22 Şubat 2017 Çarşamba

Dünýä Metbugatynyň Sahypalarynda

Ýakynda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda uly seslenme döreden halkara durmuşynyň möhüm wakasyna öwrüldi.
Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň şol günler ýaýradan köpsanly habarlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanan resminamanyň halkara syýasatynyň möhüm meseleleri babatda ýurdumyzyň garaýyşlaryny nazara almak bilen, ýakyn ýedi ýyl üçin Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny kesgitleýändigi bellenildi.
Daşary ýurt metbugatynyň resmi çeşmelere, hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine (TDH) we onuň saýtlaryna salgylanmak bilen habar berşi ýaly, Konsepsiýa hökümetiň 18-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde tassyklanyldy, oňa Mejlisiň, diplomatik düzümiň wekilleri hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary çagyryldy. Milli Liderimiz “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekip, bu resminamanyň Türkmenistanyň ýakyn geljek üçin halkara gatnaşyklarynyň many-mazmunyny we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlän sözünden setirleri daşary döwletleriň ençemesiniň metbugat hem-de elektron neşirleri çap etdiler. “Häzirki döwürde dünýä çalt depginler bilen özgerýär. Dürli-dürli syýasy we ykdysady guramalar peýda bolýar. Täze howplar hem-de wehimler ýüze çykýar. Şeýle şertlerde jogapkärli we oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barmagyň aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr. Bu syýasat bitaraplygyň anyk esaslaryna hem-de aýdyň ugurlaryna laýyk gelmelidir, hemişe halkymyzyň taryhy tejribesine daýanmalydyr. Uzak asyrlaryň dowamynda toplan gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna we ahlak sütünlerine esaslanmalydyr” diýip, dünýäniň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Baştutanynyň sözlerini mysal getirdiler.
Belli “Turkmenistan.ru” internet – gazeti ilkinjileriň biri bolup, kabul edilen Konsepsiýanyň esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça maksatnamalaýyn çykyşlarynyň, daşary döwletler, halkara guramalary bilen baglaşylan halkara –hukuk resminamalarynyň, şeýle hem halkara hukugyna degişli resminamalaryň goýlandygyny habar berdi.
“Gosnowosti” (www.rusgosnews.com) portaly, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahatda daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň 17 bölümini beýan edendigini belledi, 2017-2023-nji ýyllarda şol ugurlar boýunça işler geçiriler.
Çap edilen makalalarda Birleşen Milletler Guramasy bilen giň we köp ugurly hyzmatdaşlygyň, ozalkysy ýaly, özygtyýarly Türkmenistanyň halkara işiniň strategiki ugry bolup galýandygy aýratyn bellenildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitarap döwletimiz möhüm meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmagyny geljekde hem dowam eder. Bu meseleler daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini dolandyrmak, tebigy we tehnogen häsiýetli betbagtçylyklardan goranmak bolup durýar. Şeýle hem bu resminama dünýäde döreýän çylşyrymly ýagdaýlary çözmek maksadynda öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny we syýasy-diplomatik serişdelerini peýdalanmak barada milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlary hem-de teklipleri girizildi.
Çap edilen teswirlemelerde nygtalyşy ýaly, Türkmenistan beýleki halkara we sebit guramalary, şol sanda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, Goşulyşmazlyk hereketi we beýlekiler bilen gatnaşyklaryny yzygiderli giňeltmegi göz öňünde tutýar.
Garaşsyz bilermenler ýurdumyzyň häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi hem-de 20162019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda, şeýle-de Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde anyk netijeleri gazanmagy ugur edinmegine ýokary baha berdiler.
Halkara metbugaty ýakyn goňşulary bilen ysnyşykly hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolmagynda galýandygyny belläp, sebitiň ýurtlary bilen özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň hem-de berkitmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyna ünsi çekdiler.
“Konsepsiýada goňşy ýurtlar hem-de sebitiň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek we dostlukly gatnaşyklary berkitmek boýunça anyk meýilnamalar getirildi, şol döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny öňden gelýän taryhy-medeni gatnaşyklar birleşdirýär” diýip, daşary ýurt saýtlary internet-okyjylaryna habar berip, soňky ýyllarda Türkmenistanyň birnäçe ugurda, şol sanda, energetika hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda däbe öwrülen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek boýunça möhüm başlangyçlar bilen çykyş edendigini ýatlatdy.
Syýasatşynaslar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan hem-de amala aşyrylýan oýlanyşykly we öňdengörüjilikli daşary syýasy strategiýasynyň bitaraplyk institutynyň hem-de häzirki şertlerde onuň gurallarynyň täsirliliginiň möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny iş ýüzünde subut edýär diýen pikirde raýdaş boldular.
Halkara bileleşiginiň, ozaly bilen, BMG-niň agza döwletleriniň makullan Türkmenistanyň daşary syýasy teklipleri, olary amala aşyrmak boýunça yzygiderli ädimler dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we hemmetaraplaýyn goldamak, ählumumy howpsuzlygy hem-de ösüşi berkitmek babatda bitaraplygyň türkmen nusgasynyň mümkinçiliklerini we ähmiýetini açyp görkezýär. Munuň şeýledigine, geçen asyryň 90-njy ýyllarynda täjigara we owganara gepleşiklerini Aşgabatda geçirmegiň tejribesi, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň geçirilmegi hem-de deňziň hukuk derejesini işläp taýýarlamak boýunça gepleşikleri ilerletmek tejribesi aýdyň şaýatlyk edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça bäştaraplaýyn gatnaşyklary işjeň dowam etmekçidigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda Hazar deňzi bilen bagly birnäçe esasy meseleler, şol sanda onuň hukuk ýagdaýyna çemeleşmeleri ylalaşmak boýunça düýpli öňegidişlik gazanyldy. Türkmenistanyň öňe süren hem-de ähli gatnaşyjy döwletleriň makullan Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyklara gol çekildi. Ýeri gelende ýatlasak, ýurdumyz Hazar deňzinde söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalaryň üstünde işlemek baradaky başlangyç bilen hem çykyş etdi.
Russiýanyň köpsanly metbugat we elektron habar beriş serişdeleri, şu ýylyň 12-nji fewralynda saýlawçylaryň aglaba köpçüliginiň ses bermegi bilen üçünji Prezidentlik möhletine saýlanan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşlary bolup durýan ýurtlaryň hatarynda ilki bilen Russiýa Federasiýasyny görkezdi diýip belleýär.
“Biziň Russiya bilen ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde hem hyzmatdaşlygymyz özüniň ýokary netijelidigini, iki ýurduň düýpli bähbitlerine kybap gelýändigini subut etdi” diýip, Internet neşiri bolan “Newa-info” (nevainfo.ru) Türkmenistanyň Prezidentiniň sözlerini mysal getirdi.
NewsTes portaly, öz nobatynda, türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasynyň türkmen bazaryna barha uly gyzyklanma bildirýän sebitleri bilen göni gatnaşyklary has-da ösdürmegi maksat edinýändigini nygtaýar.
“Utrenniýe nowosti” (www.morning-news.ru) elektron gazeti Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolup, Bitaraplyk hukuk derejesiniň esasy kadalaryndan ugur almak bilen, GDA-nyň çäklerinde öz işlerini mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigine ünsi çekdi.
Tassyklanan Konsepsiýada Zakawkazýe döwletleriniň, Ukrainanyň, Belarus Respublikasynyň, Moldowanyň ýurdumyzyň däp bolan hyzmatdaşlarydygy bellenilýär. Bu ýurtlar bilen Türkmenistan syýasy-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňelder.
Hytaýyň Sinhua habarlar agentligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasy bilen ýurdumyzy dostlukly gatnaşyklaryň we strategiki hyzmatdaşlygyň birleşdirýändigi barada aýdan sözlerini getirdi. “Häzirki döwürde Hytaý Türkmenistanyň iri daşary söwda hyzmatdaşy bolup durýar. Bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmek özara bähbitli we uzak möhletli esasda ýola goýulýar” diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi hem-de daşary syýasatyň gündogar ugrunda ýurdumyzyň Aziýa Ýuwaş-umman sebitiniň beýleki döwletleri bilen hem gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny nygtady.
Dünýäniň esasy beýleki habarlar agentlikleriniň täzeliklerinde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň 2017-2023-nji ýyllar üçin daşary syýsat ugrunyň Konsepsiýasynda Ýewropa ýurtlary hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli özara gatnaşyklaryň dowam etdirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu ýurtlar bilen döwletimiz döwrüň täze wehimlerine we howplaryna garşy göreş alyp barmakda, energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde netijeli hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär.
Şunuň bilen baglylykda, žurnalistler soňky wagtda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerini ep-esli giňeldip, oňa täze, geljegi uly ugurlary goşmagy başarandygyny belläp geçdiler. “Finmarket” habarlar agentligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Latyn Amerikasynyň ýurtlary hem-de Afrika Birleşigi bilen özara hereket etmegiň serişdelerini düýpli öwrenmegiň zerurdygyny nygtandygyny habar berýär.
Daşary ýurt okyjylaryna hödürlenen teswirlemelerde ählumumy dünýä hojalyk aragatnaşyklaryna işjeň goşulmagyny nazara alyp, Türkmenistanyň halkara maliýe-ykdysady düzümler, şol sanda Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky hem-de beýleki iri maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge örän uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasyna girmeginiň mümkinçilikleri öwrenilýär.
Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, hususan-da, APA.az bu konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegini Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine üpjün etmegiň, ministrliklere, pudak edaralaryna hem-de ýurduň beýleki döwlet edaralaryna bolsa, milli stategiýalar we maksatnamalar işlenip taýýarlanylanda, geljekki hem-de häzirki meýilnamalar düzülende, halkara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça çözgütler kabul edilende onuň düzgünlerinden ugur almagyň tabşyrylandygyny habar berdi.
Daşary ýurt metbugaty kabul edilen resminamanyň örän wajypdygyny nygtap, ýakyn ýedi ýyl üçin Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynyň türkmen döwletiniň hem-de jemgyýetiniň yzygiderli ösmegi üçin oňaýly daşarky şertleri üpjün etmäge, sebit we dünýä möçberinde netijeli, gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary has-da ösdürmäge gönükdirilendigini belleýär.
Meşhur SNG.TODAY Internet neşiri ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy goldamaga gönükdirilen Konsepsiýanyň ýurdumyzyň diňe bir halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna däl, eýsem, beýleki döwletler we halkara guramalary bilen özara hereketleriniň işjeňleşdirilmegine-de ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan ynsanperwerlik, sabyrlylyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýermek bilen, bu düşünjeleri daşary ýurtlar bilen özara gatnaşyklaryna hem geçirýär. Hut şoňa görä-de, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi sebitde hem-de dünýäde ýagdaýlary durnuklaşdyrmaga, syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologiýa häsiýetli möhüm meseleler çözülende döwletleriň hem-de halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlyk etmegini höweslendirmäge oňyn täsir edýän gural hökmünde özüni aýdyň ýüze çykýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk–munuň özi diňe bir hukuk derejesi däldir, ol işjeň ugurdyr, parahatçylyk döredijilik arkaly halkara işlerine doly möçberde goşulyşmakdyr, ykdysady gatnaşyklaryň netijeli nusgasyny işläp taýýarlamaga ýardam bermekdir, pugta parahatçylygy, howpsuzlygy berkarar etmek durnukly ösüşe we rowaçlyga amatly şertleri döretmek maksady bilen, sebitde we onuň çäklerinden daşarda bar bolan meseleleri çözmek üçin syýasy giňişligi hödürlemekdir.
Dünýä jemgyýetçiligi ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň içinde türkmen Bitaraplygynyň netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň, beýleki döwletler we olaryň halklary bilen hakyky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň anyk guraly hökmünde özüni görkezendigini belleýär. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda biragyzdan Kararnama kabul etmegi özygtyýarly Türkmenistanyň dünýäde belent abraýynyň, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde ägirt uly goşandynyň ählumumy ykrarnamasynyň nobatdaky we şol birwagtda taryhy subutnamasyna öwrüldi.
Daşary ýurt metbugatyna synymyz bolsa halkymyzyň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözleri bilen jemlenilse, ýerlikli bolar: “Biziň daşary syýasatymyz, haýsy ugurda amala aşyrylsa-da, hemişe sazlaşykly we oýlanyşykly alnyp barylmalydyr. Bir maksada – Türkmenistanyň içerki ösüşi üçin amatly halkara şertlerini döretmäge gönükdirilmelidir. Dünýä giňişliginde Bitarap döwletimiziň kanuny bähbitlerini üpjün etmäge ýardam bermelidir. Ygrarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde onuň abraýyny ýokarlandyrmaga hyzmat etmelidir”.


Düz

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder