13 Şubat 2017 Pazartesi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Frank-Walter Ştaýnmaýeri Germaniýanyň Prezidenti Wezipesine Saýlanmagy Bilen Gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Frank-Walter Ştaýnmaýere Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Frank-Walter Ştaýnmaýere berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, Germaniýanyň dostlukly halkyna bolsa gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň täze saýlanan Prezidentine uly hormat goýýandygy baradaky ynandyrmalaryny, iki ýurduň halklarynyň bähbidine Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga çalyşýandygy baradaky meýillerini mälim etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder