3 Mart 2017 Cuma

Aşgabatda Özbegistanda Öndürilen Oba Hojalyk Tehnikalarynyň Tanyşdyrylyşy Boldy

Aşgabatda Özbegistanyň oba hojalyk tehnikalarynyň “Uzagrotehsanoatholding” paýdarlar jemgyýetiniň Tehniki merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Özbegistandan wekiliýet gatnaşdy. Wekiliýetiň düzüminde maşyngurluşyk, hyzmatlar we degişli kärhanalaryň wekilleri bar. Şeýle hem dabara Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň wekilleri, oba hojalyk önümçiliginiň, Ahal welaýatynyň daýhan birleşiginiň işgärleri, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň we Agrar partiýanyň agzalary gatnaşdylar.
Dabarada Özbegistan Respublikasynyň daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýum we söwda ministri Elýor Ganiýewiň belleýşi ýaly, oba hojalyk tehnikalaryny ýerlemek we olara hyzmat etmek boýunça Tehniki merkeziň döredilmegi ägirt uly mümkinçilikleri bolan iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýolundaky möhüm ädime öwrüler.
Türkmenistanyň çäginde özbek önüm öndürijileriniň wekili bolmaga hukuk berýän güwänama “Türkmen-UzAWTO” hojalyk jemgyýetiniň wekillerine gowşuryldy. Bu bilelikdäki kärhana Özbegistanda öndürilen awtoulaglary, şeýle hem obasenagat toplumyna niýetlenen tehnikalary ýerlemek hem-de olara tehniki hyzmat etmek işi bilen meşgullanýar.
Tanyşdyrylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, özbek hyzmatdaşlary Aşgabatda iri Söwda-hyzmat merkezini gurmagy we welaýatlarda onuň şahamçalaryny açmagy göz öňünde tutýarlar. Türkmenistanyň çäginde oba hojalyk tehnikalaryny ýygnaýjy kärhananyň döredilmeginiň uly geljegi bolup, ol getirilýän önümleriň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga, ýurdumyzyň maşyn gurluşyk senagatyny ösdürmäge mümkinçilik berer.
Goňşy ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde soňky 10 ýylyň dowamynda Özbegistandan Türkmenistana umumy bahasy ABŞ-nyň 43 million dollaryndan gowrak bolan oba hojalyk tehnikalary we ugurdaş enjamlary getirildi. Şeýle hem olaryň hatarynda pagta ekijiler, bejergi enjamlary, traktor tirkegleri, olara niýetlenen ätiýaçlyk şaýlary bar. Bellenilişi ýaly, Tehniki parkyň döredilmegi bu hyzmatdaşlygyň has-da berkidilmegini üpjün eder.
Dabara gatnaşyjylar “Türkmen-UzAWTO” binýadynda açylan we türkmen mehanizatorlaryny, tehnikany abatlaýan hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenen okuw merkezi bilen tanyşdylar. Bu ýerde okuw gollanmalary, oba hojalyk tehnikalarynyň dürli enjamlaryny we abzallaryny görkezýän nusgalar, interaktiw okuw serişdeleri okuw möwsüminiň başlanmagyna taýýar edilipdir.
Tehniki parkyň öňündäki meýdançada oba hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşleri görkezilýär. Olaryň hatarynda “MH-1,8” pagta ýygyjy maşynlar bar. Bellenilişi ýaly, 2014-2016-njy ýyllarda synagdan geçirilen pagta ýygyjy kombaýnlar Türkmenistanyň meýdan şertlerinde özüni görkezdi.
Şeýle hem tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar gowaça ekýän enjamlar, kultiwatorlar, çizeller, pürküjiler, topragy ýumşadyjylar, ot ýygýan maşyenlar bilen tanyşdylar. Olaryň köpüsi ýurumyzyň oba hojalyk önümçiliginde özleriniň iň gowy häsiýetlerini görkezdiler.
Özbek maşyn gurujylary sergide görkezilen nusgalardan başga-da, bagçylykda ulanylýan we 40-dan 2015-e çenli at güýji bolan sürüm traktorlaryny, däne ýygyjy kombaýnlary, tirkeg enjamlaryny hödürlediler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder