4 Temmuz 2017 Salı

Türkiýäniň Adıyaman Uniwersitetine Atestat bilen okuwa girmek mümkinçiligi

Türkiýäniň Adıyaman Uniwersitetine Atestat bilen okuwa girmek mümkinçiligi
Türkiýäniň Adyýaman adyndaky Uniwersitetinde Türkmenistanyň raýatlaryna orta bilim hakyndaky şahadatnama bilen okamak mümkinçiligi döredildi. Resminamalar 3-21 Iýul 2017 senesinde kabul edilýär. Kabul edilşik üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň soňky 3 ýyldaky bahalarynyň jemi ortaça azyndan 5-den 3 bolmaly diýip bellenilen. Lukmançylyk fakulteti üçin bolsa bu görkeziji azyndan 4 bolmaly. Has giňişleýin maglumatlary uniwersitetiň saýtyndan  (http://adiyaman.edu.tr/TR ) alyp bilersiňiz. Beýleki uniwersitetleriň bildirişlerini internetiň üsti bilen tapyp bilersiňiz. Türkiýäniň Aşgabatdaky Bilim Geňeşliginiň  http://askabat.meb.gov.tr/ saýtyndan hem peýdalanyp bilersiňiz!
Adyýaman uniwersitetine ýa-da beýleki Türk uniwersitetlerine resminamalar tabşyrmak isleýän dalaşgärler üçin gerekli resminamalaryň sanawyny Size ýetirýäris.:
  1. Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy,
  2. Türkmenistanyň raýatynyň biometrik pasportynyň nusgasy,
  3. Pasportlaryň  Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň (bilim geňeşligi) tarapyndan tassyk edilen terjimesi
  4.  Orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň (atestat) nusgasy
  5.  Atestatyň Türkiýäniň Aşgabatdaky Bilim geňeşligi ýa-da Ilçihanasy tarapyndan tassyk edilen Türk dilindäki terjimesi
  6. Orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň (atestat) Türkiýäniň bilim ulgamy bilen barabarlygy barada Türkiýäniň Aşgabatdaky bilim geňeşliginiň tassyknamasy,
  7. Orta bilim ulgamynyň soňky 3 ýylynyň bahalarynyň ortaça görkeziji baradaky resminamany, terjimesini we Türkiýäniň Aşgabatdaky bilim geňeşliginiň tassyknamasy.
Bu resminamalar diňe bir Adyýaman uniwersitetine resminama tabşyrmak üçin gerekli bolman eýsem, ähli Türkiýäniň degişli okuw jaýlaryna kabul edilmek üçin ilkinji ädimdir. Türkiýede bilim almak isleýän talyplar ýokaryda sanawy görkezilen resminamalary taýýynlaýan wagty Makul Hyzmat Terjime Merkeziniň terjime hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler. Biziň terjimelerimiz Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasy, Türkiýäniň Aşgabatdaky Bilim Geňeşligi, şeýle hem Türkmenistanyň Stambul şäherindäki baş konsullygy tarapyndan kabul edilýär. Makul Hyzmat Terjime merkezinden terjime hyzmatyny almak Size okuwa kabul edileniňizden soňraky ädimlerde hem peýda getirer. Sebäbi, terjimelerimiz Türkmenistanyň Stambul şäherindäki baş konsullygy tarapyndan tassyk bolýar, bu bolsa, Siz geljekki talyplara has ýeňillikli hyzmat bolar. Sebäbi, Siz Türkiýä giden wagtyňyz okuwa ýerleşmek üçin hem ençeme resminamalary terjime etmeli bolarsyňyz. Biziň maglumat bazamyz, Size ýeňillik we çalt terjimede mydama hyzmat berer!
Resminamaňyzy online ibermek mümkinçiliginiň bardygyny hem unutmaň. Online terjime hyzmatlaryndan peýdalanmak Size terjime merkezlerine azyndan iki gezek gidip ýol we wagt çykdajylaryny etmekden halas eder. Eger Siz Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan Paýtagtymyza gelýän bolsaňyz, paýtagtymyza gelmezden öň resminamalaryňyzy online ulgamdan ugradyň we Türk Ilçihanasynyň we Bilim geňeşliginiň talabyna laýyk terjimäňizi taýyn edeýliň!.
Resminalaryňyzyň suratyny çekiň we Line hasabymyzdan ýa-da elektronik poçtamyza  iberiň, wagtyňyzy we ýol çykdajylaryňyzy tygşytlaň!. Line hasabymyz (ID @makulhyzmat)   E-poçta salgymyz: makulhyzmat@gmail.com Tel:+8 63 78 96 73.  Merkezimiziň salgysy : Andalyp köçesi 70, N 410 B. (Mir-Ýunus Emre çatrygy)  Biziň resmi laýn hasabymyza goşulyň we Türkiýäniň beýleki uniwersitetleri baradaky wagtal-wagtal ýerleşdirmek meýilleşdirilýän maglumatlary hem almak mümkinçilginden peýdalanyň. Line hasabymyzda 3-nji şahslara degişli tölegli mahabatlaryň ýerleşdirilmeýändigini ýatlatýarys!  Line hasabymyza goşulmak üçin :



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder