19 Şubat 2017 Pazar

Birža Täzelikleri

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bir hepdede baglaşylan eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 30,2 million dollaryndan gowraga barabar boldy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, az kükürtli ýangyç mazutyny satyn aldylar. Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tehniki kükürde (“Türkmengşaz” DK) isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriň giň görnüşi, azyklyk bugdaý, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Olary Russiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Owganystandan, Gruziýadan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 246 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine daşary ýurtly telekeçiler jemi bahasy 1 million 793 müň manatdan gowrak garaköli we sarja goýunlarynyň ýüňüni satyn aldylar.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri jemi bahasy 346 müň manatdan gowrak ýük göteriji tehnikany we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder