13 Şubat 2017 Pazartesi

Merkezi Saýlaw Topary Türkmenistanyň Prezidentiniň Saýlawlarynyň Deslapky Jemlerini Jemledi

Şu gün Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda metbugat maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky jemleri yglan edildi.
Maslahata daşary ýurtlaryň iri habarlar gulluklarynyň, elektron, metbugat we biziň ýurdumyzda resmi taýdan işleýän beýleki habar beriş serişdeleriniň habarçylary, halkara synçylary, şeýle hem ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we žurnalistler gatnaşdylar.
Türkmen döwletiniň baştutanynyň saýlawlarynyň deslapky jemlerini mälim etmezden öň, Merkezi saýlaw toparynyň başlygy bu ýere ýygnananlara şu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni taýýarlamak we guramaçylykly geçirmek üçin amala aşyrylan uly işler hakynda habar berdi we saýlawa gatnaşanlaryň hemmesine hoşallyk bildirdi. Daşary ýurtly myhmanlara saýlaw prosesini kämilleşdirmek boýunça teklipleri üçin aýratyn hoşallyk sözleri aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, türkmen halky özüniň mizemez jebisligini we agzybirligini, ata – babalarymyzyň mukaddes wesýetlerine wepalylygyny görkezip, döwleti mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim ätdi. Metbugat maslahatynda nygtalyşy ýaly, döwlet baştutanynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde, ählumumy we ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi.
Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky jemlerini mälim etmek bilen, daşary ýurtlardaky saýlaw toparlaryndan gelip gowşan maglumatlary nazara almak bilen, ses bermäge saýlawçylaryň jemi 97,27 göteriminiň gatnaşandygyny habar berdi. Munuň özi ilatyň ýokary raýat işjeňligine, onuň Türkmenistanda demokratik özgertmelere mundan beýläk-de gatnaşmaga hyjuwlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Deslapky jemler boýunça saýlawçylaryň sesleriniň has köp sanyny – 97,69 göterimini häzirki döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow aldy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanyndaky saýlaw uçastoklarynyň käbirinden maglumatlary, has takygy, teswirnamalary nazara almak bilen, saýlawçylaryň seslerini gutarnykly sanamak işleri alnyp barylýar. Şol teswirnamalar ýurtlaryň dürli sagat guşaklyklarynda ýerleşmegi bilen baglylykda wagt tapawudy sebäpli, gijiräk gelip gowuşýar.
Ses bermegiň gutarnykly netijeleri ýakyn wagtda jemlener we habar berler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder