3 Mart 2017 Cuma

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talaba laýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda çykaran 15080-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2017-nji ýylyň 18-nji martynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek bellenildi we ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerine bag ekmek boýunça ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder