7 Şubat 2017 Salı

Özbegistan Respublikasynyň Buhara we Horezm Welaýatlarynyň Wekiliýeti Türkmenistanda Iş Sapary Bilen Boldular

Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň Buhara we Horezm welaýatlarynyň uly wekiliýeti iş sapary bilen boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň tabşyrmagy boýunça guralan bu sapar iki goňşy döwletiň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik hem-de uzakmöhletleýinlik ýörelgelerinde ýola goýulýan köptaraply hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda nobatdaky ädim boldy.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar täze ýokary göterilişe eýe bolýar hem-de anyk netijelere gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ösüş depgini bilen häsiýetlenýär. Muňa yzygiderli duşuşyklar we ýokary derejedäki gepleşikler aýdyň şaýatlyk edýär. Şol duşuşyklaryň, gepleşikleriň her birinde döwletara gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem dürli derejedäki wekiliýetleriň alşylmagy özara gatnaşyklaryň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa ähli ugurlar boýunça netijeli aragatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönüden-göni ýardam berýär.
Munuň şeýledigini Özbegistanyň iri sebitleriniň ikisiniň wekiliýetleriniň ýurdumyza bolan häzirki sapary hem tassyklaýar. Hususan-da, bu saparyň çäklerinde Lebap hem-de Daşoguz welaýatlarynyň önümçilik-senagat kärhanalaryna we medeniýet ulgamynyň edaralaryna, şol sanda Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerine tanyşlyk saparlary guraldy.
Hususan-da, dostlukly döwletiň wekilleri derman önümleriniň, şol sanda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan önümleriň giň görnüşlerini çykarýan “Buýan” obasenagat toplumyna baryp gördüler.
“Lebapwelaýatagyzsuw” birleşiginde özbek wekiliýetiniň agzalary ilata arassa agyz suwunyň berilmegini üpjün etmäge niýetlenen häzirki zaman enjamlar we tehnologiýalar bilen tanyşdylar.
Myhmanlar şeýle hem Türkmenabadyň pagta egriji fabrigine baryp gördüler, onuň awtomatlaşdyrylyş derejesine hem-de tehnologik taýdan enjamlaşdyrylyna ýokary baha berdiler. Ýurdumyzda çykarylýan dokma önümleriniň sergisi hem uly gyzyklanma döretdi.
Ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy, ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň saçagyna, hatda gyşyna-da, ýokumly önümleriň ýetirilmegi ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmegiň ýyladyşhana ugrunyň esasy durmuş wezipesidir. Döwletimiz bu ugry goldap, bu ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutjak önümçiligi tizleşdirmek, ösümlik ýetişdiriş ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, obalardaky öý hojalyklaryna anyk kömek bermek hem-de wagtyň gelmegi bilen goňşy ýurtlara gök önümleriň eksport edilişini guramak üçin şertleri döredýär.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde şäherleriň we obalaryň ilatyny ter miwe – gök önümler bilen gije-gündizleýin üpjün edip biljek ýyladyşhanalaryň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Olary şeýle işewür taslamalaryň bähbitliligine, olaryň ýokary ykdysady netijeliligine: girdejililigine, özüni tiz ödäp bilýändigine hem-de oňat düşewüntliligine baha beren ýerli telekeçiler bina edýärler. Hemişe işleýän ýyladyşhana hojalygy howanyň ýagdaýyna garamazdan, tutuş ýylyň dowamynda uly girdeji almaga mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigine myhmanlar Serdarabat etrabynda bina edilen ýyladyşhana baryp, göz ýetirip bildiler.
Mundan başga-da, saparyň maksatnamasyna Türkmenabatda çörek önümlerini öndürýän kärhana baryp görmek goşuldy. Bu kärhananyň düzüminde kuwwatly elewator hem-de degirmen toplumy bar. Şeýle hem myhmanlar aýlawy bolan atçylyk sport toplumyna baryp gördüler.
Ýurdumyzyň Demirgazyk sebitinde özbegistanly myhmanlary S.Rozmetow adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde garşyladylar. Bu ýerde olar ýazky ekiş geçirmek işlerine, hususan-da, gowaça ekişine taýýarlyk görlüşiniň barşy bilen tanyşdylar, pagta arassalaýjy kärhanada boldular hem-de kärhanada çykarylýan saýlama tohumlara baha berdiler, daşoguzly ekerançylar bilen tejribe alyşdylar.
Özbek wekiliýetine Daşoguz welaýatyndaky oňyn özgertmeleriň barşyna şaýat bolmaga mümkinçilik döredildi. Bulara ajaýyp täze gurluşyklar, oňaýly ýaşaýyş jaýlary hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan oba maksatnamasynyň çäklerinde bina edilen köpsanly döwrebap durmuş desgalary aýdyň şaýatlyk edýär.
S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky Bagtyýar zaman obasy şol maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilişiniň bir mysalydyr. Goňşy ýurtdan gelen myhmanlar ol ýerde hem bolup görüp, oba düzümleriniň şäheriňkiden kem däldigini bellediler. Ýeri gelende aýtsak, oňat gurnalan öýleriň eýeleriniň hatarynda bu ýerde 2016-njy ýylyň tomsunda jaý toýuny tutan özbek maşgalasy hem boldy.
Özbegistanyň wekiliýeti pagta egriji fabriginiň önümçiligi, Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw işleri bilen tanyşdy.
Saparyň çäklerinde Özbegistanyň we Türkmenistanyň welaýat merkezleriniň ýolbaşçylarynyň, işewür we jemgyýetçilik toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Olar tejribe alyşdylar hem-de özara hereket etmek üçin geljegi uly ugurlary kesgitlediler.
Taraplar doganlyk ýurtlaryň we halklaryň arasynda ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň emele gelýän ýokary derejelerine kanagatlanma bildirdiler. Sebitara derejesinde, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda göni hem-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny öňe ilerletmegiň möhümdigi bellenildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder