25 Şubat 2017 Cumartesi

Moskwada Hökümetara Türkmen-Russiýa Toparynyň Onunjy Mejlisinde Birnäçe Resminamalara Gol Çekildi

Ýurdumyzyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň barşynda 20-21-nji fewralda Moskwada geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-russiýa toparynyň nobatdaky onunjy mejlisine gatnaşdy.
Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy seljerildi, olaryň geljekki ösüş ugurlary anyklaşdyryldy hem-de özara hereket etmegiň geljegi uly täze ugurlary kesgitlenildi. Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda degişli Teswirnama hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda 2017-2019-njy ýyllarda ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi, bu maksatnamany ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D. Medwedew bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda rus tarapynyň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygy tassyklanyldy. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň DIM-de gepleşikler geçirildi, şol gepleşikleriň netijeleri boýunça iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2017-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder