19 Şubat 2017 Pazar

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde Döwlet Baýdagynyň Güni Mynasybetli Baýramçylyk Konserti Boldy

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk konserti boldy.
Türkmen döwletliliginiň esasy nyşanlarynyň birine bagyşlanan baýramçylyk bu ýyl golaýda bolup geçen taryhy ähmiýetli wakanyň— agzybirliligini hem-de ýokary raýat işjeňligini we syýasy kämilligini äşgär eden türkmenistanlylaryň ýokary döwlet wezipesine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy üçünji gezek saýlamaklary bilen bolup geçen ýurdumyzyň Prezident saýlawlarynyň täsiri astynda geçýär. 2017-nji ýylyň 12-nji fewraly ýurdumyzyň taryhyna parahatçylyk, döredijilik we öňegidişlik ýoly bilen ynamly öňe barýan hem-de bu ugurda ägirt uly üstünlikler gazanan ýurdumyzda bolup geçýän demokratik özgertmeleriň durnukly häsiýetini alamatlandyrýan wajyp sene hökmünde girdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji fewralda geçirilen wezipesine girişmek dabarasynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda: „Garaşsyz Türkmenistan şu gün öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basýar. Biz bu döwri ýurdumyzda yzygiderli ösüşiň we giň gerimli özgertmeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmagyň döwri hökmünde kesgitledik” diýip nygtady.
25 ýyl bäri Garaşsyz Türkmenistanyň üstünde ýaşyl Tugumyz – Watanymyzyň erkinliginiň, onuň ajaýyp häzirki döwrüniň we nurana geljeginiň nyşany bolup parlaýar. Döwlet Baýdagynyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda Diplomatik işgärleriniň güni bellenildi. Şu ýyl türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygy “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” kabul etmek bilen dabaralandy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu wajyp resminamanyň esasy maksady Türkmenistanyň parahatçylykly ösüş ýoly boýunça üstünlikli hereket etmegi üçin zerur şertleri üpjün etmek bolup durýar. Şundan ugur alyp, biziň döwletimiz öz milli bähbitlerini halkara giňişliginde gorar hem-de öz abraýyny has-da artdyrar.
Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan işjeň daşary syýasy ugry netijesinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy häzirki wagtda ýurdumyzyň çäklerinden has uzakda hem oňat mälimdir. Ol türkmen halkynyň ýokary ynsanperwer ýörelgeleriniň tarapdarydygyny, onuň parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga we ählumumy abadançylygyň bähbitlerine netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny alamatlandyryp, abraýly halkara guramalarynyň baýdak sütünlerinde parlaýar. Şunuň bilen baglylykda, şu aýda bolan taryhy wakany – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek boýunça Kararnamanyň kabul edilmegini belläp geçmek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä ýüzünde belent abraýynyň, onuň sebit we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge önjeýli goşandynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolup durýar. Oňyn Bitaraplyk derejesine daýanmak bilen, biziň döwletimiz dostluk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk, döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmak ýörelgelerine esaslanýan üýtgewsiz parahat söýüjilikli daşary syýasy ugur boýunça barýar.
Ildeşlerimiziň mähriban Watanymyza buýsanç duýgulary, türkmen jemgyýetiniň ruhubelentligi Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň ajaýyp zalynda höküm sürýän şatlykly ýagdaýy emele getirdi. Bu ýere köpsanly tomaşaçylar, şol sanda bu baýramçylyk gününde Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlar ýygnandy.
Mukaddes ýaşyl Tugumyzyň şanyna geçirilýän dabaralar örän uly mazmuna eýe bolup durýar. Bu baýramçylyk watançylyk duýgularyny terbiýelemekde ägirt uly ähmiýetlidir. Bu bolsa baýramçylyk konsertinde—türkmen halkynyň milli Liderimiziň töwereginde mizemez agzybirligini we jebisligini beýan edýän “Bir bitewi bir – ten bir jan, halk, Watan, tug, Arkadagym!” atly edebi-sazly çykyşda şöhlelendirildi.
Uly ekranda ýurdumyzyň Ýaşyl tugy parlaýar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply işiniň subutnamasy döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän ýaşaýyş maksatly syýasat, onuň öňe sürýän ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyny we dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar etmegini üpjün eden öňdebaryjy halkara başlangyçlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhy wakalary şöhlelenýär.
Şu ýylyň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilmeginiň we ähli türkmenistanlylaryň garaşýan möhüm sport wakasy Aziada-2017-ni geçirmäge ýurdumyzyň taýýarlygy bilen baglylykda, has hem derwaýys bolan sporta bagyşlanan “Milli sporta şan Watan” atly depginli hem-de täsirli çykyş konsertiň yzygiderli dowamy boldy.
Çagalar döredijilik toparlary tarapyndan ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilen çykyş Watanymyzyň Ýaşyl tugunyň Garaşsyz Türkmenistanyň sport ýeňişleriniň alamaty hökmünde dünýäniň iri sport ýaryşlrynda ýene-de ençeme gezek ýokary göteriljekdigine bolan ynamymyzy alamatlandyrdy.
“Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň ýeňijisi bolan ýaş esgerleriň çykyşlary, şeýle hem ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Serkerdeler öýüniň “Merdana nesiller” aýdym-saz toparynyň we “Göreldeli” harby orkestriniň çykyşlary baýramçylygyň belent ruhuny nygtady. Ýurdumyzyň baýdagyny merdi-merdanalagyň we asyllylygyň nusgasy bolan türkmen halkynyň gahryman ata-babalarynyň dowamat dowamy ýaş esgerler öz gollarynda mäkäm saklaýarlar.
Konsertiň maksatnamasy meşhur sazandalaryň we bagşylaryň, ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan tanymal estrada aýdymçylarynyň, folklor toparlarynyň, belli tans ansambllarynyň çykyşlaryny öz içine aldy. Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň hatarynda ýokary okuw mekdeplerinde, ministrliklerde we pudak edaralarynda döredilen we ilatyň giň köpçüligini milli medeniýete we sungata çekmäge, şeýle hem täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam edýän çeper höwesjeňler toparlary bar.
Mukamlar köşgüniň sahnasynda türkmen halk we nusgawy sazlary, Watanymyzyň gözelligi we kuwwaty, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy barada häzirki zaman aýdymlary ýaňlandy. Çykyşlaryň hemmesi biziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň esasy wakalaryny şöhlelendirýän owadan wideoşgörnüşler bilen utgaşdyryldy.
Däp bolşy ýaly, konsert ýurdumyzyň welaýatlarynyň toparlarynyň, halkymyzyň agzybirligini we köňül joşgunyny alamatlandyrýan gadymy “küştdepdi” tansyny ýerine ýetirmekleri bilen jemlendi.
Mukamlar köşgüniň sahnasynda baýramçylyk konsertiniň jemleýji aýdymy bolup, “Goý, ýaňlansyn parahatlyk aýdymy” atly aýdym ýaňlandy. Joşgunly sözler hem-de belent owaz Watanymyzyň Ýaşyl tuguna belent sena bolup, ýurdumyzyň millionlarça raýatlarynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan özüniň gülläp ösüş eýýamyny başdan geçirýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimize buýsanç duýgularynyň we bagtyýarlygynyň şöhlelenmesi boldy. Watançylyk aýdymynyň sazyna konserte gatnaşyjylaryň hemmesi sahna çykdylar. Tomaşaçylar hem watançylyk joşguny bilen ör turup, özleriniň mähriban Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny mälim etdiler.
***
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri şu gün ýurdumyzyň ähli şäherleriniň we obalarynyň açyk konsert meýdançalarynda bolup geçdi. Onda milli tanslar ýerine ýetirilip, mukaddes milli nyşanlarymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, ýaşlygy we ylham-joşgunyny wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder