17 Şubat 2017 Cuma

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ruhyýet Köşgünde Eden Çykyşy

Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmegiň dabarasynda durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny belledi.
Wezipä girişen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde geçirilen dabarada çykyş edip, ýurdumyzy ösdürmegiň strategiki ugrunyň hatarynda durmuş syýasatynyň ileri tutulmagyny belledi.
Geljekki ýedi ýylyň dowamynda biz “Bilimli nesil – kuwwatly Watan”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Il saglygy– ýurt baýlygy” şygarlary astynda işläris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, ylmy we bilimi ösdürmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Bu maksatlar bilen Türkmenistanda çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriň gurluşygy dowam etdiriler. Täze ýokary okuw mekdepleri açylar, bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmegine aýratyn üns berler.
Medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berler. Baý milli ruhy we medeni mirasa daýanmak bilen, biz halkymyzyň gurýan halk, döredýän halk hökmünde düný-de şan-şöhrata eýe bolmagyny gazanarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
“Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde raýatlarymyza häzirki döwrüň belent talaplaryna laýyklykda lukmançylyk hyzmaty üpjün ediler. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän lukmaçylyk edaralaryny gurmak, sagaldyş-şypahana ulgamyny giňeltmek, şeýle hem Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny düný-de meşhur dynç alyş we sagaldyş merkezine öwürmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Ýurdumyzda ajaýyp daglar, giň sähralyklar, täsin derýalar we köller bar. Köpetdagyň, Köýtendagyň we Sumbaryň täsin jülgelerinde, Bathyzyň goralýan çäklerinde, Amyderýanyň, Murgabyň we Garagum derýasynyň kenarlarynda köp sanly merkezleri bina ederis, olarda dynç almak hem-de syýahatçylyk üçin ähli şertleri dörederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: biz ilatyň jan başyna düşýän girdejisini öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine ýetireris.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasynda sözlän sözünde Hökümetiň ünsüni maşgala institutyny goldamaga, mynasyp ýaşaýş-durmuş şertlerini döretmäge çekdi.
Her bir maşgalany döwrebap ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek üçin ähli amatlyklary bolan tutuş ýaşaýyş-jaş toplumlaryny, obalary we şäherçeleri gurarys, ilatly ýerleriň hemmesinde ilata durmuş taýdan hyzmat edýän kiçi merkezleri döredip, olarda zerur gullukaryň, halk senetleri bölümleriniň, şeýle hem ulag serişdelerine tehniki hyzmat ediş nokatlarynyň işini ýola goýarys.
Biz ilatyň jan başyna düşýän girdejisini öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine ýetireris, diýip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Aýlyk haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny, döwlet tarapyndan berilýän kömek pullaryny artdyrmak, şeýle hem raýatlara beýleki durmuş ýeňilliklerini bermek meseleleri hemişe üns merkezinde bolar.
Döwlet baştutany ýeke maşgalanyň-da durmuş derejesiniň peselmegine ýol berilmejekdigini we ilatyň hemişe döwlet tarapyndan goraljakdygyny ynandyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen birlikde, biz oba hojalygyna, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we ekarançylaryň zähmetini ýeňilleşdirmäge, suw serişdelerinden rejeli we tygşytly peýdalanmaga aýratyn üns bereris diýdi.
Şeýle hem, döwlet baştutany ýurduň ilatynyň elýeterli bahadan azyk harytlary bilen üpjün edilmegi, bazarlarda haryt bolçulygyny döretmek üçin gök ekinleri ýetişdirmek we bagçylygylygy ösdürmek üçin ekin meýdanlarynyň çägi giňeldiler, gara mallaryň, dowarlaryň we guşlaryň baş sany artdyrylar diýip belledi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow älem giňişligini öwrenmek boýunça merkez döretmek barada pikir aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasynda sözlän sözünde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny we esasy wezipelerini belledi.
Döwlet baştutany aragatnaşyk pudagyny ösdürmäge uly üns bereris, älem giňişligini özleşdirmegi, täze hemralary uçurmagy dowam ederis, olar telearagatnaşyk ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine, halk hojalygynyň netijeli işlemegine, yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine ýardam eder diýip belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyz tutuş adamzat üçin uly ähmiýetli bu pudaga mynasyp goşant goşmalydyr diýip, munuň halkara ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam etjekdigini nygtady.
Orta asyrlarda ýaşap geçen türkmen alymlary ýurdumyzda güneşli günleriň köplüginden peýdalanyp, Äleme aň ýetirmekde täsin açyşlar edipdirler we dünýä ylmynyň ösüşine uly goşant goşupdyrlar. Şonuň üçinem, biz hem älem giňişligini öwrenmek üçin ýurdumyzda dünýä derejesindäki obserwatoriýaly merkez gurarys diýip döwlet baştutanymyz belledi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda syýasy ulgamy kämilleşdirmegiň möhümligini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasynda sözlän sözünde döwlet durmuşynda Ýaşulylar maslahatynyň ähmiýetiniň berkidilmegine ünsi çekdi. Mysal üçin, şu ýyl Ahal welaýatynda geçiriljek Ýaşulylar maslahatynda onuň ähmiýetini güýçlendirmek üçin Maslahatyň Düzgünnamasyna kanunçylyk düzedişlerini girizmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar, ol soňra Mejlisiň garamagyna hödürleniler.
Şunda geljekde Mejlisiň ýa-da Ministrler Kabinetiniň döwletiň içerki we daşary syýasatyna deçişli möhüm kararlarynyň Ýaşulylar maslahatynyň goldamagynda güýje girjekdigi göz öňünde tutulýar.
Döwlet baştutany şeýle hem jemgyýetçilik-syýasy durmuşda ýerli ýerine ýetiriji häkimiýeti berkitmegiň, häkimiýetiň ýerli wekilçilikli saýlaw edaralarynyň- welaýat, etrap we şäher Halk maslahatlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň-Geňeşleriň ähmiýetini güýçlendirmegiň zerurlygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze döredilen partiýalaryň işini kämilleşdirmek üçin zerur çäreleri göreris diýip, öz çykyşynda aýtdy.
Halkyň durmuş we hukuk goraglylygyny, raýatlaryň hukuk taýdan goldanylmagyny berkitmek esasy wezipeleriň biri hökmünde agzaldy. Türkmenistanda ýakyn wagtda ombudsmen- adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň instituty işläp başlar, ol ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň işlerinde raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň berjaý edilmegine gözegçilik eder.
Döwlet baştutany mundan başga-da, halkara terrorçylygyna, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykyly jenaýata, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna aýgytly garşy durmaga ünsi çekdi. Bu ugurda halkara guramalary bilen jebis hyzmatdaşlygyň zerurlygy bellenildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder