13 Şubat 2017 Pazartesi

Koreýa Respublikasy Bilen Türkmenistanyň Arasynda Diplomatik Gatnaşyklaryň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Hwan Gýo An Türkmenistanyň Prezidentini Gutlady

Geçen ýyllarda iki ýurt syýasat, ykdysadyýet, jemgyýet, medeniýet we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürdiler. Siziň 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasyna bolan saparyňyzdan soňra ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň düýpli işjeňleşmegi möhüm ýagdaý bolup durýar.
Gyýanlydaky polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň üstünlikli ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn mysaly bolmak bilen, göz öňünde tutulan möhletlerden öňe geçip alnyp barylýandygyna kanagatlanýandygymy mälim etmek isleýärin. Gaz ýataklaryny özleşdirmek, nebithimiýa we gaz infrastrukturasyny döretmek ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etdirjekdigimize, biziň kompaniýalarymyzyň Siziň çynlakaý üns berýän Türkmenistanyň senagatyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça taslamalary amala aşyrmakda ygtybarly we ynamdar hyzmatdaş boljakdygyna umyt edýärin.
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlagyň mundan beýläk hem çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn. Size berk jan saglyk, şeýle hem Türkmenistana mundan beýläk hem gülläp ösüş arzuw edýärin.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder