3 Mart 2017 Cuma

BMG-niň Baş Sekretary Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna Agza Bolmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Gutlady

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz,
Siziň ýurduňyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Size we Türkmenistanyň halkyna gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Men Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga, şol sanda Siziň ýurduňyzyň BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkezini goldaýandygyna, BMG-niň ýurt topary bilen ysnyşykly gatnaşyklara, şeýle hem Türkmenistanyň ulag, energetika we sebit howpsuzlygy ulgamlaryndaky ählumumy başlangyçlaryna ýokary baha berýärin.
Parahatçylyk we ösüş meselelerinde hyzmatdaş hökmünde Türkmenistana bil baglaýaryn, şeýle hem Türkmenistanyň, Merkezi Aziýanyň we dünýäniň halklarynyň bähbidine bilelikdäki tagallalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürip biljekdigimize umyt edýärin.
Birleşen Milletler Guramasynyň, öňküsi ýaly, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga, hususan-da, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamyndaky gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna Sizi ynandyrýaryn.
Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Antonio Guterreş, 
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder