliniň Býurosynyň goldaw bermeginde bu forum şu ýylda Türkmenistanda giňden bellenilýän Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanyp guralýan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde, şeýle hem NATO-nyň “Parahatçylyk ugrunda hyzmatdaşlyk” maksatnamasynyň çäklerinde bu gurama bilen netijeli gatnaşyklaryň 20 ýyllygy mynasybetli geçirildi. 

Fransiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň strategiki barlaglar we diplomatiýa boýunça esasy ylmy merkezlerine wekilçilik edýän bilermenler--syýasaty öwrenijiler bilen duşuşyga ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky sebit merkeziniň ilçileri we wekilleri çaygyrldy. 

Türkmen tarapyndan bu maslahata Daşary işler ministrliginiň, beýleki birnäçe ministrlikleriň we pudak edarlaranyň, ýokary okuw mekdepleriniň—Halkara ynsanperwerlik ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan daşary syýasat bitaraplyga, parahatçylygy söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga we özara peýdaly hyzmatdaşlyga mahsus ýörelgelere ygrarly bolunmagyna esaslanýar. Häzirki wagtda türkmen döwletiniň bitaraplygyna ähli abraýly halkara guramalary tarapyndan sebit we ählumumy derejede yzygiderli ösüşi üpjün etmekde aýrylmaz we möhüm ähmiýetli ýagdaý hökmünde garalýar. Ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk derejesine dünýä bileleşigi tarapyndan Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda döwletara gepleşigini ýola goýmagyň, özara düşünişilmegine we hoşniýetli goňşuçylyga mahsus bolan gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli usuly hökmünde ýokary baha berildi. 

Şunuň bilen baglylykda, Ýer ýüzünde, ilkinji nobatda bolsa, Merkezi Aziýada we Owganystanda parahatçylygy, howpsyzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak türkmen döwletiniň daşary syýasatynda ileri tutulýan esasy ugur bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar. 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy bilen, Türkmenistan iri parahatçylyk dörediji merkeze öwrüldi, häzirki wagtda bu ýagdaý sebitde howpsuzlyk we yzygiderli ösüş babatda möhüm ähmiýete eýe bolup, öňüni alyş diplomatiýasynyň hem-de jedelleri we dawalary turuwbaşdan çözmegiň wajypdygyny tassyklaýar. 

Bu iki günlük maslahatyň gün tertibi Bitarap Türkmenistanyň sebitde, hususan-da, Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine goşýan goşandyna, Merkezi Aziýa döwletleriniň bu ýurda syýasy we ykdysady taýdan ýardam etmegine we kömek bermegine, şeýle hem sebitdäki möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine bagyşlandy. 

Forumyň açylyş dabarasynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sanjaý Wadwani, NATO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşyk we hyzmatdaşyk boýunça wekili jenap A.Winnikow çykyş edip, şu duşuşygyň Merkezi Aziýada geçirilýän şunuň ýaly çäreleriň arasynda has giň gerimlidigini bellediler. Myhmanlar Türkmenistanyň hökümetine tejribeli bilermenleri çagyrmaga hem-de sebitdäki möhüm meseleleri, şol sanda 2014-nji ýylda howpsuzlyga ýardam edýän halkara güýçleriniň şu ýurtdaky missiýasynyň tamamlanmagy bilen baglylykda, Owganystana tehniki taýdan we maslahat bermek arkaly kömek edilmegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler. 

Myhmanlar Türkmenistanyň sebitdäki oňaýsyz ýagdaýlary syýasy taýda kadalaşdyrmagyň meselelerini çözmäge uly goşant goşýandygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylykly we netijeli başlangyçlarynyň uly ähmiýetlidigini nygtap, milli Liderimizi hem-de türkmenistanlylaryň ählisini Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň bellenilmegi mynasybetli gutlap, türkmen halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdider. 

Ykdysadçylaryň Halkara Ýeňişleri

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary nobatdaky halkara intellektual bäsleşikleriniň netijeleri boýunça baýrakly orunlaryň üçüsini gazanmagy başardylar. Bu sapar ýurduň ýokary ykdysady okuw mekdebiniň wekilleri Kazan şäheriniň (Russiýa Federasiýasy) Ylym we döredijilik jemgyýeti (YDJ) tarapyndan guralan telekeçilik we zähmet hukugy boýunça distansion olimpiada gatnaşdylar. 

Biziň ýurdumyzyň ykdysady ýokary okuw mekdebiniň talyplary – YDJ taslamasynyň çäklerinde geçirilýän bäsleşikleriň däbe öwrülen baýrakçylarydyr. Meselem, bu institutyň wekilleri şu ýylyň fewralynda olaryň biriniň - Sosiologiýa boýunça Halkara distansion olimpiadasynyň diplomantlary boldular. 

Ynha indi bolsa bu ýokary okuw mekdebinde nobatdaky baýrakçylar hormatlandy. Olar – marketing fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Annageldi Atabaýew we 3-nji ýyl talyby Silapberdi Öwezow dagylardyr. Olar degişlilikde Telekeçilik boýunça geçirlen olimpiadada ikinji we üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Simwoliki hormatyň üçünji basgançagynda – zähmet hukugy boýunça wirtual inttellektual ýaryşda tapawutlanmagy başaran Menejment fakultetiniň ikinji ýyl talyby Ogulşirin Meretliýewadyr.

Berdimuhamedow Atatürkiň Gubyr Ýadigarliginde

Türkiýäniň görnükli döwlet işgäri, türk halkynyň wepaly ogly, öz ýurdunyň erkinligi we ýagty geljegi ugrunda ýalkymly göreşiji Musafa Kemal Atatürküň ýadygärligini hormatlamak bilen, bu beýik ynsanyň mertebesiniň örän belent tutulýandygynyň ýene-de bir gezek şaýady bolduk.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan beýik Atatürküň wesýetlerinine wepaly doganlyk türk halkyna has ösen we kämil jemgyýetidöretmegiň ýolunda tüýs ýürekden uly üstünlikler arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow

2015-nji ýylyň 3-nji marty.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ankarada

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Esenboga howa menzilinde Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji tarapyndan garşylandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ir bielen resmi sapar bilen Türkiýä geldi.
Saparyň çäginde Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky maýa goýum meseleleri bilen birlikde sebitara we halkara meseleler seljerler.
Ertiriň irki sagatlarynda Ankara gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Esenboga howa menzilinde Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji garşylady.
Prezident köşgünde resmi dabara bilen garşylanjak myhman lider Berdimuhamedow Prezident Erdogan bilen iki çäk duşuşyk geçirdi.
İki kärdeş özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýanat berer.














http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2772

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ankarada http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=803

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ankarada


http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=803

LINE DA TÜRKMEN SOWDASY

http://line.me/ti/p/~@YDG6157C

Goşulmak üçin gökje linke basyñ !!! Reklama hyzmatyny size hödürleýäris !!! Diñe söwda maksatly reklammalaryñyzy kabul edýäs !!! Satjak zatlaryñyzy reklamma edýäris !!!
El telefonlary we aksesuarlary, kompýuter we aksesuarlaryny, awtomobiller we şaýseplerini, dükanlary, hyzmatlary we başgada birnäçe zadyñ reklamma hyzmatyny size hödürleýäris!!!

Reklamma goýdurmak üçin shular hokmany: suraty, harydyñyz barada maglumat, bahasy we habarlaşar ýaly nomeri. Hemmesini birlikde ýazyp ugradyñ.

Reklama hyzmatymyza şahsy line hasap, beýleki şahsy sosial hasaplar, oýunlar girmeýär !!!!!



http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2771